31.01.2020 | Resmi habarlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak, telekeçi fiziki we ýuridik şahslary döwlet tarapyndan maliýe taýdan goldamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna: Türkmenistanyň Hökümetiniň — karz alyjynyň adyndan telekeçi fiziki we ýuridik şahslaryň John Deere Walldorf GmbH & Ño.KG kompaniýasyndan satyn alýan oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň bahasynyň 85 göterimini maliýeleşdirmek üçin, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Deere Ñredit Inñ.

kompaniýasy — karz beriji bilen degişli karz ylalaşygyny 8 ýyl möhlete baglaşmaga, şol karz ylalaşygy bilen bagly resminamalary resmileşdirmäge hem-de olaryň güýje girmegi we dolandyrylmagy bilen bagly işleri amala aşyrmaga; oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlaryny satyn alýan telekeçi fiziki we ýuridik şahslaryň hyzmat ediji banklary bilen 8 ýyla çenli möhlete içerki karz ylalaşyklaryny baglaşmaga ygtyýar berildi.

Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň gaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň Türkmenistanyň çägindäki böleginiň gurluşygyny üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmengaz döwlet konsernine Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň Türkmenistanyň çägindäki böleginiň gurluşygy üçin dürli serişdeleri we enjamlary satyn almak, şeýle hem telemehanika we dolandyryş, aragatnaşyk “SÑADA” ulgamynyň hem-de gaz ölçeýji bekediň toplumyny getirmek we gurnamak barada Malaýziýanyň Serba Dinamik Sdn.

Bhd kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.Işlere 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda başlamak we desgalary 2022-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýan döwründe döwrebap sanly ulgamlary giň gerim bilen ornaşdyrmak arkaly ýurdumyzda lomaý haryt bazaryny mundan beýläk-de ösdürmek, ýurdumyzyň haryt öndürijileriniň eksport kuwwatyny artdyrmaga ýardam bermek hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda, Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin strategiýasy hem-de şu strategiýany amala aşyrmagyň meýilnamasy tassyklanyldy.Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek, sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi we bilimiň ähli basgançaklarynda elektron bilim maglumatlarynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde, bilim bermegiň ýokary hilini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Bilim ministrligine hojalyk hasaplaşygynda işleýän Innowasiýa maglumat merkezini bellenen tertipde döretmek tabşyryldy.Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, ýurdumyzda 2020-nji ýylda: ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, Aşgabat şäheriniň häkimligine Ahal welaýatynyň Ak bugdaý we Bäherden etraplarynyň aralygynda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 5 million düýp nahalynyň; welaýatlaryň häkimliklerine welaýatlaryň çäginde saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 5 million düýp nahalynyň ekilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimliklerine miweli bag we üzüm nahallarynyň aýratyn kesgitlenen ýer böleklerinde görnüşleri boýunça ekilmegini hem-de ekilen saýaly, pürli, miweli bag we üzüm nahallarynyň damjalaýyn usulda suwarylmagyny üpjün etmek tabşyryldy. Şeýle hem resminama bilen Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryny, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerini ýeterlik mukdarda üzüm we 3 ýyllyk bag nahallary bilen üpjün etmek, şeýle hem şolaryň ekilişine we ideg edilişine gözegçilik etmek tabşyryldy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň sarp edijileriniň elektrik energiýasy bilen üpjünçiliginiň ygtybarly bolmagyny we ýurdumyzyň energiýa ulgamynyň ätiýaçlandyrylmagyny has-da berkitmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.Resminama laýyklykda, Energetika ministrliginiň Türkmenenergo döwlet elektroenergetika korporasiýasyna: Ahal — Balkan we Balkan — Daşoguz ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň we beketleriniň gurluşygy üçin zerur bolan enjamlary, materiallary we awtotehnikalary satyn almak barada daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnamalary; Ahal — Balkan we Balkan — Daşoguz ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň ulgamy üçin telemehanika, kommunikasiýa we SÑADA ulgamynyň taslamasyny düzmek, getirmek, gurnamak hem-de ulanyşa girizmek barada Türkiýe Respublikasynyň Çalik Enerji Sanayi ve Tiñaret A.Ş.

kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Hazarýaka döwletler bilen özara hyzmatdaşlygyny uzak möhletleýin esasda hemmetaraplaýyn ösdürmek, şeýle hem Hazar deňzinde dürli ugurlar boýunça işleri ylmy esasda amala aşyrmak, tebigy we antropogen hadysalara gözegçilik etmek hem-de çaklama geçirmek ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny berkitmek we giňeltmek maksady bilen, Daşary işler ministrligine, Bilim ministrligine hem-de Hazar deňzi institutyna 2020-nji ýylyň 6-7-nji fewralynda Aşgabat şäherinde Hazar deňzinde ylmy barlaglary geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Hazarýaka döwletleriň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriň wekilleri bilen duşuşyk geçirmek tabşyryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Hazarýaka döwletler bilen özara hyzmatdaşlygyny uzak möhletleýin esasda hemmetaraplaýyn ösdürmek, bu hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmek maksady bilen, Daşary işler ministrligine, Maliýe we ykdysadyýet ministrligine hem-de Hazar deňzi institutyna 2020-nji ýylyň 3 — 5-nji fewraly aralygynda Aşgabat şäherinde Hazar deňziniň biologik serişdeleriniň bikanun awlanylmagyna (brakonýerçilige) garşy göreşmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnamanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriň wekilleri bilen duşuşyk geçirmek tabşyryldy. (TDH)Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak, telekeçi fiziki we ýuridik şahslary döwlet tarapyndan maliýe taýdan goldamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna: Türkmenistanyň Hökümetiniň — karz alyjynyň adyndan telekeçi fiziki we ýuridik şahslaryň John Deere Walldorf GmbH & Ño.KG kompaniýasyndan satyn alýan oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň bahasynyň 85 göterimini maliýeleşdirmek üçin, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Deere Ñredit Inñ.

kompaniýasy — karz beriji bilen degişli karz ylalaşygyny 8 ýyl möhlete baglaşmaga, şol karz ylalaşygy bilen bagly resminamalary resmileşdirmäge hem-de olaryň güýje girmegi we dolandyrylmagy bilen bagly işleri amala aşyrmaga; oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlaryny satyn alýan telekeçi fiziki we ýuridik şahslaryň hyzmat ediji banklary bilen 8 ýyla çenli möhlete içerki karz ylalaşyklaryny baglaşmaga ygtyýar berildi.

Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň gaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň Türkmenistanyň çägindäki böleginiň gurluşygyny üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmengaz döwlet konsernine Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň Türkmenistanyň çägindäki böleginiň gurluşygy üçin dürli serişdeleri we enjamlary satyn almak, şeýle hem telemehanika we dolandyryş, aragatnaşyk “SÑADA” ulgamynyň hem-de gaz ölçeýji bekediň toplumyny getirmek we gurnamak barada Malaýziýanyň Serba Dinamik Sdn.

