31 müň türkmenistanly Özbegistana syýahat etdi

31 müň türkmenistanly Özbegistana syýahat etdi

Türkmenistan 2024-nji ýylyň ýanwar mart aýlarynda Özbegistana syýahat eden raýatlarynyň sany boýunça ilkinji bäşlikden orun aldy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi habar berýär.

Çeşmäniň berýän maglumatlaryna görä, şu ýylyň birinji çärýeginde 31 müňden gowrak türkmenistanly Özbegistana syýahat etdi. Şeýlelikde, Türkmenistan goňşy ýurda syýahat etmek maksady bilen raýatlarynyň sany boýunça bäşinji orundan ýer aldy.

Şeýle-de sanawyň ilkinji bäşliginde Täjigistan (536,5 müň syýahatçy), Gyrgyz Respublikasy (442 müň syýahatçy), Gazagystan (262,6 müň syýahatçy) we Russiýa Federasiýasy (134,2 müň syýahatçy) ýaly ýurtlaryň ady bar.

Sanawda Türkmenistandan soňky orny 21,5 müň syýahatçy bilen Türkiýe eýeläpdir.

Ýeri gelende bellesek, ýanwar — mart aýlarynda Özbegistana syýahat eden daşary ýurtlularyň umumy sany 1 million 519,3 müňe ýetip, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2,1 göterim artypdyr.

Ýene degişli makalalar

Özbegistanda türkmen maýa goýumynyň gatnaşmagynda döredilen 193 sany kärhana hereket edýär
2 aýda 12 müň türkmenistanly Özbegistana baryp gördi
Türkmenistanyň raýatlary Özbegistana işewürlik maksady bilen köp bardy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkmenistan AFK-nyň klublaýyn reýtinginde 19-njy orny eýeleýär
Russiýada, Talibanyň Terror Guramalarynyň Sanawyndan Çykarylmagy Teklip Edildi