30.03.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Mejlisiniň täze çagyrylyşynyň deputatlary bilen duşuşygynda eden çykyşy

Hormatly deputatlar!Men, ilki bilen, saýlawçylaryň ýokary ynamyny gazanyp, Türkmenistanyň Mejlisine täze saýlanan deputatlary tüýs ýürekden gutlaýaryn.Halk wekilleri bolan siziň ýakyn bäş ýylda ata Watanymyzy mundan beýläk-de özgertmäge hem-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek we dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň birine öwürmek boýunça kabul eden maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrmaga işjeň gatnaşjakdygyňyza berk ynanýaryn.

Hormatly deputatlar!Yhlasa — myrat diýlişi ýaly, biz bilelikde yhlas bilen zähmet çekip, Garaşsyz döwletimiziň hukuk binýadyny döretdik, Türkmenistanyň rejelenen görnüşdäki täze Konstitusiýasyny kabul etdik.Dünýä ykdysadyýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen milli ykdysadyýetimizi kemala getirdik. Şoňa görä-de, biz gazanan bu üstünliklerimize buýsanmaga haklydyrys.

Sebäbi, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşde, medeni-ynsanperwer ulgamda hem-de jemgyýetçilik-syýasy durmuşda häzirki wagtda gazanan üstünlikleri ýokary görkezijileri we geriminiň giňligi bilen häsiýetlenýär.Biz Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynda dünýäniň ähli ýurtlary bilen dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge aýratyn üns berýäris. Şoňa görä-de, daşary ýurt döwletleri, ilkinji nobatda bolsa, goňşy ýurtlar bilen syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda gatnaşyklarymyzy açyklyk ýörelgeleri esasynda ýola goýýarys.

Bu bolsa öz gezeginde, amatly syýasy, hukuk we medeni şertleri bolan Garaşsyz döwletimize ykdysady syýasaty alyp barmakda giň şertlere eýe bolmaga, daşary ýurt maýadarlary üçin ygtybarly hyzmatdaşa öwrülmäge mümkinçilik berdi.Ägirt uly içerki we halkara taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy Türkmenistanyň ykdysady babatda özüni üpjün edýän döwlete öwrülendigini aýdyň görkezýär.

Hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp hem-de parahatçylygy söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny netijeli durmuşa geçirip, gysga döwrüň içinde dünýäniň ýokary derejede ösen ýurtlarynyň hataryna goşulandygyny subut edýär.Garaşsyz ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň birnäçe edarasyna saýlanmagy, bu guramanyň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakyndaky Rezolýusiýany kabul etmegi Bitarap döwletimiziň dünýä giňişligindäki abraýynyň ýokarydygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezýär. Ýöne durmuş bir ýerde durmaýar. Şoňa görä-de, biz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaşulularyň maslahaty tarapyndan tassyklanan, ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda täze sepgitlere ýetmegi belledik.

Bu sepgitler raýatlarymyzyň has gowy durmuşda ýaşamagyna mümkinçilik berer.Biziň Döwlet adam üçindir!diýen şygarymyz ýakyn ýyllarda esasy şygar bolmagynda galar. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Mejlisiniň täze çagyrylyşynyň deputatlarynyň ilkinji nobatdaky örän möhüm wezipesi amala aşyrýan ägirt uly özgertmelerimiziň hukuk binýadyny döretmegi dowam etmek bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, men siziň ilkinji nobatdaky wezipeleriňiziň häzirki hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalarymyzy düýpli seljermekden we täze kanunçylyk namalaryny kabul etmekden ybaratdygyny hem bellemek isleýärin.

Bu kanunçylyk namalary ýurdumyzyň Konstitusiýasynda berkidilen düzgünler we kadalar esasynda berkarar Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilendir.Biz ykdysady kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işlerimizi dünýäde emele gelýän ýönekeý bolmadyk ykdysady we maliýe ýagdaýlaryny yzygiderli hem-de düýpli öwrenmek esasynda ýola goýmalydyrys.

Dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän çylşyrymly ýagdaýlara düýpli üns bermelidiris.Milli ykdysadyýetimize amatsyz bolan daşarky täsirleri azaltmaga gönükdirilen gyssagly çäreleri görmegi kanunçylyk taýdan göz öňünde tutmalydyrys. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de depginli ösdürmek üçin maýa goýumlary ýokary derejede saklamaga aýratyn ähmiýet bermeli.

Bu maýa goýumlar bolsa energiýa serişdelerini öndürmekden we ibermekden, ýangyç-energetika toplumyna ykdysadyýetiň gönüden-göni bagly bolmagyny azaltmakdan başga-da, çig mal serişdelerini gaýtadan işlemäge we telekeçilik ulgamynyň kiçi kärhanalaryny işe girizmäge hem gönükdirilýär. Şeýle hem biz milli puluň hümmetini saklamagyň hukuk usullaryny peýdalanmak boýunça kanunçylygy döwrebap ýagdaýa getirmegi dowam etmelidiris. Şu meselede bank hyzmatlarynyň görnüşlerini giňeldip, bank kepillendirmeleriniň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmalydyrys.

Dünýä tejribesi esasynda hasaplaşyk-töleg ulgamyny kämilleşdirmelidiris.Ylmy-tehniki üstünlikleri ornaşdyrmak boýunça bu ulgama täzelikleri girizmelidiris.Umuman, bank gözegçiligini we düzgünleşdirmek ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen çäreleri amala aşyrmalydyrys.

