31.10.2017 | Daşary ýurt liderleri Türkmenistanyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni bilen gutladylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Garaşsyzlygyň 26 ýyllygy mynasybetli gutlag hatlarynyň gelmegi dowam edýär. “Horwatiýa Respublikasynda Türkmenistan bilen dostlukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ýokary baha berilýär.Mundan beýläk hem bilelikdäki tagallalarymyz umumy hyzmatdaşlyga, iki döwletiň kuwwatyny doly durmuşa geçirmek maksady bilen, ykdysady hyzmatdaşlygymyzy has-da giňeltmäge ýardam etjekdigine berk ynanýaryn. Şunuň bilen baglylykda, Siziň tiz wagtda Horwatiýa Respublikasyna sapary amala aşyrmagyňyza umyt edýärin” diýlip Horwatiýanyň Prpezidenti Kolinda Grabar Kitarowiçiň iberen gutlag hatynda aýdylýar.

Moldowa Respublikasynyň Gagauziýa awtonom çäk düzüminiň baştutany Irina Wlah hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gagauz halkynyň adyndan we hut öz adyndan tüýs ýürekden gutlagyryny iberdi.Siziň Awtonomiýamyza yzygiderli berýän ünsüňize we goldawuňyza ýokary baha berýäris, doganlyk türkmen we gagauz halklarynyň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklaryň parahatçylygyň hem-de özara düşünişmegiň bähbidine yzygiderli ösdüriljekdigine ynanýarys diýlip gutlag hatynda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Toý toýlanýar medeniýetiň şanyna
Türki Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar
Moldowada Hökümete Garşy Ýöriş Geçirildi
Moldowanyň Parlamentinde Gagauz hat ýazuwyna we diline bagyşlanan sergi açyldy
Hakas Türkçesi
Dagystanda Ysraýyldan gelen uçaryň gonandygy baradaky habardan soň dartgynlyk başdan geçirildi