Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.Onda Prezident maksatnamalaryny hem-de kabul edilen beýleki ykdysady we durmuş maksatnamalaryny ýerine ýetirmegiň barşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Şeýle hem mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen içeri syýasatyň wajyp wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi.Wise-premýer gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hasabatyň çäklerinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlary” atly ylmy-amaly maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada habar berildi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýerlerde milli we döwlet maksatnamalarynda kesgitlenen wezipeleriň öz wagtynda ýerine ýetirilişini üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.
Milli ykdysadyýetimiziň ýeten derejesini we geljekki ösüşini, täze taryhy döwürde ýurdumyzyň ähli pudaklarynda ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeleriň netijelerini äşgär edýän çäreleriň geçirilmegi aýratyn ähmiýetlidir. Şunuň bilen baglylykda, öňde boljak forumyň ähmiýeti barada aýdyp, döwlet Baştutanymyz onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösdürmegiň maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekip, toplumyň kärhanalarynyň meýilnamalaýyn tabşyryklary ýerine ýetirişine berk gözegçilik etmek barada wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.Nebitiň we tebigy gazyň çykarylyşyny, onuň gaýtadan işleýän möçberini artdyrmak, milli ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy pudagynda iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň barşynda Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyny hem-de döwrebap ähmiýetini dünýä jemgyýetçiligine ýaýmak we wagyz etmek, ýurdumyzda awtomobil sportuny ösdürmek hem-de “Amul — Hazar 2018” halkara awtoralli ýaryşyny guramaçylykly geçirmek maksady bilen, halkara awtomobil ýaryşyna gatnaşyjylary nebit önümleri bilen üpjün etmek hakynda” Karara gol çekip, onuň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek barada degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Wise-premýer sebitlerde pagta ýygymy möwsümine taýýarlyk boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyp, gowaça ekilen meýdanlarda degişli agrotehniki çäreleriň amala aşyrylýandygyny aýtdy.
Hatarara bejergi işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pagta ýygymy möwsümini öz wagtynda we guramaçylykly geçirmek boýunça beren tabşyrygyny ýerine ýetirmek maksady bilen, şu ýyl ýurdumyzda pagta arassalaýan kärhanalaryň 38-si, taýýarlaýyş bölümleriniň 156-sy taýýarlanyldy, pagta ýygýan kombaýnlaryň 1 müň 76-sy, awtomobilleriň 2 müň 261-si, traktorlaryň 2 müň 162-si, traktor tirkegleriniň 3 müň 325-si ulanylar. Şunuň bilen baglylykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary milli Liderimize “Ak kerwen” dabaralaryna ak pata bermek baradaky haýyş bilen ýüzlendi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp we watandaşlarymyza hem-de daýhanlara ýüzlenip, sentýabr aýynda ýurdumyzda möhüm çäräniň — pagta ýygymynyň köpçülikleýin başlanýandygyny aýtdy.Köp zähmet siňdirilip ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtyň içinde ýygnap almak häzirki döwürde daýhanlaryň öňünde durýan esasy wezipedir.
Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda geçýän ýylda edermen pagtaçylaryň milli baýlygymyz bolan pagtanyň bol hasylyny ýygnap, uly zähmet üstünliklerini gazanjakdygyna ynam bildirdi.
Pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, milli Liderimiz Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda 5-nji sentýabrda, Daşoguz welaýatynda bolsa 16-njy sentýabrda pagta ýygymyna başlamaga ak pata berýändigini aýtdy.
Asylly däbe görä, hormatly ýaşululardan pagta ýygymyny “Bissimilla” bilen başlap bermeklerini haýyş edip, döwlet Baştutanymyz daýhanlara bol hasyl almagy arzuw etdi.Soňra hormatly Prezidentimiz suwy netijeli peýdalanmak meselelerine wise-premýeriň ünsüni çekip, Garagumuň merkezinde ýerleşýän özboluşly suw howdany bolan “Altyn asyr” Türkmen kölüni abadanlaşdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri amala aşyrmagyň zerurdygyny aýtdy.
Häzirki döwürde bu künjek ekologiýa taýdan arassa zolak bolup durýar. Şoňa görä-de, bu ýerde şäherçeleri gurmaly diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şeýle hem bu ýere ýygnanan suwy gaýtadan işläp, netijeli ulanmak boýunça kärhanalary döretmeli, balykçylygy ösdürmeli diýip, milli Liderimiz bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary K.Durdymyradow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.Wise-premýer döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli elektron senagatyny döretmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Senagat ministrliginiň “Türkmenmaşyngurluşyk” konsernine degişli önümçilik düzümlerinde dürli görnüşli diodly lampalaryň, elektrik energiýasynyň, gaz we elektrik plitalaryň, elektrik gyzdyryjylaryň harçlaýan energiýasyny hasaplaýan elektron gurnamalaryň, şeýle hem 1-nji synp okuwçylary üçin kompýuterleriň önümçiligi ýola goýuldy.
Döwlet Baştutanymyza, asylly däbe görä, 1-nji sentýabrda ýurdumyzyň 1-nji synpa kabul edilýän ähli okuwçylaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgat berilýän kompýuterleriň nusgalary görkezildi. Ösüp barýan ýaş nesilleriň kompýuter sowatlylygyny ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belläp, döwlet Baştutanymyz bu işleri kämil derejede dowam etmegi we 1-nji synpa kabul edilýän okuwçylara gowşurylýan netbuklaryň mümkinçilikleriniň öwredilişini giňeltmegi, ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde häzirki zaman multimediýa tehnikalaryny ösdürmegiň, okuw ulgamyna maglumat tehnologiýalaryny we sanly ulgamy ornaşdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň senagat toplumynyň içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli önümleriň öndürilişini artdyrmak arkaly ösüşiň ýokary hil derejesine çykmalydygyny belledi. Şu maksat bilen, döwlet tarapyndan täze kärhanalaryň gurluşygyna we ozal hereket edýänleriniň täzeçil usulda enjamlaşdyrylmagyna ägirt uly serişdeler gönükdirilýär.
Hususy telekeçiligiň bu işlere çekilmegine uly goldaw berilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz sebitlerde öňdebaryjy tejribäni we önümçilige kämil hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna önümçilik düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça meýilnamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny belläp, ýurdumyzyň elektron pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew “Türkmenistanyň energetika senagatynyň esasy ugurlary” atly halkara sergini we ylmy maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.Her ýylda geçirilýän pudaklaýyn forumy şu ýylyň 6 — 8-nji sentýabrynda Aşgabatda guramak meýilleşdirilýär. Şu ýyl ýurdumyzyň Energetika ministrligi bilen Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guraýan ýöriteleşdirilen sergisine elektroenergetika kompaniýalary we hususy düzümler gatnaşar.
Bu ýerde maýa goýumlary çekmek, dürli kuwwatlyklary döwrebaplaşdyrmak, elektroenergetika pudagynda energiýa tygşytlaýjy usullar ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.Milli Liderimiz energetika senagatynyň ösüşine bagyşlanan halkara serginiň we maslahatyň ähmiýeti barada aýdyp, wise-premýere bu çäräni ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.
Soňra hasabatyň çäklerinde wise-premýer Mary döwlet elektrik stansiýasy bilen utgaşykly dolandyrmak esasynda işleýän täze elektrik stansiýasynyň ulanmaga bermäge taýýardygy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz habary diňläp, energetika senagatynyň milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridigini belledi. Ýurdumyzda gysga wagtyň dowamynda energetika pudagynda amala aşyrylýan çäreleriň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, iri taslamalar durmuşa geçirildi, täze kuwwatly elektrik stansiýalar guruldy we ulanmaga berildi. Ýurdumyzyň çäklerinden çekilen uzynlygy müňlerçe kilometre ýetýän elektrik geçiriji ulgamlaryň birnäçesi çalşyldy, täze energetika enjamlary gurnaldy.
Milli Liderimiz energetika hyzmatdaşlygy meselelerine ünsi çekip, energiýa akymlarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň, täze köpugurly geçirijiler düzüminiň döredilmeginiň türkmen tarapy üçin strategik ähmiýete eýedigini belledi.Häzirki wagtda energiýa çeşmelerine we olary ibermegiň serişdelerine deňhukukly, bökdençsiz hem-de kepillendirilen elýeterliligiň ählumumy häsiýete eýe bolandygyny nygtap, döwlet Baştutanymyz bu maksada ýetilmegine ýurdumyzyň oňyn başlangyçlarynyň gönükdirilendigini belledi, olar ählumumy energetika howpsuzlygyna degişli meselelerdir.
Döwlet Baştutanymyz täze elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün edilmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, bu ýerde öndürilýän elektrik energiýasynyň Türkmenistanyň umumy energetika ulgamyna goşuljakdygyna hem-de diňe bir tutuş welaýatyň energiýa bilen ygtybarly üpjün edilmegine däl-de, onuň beýleki ýurtlara iberilýän eksport möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berjekdigini nygtady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow döwlet Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygyna bagyşlanan Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.Onda ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, kärhanalar, guramalar, häkimlikler hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan 70-den gowrak sergi bölümleri ýaýbaňlandyrylar. Şolarda ýurdumyzyň senagat, oba hojalygy, gurluşyk, energetika, ulag-aragatnaşyk pudaklarynda, söwda hem-de hyzmatlar, maliýe we bank ulgamlarynda ýeten derejesi, gazanan üstünlikleri öz beýanyny tapar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň söwda we hyzmatlar ulgamynyň işini döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.Hususan-da, milli Liderimiz ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan milli senenamamyzyň baýramçylyklarynyň we beýleki seneleriniň bellenilýän günlerinde pudagyň kärhanalarynyň işiniň aýratyn ähmiýetini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şanly sene mynasybetli guralýan Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisiniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginiň zerurdygyny belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ähli kärhanalaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek ugrunda amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.
Awtoulaglaryň işine, duralgalaryň gurluşygyna, şolaryň hereket edişine, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine, ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň derejesiniň ýokarlandyrylmagyna degişli anyk çäreler durmuşa geçirilýär.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ulag ulgamynda ýük daşamagyň we ýolagçy gatnatmagyň mukdaryny artdyrmaga mümkinçilik berýän önümçilik kuwwatlyklarynyň az däldigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz demir ýol ulaglar ulgamynyň ösüşi bilen baglanyşykly meselelere degip geçip, täze tehnologiýalary peýdalanyp, işleriň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Munuň özi ýurdumyzyň demir ýol ulgamynyň ulanyş möhletini artdyrmaga ýardam berer.Demir ýollary elektrikleşdirmek işlerini dowam etmegiň zerurdygyny belläp, milli Liderimiz bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz wise-premýer M.Çakyýewe ýurdumyzyň içeri işler ministri I.Mulikow we awtomobil ulaglary ministri O.Suhanow bilen bilelikde ýurdumyzda her ýyl dürli awtoulaglaryň — ýeňil, ýolagçy, ýük hem-de ýöriteleşdirilen awtoulaglaryň halkara sergisini geçirmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz şeýle halkara sergini geçirmek üçin ähli ykdysady we maliýe mümkinçilikleriniň bardygyny belledi.Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu çäräniň dürli şertleri nazara almak bilen, ilatymyz we ykdysadyýetimiziň pudaklary üçin has oňaýly awtoulaglary saýlamaga ýardam etjekdigini aýtdy hem-de bu babatda wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa sentýabr aýynda geçiriljek baýramçylyk çärelerine, şanly senelere we şu mynasybetli medeni-durmuş we önümçilik maksatly binalaryň açylyş dabaralaryna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Baýramçylyk dabaralarynyň maksatnamasy türkmen medeniýetiniň we sungatynyň, ýurdumyzyň ösüş ýolunda gazananlarynyň giňden wagyz edilmegine gönükdirilen çäreleriň we döredijilik forumlarynyň birnäçesinden ybarat bolar. 1-nji sentýabrda bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli bilim ulgamyna degişli täze binalar açylar.
Bu sene mynasybetli paýtagtymyzyň “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda konsertler hem-de welaýatlarda täze umumybilim berýän mekdepleriň we çagalar baglarynyň açylyş dabaralary guralar.Sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikler, “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” ady bilen geçirilýän biraýlygyň çäklerinde medeni-köpçülikleýin çäreler guralar.
Sentýabryň birinji ongünlüginde Aşgabatda “Koreý hepdeligi” çäreleri bolar. Şeýle hem köpöwüşginli baýramçylyk çäreleriniň hatarynda pudaklaýyn sergileriň, täze ýaşaýyş jaýlarynyň, durmuş we önümçilik maksatly beýleki binalaryň açylyş dabaralary ýaýbaňlandyrylar. “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisi hem-de “Beýik Ýüpek ýoly” ugry boýunça welosiped ýörişi we ylgaw ýaryşy mynasybetli medeni çäreleriň maksatnamasy taýýarlanyldy.
Ony sungat ussatlarynyň 15-nji sentýabrda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek konserti jemlär. Şol gün Türkmenbaşy şäheriniň Ruhyýet köşgünde “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak we medeniýet, sungat işgärlerine hormatly atlary dakmak dabarasy geçiriler.
Dabara baýramçylyk konserti bilen utgaşdyrylar.Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisiniň geçirilmegine we ýurdumyzyň Garaşsyzlyk gününe köpöwüşginli medeni çäreleri geçirmäge taýýarlyk görülýär.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, öňde boljak baýramçylyk çäreleriniň we beýleki medeni köpçülikleýin dabaralarynyň, şol sanda sentýabr aýynyň iri sport çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz şolaryň hemmesiniň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik ruhuna, halkymyzyň myhmansöýerlik däplerine laýyk gelmelidigini aýtdy.Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisiniň işiniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýokary derejede beýan edilmegine, şonda kabul edilen çözgütleriň ilat köpçüligine giňden ýetirilmegine möhüm üns berilmelidigini belledi hem-de bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz mejlisi geçirmäge taýýarlygyň çäklerinde meýilleşdirilen medeni çäreler barada aýdyp, şolaryň gerimi we döredijilik joşguny boýunça ýurdumyzyň taryhy senenamasynda täze sahypany açýan jemgyýetçilik-syýasy çäräniň ähmiýetine kybap gelmelidigini nygtady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. 5-nji sentýabrda geçiriljek jemleýji konserte welaýatlardan we Aşgabat şäherinden ýaşajyk aýdymçylar, çagalar tans, aýdym we folklor toparlary gatnaşarlar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän bäsleşik barada aýdyp, bu döredijilik bäsleşigine ýurdumyzyň dürli künjeklerinden zehinli çagalaryň ýüzlerçesiniň uly höwes bilen gatnaşýandygyny aýtdy. Ýaş nesilleriň ukyplaryny açyp görkezmegi üçin bolsa zerur şertler döredilýär.
Döwlet Baştutanymyz “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň baş maksadynyň ýaşlaryň döretmäge bolan höweslerini hemmetaraplaýyn giňeltmekden we ösdürmekden ybaratdygyny belledi hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de ösdürilmegi ugrunda içgin alada etmek barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz wezipe borçlaryny talabalaýyk berjaý etmän, täze okuw ýylyna taýýarlyk görmekde ýol beren kemçilikleri üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradowa berk käýinç yglan etmek hakyndaky degişli resminama gol çekdi. Şeýle hem Türkmenistanyň bilim ministri M.Geldinyýazowa Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan duýduryş berildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow DIM-niň alyp barýan işi, sentýabr aýynda bellenilen möhüm halkara çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şolaryň hatarynda ýokary derejedäki duşuşyklar we iri forumlar bar.
Habar berlişi ýaly, 18-nji sentýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasy öz işine başlaýar.Oňa gatnaşmak üçin 29-njy sentýabr — 2-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Nýu-Ýork şäherine sapary meýilleşdirildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň goldaw bermeginde ýurdumyzyň ählumumy forumda öňe sürjek başlangyçlary işlenip taýýarlanyldy we tassyklanyldy.
Olar diplomatik ýollar arkaly BMG-niň agza ýurtlaryna iberildi we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan edildi. Şeýle hem saparyň çäklerinde milli Liderimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşygy göz öňünde tutulýar.
Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň çäklerindäki işinde bitaraplyk we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine, jedelleriň syýasy-diplomatik serişdeler arkaly çözülmegine esaslanar.Döwlet Baştutanymyzyň sebitleýin we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça halkara başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek babatda maksatnamalaýyn işler amala aşyryldy. 28-nji sentýabrda Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde GDA agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler. Şonda Türkmenistanyň 2019-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmegi baradaky mesele göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň goldaw bermeginde başlyklyk etmegiň Konsepsiýasy we ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasy, şeýle hem beýleki degişli resminamalar işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýeti üçin ýörite Maksatnamanyň Ýolbaşçy geňeşiniň (SPEKA) nobatdaky sessiýasyna we Gazagystanyň Almaty şäherinde 20 — 21-nji sentýabrda geçiriljek SPEKA — 2018 Ykdysady forumyna, şeýle hem Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň 17 — 20-nji sentýabrda Italiýanyň Rim şäherinde geçiriljek Ýewropa sebitleýin komitetiniň nobatdaky mejlisine gatnaşar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň beýleki döwletler we abraýly halkara guramalar bilen deňlik, birek-birege hormat goýmak we işjeňlik esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygy, ählumumy abadançylygyň bähbidine alnyp barylýan giň netijeli gatnaşyklara bolan ygrarlylygy iş ýüzünde tassyk edýändigini belledi.
BMG bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga ähmiýet bermek bilen, ýurdumyz häzirki döwürde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmak, sebitleýin we ählumumy möçberde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ýaly möhüm meseleleriň ylalaşykly çözgüdini işläp taýýarlamak boýunça umumy tagallalaryň utgaşdyrylmagyna işjeň gatnaşýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň işine gatnaşmagyny Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy hökmündäki yzygiderli işiniň dowamy hökmünde garap, hyzmatdaşlyga strategik häsiýet berýändigini belledi.
Milli Liderimiz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň Watanymyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini belläp, 2019-njy ýylda GDA başlyklyk etmegi öz üstüne alýan ýurdumyzyň umumy bähbitlere laýyk gelýän däp bolan döwletara gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine we giňeldilmegine ýardam berjekdigini aýtdy.
GDA-nyň assosirlenen agzasy hökmünde Türkmenistan giň ugurlar boýunça ägirt uly kuwwata eýe bolmak bilen, Arkalaşygyň çäklerindäki gatnaşyklaryň ösdürilmegine ähmiýet berýär.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdylanlary jemläp, türkmen tarapynyň öňde boljak halkara çärelere gatnaşmagyna oýlanyşykly we toplumlaýyn çemeleşmeleriň esasyndaky taýýarlygyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa milli parlamentiň ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça alyp barýan işi, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada habar berdi.
Iş toparlarynda häzirki döwürde döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny nazara almak bilen, täze kanunçylyk taslamalaryny taýýarlamak işleri dowam edýär.Häzirki döwürde Halk Maslahatynyň birinji mejlisini geçirmek boýunça degişli resminamalar taýýarlanylýar.
Jogapkär düzümleriň ählisi bilen bilelikde guramaçylyk meseleleri çözülýär.Halk Maslahatynyň döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda eýeleýän taryhy ornuny, onuň demokratik esaslarynyň ösüşini wagyz etmek hem-de Türkmenistanyň “Halk Maslahaty hakynda” Kanunynyň ugurlary, jemgyýetçilik-syýasy möhüm meseleler boýunça düşündiriş işleri alnyp barylýar.
Onuň syýasy ähmiýeti ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilýär.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, täze kanunlar taýýarlanylanda Türkmenistanyň hemmetaraplaýyn ösüşi boýunça meýilleşdirilen meýilnamalary we maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ygtybarly binýady üpjün edýän türkmen jemgyýetiniň geljekki ösüşiniň wezipelerinden ugur alynmalydyr.
Durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginleri çözgütleriň çalt hem-de öz wagtynda kabul edilmegini, ýurdumyzda we jemgyýetimizde amala aşyrylýan özgertmelere gyssagly seslenmegini talap edýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şunuň bilen baglylykda, kanunçykaryjylyk işiniň mümkinçiliklerini berkitmek we kämilleşdirmek, deputatlaryň ýerlerde ýerine ýetiriji edaralar bilen özara gatnaşyklary boýunça öňde durýan wezipeleriň wajypdygyna üns berildi.
Hormatly Prezidentimiz umumymilli forum boýunça öňde durýan wezipeler barada aýdyp, Halk Maslahatynyň döwlet durmuşynyň wajyp meseleleri boýunça çözgütleri kabul edýän ýokary kanun çykaryjy gurama bolup durýandygyny aýtdy.Döwlet Baştutanymyz Halk Maslahatynyň birinji mejlisi bilen baglanyşykly ähli düzgünleriň üstünde düýpli işlemegiň, şol sanda onuň agzalarynyň hukuk derejesini kanunlaşdyrmagyň möhümdigini belledi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow umumymilli maslahatyň mejlisini guramaga gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmeginiň zerurdygyny, şolaryň ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga we demokratik esaslara laýyk ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini belledi.
