300 uçar satyn alar

Irlandiýanyň arzan bahaly hyzmat hödürleýän “Ryanair” awiakompaniýasy umumy bahasy 40 milliard dollar bolan 300 sany “Boeing 737-MAX-10” sargyt etdi.täze uçarlaryň satyn alynmagy bilen kompaniýa uçarman, uçarbelet we inžener ýaly dürli kärler üçin 10 müň iş ornuny döretmegi maksat edinýär.

Kompaniýanyň iň uly şertnamasyna gol çeken “Ryanair” uçarlaryň 2027-2033-nji ýyllar aralygynda kabul edip alar. Şeýlelikde, kompaniýanyň howa gatnawy 80 göterim öser. “Boeing” howa gämileriniň ýarysy kompaniýanyň awiaparkyndaky “B737NGs” uçarlarynyň ornuny alar.

Irland kompaniýasy ýolagçylary arzan bahaly hyzmat hödürleýär.Kompaniýa uçarlaryň howa ýetirýän zyýanyny azaltmak maksady bilen diňe awiaparkyny täzelemän, eýsem, has arassa ýangyç bilen işleýän tehnologiýalara hem goldaw berýär.

Kompaniýa golaýda şeýle maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde “Shell” energiýa kompaniýasyndan 360 müň tonna arassa ýangyjy satyn almak barada ylalaşypdy. 2025-2030-njy ýyllar aralygyny öz içine alýan şertnamanyň çäklerinde awiasiýa pudagyny kömürturşy gazyndan arassalamak üçin alternatiw ýangyç görnüşlerinden peýdalanylar. “Shell”-den alynjak ýangyç Ýewropadaky 200-den gowrak aeroportda, esasan hem, Dublindäki we Londondaky howa menzillerinde peýdalanylar. Şertnamada görkezilen ýangyjyň möçberi awiakompaniýanyň maksatnamasynyň çäklerinde zerurlyk duýulýan ýangyjyň bäşden birine gabat gelýändigi aýdylýar.

Maýsa Begenjowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Gündogar - inçe syrlarynyň dünýäsi atly dabaraly konserti
Türkmen pälwanlarynyň nobatdaky üstünligi
Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça Aziýanyň çempionatynda bürünç medal eýeledi
Türkmenistanda ykdysadyýet ugry boýunça onlaýn olimpiada geçirildi
Türkmenistanda Türkmentel — 2022 atly XV halkara maslahaty geçirilýär, koreý filmleriniň görkezilişi geçirildi, Atatürküň ýadygärligine gül desselerini goýmak dabarasy
Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY