31.10.2017 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň 10 aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy.

Gün tertibine şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak meseleleri girizildi.Ilki bilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýewiň hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler hem-de ýaragly güýçlerimizi iň täze tehnikalar bilen üpjün etmegiň we ýokary hünärli harby işgärleri taýýarlamagyň hasabyna Milli goşunymyzyň kuwwatyny artdyrmak maksady bilen durmuşa geçirilýän toplumlaýyn harby özgertmeleriň çäklerinde görülýän çäreler baradaky hasabaty diňlenildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda parahatçylygyň hem-de asudalygyň goragynda durýan ähli harby we hukuk goraýjy düzümleriň sazlaşykly işlemegini üpjün etmek üçin bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmagyň hem-de türkmen halkynyň gadymdan gelýän ynsanperwerlik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň düzgünlerine berk eýermegiň wajypdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow serkerdeler düzüminiň şöhratly ata-babalarymyzyň harby däplerini mynasyp dowam etdirýän ýaş harby gullukçylary watançylyk ruhunda terbiýelemek boýunça işi hemişe üns merkezinde saklamalydygyny nygtady.Soňra içeri işler ministri I.Mulikow hasabat döwründe Içeri işler ministrliginiň düzümleýin edaralary tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini saklamak hem-de islendik görnüşli düzgün bozmalaryň, şol sanda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça sazlaşykly işleriň geçirilýändigi habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz durnuklylygy üpjün etmek, ýurdumyzyň raýatlarynyň kanuny hukuklaryny we azatlyklaryny goramak işinde bu hukuk goraýjy edara möhüm ornuň degişlidigini belläp, Içeri işler ministrliginiň ähli düzümleriniň işine mundan beýläk-de berk gözegçiligi amala aşyrmagy hem-de şahsy düzümiň hatarlarynda tertip-düzgüni ýokary derejede saklamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz şeýle hem paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýol-ulag hereketini kadalaşdyrmak boýunça degişli çäreleri görmegi talap etdi.Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy B.Gündogdyýew Belent Serkerdebaşymyzyň tabşyrygy boýunça gury ýerde we deňizde Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň goralyşyny güýçlendirmek boýunça ýylyň başyndan bäri görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda täze serhet galalarynyň binalaryny gurmak we öňden bar bolanlarynyň durkuny täzelemek, serhetçileriň maşgalalary üçin has oňaýly ýaşaýyş jaýlaryny bina etmek boýunça işleriň alnyp barylýandygy habar berildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu edaranyň harby gullukçylarynyň öňünde durýan esasy wezipeler barada aýdyp, döwlet serhediniň düzgüniniň berjaý edilmegini üpjün etmegiň işiň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi.Döwlet Baştutanymyz serhetçileriň gulluk etmegi hem-de göwnejaý ýaşamagy üçin şertleri mundan beýläk-de gowulandyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, gullugyň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi. Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýew şu ýylyň on aýynda ýurdumyzyň kazyýet edaralarynyň milli kazyýet ulgamyny kämilleşdirmegiň çäklerinde ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hem-de hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz kazylaryň üstüne ýüklenen jogapkärçiligiň örän uludygyny aýdyp, kazyýet işgärleriniň her bir işe garalanda ýurdumyzyň raýatlarynyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň berk berjaý edilmegini üpjün etmelidigini belledi.Döwlet Baştutanymyz kazyýet işiniň häzirki döwrüň talaplaryny nazara almak bilen halkara hukugynyň hereket edýän kadalaryna laýyklykda alnyp barylmalydygyny nygtady.

Soňra Baş prokuror B.Atdaýew ýanwar—oktýabr aýlarynda ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işine hem-de ýurdumyzda kanunçylygyň we hukuk tertibiniň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hukuk goraýjy edaralaryň işiniň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent wezipelerine hem-de Türkmenistanyň syýasatynyň esasy maksatlaryna laýyk gelmelidigini aýtdy. Ýurdumyzda halkymyzyň abadançylygy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar.

