35 ýyllyk taryhy rekorda 00,7 sekunt ýetmedi

Budapeştde dowam edýän ýeňil atletika ýaryşynda zenanlaryň arasynda 200 metre ylgamakda 35 ýyllyk dünýä rekordy tas täzelenjekdi. Ýamaýkaly Şerika Jekson 200 metr aralygy 21,41 sekuntda geçip, özüne degişli çempionatyň rekordyny (21,44) täzeledi.

Ol tasdanam 1988-nji ýyldan bäri täzelenmän ýatan dünýä rekordyna golaýlady.Dünýä rekordy amerikaly Florens Griffit-Joýnere degişli bolup, ol 21,34 sekuntda pellehana gelipdi.Bassyr 2-nji gezek dünýä çempionlygyny gazanan Şerika Jeksonyň görkezen netijesi taryhy rekorda 0,07 sekunt ýetmedi. Ýaryşda amerikaly ylgaýyjylar Gabrielle Tomas 2-nji, ŞaKarri Riçardson 3-nji ýeri eýeledi.

Ýene degişli makalalar

35 ýyllyk taryhy rekorda 0,07 sekunt ýetmedi
“Mançester Siti” ýeňşi ýatdan çykardy
Poçettino öňki toparyny derbi-dagyn etdi
Zehinli ýaşlaryň festiwaly atly bir aýlygyň çäklerinde konsert agşamy geçirildi
Teýlor Swiftiň konserti iň köp girdejili bolup biler
Täjigistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyna çagyrdy, Moskwada Dutaryň sesi festiwalyna bagyşlanan konsert geçiriler we beýleki habarlar