37-nji “MTV Video Music” baýraklarynyň ýeňijileri Leýdi Gaga bilen BTS

Aýdym-saz dünýäsiniň abraýly sylaglaryndan “MTV Video Music” baýraklarynyň bu ýylky ýeňijileri az salym öň mälim boldy. Şol mynasybetli Nýu Ýorkda geçirilen dabarany Keke Palmer alyp bardy.

Aýdym-saz dünýäsiniň görnükli wekilleriniň gatnaşan dabarasynda esasy baýraklary Leýdi Gaga bilen BTS K-pop topary gazandy. Ýylyň aýdymy baýragyna Leýdi Gaganyň Araina Grande bilen bilelikde ýerine ýetiren “Rain on Me” aýdymy mynasyp boldy. Şeýle-de Leýdi Gaga ýylyň aýdymçysy diýlip saýlandy.

Leýdi Gaganyň ady agzalan bu aýdymy iň gowy şärikdeşlik, iň gowy operatorlyk işi ýaly ugurlarda-da 37-nji “MTV Video Music” baýraklarynyň heýkeljiklerini eýelemegi başardy.Dünýä belli aýdymçy dabaranyň dowamynda “MTV Tricon” hormat baýragy bilenem sylagylandy.

Ol jemi 5 heýkeljik gazandy.

The Weeknd-iň “Blinding Lights” atly şekilli aýdymynyň iň gowy klip diýlip saýlanan dabarasynda iň gowy topar BTS hökmünde ykrar edildi. Koreýleriň BTS topary “On” atly şekilli aýdym bilen iň gowy pop, iň gowy K-pop hem-de iň gowy horeografiýa baýraklaryna laýyk görüldi.

Ýylyň täze aýdymçysy diýlip, Doja Cat saýlandy. Başga bir K-pop topary “Blackpink”-iň “How You Like That” atly aýdymy tomsuň iň gowy aýdymy diýlen ugurda ýeňiji boldy.

Gopgunly aýdymy Maýlus Saýrusyň “Mother’s Daughter” atly şekilli aýdymy iň gowy montaž hem-de çeperçilik bezeg ugurlarynda heýkeljikleri eýelemegi başardy.

Teýlor Swift, Megan Thee Stallion, Maluma (featuring J Balvin), “Colplay”, Dua Lipa, H.E.R., Machine Gun Kelly, Ariana Grande ýaly aýdymçydyr toparlar hem “MTV Video Music”-iň dürli ugurlarynda ýeňiji boldy.

Ýene degişli makalalar

Dabarany Keke Palmer alyp barar
Ähli döwürleriň iň meşhur aýdymy yglan edildi
Repçi Lil Nas X-iň Montero klibi Ýylyň iň gowy aýdym-saz wideosy boldy
63-nji “Gremmi” baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi, Beýonse rekord goýdy
Ýüpekçi hojalyk jemgyýeti Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk arzanlaşygyny yglan edýär
Nova-C kosmos gämisi Aýa gondy