Bhd kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.Işlere 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda başlamak we desgalary 2022-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýan döwründe döwrebap sanly ulgamlary giň gerim bilen ornaşdyrmak arkaly ýurdumyzda lomaý haryt bazaryny mundan beýläk-de ösdürmek, ýurdumyzyň haryt öndürijileriniň eksport kuwwatyny artdyrmaga ýardam bermek hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda, Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin strategiýasy hem-de şu strategiýany amala aşyrmagyň meýilnamasy tassyklanyldy.Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek, sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi we bilimiň ähli basgançaklarynda elektron bilim maglumatlarynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde, bilim bermegiň ýokary hilini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Bilim ministrligine hojalyk hasaplaşygynda işleýän Innowasiýa maglumat merkezini bellenen tertipde döretmek tabşyryldy.Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, ýurdumyzda 2020-nji ýylda: ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, Aşgabat şäheriniň häkimligine Ahal welaýatynyň Ak bugdaý we Bäherden etraplarynyň aralygynda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 5 million düýp nahalynyň; welaýatlaryň häkimliklerine welaýatlaryň çäginde saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 5 million düýp nahalynyň ekilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimliklerine miweli bag we üzüm nahallarynyň aýratyn kesgitlenen ýer böleklerinde görnüşleri boýunça ekilmegini hem-de ekilen saýaly, pürli, miweli bag we üzüm nahallarynyň damjalaýyn usulda suwarylmagyny üpjün etmek tabşyryldy. Şeýle hem resminama bilen Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryny, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerini ýeterlik mukdarda üzüm we 3 ýyllyk bag nahallary bilen üpjün etmek, şeýle hem şolaryň ekilişine we ideg edilişine gözegçilik etmek tabşyryldy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň sarp edijileriniň elektrik energiýasy bilen üpjünçiliginiň ygtybarly bolmagyny we ýurdumyzyň energiýa ulgamynyň ätiýaçlandyrylmagyny has-da berkitmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.Resminama laýyklykda, Energetika ministrliginiň Türkmenenergo döwlet elektroenergetika korporasiýasyna: Ahal — Balkan we Balkan — Daşoguz ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň we beketleriniň gurluşygy üçin zerur bolan enjamlary, materiallary we awtotehnikalary satyn almak barada daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnamalary; Ahal — Balkan we Balkan — Daşoguz ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň ulgamy üçin telemehanika, kommunikasiýa we SÑADA ulgamynyň taslamasyny düzmek, getirmek, gurnamak hem-de ulanyşa girizmek barada Türkiýe Respublikasynyň Çalik Enerji Sanayi ve Tiñaret A.Ş.

kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Hazarýaka döwletler bilen özara hyzmatdaşlygyny uzak möhletleýin esasda hemmetaraplaýyn ösdürmek, şeýle hem Hazar deňzinde dürli ugurlar boýunça işleri ylmy esasda amala aşyrmak, tebigy we antropogen hadysalara gözegçilik etmek hem-de çaklama geçirmek ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny berkitmek we giňeltmek maksady bilen, Daşary işler ministrligine, Bilim ministrligine hem-de Hazar deňzi institutyna 2020-nji ýylyň 6-7-nji fewralynda Aşgabat şäherinde Hazar deňzinde ylmy barlaglary geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Hazarýaka döwletleriň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriň wekilleri bilen duşuşyk geçirmek tabşyryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Hazarýaka döwletler bilen özara hyzmatdaşlygyny uzak möhletleýin esasda hemmetaraplaýyn ösdürmek, bu hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmek maksady bilen, Daşary işler ministrligine, Maliýe we ykdysadyýet ministrligine hem-de Hazar deňzi institutyna 2020-nji ýylyň 3 — 5-nji fewraly aralygynda Aşgabat şäherinde Hazar deňziniň biologik serişdeleriniň bikanun awlanylmagyna (brakonýerçilige) garşy göreşmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnamanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriň wekilleri bilen duşuşyk geçirmek tabşyryldy.

Ýene degişli makalalar

Resmi habarlar
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝURDUMYZYŇ ENERGETIKA PUDAGYNYŇ KÄMILLEŞDIRILMEGINE GÖNÜKDIRILEN BIRNÄÇE RESMINAMALARA GOL ÇEKDI
ПРЕЗИДЕНТ ТУРКМЕНИСТАНА ПОДПИСАЛ РЯД ДОКУМЕНТОВ НАЦЕЛЕННЫХ НА СОВЕРШЕНСТВОВАНИЕ ЭНЕРГЕТИЧЕСКОЙ ОТРАСЛИ СТРАНЫ
PRESIDENT OF TURKMENISTAN SIGNED A NUMBER OF DOCUMENTS AIMED AT THE PERFECTION OF THE ENERGY SPHERE OF THE COUNTRY
PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd boş iş ornuny hödürleýär
“Petronas” tehnologiýa ýokary okuw mekdebi türkmen talyplary üçin onlaýn okuw guraýar