30 ýurt BRIKS guramasyna girmek üçin arza berdi

30 ýurt BRIKS guramasyna girmek üçin arza berdi

BRIKS guramasyna agza bolmak üçin 30-dan gowrak ýurt arza berdi. Bu barada Russiýanyň Prezidentiniň kömekçisi Ýuriý Uşakow habar berdi diýip, TASS ýazýar.

BRIKS-iň işine ol ýa-da beýleki görnüşlerde goşulmak isleýän ýurtlaryň sany yzygiderli artýar. Olaryň arasynda golaýda arza beren Tailand we Malaýziýa hem bar. Şeýle arzalaryň sany eýýäm 30-dan agdy diýip, ýolbaşçy gürrüň berdi.

Uşakow häzirki özgerýän dünýäde guramanyň ornunyň artýandygyny belledi. Ol şeýle-de BRIKS guramasynyň 22-24-nji oktýabrda Kazanda geçjek sammitiniň giňişleýin düzümde boljakdygyna umyt bildirdi.

Ýene degişli makalalar

BRIKS guramasynyň sammitine 30-dan gowrak ýurt gatnaşar
BMG-niň Baş sekretary BRIKS guramasyna gatnaşmak meýli barada habar berdi
HPG: umumy dünýä bergisi 2024-nji ýylda 100 trillion dollardan geçer
BSGG täze ýokanjyň döremek howpy barada duýdurdy
Litwanyň seými Ingrid Şimoniteni ýurduň premýer-ministri wezipesine tassyklady
Täjigistan BMG-niň agza ýurtlaryny Duşenbede geçjek buzluklar boýunça maslahata çagyrdy