Şweýsariýaly hünärmenler şöhleleri we çalşyp bolýan şepbikleri ulanyp, 3D printeriň işleýşini adatdakydan 30 esse artdyrmagy başardylar. Üç ölçegli printerler soňky ýyllarda önümçilikde esasy ösýän ugurlaryň biri hasaplanýar.
Bu usul jaýlary gurmakdan uçar senagatyna çenli dürli ugurlarda peýdalanylýar.Hatda olaryň has kiçi zatlary ýasamak üçin öý şertlerinde ulanylýan görnüşleri hem bar.Bu usul arkaly döredilýän şekiller adatdakydan çalt hem bolsa, azda-kände wagt alýar. Şol sebäpli hünärmenler üç ölçegli önümçiligiň has çalt usulyny oýlap tapdylar.
Lozannanyň Politehniki mekdebiniň hünärmenleri şepbigiň şöhle bilen üýtgedip bolýan görnüşini ulanmak arkaly 3D önümçiligi 30 essä çenli çaltlandyrdylar.Hünärmenler bu usuly bäş ýylda taýýarlapdyrlar.Bu usulda şöhle şekillendirilen şepbigi gatylaşdyrýar.
Bu bolsa önümçiligiň wagtyny gysgaltmaga ýardam edýär.
Eziz GALIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.