31.08.2018 | Türkmen topary “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisine taýýar

Olimpiýa şäherçesiniň “Sport” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýakyn wagtda geçiriljek “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisine bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi.Onuň çäklerinde türkmen ýygyndy toparynyň bu ýaryşa gatnaşýan agzalaryna sürüjilik şahadatnamalary we milli Liderimiziň adyndan degişli lybaslar gowşuryldy. Ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň Sport ulag merkeziniň we Awtomobil sporty boýunça milli federasiýasynyň toparlarynyň 15-si bu ýaryşda ýurdumyza wekilçilik eder.

Olar şu ýylyň maý aýynda guralan saýlama tapgyry geçdiler.Döwlet Baştutanymyz şol gün Garagum sährasy boýunça guralan saýlama tapgyra gatnaşyp, ýokary netije görkezdi we otuz türgenden ybarat türkmen ýygyndy toparyna ak ýol arzuw etdi.

Bu ýerde geçirilen çärä ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümleriniň agzalary, pudaklaýyn edaralaryň işgärleri, “Amul — Hazar 2018” awtorallisine taýýarlyk görmek we ony geçirmek boýunça jogapkär wekiller, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen halkara awtorallini, köpçülikleýin ylgaw ýaryşyny we welosipedli ýörişi guramak baradaky teklip ähli watandaşlarymyz tarapyndan giň goldawa eýe boldy.Aýratyn-da, yzygiderli üns-aladasy üçin milli Liderimize çuňňur hoşallyk bildirýän türgenler bu ýörelgäni aýratyn oňladylar.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda iri sport ýaryşlaryny geçirmek üçin zerur şertleriň döredilmegine ähmiýet berýär.Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, sport halklary we medeniýetleri ýakynlaşdyrmaga, sebitde we tutuş dünýäde parahatçylygy, dostlugy berkitmäge ukyplydyr.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda degişli häzirki zaman düzümini döretmek boýunça giň möçberli işler ýaýbaňlandyryldy. Şunuň bilen birlikde, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak, oňa tutuş halkymyzy, ilkinji nobatda bolsa, ýaş nesilleri çekmek, bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmak boýunça maksatnamalaýyn çäreler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, köp döwletleriň toparlarynyň gatnaşmagynda geçiriljek awtoralli diňe bir ýurdumyzyň sport abraýyny ýokarlandyrman, eýsem, sportuň dürli görnüşlerini, şol sanda awtomobil sportuny giňden wagyz etmäge gönükdirilendir.

Maslahatda çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, häzirki döwürde ýaryşlaryň guramaçylyk-tehniki üpjünçiligi babatda bolşy ýaly, ýurdumyzyň sport mümkinçiliklerini berkitmek, bu ulgamda halkara gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda giň möçberli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Bu ugur boýunça belli hünärmenler, şeýle çärelere gatnaşmakda özüni görkezen kompaniýalar bilen gatnaşyklar ýola goýuldy. Şunlukda, bu ýaryşlaryň esasy wezipesiniň biri baý taryhy-medeni, ruhy mirasy bolan we ony nesilden-nesle geçirýän hem-de ajaýyp tebigaty, ägirt uly ykdysady mümkinçilikleri bilen tanalýan ýurt hökmünde ata Watanymyzyň täze keşbini dünýä açar.

Türkmenistanyň çägi gadymy döwürlerden bäri möhüm söwda ýollarynyň çatrygy hökmünde belli bolupdyr.Bu gün ýurdumyzyň çäk taýdan amatly ýerleşýändigi ýene bir möhüm ýagdaý bilen berkidilýär.Bu bolsa ýurdumyzda 2018-nji ýylyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda geçýändiginiň ýöne ýerden däldigini äşgär edýär.

Häzirki zaman sport düzümine eýe bolan ýurdumyzyň iri halkara ýaryşlary geçirmekde baý tejribesi bar.Geçen ýylyň sentýabrynda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň uly üstünlik bilen geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Diýarymyz giň gerimli ýaryşlary kabul etmäge ukyply sport ýurdy hökmündäki derejesini pugtalandyrýar. Şeýle hem ýurdumyzda welosiped we awtomobil sportunyň ösdürilmegine uly üns berilýär.Her ýylda köpçülikleýin welosiped ýörişini guramak asylly däbe öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 3-nji iýuny “Bütindünýä welosiped güni” diýip yglan etdi.Bu çözgüde awtordaşlar hökmünde dünýäniň 56 ýurdy çykyş etdi.

Munuň özi Garaşsyz döwletimiziň halkara abraýynyň belentdigini görkezýär. Ýurdumyzyň awtomobil sportunyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär.Täze ýokary tizlikli sport ulaglary satyn alynýar.Bu bolsa sportuň bu görnüşine ýaşlaryň çekilmegini, türgenleriň we olaryň tälimçileriniň ussatlyk derejesiniň ýokarlanmagyny şertlendirýär.

Munuň özi, öz gezeginde, ýurdumyzda halkara merkezi döretmek üçin oňyn şertleri üpjün edýär. Şonda awtomobil sporty boýunça halkara ýaryşlary geçirmek mümkinçiligi döreýär. Şeýlelikde, öňde boljak “Amul — Hazar 2018” rallisi birnäçe tapgyrdan ybarat bolup, Garagumuň çylşyrymly ýerlerinden geçer hem-de Hazaryň kenaryndaky ak mermerli Awazada tamamlanar.

Rallä gatnaşyjylar Türkmenistanyň tebigy aýratynlyklary, ajaýyp gözelligi, milli medeniýetiň özboluşlylygy we häzirki döwrüň sazlaşykly ösüşi bilen tanyşmaga mümkinçilik alarlar.Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Beýik Ýüpek ýoly” taslamasy diňe bir sport çärelerinden ybarat bolman, eýsem, ýurdumyzyň geçmişiniň, şu gününiň we geljeginiň arabaglanyşygynyň mysalynda ýeten derejesini aýan etmekden hem ybaratdyr.

Amuldan Hazara çenli bolan aralyk boýunça halkara awtorallisi Türkmenistanyň ulag ulgamyndaky başlangyçlaryny we taslamalaryny ilerletmekde, şolaryň sebit we ählumumy ähmiýetini wagyz etmekde hem-de döwletleriň we halklaryň ýakynlaşmagyny, söwda-ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklaryň hem-de ählumumy ösüşiň giňeldilmegini şertlendirýän başlangyçdyr. Şu günki çärä gatnaşyjylar hut şu başlangyçlar barada aýtdylar. Ýurdumyzyň taryhynda şunuň ýaly ýaryşlary guramak boýunça tejribäniň bardygyny bellemeli. 2009-njy ýylda “Ýüpek ýoly” halkara awtorallisini geçirmek başlangyjynyň döwlet Baştutanymyza degişlidigini aýratyn nygtamak gerek.

Bu başlangyç goňşy döwletler bolan dostlukly Russiýanyň we Gazagystanyň Liderleri tarapyndan uly goldawa eýe boldy. Üç ýurduň içinden geçýän we dünýäniň 30-a golaý döwletinden awtomobil sporty boýunça ussatlaryň gatnaşmagynda guralan bu ulag ýaryşynyň ýolunyň umumy uzynlygy 4500 kilometr bolup, şonuň ýaryndan gowrak bölegi Türkmenistanyň çäginden geçdi. Şol pursatdan bäri “Ýüpek ýoly” dünýäniň awtomobil sportunyň senenamasyna ymykly goşuldy.

Oňa türkmen türgenleri hem gatnaşýar. Ýakynda türgenlerimiz şonuň ugry boýunça täze ýörişi amala aşyrdylar.Indi bolsa “Amul — Hazar 2018” awtomobil sporty halkara ýaryşlaryň tertipnamasyna girizilýär.Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlaryndan soňra Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň agzalaryna degişli şahadatnamalar we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan türgenleriň ýörite sport lybaslarynyň toplumy gowşuryldy. Şeýlelikde, Türkmenistandan rallä gatnaşyjylaryň atlary yglan edildi.

Olar Muhammetmyrat Gurbanow, Şamyrat Gurbanow, Gurbanberdi Daňatarow, Rafael Gaýnulin, Merdan Toýlyýew, Şöhrat Toýlyýew, Ýolaman Abaýew, Arslan Karakulow, Begenç Annaýew, Mekan Amantaganow, Agamyrat Annaýew, Annageldi Sähetgurbanow, Süleýman Sahatow, Kerimberdi Rahmanberdiýew, Guwançmyrat Hommadow, Rejepniýaz Annaberdiýew, Kerim Öwezow, Baýrammyrat Annaýew, Parahat Garlyýew, Timur Mamedow, Begnazar Nurýagdyýew, Hojaguly Annamämmedow, Gaýgysyz Akmyradow, Mergennur Agaýew, Arslan Hommadow, Mergengeldi Öwlägulyýew, Meýlis Hydyrow, Çary Muhyýew, Mekanmyrat Populow, şeýle hem Normunds Meýmans, Wadim Şmaýlow we Zaharows Androw dagydyr.

Biziň toparlarymyz “Nissan Patrol”, “Mitsubishi L 200”, “Chevrolet”, “Toyota Hilux”, “Toyota Lancruzer 200” kysymly awtoulaglarda, kwadrosikllerde we ýük awtoulaglarynda (MAN) çykyş ederler.Bu ýaryşlar medeniýetleriň we halklaryň gatnaşyklary üçin halkara ähmiýetli çärä öwrüler. Çünki sport hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açýan dostluk dilidir.

Awtomobil sporty boýunça ýaryşlar hut şu ýerde — Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy ugrunda aýratyn mana eýe bolýar.Bu ýerde dürli ýurtlaryň, sebitleriň we medeniýetleriň özara gatnaşyklary, duşuşyklary guralypdyr.Dünýä taryhy döwletler özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk ýoly bilen gadam uranlarynda olaryň halklaryna bähbitlidigine şaýatlyk edýär. Şunuň ýaly çemeleşme hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hoşniýetli goňşuçylyk we adamzadyň geljegine bolan jogapkärçilik ýaly ýörelgelere daýanýan syýasatynda öz beýanyny tapýar. Ýurdumyz dünýä bileleşigine anyk hem-de häzirki döwrüň anyk taslamalaryny, şol sanda awtomobil, demir ýol, deňiz we howa ýollary ýaly täze halkara ulag geçelgelerini döretmek babatdaky anyk başlangyçlary öňe sürýär. Şunuň ýaly giň gerimli sport ýaryşyny geçirmek başlangyjyny öňe sürmek bilen, Türkmenistan özüniň parahatçylyk dörediji ýurt hökmündäki derejesini nobatdaky gezek tassyklaýar. “Amul — Hazar 2018-iň” ýurdumyzyň myhmanlarynyň aňynda köp wagtlap saklanjakdygy we parahatçylygyň hem-de dostlugyň ilçisi hökmünde sportuň ösdürilmegine eziz Diýarymyzyň möhüm goşandy boljakdygy şübhesizdir.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmeniň Altyn asyry atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijileri mälim edildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmeniň Altyn asyry bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Olara altyn zynjyrlar we umumylykda 654 müň manada golaý möçberde pul baýraklary gowşuryldy