30 million düýp nahal

30 million düýp nahal

ýurdumyzyň görküne görk goşar

Bir nahal ekseň, ýaşyň baky, Bag — ekeniňki, ýap — çekeniňki ýaly ata-babalarymyzdan bize miras galan nakyllara, däp-dessurlara eýerip, milli Liderimiz halkyň ömrüne ömür goşýan, kisloroda baý howany emele getirýän baglaryň, gülleriň, ösümlikleriň köpeldilmegine aýratyn ähmiýet berýär.

Häzirki döwürde jemgyýetimizde ekologik bilimleriň we ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ýokarlanýar. Milli Liderimiz ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini kämilleşdirmäge we olarda tebigata aýawly garaýşy terbiýelemäge gönükdirilen çäreler toplumyny işläp taýýarlamagy döwrüň öňe sürýän wezipeleri hökmünde kesgitleýär.

Esasy Kanunymyzyň 14-nji maddasynda: Ýer we ýerasty baýlyklar, suwlar, ösümlik we haýwanat dünýäsi, şeýle hem beýleki tebigy baýlyklar Türkmenistanyň umumymilli baýlygy bolup durýar, döwlet tarapyndan goralýar we rejeli peýdalanylmaga degişlidir diýlip, anyk kesgitlenýär. Şol düzgünlere laýyklykda, ekologiýa babatda milli hukuk binýady kämilleşdirilýär.

Kabul edilen täze kanunçylyk namalaryna daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, adamlaryň saglygyny gorap saklamak, ekologiýa jogapkärçiligi boýunça çäreleri ýerine ýetirmek baradaky maddalar goşuldy.Türkmenistanyň Tokaý kodeksi, Ozon gatlagyny goramak hakynda, Atmosfera howasyny goramak hakynda, Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda, Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda, Ösümlik dünýäsi hakynda, Ösümlikleri goramak hakynda, Ekologiýa seljermesi hakynda”, Ekologiýa howpsuzlygy hakynda, Ekologiýa auditi hakynda we Ekologiýa maglumaty hakynda Türkmenistanyň Kanunlary hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary daşky gurşawy goramak meselelerini çözmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Mälim bolşy ýaly, adamyň sagdynlygy, ömrüniň uzynlygy daşky gurşaw, sebitiň ekologiýa ýagdaýy, arassa iýmit önümleri bilen berk baglanyşyklydyr. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, her ýyl hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berlip, köp mukdarda miweli, saýaly agaç nahallary oturdylýar, ozal bar bolanlaryna ideg edilýär.

Paýtagtymyzda we onuň töwereklerinde, welaýatlarda täze-täze emeli tokaý zolaklary, seýilgähler emele gelýär.

Ýurdumyzda her ýyl millionlarça düýp nahal oturtmak boýunça köpçülikleýin iş geçirilýär. Bu işde ekologiýa durnuklylygyny üpjün etmek maksady bilen, sebitleriň toprak-howa şertleri aýratyn göz öňünde tutulýar. Mysal üçin, Daşoguz welaýatynda çöl ösümlikleriniň ak we gara sazak ýaly görnüşleri has köp ekilýär.

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 12-nji fewralynda gol çeken Türkmenistanda 2021-nji ýylda bag ekmek hakynda Kararyna laýyklykda, Garaşsyzlygyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 30 million düýbüniň oturdylmagy göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyzyň belläp geçişi ýaly, dürli görnüşli baglar ekmek üçin saýlanyp alnanda, ilki ylmy taýdan öwrenilýär.Hususan-da, ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan baglary saýlap almak hem-de olaryň daşky gurşawa edýän täsirini bilmek wajyplygy ýüze çykýar. “Milli tokaý maksatnamasyna” laýyklykda, gorag zolaklary döredilende, pürli, saýaly, miweli, üzüm we tut nahallary köp ekilýär.

Bilşimiz ýaly, ösümlikleriň ykjam ösen ýerlerinde tozan 20 — 30 göterim, goh-galmagal 50 göterim az bolýar.Ajaýyp paýtagtymyzyň gözelligine gözellik goşýan, daş-töweregiň howasyny arassalaýan, adam saglygyny berkidýän, ýakymly ysly dürli maddalary bölüp çykarýan ösümlikler bolan bezeg agaçlary tutuş ýurdumyzda köpçülikleýin ekilýär.

Saýaly agaçlaryň, gyrymsy bezeg baglarynyň gymmatly tarapy, olar diňe bir sagaldyş ähmiýeti bilen çäklenmän, şäherleri, obalary, daş-töweregi gözel keşbe getirýär, adamlarda gözellik duýgusyny ösdürýär.Adamlaryň tebigat bilen ysnyşmagy olaryň nerw ulgamyny rahatlandyrýar, şähdini açýar. Ýurdumyzyň ekologiýa taýdan has-da sagdynlaşmagynda möhüm ähmiýeti bolan ýaşyl zolaklar Aşgabadyň hem-de welaýatlaryň keşbiniň gözelleşmeginde, jana şypaly, arassa howanyň emele gelmeginde iňňän wajypdyr. Ähli seýilgähleriň we seýilbaglaryň, meýdançalaryň möhüm bölegi bolan köp sanly suw çüwdürimleri hem ýurdumyzyň bezegine öwrüldi.

Baglar “ýaşyl süzgüç” bolup hyzmat edýär.Bir gektar ýerde ösýän agaçlar her ýylda howadan 50 — 70 tonna tozany sorup alýar. Şunda howany mehaniki arassalamak usullaryndan başga-da, ýaşyl agaçlaryň täsiri bilen, onuň biologik taýdan arassalanmagy hem bolup geçýär.

Howa agaç şahalarynyň arasyndan geçen mahaly, onuň bölüp çykarýan gazlary — fermentleri kesel dörediji mikroblaryň köpüsini ýok edýär. Ýurdumyzda senagat we durmuş maksatly islendik desga ýaşyl ykdysadyýet ölçeglerine laýyklykda gurulýar. Ýurdumyzyň täsin tebigatynyň köp öwüşginliligini we gözelligini saklap galmaga ýardam berjek, onuň baýlyklarynyň rejeli peýdalanmagyny üpjün etjek örän ähmiýetli taslamalar durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň 2019-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda gol çeken Kararyna laýyklykda, “Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasy” kabul edildi.Bu strategiýada bellenilişi ýaly, tebigy tokaýlaryň goralmagy, olaryň çäkleriniň giňeldilmegi, şeýle-de emeli tokaýlary döretmek hem-de ýurduň ilatynyň we degişli gurluşlaryň bu meseläniň wajyplygyna üns bermeginiň ähmiýeti örän uludyr.

Tebigy ekoulgamlar Ýer ýüzünde ýaşaýyş üçin zerur şertleri üpjün edýär: howany we suwy arassalaýar.Howany durnuklaşdyrýar we ýumşadýar.Topragyň hasyllylygyny dikeldýär.Galyndylary täzeden işläp taýýarlaýar.Munuň üçin mümkin bolan ýerlerde köp möçberde bag nahallaryny ekmek geljegi nazarlaýan esasy işleriň biridir.

Ynha, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli nahallaryň 30 million düýbüniň oturdylmagy, ilkinji nobatda, tokaý zolaklarynyň artdyrylýandygynyň, howanyň üýtgemegi babatda Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň, şeýle hem 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň 17 maksadynyň 15-njisi bolan Gury ýeriň ekologik ulgamyny goramak we dikeltmek hem-de olaryň rejeli peýdalanylmagyna ýardam bermek, tokaýlary rejeli peýdalanmak, çölleşmä garşy göreşmek, ýerleriň zaýalanmagyny bes etmek we yzyna öwürmek hem-de biologik köpdürlüligiň ýitmegini bes etmek diýlip bellenen maksady iş ýüzünde amala aşyrýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzda tokaý zolaklarynyň artmagy, ekilýän bag nahallarynyň tebigata görk berip, Watanymyzyň gözelligine gözellik goşmagy milli Liderimiziň tagallalarynyň netijesidir.

Munuň üçin döwlet Baştutanymyza ulus-ilimiz köp sagbolsun aýdyp, döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda amala aşyrýan işlerinde rowaçlyklary arzuw edýär.

Gurbangeldi AŞYROW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy.

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/23759

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda “Türkmentel-2024” sergisi açyldy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi