Hytaýda 38 ýaşly zenan durmuşda gaty ýadandygy üçin garrylar öýüne göçüp bardy diýip, Asia One neşirine salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.
Ýan familiýaly zenan tapdan düşendigi üçin hassahanada bir aý bejergi alandygyny gürrüň berdi. Ol hassahanadan çykanda, janyny gutarmak üçin garrylar öýüne göçmek kararyna geldi, Ýan ol ýerde dynç almak, güýjüne gelmek we durmuşda rahat ýaşamak isleýär. Şäherde men iň kiçijik goh bolsa-da tisginip oýanardym. Maňa beýle ýaşaýyş amatly däldi diýip, ol gürrüň berýär.
Garrylar öýündäki otagy üçin Ýan aýda 370 dollar töleýär. Muňa iýmitlenmek hem-de lukmançylyk hyzmaty girýär. Galyberse-de, garrylar öýi gözel ýerde ýerleşmek bilen, miweli bag, tawus guşlardyr sugunlar bar. Zenan ol ýerde bolan üç aýynda diňe bir fiziki taýdan däl, ruhy taýdan hem dynç alandygyny gürrüň berýär.