Döwlet Baştutanymyz prokuraturanyň her bir işgäriniň halallygyň we adalatlylygyň nusgasy bolmalydygyny aýdyp, işgärleri taýýarlamak syýasatyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy.Soňra milli howpsuzlyk ministri D.Baýramow ýolbaşçylyk edýän edarasynda 2017-nji ýylyň ýanwar—oktýabr aýlarynda döwletimiziň bähbitlerini goramak hem-de ýurdumyzda amatly jemgyýetçilik ýagdaýyny saklamak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Belent Serkerdebaşymyz Milli howpsuzlyk ministrliginiň işiniň esasy ugurlaryna ünsi çekip, bu düzümiň döwlet Garaşsyzlygynyň sütünlerini pugtalandyrmakda möhüm ornuny aýratyn nygtady.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jemgyýetimizde asudalygy üpjün etmek maksady bilen, harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň sazlaşykly işlemeginiň wajypdygyny aýtdy.

Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy B.Nobatow hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler hem-de özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam berýän bu düzümiň netijeli işlemegini üpjün etmek boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, gullugyň borçlaryndan we ygtyýarlyklaryndan gelip çykýan gaýragoýulmasyz wezipeler barada aýtdy.Hormatly Prezidentimiz biziň ýurdumyzy özleri üçin açmak isleýän dünýäniň halklarynyň gyzyklanmasynyň köp babatda bu edaranyň işgärleriniň sazlaşykly işine baglydygyny aýdyp, bu edaranyň ýolbaşçysyna işiň usullaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça netijeli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň direktory M.Çakyýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat döwründe milli Liderimiziň gullugyň ähli işgärleriniň öňünde goýan wezipelerini üstünlikli çözmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Belent Serkerdebaşymyz hasabaty diňläp, korrupsiýa garşy göreşmek baradaky döwlet maksatnamasynda bellenilen ähli çäreleriň ýokary derejede ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyny aýtdy.Döwlet Baştutanymyz ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň möhümdigine ünsi çekip, gullugyň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Osmanow gümrük gullugynyň düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we bu edaranyň işgärleri üçin zerur bolan gulluk hem-de durmuş şertlerini döretmek, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow soňky ýyllarda ýurdumyzyň dünýäniň beýleki döwletleri bilen ykdysady gatnaşyklarynyň has-da işjeňleşmegi netijesinde Türkmenistana gelýän daşary ýurtly myhmanlaryň sanynyň hem-de ýurdumyzyň serhedinden geçýän harytlaryň we ýükleriň möçberleriniň barha artýandygyny belledi.

Milli Liderimiz gümrük kadalaşdyrmasy ulgamynda daşary ýurtlaryň döwlet häkimiýetleri hem-de halkara guramalary bilen özara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitläp, bu edaranyň ýolbaşçysyna birnäçe tabşyryklary berdi.Adalat ministri B.Muhammedow ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Şol binýat bolsa täze taryhy eýýamyň wezipeleriniň we belent maksatlarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň ygtybarly esasy bolmalydyr.

Döwlet Baştutanymyz hukuk özgertmeleriniň çäklerinde geçirilýän işleriň wajypdygyny belläp, milli kanunçylygyň döwrüň ruhuna laýyk gelýän täze kanunlar bilen üstüniň ýetirilmeginiň zerurdygyny aýtdy. Şol kanunlar bolsa Türkmenistanyň Mejlisi hem-de beýleki degişli düzümler bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda işlenip taýýarlanylmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, ministrligiň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary jemläp, Garaşsyz hem Bitarap döwletimiziň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinany üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna, harby gullukçylaryň gullugy hem-de durmuşy üçin amatly şertleriň döredilmegine mundan beýläk-de uly ähmiýet berjekdigini aýtdy.

Milli Liderimiz şeýle hem işgärleriň söweşjeň we hünär taýýarlygynyň derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak hem-de şahsy düzümi harby-watançylyk ruhunda terbiýelemek boýunça yzygiderli işleri alyp barmagy tabşyrdy.Mejlisiň ahyrynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara berk jan saglyk hem-de eziz Watanymyzyň rowaçlygynyň, türkmenistanlylaryň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine alnyp barylýan asylly işde täze üstünlikler arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

21.11.2017 | Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini iň täze ýörite tehnikalar bilen üpjün etmek we üstünlikli gulluk etmek üçin şertleri döretmek meselelerine garaldy
05.12.2017 | Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň 11 aýda alyp baran işleriniň netijeleri jemlenildi
10.01.2018 | Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde harby we hukuk goraýjy edaralarynyň öňünde durýan möhüm wezipeleri kesgitlendi
30.01.2018 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisi
06.03.2019 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
12.02.2019 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi