31.05.2019 | Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Mähriban halkym!Eziz watandaşlar!Sizi ruhy-ahlak ýörelgelerimizi, dostluk we goňşuçylyk dessurlarymyzy dabaralandyrýan Gadyr gijesi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!Däp bolşy ýaly, Türkmenistan — rowaçlygyň Watany diýlip yglan edilen ýylda hem keremli Oraza aýynyň mübärek Gadyr gijesiniň sahawatynyň we berekediniň birek-birege hormat-sarpamyzy, mähir-muhabbetimizi, agzybirligimizi we jebisligimizi has-da pugtalandyryp, eziz Watanymyzda täze, belent sepgitlere ýetmäge ruhlandyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Türkmen halky pespällige, kanagata, sahylyga, päklige, asyllylyga, bilime, danalyga, dogruçyllyga, hoşamaýlyga, ýagşylyga, jomartlyga, gülerýüzlülige, dostluga eýerip, adamzadyň ruhy-ahlak gymmatlyklar ulgamynda nusgalyk ynanç-adatlary, däp-dessurlary, ýol-ýörelgeleri döreden ruhubelent halkdyr.

Dünýäniň ähli milletlerini we halklaryny birleşmäge, dostlaşmaga hem-de doganlaşmaga ündeýän, ýüreklerimizde we aňymyzda ruhy kämilligiň ýokary derejesi hökmünde mynasyp orun alan ýörelgelerimiz biziň döwlet syýasatymyzyň, agzybirligimiziň hem-de jebisligimiziň taglymat esasydyr. Şonuň üçin hem belent ruhy-ahlak gymmatlyklarymyzy, milli däplerimizi, dini we dünýewi ýörelgelerimizi täze many-mazmun bilen baýlaşdyryp, jemgyýetimiziň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün edýäris.

Oraza aýy hem-de Gadyr gijesi ynsan kalbynyň tämizligini aňladýar, milli buýsanjy, ynsanperwerligiň belent häsiýetlerini terbiýeleýär. Şoňa görä-de, beden we ruhy taýdan päklenmegiň keremli aýy, rehim-şepagatlylygyň, haýyr-sahawatlylygyň nyşany hökmünde Oraza aýyna hem-de Gadyr gijesine aýratyn sarpa goýýarys.

Jemgyýetimizde, her bir maşgalada, şahsyýetde beýik buýsanjy we ynsanperwer duýgyny döredýän bu aýda agzaçar sadakalary berlip, Garaşsyz Watanymyzda beýik maksatlaryň mundan beýläk hem rowaçlanmagy üçin doga-dilegler edilýär.Bularyň ählisi Oraza aýynyň hem-de Gadyr gijesiniň jebisligimizi we rowaçlygymyzy has-da pugtalandyrmakdaky, nesilleri watansöýüjiligiň hem-de ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýetini has-da artdyrýar, şonuň bilen birlikde parahat, abadan, bagtyýar durmuşymyzy hem dabaralandyrýar.

Eziz halkym!Halkymyzyň beýikligini we watansöýüjiligini wasp eden Abusagyt Abulhaýyr, Mahmyt Zamahşary, Hoja Ahmet Ýasawy, Nejmeddin Kubra, Baýram han, Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy ýaly beýik şahsyýetlerimiziň söýgi we wepalylyk, rehim-şepagat, sabyr-kanagat, mertlik we gaýduwsyzlyk, aýgytlylyk we ygtybarlylyk, päk wyždanlylyk we kiçigöwünlilik ýaly ebedilik düşünjeleri bu gün halkymyzyň baş ýörelgelerine öwrülýär.

Dünýä medeniýetiniň kemala gelmegine we baýlaşmagyna uly goşant bolan milli medeniýetimiz, maddy we ruhy gymmatlyklarymyz, asylly ýörelgelerimiz, dini we dünýewi däplerimiz eziz Diýarymyzyň at-abraýyny has-da belende galdyrmaga ylham, gurmaga we döretmäge güýç berýär. Şoňa görä-de, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halk hakydasynda müdimilik orun alan milli mirasymyzyň egsilmez ruhy güýjüne, ýedi yklymda hoşniýetlilik we dostluk tuguny parladan ata-babalarymyzyň baý tejribesine daýanyp, Garaşsyz Watanymyzy ykdysady, durmuş-medeni ösüş babatda dünýäniň iň ösen döwletleriniň birine öwürmäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalarymyzy, durmuş-ykdysady, medeni-bilim, jemgyýetçilik-syýasy özgertmelerimizi üstünlikli amala aşyrýarys, jemgyýetimizi ynsanperwerligiň belent ýörelgeleri esasynda has-da kämilleşdirýäris.

Eziz Diýarymyzda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny, orta we ýokary okuw mekdeplerini, çagalar baglaryny, saglyk merkezlerini, önümçilik we durmuş maksatly iri kärhanalary, häzirki zaman ulag, aragatnaşyk ulgamlaryny öz içine alýan döwrebap etraplary, şäherdir obalary döretmek bilen, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň iň täze taryhyna şan-şöhratly sahypalary ýazýarys. Şonuň bilen birlikde, parahatçylyk, dostluk, ynsanperwerlik ýörelgelerimizi daşary syýasat strategiýamyzyň möhüm şertleri hökmünde kesgitläp, iri halkara guramalar, Orta Aziýa, Aziýa — Ýuwaş ummany sebitleriniň, Amerikanyň, Ýewropanyň, Orta we Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen parahatçylygyň we ylalaşygyň pugtalandyrylmagy üçin tagallalary birleşdirýäris, özara düşünişmäge hem-de ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklary yzygiderli ösdürýäris.

Asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirilip, kämilligiň belent nusgasyna öwrülen milli däp-dessurlarymyzyň, maddy we ruhy gymmatlyklarymyzyň berkarar döwletimiziň at-abraýyny, şan-şöhratyny, milli agzybirligimizi hem-de jebisligimizi, parahatçylyk söýüjiligimizi we dostlugymyzy has-da rowaçlandyrýandygy örän guwandyrýar.

Mähriban halkym!Eziz watandaşlar!Sizi mukaddes Gadyr gijesi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.Goý, mübärek Oraza aýynyň sahawatly günlerinde hem-de Gadyr gijesinde amal eden tagat-ybadatlaryňyz, agzaçar sadakalaryňyz, merdana halkymyzyň agzybirligi we abadançylygy, dünýäde abraýy barha belende galýan Garaşsyz Watanymyzyň baky berkararlygy hem-de rowaçlygy üçin eden doga-dilegleriňiz Gudraty güýçli Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!

Size berk jan saglyk, uzak ömür, asuda we abadan durmuş, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Oraza baýramy bilen gutlady
Rowaýata öwrülen galalar
Köneürgenç türkmen taryhynyň dürdänesi
Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Gadyr gijesi bilen gutlady
Döwlet Baştutanymyz watandaşlarymyzy Gurban baýramy bien gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Gurban baýramy bilen gutlady