4 aýda türkmen-gazak söwda dolanyşygy 167,8 million dollar boldy

4 aýda türkmen-gazak söwda dolanyşygy 167,8 million dollar boldy

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy oňyn ösüş depginini saklap galýar. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystanyň Premýer-ministri Olžas Bektenowyň arasyndaky duşuşyga salgylanyp, Kaztag habar berdi.

Ulag-üstaşyr ulgamda bilelikdäki özara peýdaly taslamalar bar, gaz pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ädimler ädilýär.Geçen ýylyň jemleri boýunça Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara söwda dolanyşygynyň mukdary 563 million amerikan dollar bolup, bu görkeziji 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 28 göterim ýokarlandy.

Oňyn ösüş depgini şu ýyl hem saklanyp galýar.Has takygy, 2024-nji ýylyň dört aýynyň dowamynda özara söwda dolanyşygy ýokarlanyp, 167,8 million amerikan dollara ýetdi diýlip, çeşmede bellenilýär.

Ýeri gelende bellesek, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşmak üçin Astana şäherine baran Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň Nursultan Nazarbaýew adyndaky

Halkara howa menzilinde Gazagystanyň Premýer-ministri Olžas Bektenow bilen duşuşdy.

Ýene degişli makalalar

Kakalarynyň gyzlary, ýa-da Merkezi Aziýada prezident gyzlarynyň öňe çykmagy
Unudylanlar we täçden mahrum bolanlar. Merkezi Aziýa döwletleriniň ilkinji prezidentleriniň mirasy
Ýüpek ýolunyň merkezinde Suese bäsdeş 8 ýyl mundan ozal, GTE demir ýoly ulanmaga tabşyryldy
Tokaýew kasam kabul etdi
Ýerewanda Kollektiw Howpsuzlyk Ylalaşygy guramasynyň maslahaty geçdi
Tokaýew nobatdan daşary saýlawlarda ýeňiş gazandy
Serdar Berdimuhamedow Türki döwletler guramasynyň sammitine gatnaşmaz