30.11.2017 | Rumyniýanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri tamamlandy

Şu gün Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda Rumyniýanyň ýurdumyzdaky Medeniýet günleriniň dabaraly ýapylyşy we sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti boldy.Ynsanperwer ulgamda türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň esasyny halklarymyzyň baý taryhy, olaryň milli ruhy gymmatlyklara hem-de özboluşly milli medeniýeti aýawly saklamaga ygrarlylygy düzýär.

Munuň özi dostlukly ýurduň medeni çäresiniň çäklerinde geçirilen dürli çärelerde hem öz beýanyny tapdy.Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen rumyn aýdymçysynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň konserti ýurdumyzyň aýdym-saz muşdaklary üçin ajaýyp sowgat boldy. Şu gün Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Dmitriý Gusti adyndaky obanyň Milli muzeýiniň gaznasyndan getirilen amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi uly gyzyklanma döretdi.

Bu obanyň muzeýi tutuş Ýewropada iň iri we köpden bäri işläp gelýän muzeý toplumlarynyň biridir.Onuň ady bu muzeýi döreden meşhur rumyn taryhçysy hem-de sosiology Dmitriý Gustiniň ady bilen baglanyşyklydyr.

Ol köp ýyllaryň dowamynda muzeý gymmatlyklaryny ýygnamak bilen meşgullandy.Muzeýiň hormatly myhmanlarynyň kitabynda 2011-nji ýylyň maý aýynda Rumyniýa resmi sapary mahalynda açyk asmanyň astyndaky bu täsin etnografiki topluma baryp gören hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýadygärlik üçin ýazgysy bar.

Milli Liderimiz sergi bilen tanşyp, iki halkyň taryhy kökleriniň umumylygyna şaýatlyk edýän gymmatlyklaryň birnäçesiniň bardygyna ünsi çekdi.Bu muzeýiň geçen ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Medeniýet günleriniň dabaraly ýagdaýda açylan ýeri hökmünde seçilip alnandygy bellärliklidir.

Bu medeni çäräniň çäklerinde ýurdumyzyň muzeý gymmatlyklarynyň hem-de amaly-haşam sungatynyň sergisi hem hut şu ýerde guraldy.Dmitriý Gusti adyndaky obanyň Milli muzeýiniň baş menejeri hanym Paula Papoýu rumyn sergisini açmak bilen, iki halkyň dostlugyny pugtalandyrmak, medeniýet ulgamynda tejribe alyşmak we özara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak babatda bu çäräniň ähmiýetini nygtady. “Biz geografiki taýdan biri-birimizden alysda ýerleşýäris, ýöne ruhy umumylygymyz bizi birleşdirýär.

Munuň özi milli däplere, medeni mirasy aýawly saklamakda ygrarlylykda öz beýanyny tapýar.Bu umumylyk amaly-haşam sungatynyň eserlerinde hem äşgär duýulýar” diýip, myhman aýtdy we ýygnananlary görkezilýän gymmatlyklar bilen tanyşmaga çagyrdy.

Sergä gelenler kümüşden ýasalan şaý-seplere, däp bolan rumyn nagyşly hala, tikinçilik önümleriniň, keşdeleriň, küýzegärlik sungatynyň önümlerine, owadan nagyşly saçaklara hem-de desmallara, agaç çemçelere we haşamlanyp ýasalan gutujyklara baha bermäge mümkinçilik aldylar.

Rumyn sergisiniň esasy bölegi zenanlar we erkekler üçin niýetlenen milli lybaslara bagyşlandy.Olaryň asyl nusgalary hem-de uly möçberli suratlardaky görnüşleri hödürlenildi.Bu täsin gymmatlyklar rumynlaryň özboluşly milli medeniýetiniň ösüşiniň maddy subutnamalary bolmak bilen, özünde halkyň kalbynyň gözelligini we çuňlugyny, asyrlaryň dowamynda aýawly saklanan däp-dessurlary jemleýär.

Köp sanly fotosuratlar hem-de bu ýerde görkezilýän wideoşekiller hem rumyn daýhanlarynyň binagärliginiň nusgalary bilen tanyşdyrýar.Bu gymmatlyklar Dmitriý Gusti adyndaky obanyň Milli muzeýinde ýerleşýär. Şol muzeý özüne 76 toplumy, 322 desgany, şol sanda fermalary, ýel we agaç degirmenlerini, saman üçekli ýönekeýje ýerkümeleri hem-de gadymy oba ybadathanalarynyň asyl nusgalaryny birleşdirýär.

Häzirki wagtda muzeýde 60 müň gymmatlyk saklanýar.Olar diňe bir dürli taryhy döwürlerde Rumyniýanyň oba durmuşy barada däl, eýsem ýurduň medeniýeti barada hem gürrüň berýär.Myhmanlar Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gymmatlyklary, türkmen halkynyň gadymy taryhyna we baý medeniýetine şaýatlyk edýän täsin gymmatlyklar bilen hem tanyşdylar.

