Klub futbolynda 10 günlük milli ýygyndylaryň arakesmesi tamamlanyp, Germaniýanyň çempionatynda 7-nji tapgyra badalga berildi.Dortmundyň “Borussiýasy” öz meýdançasynda “Sankt-Pauli” topary bilen duşuşdy.Oýnuň 43-nji minutynda ýer eýeleri Bensebaininiň goly bilen 1-0 hasabynda öňe saýlandy. 78-nji minutda myhmanlar Erik Smitiň goly bilen hasaby deňlediler.
Duşuşygyň tamamlanmagyna 7 minut galanda, has takygy, 83-nji minutda täze transfer Seru Girassi dortmundlylara ýeňiş getiren goly geçirdi.Bu “Borussiýanyň” 4-nji ýeňşi bolup, Nuri Şahiniň şägirtleri 13 utuk bilen 1 oýny köp 4-nji ýerde barýar. Şeýlelikde, “Borussiýa Dortmund” 39 oýundan bäri anna güni öz meýdançasynda Signal Iduna Park-da oýnan duşuşyklarynda ýeňilmän gelýär.