Soňra Hökümetiň mejlisine çagyrylan “Türkmenhowaýollary” gullugynyň başlygy D.Saburow hasabat bilen çykyş etdi.Gullugyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny ýerine ýetirmek, milli Liderimiziň ýerli uçar gatnawlarynyň ugruny artdyrmak boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatlarda täze howa menzillerini gurmak, ozal bar bolanlaryny döwrebaplaşdyrmak, şol sanda Lebap welaýatynyň Kerki, Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherlerinde, Mary welaýatynyň “Galaýmor” daýhan birleşiginde howa menzillerini dikeltmek boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Mundan başga-da, hasabatyň dowamynda gullugyň tehniki parkynyň üstüniň täze, häzirki zaman uçarlary bilen ýetirilýändigi, içerki we halkara gatnawlar üçin uçarlaryň yzygiderli satyn alynýandygy, bu işleriň howa ulaglary ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine oňyn şertleri üpjün edýändigini nygtady. Şeýle hem ýurdumyzyň “Türkmenhowaýollary” gullugynyň halkara howa gatnawlary boýunça täze ugurlary açyp, türkmen uçarlarynyň dünýäniň dürli ýurtlaryna yzygiderli uçuşlary amala aşyrýandygy bellenildi.
Bu bolsa halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmekde aýratyn ähmiýetli bolup durýar.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ähli welaýatlarda döwrebap, ýolagçylara ýokary hilli hyzmatlary ýola goýýan hem-de dürli görnüşdäki uçarlary kabul etmäge ukyply uçuş-gonuş zolagy bolan howa menzilleriniň gurulmagynyň Türkmenistanyň howpsuzlyk we ygtybarlylyk babatda täze enjamlar bilen üpjün edilen howa ulgamynyň ösen düzümini döretmek boýunça amala aşyrýan syýasatynyň esasy ugry bolup durýandygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz milli howa ulaglary ulgamynyň häzirki zaman uçarlar parkyny giňeltmek boýunça uzak möhletleýin maksatnamanyň ýerine ýetirilişi barada aýdyp, Türkmenistanyň “Boeing” uçarlaryny saýlap almagy ýurdumyzda bu uçarlary halkara, sebitara we içerki ugurlar boýunça peýdalanmakda gazanan oňyn tejribesi bilen baglanyşyklydyr. Şeýle hem bu çözgüt ýolagçylara hyzmatyň ýokary hil görkezijilerini we ähli ugurlardaky uçuşlaryň howpsuzlygynyň üpjün edilmegini şertlendirýär.
Milli Liderimiz täze uçarlary ulanmagyň ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň mümkinçiliklerini giňeltmäge, ýokary derejeli ýük daşalmagyny we ýolagçy gatnadylmagyny ýola goýmaga kömek etjekdigini belläp, täze uçarlary satyn almak hakyndaky teklipleri makullady hem-de bu babatda gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra mejlise çagyrylan içeri işler ministri I.Mulikow “Amul — Hazar 2018” halkara rallisine taýýarlygyň barşy, öňde boljak ýaryşlary göwnejaý derejede guramak maksady bilen geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.IIM-niň ýolbaşçysy milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa sürüjilik şahadatnamasyny hem-de sport awtomobiliniň tehniki pasportuny gowşurdy.
Hormatly Prezidentimize ýaryşlara gatnaşýan sürüjiler üçin sport lybaslary toplumlarynyň nusgalary görkezildi.Lybaslarda öňde boljak ralliniň nyşanlary şekillendirildi hem-de milli bezeg sungatynyň äheňleri peýdalanyldy.Peýdalanylan serişdeleriň hili awtomobil sporty üçin sport lybaslaryna bildirilýän talaplara we degişli ülňülerine laýyk gelýär.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary bilen geçirilýän ýylda “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň guralmagynyň ýurdumyz üçin uly ähmiýetli waka öwrüljekdigini belledi.Bu ýaryşlar asyrlaryň dowamynda Aziýany we Ýewropany birleşdirýän taryhy ýoluň häzirki döwürde gaýtadan dikeldilmegine ýardam berer. Öňde boljak ýaryşlary guramak işleri ähli degişli düzümleriň ýakyndan utgaşdyrylmagynda amala aşyrylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýaryşlary ýokary derejede geçirmek üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz rallä gatnaşyjylar üçin sport lybaslarynyň nusgalaryny makullap, şolaryň bezegi babatynda birnäçe bellikleri aýdyp, ministre anyk tabşyryklary berdi.Hökümet mejlisiniň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sentýabr aýynda dürli derejeli köp sanly çäreleriň meýilleşdirilendigini we şolaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini belledi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we uly üstünlikleri hem-de “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilen ýylda berkarar Watanymyzyň ähli halkyna gülläp ösüş arzuw etdi.