Bir söz bilen aýdylanda, bir meýdançada asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan däp-dessurlara ygrarlylyk, taryhy hakyda, milli mirasa sarpa goýmak we ony aýawly saklamak arkaly birleşen dostlukly halklaryň medeniýetleri duşuşdy.

Muzeý işiniň hünärmenleriniň, arheologlaryň, suratkeşleriň we sungaty öwrenijileriň, döredijilik ugurly ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň, žurnalistleriň gatnaşmagynda muzeýde geçirilen duşuşygyň barşynda iki halkyň milli mirasyny öwrenmek, aýawly saklamak hem-de bütin dünýä ýaýmak, bilelikdäki ylmy barlaglary we sergi çärelerini geçirmek ulgamynda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, 2018-nji ýylyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip atlandyrylmagy hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyzyň maddy we ruhy mirasyny dikeltmek hem-de ylmy taýdan çuňňur öwrenmek boýunça öňde goýan anyk wezipeleri bilen baglylykda, ýurdumyzda bu ugurda amala aşyrylýan işler aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Bu işler Türkmenistanyň umumy ykrar edilen halkara ylmy we medeni merkez hökmündäki derejesini has-da pugtalandyrmaga ýardam edýär. Çäräniň çäklerinde rumyn medeniýetiniň özboluşlylygyny şöhlelendirýän kinofilmler hem görkezildi. “Aşgabat” kinomerkezinde çagalar we ulular üçin görkezilen filmler türkmenistanlylary dostlukly ýurduň kinematografiýaçylarynyň işleri bilen tanyşdyrdy. Şu gün Rumyniýanyň aýdym-saz mekdebine wekilçilik edýän Irina Iordekesku Döwlet medeniýet institutynda Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplaryna öz ussatlygynyň syrlary barada gürrüň berdi.

Rumyniýanyň aýdym-saz mekdebi dünýäde iň gowularyň biri hasaplanylýar. Öz nobatynda rumyniýaly myhmanlar üçin taýýarlanylan baý medeni maksatnama olara türkmen paýtagtynyň ajaýyp ýerleri, muzeýleri hem-de medeni merkezleri, milli däp-dessurlary bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi.

Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda geçirilen Rumyniýanyň Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasyna gatnaşanlar dostlukly döwletleriň Baştutanlaryna — Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de Klaus Ýohannise türkmen we rumyn halklarynyň gadymdan gelýän ruhy gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam edýän döredijilik forumynyň guralandygy üçin, tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Dostlukly ýurduň wekiliýeti türkmenistanlylaryň ählisine mähirli kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi.Soňra ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň hem-de rumyn aýdymçysy Irina Iordekeskunyň gatnaşmagynda geçirilen konsertiň maksatnamasyna dünýäniň nusgawy aýdym-saz gaznasyndan eserler, rumyn aýdym-sazlary girizildi.

Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň sazandalarynyň, ýurdumyzyň aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde dünýäniň aýdym-saz medeniýetiniň taryhynda öçmejek yz galdyran türkmen kompozitorlarynyň eserleri hem ýaňlandy.Soňky ýyllarda ýurdumyzda gaýtadan dikeldilen “Şasenem we Garyp”, “Leýli we Mejnun”, “Aýna” hem-de beýleki opera eserlerinden ýerine ýetirilen ariýalar tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy.

Bu ýere ýygnananlar Buharestiň Milli operasynyň aýdymçysynyň çykyşlaryny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.Ol nusgawy opera eserlerini, şeýle hem Ernesto De Kurtisiň italýan kansonettasyny, meksikan kompozitory Agustin Laryň ispan “Granadasyny” we rumyn halk aýdymyny ýerine ýetirmekde özüniň ussatlygyny görkezdi.

Dabaraly agşamyň ahyrynda baýramçylyk konsertine gatnaşyjylaryň ýerine ýetirmeginde Juzeppe Werdiniň “Trawiata” operasyndan meşhur eser ýaňlandy.Tomaşaçylar iki halkyň gatnaşyklaryny has pugtalandyrmaga çalyşýan zehinli artistleriň çykyşlaryny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Rumyniýanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri ýurtlarymyzyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna ajaýyp döredijilik sowgady bolmak bilen, netijeli gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmäge täze itergi berdi.

Ýene degişli makalalar

Rumyniýanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri tamamlandy
Ýyl ýazgysy 2017-nji ýyl: Medeniýet ulgamy
31.01.2018 | Ýyl ýazgysy 2017-nji ýyl: Medeniýet ulgamy
NOWRUZ BAÝRAMYNYŇ GYMMATLYKLARY HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLYNYŇ ÝÖRELGELERI BILEN SAZLAŞÝAR
“Döwlet gurluşyk” HJ Täjigistanda orta mekdebiň binalar toplumyny gurar
Türkmenistanda internede bagly bolmadyk milli tor dörediler, Aşgabady Moskwa ýa-da Sankt-Peterburg şäherleri bilen doganlaşdyrmak meýilleşdirilýär, GDA ýurtlarynda Täze ýylda nähili arzuw edýärler we beýleki habarlar