365 gün önümlerini indi, onlaýn usulda sargyt edip bolýar

365 gün önümlerini indi, onlaýn usulda sargyt edip bolýar

365 gün söwda zynjyry, haryt sargyt etmek funksiýasy bilen öz web sahypasyny 365hyzmat.com-y açdy.

365hyzmat.com web sahypasyndaky maglumatlar türkmen we rus dillerinde beýan edilýär.Bu web sahypada önümler müşderilere saýlamak ýeňil bolar ýaly Gök we miwe önümleri, Azyk harytlar, Et önümleri, Galla önümler, Konditer önümleri, Arassaçylyk we hojalyk serişdeleri, Şahsy gigiýena, Çagalar üçin serişdeler, Awtoulaglar üçin harytlar diýen bölümlerde ýerleşdirilýär. Ýakyn wagtda 365hyzmat.com web sahypasyna köp görnüşli dokma önümlerini goşmak hem meýilleşdirilýär.

Dokma önümleri bu web sahypanyň Tekstil önümleri bölüminde ýerleşdiriler.

365hyzmat.com web sahypasynda sargyt bermek üçin, ilki hasaba alynmaly, şondan soň arabany goşmak funksiýasy elýeterli bolýar. Töleg sargyt alnandan soň, nagt ýa-da bank kartynyň üsti bilen nagt däl görnüşinde amala aşyrylýar.

Häzirki wagtda 365hyzmat.com web sahypasynyň eltip berme hyzmaty Aşgabat şäherinde amala aşyrylýar. Bu hyzmat üçin 15 manat töleg alynýar. Eltip berme hyzmaty 365hyzmat.com web sahypasyndan sargyt edilen haryt azyndan 100 manat möçberinde bolanda amal edilýär.

365 gün söwda zynjyry paýtagtda gaty meşhur bolup, bu ýerde onuň on töweregi dükany bar. Müşderiler bu dükanlarda elmydama azyk we senagat önümleriniň giň görnüşini, şeýle hem täze bişirilen çörek-bulka önümlerini tapyp bilerler.

Ýene degişli makalalar

Lebapda azyk harytlarynyň we tekstil önümleriniň bahalary ýokarlandy
Aşgabadyň Parahat-7 etrapçasynda iki gatly kotež jaýlar ýykylýar
29.03.2018 | Türkmenistanda Özbegistan Respublikasynyň birinji senagat sergisi geçirilýär
Türkmenistanda Özbegistan Respublikasynyň birinji senagat sergisi geçirilýär
24.04.2018 | Türkmen-özbek işewürler maslahaty
Türkmen-özbek işewürler maslahaty