30.09.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýa Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makrona Fransiýa Respublikasynyň ozalky Prezidenti Žak Şiragyň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanç hatyny iberdi.

Hatda Žak Şiragyň görnükli syýasatçy we döwlet işgäri bolandygy, Fransiýa Respublikasynyň hem-de onuň halkynyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda örän uly işleri bitirendigi bellenilýär.Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda merhumyň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna, şeýle hem Fransiýanyň dostlukly halkyna ýürekden duýgudaşlyk we medet beriji sözlerini beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Ýewropa Bileleşigini esaslandyran Žak Delor aradan çykdy
Putin gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi
Türkiýäniň Goranmak ministri Akar gazak kärdeşi Žaksylkow bilen duşuşyk geçirdi
Ikinji möhlet üçin kasam kabul etdi
Kasym Žomart-Tokaýew häkimlik edýän partiýanyň ýolbaşçysy wezipesinden aýryldy
Emmanuel Makron ýaňadandan Prezident wezipesine saýlandy
Belgiýada sürüjileriň biri ulagyny adamlaryň üstüne sürdi