'333 ýyl iş kesilen' bendiler näme üçin unudylýar?

'333 ýyl iş kesilen' bendiler  näme üçin unudylýar?

Türkmenistanda Gadyr gijesine gabat geçirilýän günä geçişde ýene ýüzlerçe, has anygy, 500-den gowrak bendi azatlyga goýberildi, ýöne olaryň arasynda gümürtik hasaplanan aýyplamalar esasynda, ýapyk gapylaryň arkasynda uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilen raýatlaryň bardygy ýa ýokdugy belli däl.

Radionyň çeşmesi ol tussaglaryň biriniň anonimlik şerti bilen gürleşen hossarynyň her Gadyr gijesinde garaşýarys, emma biziňkini bu gezegem unutdylar’ diýendigini habar berdi.Azatlyk mundan laýyk bäş ýyl ozal, dini aýyplamalar esasynda köpçülikleýin türmä basylan adamlar barada ilki aprel aýynda habar beren bolsa, soň ýapyk ýurduň türmesinde ýitendigi aýdylýan adamlar barada her gezek täze maglumat peýda bolanda habar berdi, emma häkimiýetler ol tussaglaryň käbiriniň saglyk, ölüm habarlary barada çykan maglumatlary hem ne tassyklady, ne-de inkär etdi.

Türkmenistanda din bilen bagly aýyplamalar diýlende, türkmen jemgyýetindäki ýapyklyk, metbugatyň bu meselelere açyk düşündiriş bermezligi, kazyýet hökümleriniň aýan edilmezligi zerarly, gümürtik galýan ýagdaýlar hem kän diýip, synçylar belleýär.Olaryň pikiriçe, Gülen hereketine simpatiýa bildirmekde ýa onuň bilen ilteşikli bolmakda güman edilen adamlar uzyn sakgal goýberip, merhumyň üçüni, ýedisini, beýleki belli günlerini bellemeli däl diýip, ozal türkmen jemgyýetinde bolmadyk dini talaplary öňe sürüp ýören dindarlar bilen garyşdyrylmaýar, olar 'döwrebap, sowatly, giň düşünjeli, jemgyýetde öňegidişlige itergi bermek isleýän adamlar' hasaplanýar.

Azatlyk radiosy Türkmenistanda türk ruhanysy Fethullah Güleniň hereketi bilen ilteşikli bolmakda güman edilýän telekeçileriň, mugallymlaryň sud edilip, uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm edilendigini başda 2017-nji ýylyň 4-nji aprelinde habar berdi.

Şonda redaksiýa Aşgabadyň şäher kazyýetiniň höküminiň göçürmesidigi aýdylýan dokument gelip gowuşdy we onda işine seredilen 18 adamyň jemi 333 ýyl türme tussaglygyna höküm edilendigini görse bolýar.

“2017-nji ýylyň fewralynda bu tussaglaryň 18 sanysyna jemi 333 ýyl iş kesildi, olar “sosial, milli, etniki, jynsy we dini duşmançylygy öjükdirmekde”, “jenaýatçy gurama döretmekde we onuň işine gatnaşmakda” aýyplandy” diýip, bu maglumaty öz wagtynda “The Diplomat” neşiri hem tassyklady.

Türkmenistandaky ýanamalaryň çäginde tussag edilen adamlaryň ykbaly golaýda, ABŞ-nyň Halkara din azatlygy komissiýasynyň täze çap eden hasabatynda hem ýatlanyldy.

Täze hasabat Türkmenistany ýene "aýratyn alada döredýän" ýurtlaryň arasynda galdyrmalydygyny aýdýar we amerikan hökümetine öz nobatdaky rekomendasiýalaryny, şol sanda dini ýanamalarda jogapkär tapylan türkmen resmilerine garşy sanksiýa girizmek teklibini hödürleýär

Türkiýäniň "Gülençiler" meselesiniň Türkmenistandaky pidalary

Azatlyk radiosynyň mundan öňem ençeme gezek habar berşi ýaly, 2016-njy ýylyň tomsunda Türkiýede bolan döwlet agdarylyşygy synanyşygyny gurnamakda aýyplanan türk ruhanysy Fethullah Güleniň hereketi bilen gatnaşyk saklamakda güman edilen türkmenistanlylaryň onlarçasy soraga çekilip, her dürli gynamalar astynda uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edildi.

Bellemeli ýeri, Türkmenistanda dini ýanamalar esasynda türmä basylan adamlar barada alada bildirilende, diňe Gülen hereketi bilen bagly däl, eýsem türkmen hökümetiniň gözüne gelmeýän başga dini akymlar, şol sanda uzyn sakgal goýberip, häkimiýetler tarapyndan 'wahhabist' bolmakda güman edilýän we, urlup-ýenjilmekden başga, arak içmäge mejbur edilmek ýaly ýowuz synaglara sezewar edilýändigi aýdylýan dindarlar barada hem alada bildirilýär.

Emma 'gülençi' diýilýänler ýa-da Gülen hereketine simpatiýa bildirýänler has döwrebap, sowatly, giň düşünjeli adamlar hasaplanýar.

Eger ýatlatsak, 2018-nji ýylyň tomsunda, BMG-niň Eden-etdilikli tussag edilmeler boýunça Işçi toparynyň 80-nji sessiýasynyň dowamynda ABŞ-da ýaşaýan türk ruhanysy Fethulla Güleniň “Hyzmat” hereketi bilen gatnaşyk saklamakda güman edilen 18 raýatyň “eden-etdilikli” ýagdaýda uzak-möhletleýin türme tussaglygyna höküm edilendigi aýdyldy.

“2021-nji ýylda Türkmenistandaky din azatlygynyň ýagdaýy dünýädäki iň ýaramaz ýagdaýlaryň biri bolmagynda galýar” diýip, hasabatyň Türkmenistan bölüminde aýdylýar.

“Ýurtda din berk döwlet gözegçiligi astynda saklanylýar, häkimiýetler musulman ruhanylaryny belleýär, dini ybadatlaryň berjaý edilişine berk gözegçilik edýär we adaty bolmadyk dini akymlara eýerýänleri türme tussaglygy, gynamalar we ýamalar bilen jezalandyrýar” diýip, hasabatda ýurtdaky ýapyklyk zerarly, dini azatly babatyndaky düzgün bozmalary hasaba almagyň kyndygy, ýöne olaryň az sanly çeşmelerde görkezilişinden has kändigi hem bellenip geçilýär.

Şol bir wagtda, hasabatda hatda elýeterli bolan maglumatlaryň hem juda gaýgyly ýagdaýy görkezýändigi” aýdylýar.

Hökümet ýurt içindäki we onuň çäginden daşardaky garaşsyz dini işjeňlik barada maglumat berýän adamlaryň uly toparyny saklaýar; dini jenaýat sebäpli aýyplanýan adamlaryň kazyýet seljermeleri köplenç ýapyk gapylaryň arkasynda geçirilýär, höküm bolsa açyk yglan edilmeýär; ýazgarylanlar köplenç türmelerde ýitirim bolýar we daşarky dünýäden doly üzňelikde saklanylýar diýip, hasabatda bellenilýär.

Ýurtdaky din azatlygy meselesinde bir oňyn ýagdaýyň hem bolandygy, Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2021-nji ýylyň maýynda dini ynanjy sebäpli harby gullukdan boýun gaçyrandygy üçin türme tussaglygyna höküm edilen Iogowa şaýatlarynyň ählisini, jemi 16 tussagy azat edendigi bellenilýär.

Emma muňa garamazdan, ýurtda girizilen saglyk çäklendirmeleri sebäpli ýapylan metjitleriň, ýönekeý raýatlar üçin hemişe ýapyk galandygyna garamazdan, prezidentiň ýogalan kakasyny hatyralamak üçin açyk bolandygy aýdylýar.

Şeýle-de hasabatda, “Olary diri görkeziň” kampaniýasynyň maglumatyna görä, türkmen türmelerinde diri ýiten hasaplanylýan 162 tussagyň 58 sanysynyň “yslam ekstremizmi” aýyplamasynda azatlykdan mahrum edilendigi aýdylýar.

ABŞ-nyň Halkara din azatlygy komissiýasynyň Türkmenistandaky hukuk bozulmalar bilen baglylykda amerikan hökümetine beren rekomendasiýalaryna geçmezden öň, gülençiler’ diýlen tagma bilen türmä basylan raýatlara ýene bir gezek nazar aýlalyň.

Bu meselä ençeme gezek ýüzlenendiklerine garamazdan, Azatlygyň habarçylaryna Türkmenistanda Gülen hereketi bilen bagly türme tussaglygyna höküm edilen adamlaryň anyk sany belli bolman galýar. Ýöne çeşmeler 2016-njy ýylyň oktýabryndan bäri türk oppozisioneri bilen mümkin bolan gatnaşykda aýyplanyp tussag edilenleriň sanynyň onlarçadygyny we olaryň uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm edilendigini aýdýarlar.

Azatlyga gowşan sud dokumentlerinden belli bolşuna görä, 2017-nji ýylyň 8-nji fewralynda çykarylan hökümde ady geçýän raýatlaryň ählisine Türkmenistanyň Jenaýat Kodeksiniň 177-nji maddasynyň (Durmuş, milli ýa-da dini duşmançylygy döretmek) 3-nji bölegine; 275-nji maddanyň (Jenaýatçylykly düzümleriň maliýeleşdirilmek) 3-nji bölegine laýyklykda aýyp bildirilipdir.

Bu kazyýet işinde mugallym bolup işleýän raýatlaryň ençemesine 12 ýyldan iş kesilen bolsa, ýene bir topar telekeçä 25 ýyldan iş kesildi we olaryň derňew mahalynda urlup-ýenjilendigi, ýüklenýän günäni boýun almaklary we beýlekilere garşy görkezme bermekleri üçin gynalandygy barada resmi taýdan tassyklap bolmaýan maglumatlar ýaýrady.

Şonda Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen we biri-birinden habarsyz, emma ýyl kesilen raýatlary ýakyndan tanaýan, olar bilen bile okan ýa işlän türkmenistanlylaryň ençemesiniň tassyklamagyna görä, “dini ekstremizm” diýilýände aýyplananlaryň tas hemmesi diýen ýaly il içinde sylanýan, arassa, il-güne peýdaly, sahawatçylyk edip, mätäje kömek bermekde tanalan raýatlar bolupdyr.

“Olar gaty halal oglanlar, dine baýlyk ýa ýeňil durmuş üçin uýýan adamlar däl, ýürekden hudaýa ynanyp, il-güne ýagşylyk etjek bolýan, o dünýäsini alada edýän adamlar” diýip, aşgabatly diňleýjimiz aýtdy. Onuň pikirine görä, “bu ýerde bir ýalňyşlyk boldy we häkimiýetler bu ýalňyşy düzetmeli bolar, sebäbi adamlar olara çykarylan agyr hökümleri gaty geň gördüler” diýdi.

Şondan soňky ýyl, 2018-nji ýylyň maýyna düşen Gadyr gijesiniň öňünden gülençiler’ diýilýänleriň günä geçişe düşjekdigi hakynda birnäçe çeşme maglumat berdi, emma bu maglumat günä geçiş bolanda tassyklanmady, ýalan bolup çykdy.

Azatlygyň Türkiýedäki diňleýjileriniň we okyjylarynyň birnäçesiniň biri-birinden bihabar tassyklamagyna görä, aslynda gülençiler’ işi Türkmenistanyň däl-de, Türkiýäniň meselesi bolup, bu ýurtdaky hökümet korrupsiýasyndan ünsi sowmak üçin toslanyp tapyldy we Türkiýäniň döwlet baştutanynyň syýasy garşydaşlaryndan dynmak üçin ulanyldy.

“Türkmen türmelerinde dini aýyplamalar esasynda ýitirim edilen adamlaryň köpüsi bir tarapdan Türkiýädäki hökümet korrupsiýasynyň pidasy bolsa, ikinji tarapdan Türkmenistandaky hökümet korrupsiýasynyň, adalat, kanun ulgamyndaky eden-etdilikleriň pidasy boldy, olaryň emläkleri talaňa düşdi, çykarjak diýseler, karza çümüp, uly möçberde para beren maşgalalar hem bar” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran aşgabatly ýaşaýjy Azatlyga ýatdy.

Megerem şu ýagdaýlar bilen baglylykda, ABŞ-nyň Halkara din azatlygy komissiýasy Türkmenistanyň, raýatlarynyň dine uýmak hukugyny gödek we yzygiderli bozýandygy üçin, “aýratyn alada döredýän” ýurtlaryň hatarynda galmalydygyny aýdýar.

“Dine uýmak azatlyklarynyň iň erbet bozulmlary sebäpli ýurda berilýän howpsuzlyk goldawyny çäklendirmeli; raýatlaryň din azatlygy hukuklarynyň iň erbet bozulmalaryna jogapkär bolan hökümet resmilerine garşy anyk sanksiýalary girizmeli, olaryň ABŞ-nyň çägine girmegini çäklendirmeli, emläklerini doňdurmaly” diýip, komissiýanyň amerikan hökümetine beren rekomendasiýlarynda aýdylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

'Gülen hereketi' bilen ilteşikli hasaplanyp, soraga çekilen mugallymlar täze basyşlardan gorkýar
“Gülen hereketi” bilen ilteşikli bolmakda höküm edilen tussagyň soňky ykbaly barada alada bildirilýär
Çeşme: Türmede ýiten biznesmeniň daşary ýurtdaky aýalyna howp abanýar
Türkiýede gülençidigi’ güman edilýän bir türkmenistanly tussag edildi
ABŞ din azatlygynyň basgylanmagyna 'keseden seredip durmajagyny' aýdýar
“Gülençidigi” öýdülip tussag edilenleriň biri türkmen türmesinde öldi