34 penalti urgusy ýerine ýetirildi, rekord hasaba alyndy

UEFA Ýewropa Ligasynyň 3-nji saýlama tpagyrynyň çäginde taryhy duşuşyk hasaba alyndy.Niderlandlaryň paýtagty Amsterdamda oýnalan bu duşuşykda “Aýaks” bilen Gresiýanyň “Panatinaikos” klublary duşuşdy. 1-nji oýunda” Aýaks” Gresiýada 1-0 ýeňipdi.

Jogap duşuşygynda bolsa grekler 89-njy minutda Teteniň geçiren goly esasynda 1-0 öňe geçdi we iki oýnuň netijesi boýunça hasap deňlendi.Netijede, goşmaça wagtda-da hasap üýtgemänsoň penalti urgulary ýeňijini kesgitledi.

Toparlaryň hersi 17 gezek penalti urgularyny geçirdi we “Aýaks” 13-12 hasabynda ýeňşini baýram etdi. “Aýaksyň” 40 ýaşyndaky derwezeçisi Remko Paswer 5 urgyny saklamagyň hötdesinden geldi.Ol öz gezeginde ýerine ýetiren penaltisini hem dürs urmagy başardy. Ýerine ýetirilen penalti urgulary boýunça jemi 34 penalti urlup, bu görkeziji Ýewropa ýaryşlarynda rekorda deň boldy.

Hasap babatda bolsa UEFA-nyň ýaryşlaryndaky iň ýokary 2-nji netije boldy.Geçen ýylyň iýunynda “Glentoran” (D.Irlandiýa) bilen “Gzira Ýunaýtediň” (Malta) arasyndaky oýunda 28 penalti urgusy urlup, duşuşykda maltalylar 14-13 ýeňiş gazanyp, bu hasap rekord hökmünde bellige alnypdy.

Ýene degişli makalalar

Olimpiadanyň taryhyndaky täsin wakalar
Türkmenaragatnaşyk agentliginiň wekiliýeti IT boýunça Cisco Live 2024 atly halkara forumyna gatnaşýar
Stambul Howa Menzili Ýewropanyň Iň Gelim Gidimli Howa Menzili Boldy
Niderlandlarda Çigildemleriň milli güni bellenildi
Stambul Howa Menzili Ýewropanyň Iň Gelim Gidimli Howa Menzili Boldy
Stambul Howa Menzili Ýewropanyň Iň Gelim Gidimli Howa Menzili