Elektron hasaplaşyklar usullaryny giňden ornaşdyrmak bilen bagly hem birnäçe kanunçylyk namalaryny kabul etmeli.Bu ugurda hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmeli.Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda geçirilýän hasaplaşyklarda döwletimiziň çäklerinden daşary alnyp gidilýän pul serişdelerini azaltmaga, beýleki ýurtlardan gelip gowuşýan puluň möçberlerini artdyrmaga aýratyn üns bermeli.

Bu işi höweslendirmek we şeýle çäreleri ornaşdyrmak üçin ähli mümkinçilikleri peýdalanmaly.Hormatly deputatlar!Halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna, dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň oňyn tejribesine laýyklykda döwlet serişdelerini aýawly ulanmak, býujet-salgyt, pul-karz we maýa goýum meselelerine degişli kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek boýunça hem ähli zerur çäreleri görmeli.

Biz, şonuň ýaly-da, Döwlet býujetine goşmaça salgyt we salgyt däl girdejileri çekmek boýunça kanunlary işläp taýýarlamalydyrys we kämilleşdirmelidiris. Ýurdumyzyň bu ugurdaky salgyt kanunçylygyny yzygiderli seljerip durmalydyrys.Zerur bolanda, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde garaşylýan netijeleri bermeýän salgytlary hem-de ýygymlary ýatyrmak boýunça degişli işleri geçirmelidiris. Şolaryň ýerine dünýä tejribesinde synagdan üstünlikli geçen, biziň milli aýratynlyklarymyza we durmuş kadalarymyza laýyk gelýän täze salgytlarydyr ýygymlary girizmelidiris. Şeýle hem hususy telekeçilere salgyt salmagyň ýeňillikli ulgamy, işiň bellenen görnüşleri we patentleriň berlendigi üçin tölegleriň sanawyny we ony giňeltmegiň mümkinçiligini seljermeli.

Zerur bolanda, bu babatda teklipleri taýýarlamaly.Döwlet eýeçiligindäki emlägi ulanmakdan, kärendä bermekden we hususylaşdyrmakdan gelip gowuşýan girdejileri artdyrmak boýunça hem çäreleri görmeli.Hormatly deputatlar!Biz her ýyl Türkmenistanyň Döwlet býujetinde mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak üçin ilaty durmuş taýdan goramak ulgamyny maliýeleşdirmäge uly orun berýäris. Şeýle bolansoň, ýaşaýyş-durmuş maksatlary üçin gönükdirilýän serişdeler Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň uly bölegini tutýar.

Geljekde hem biz bu işi dowam edip, Döwlet býujetinden saglygy goraýyş, ylym we bilim, durmuş üpjünçiligi, jemagat hyzmatlary ulgamlaryna hem-de beýleki ugurlara gönükdirilýän serişdeleriň netijeli ulanylmagyna aýratyn ähmiýet bermelidiris.Ýurdumyzyň rejelenen görnüşdäki täze Konstitusiýasynyň kadalaryna laýyklykda bazar ykdysadyýeti şertlerinde pudaklaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek, dünýä ykdysady giňişligine işjeň goşulmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmelidiris. Şeýle hem raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldamalydyrys, hususy telekeçiligi we maýa goýum işjeňligini höweslendirmelidiris.

Maliýe-karz we býujet-salgyt ulgamyny, eýeçiligi goramagy hem-de hususylaşdyrmagy ösdürmelidiris.Paýly gurluşygy, ygtyýarlandyrmagy we güwälendirmegi, uglewodorod serişdeleriniň öndürilişini giňeltmelidiris.Ilatly ýerleri tebigy gaz bilen üpjün etmek, önüm öndürijileri goldamak we ätiýaçlandyryş hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça hem zerur işleri geçirmelidiris.

Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny çalt depginlerde ösdürmek bilen birlikde, telekeçilik işiniň gerimini giňeltmek hem siziň üns berýän meseläňiz bolmalydyr.Raýatlarymyzyň telekeçilik başlangyçlaryny doly amala aşyrmaklary üçin amatly şertler, kim telekeçilik işi bilen meşgullanmak islese, ähli mümkinçilikler döredilmelidir. Şoňa görä-de, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagyny häzirki döwrüň talaplaryna görä mundan beýläk-de ösdürmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek üçin birnäçe täze kanunçylyk namalaryny kabul etmeli.

Bu kanunçylyk namalarynda häzirki ýagdaýlara laýyk gelýän kadalary we düzgünleri göz öňünde tutmaly.Telekeçilerimiziň ýurdumyzyň çäklerinden daşarda iş alyp barmagy üçin hem kanunçylygymyzy kämilleşdirmek zerur bolup durýar.Olar öz serişdeleriniň hasabyna-da, daşary ýurt maýadarlarynyň serişdeleriniň hasabyna hem bilelikdäki kärhanalary döretmek arkaly işleseler, maksadalaýyk bolar diýip hasaplaýaryn. Şoňa görä-de, bäsleşige ukyply önümleri öndürmek üçin daşary ýurt maýa goýumlaryny mundan beýläk-de göni çekýän, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan, eýeçiligiň dürli görnüşlerindäki döwrebap kärhanalaryň döredilmegini höweslendirmek, maýadarlara has amatly guramaçylyk-hukuk şertlerini döretmek zerur bolup durýar.

Hormatly deputatlar!Siziň bilşiňiz ýaly, ägirt uly energetika we tebigy kuwwaty, giň ulag-kommunikasiýa mümkinçilikleri bolan Garaşsyz döwletimiz dünýäde möhüm geosyýasy orny eýeleýär.Amala aşyrýan giň gerimli taslamalarymyz bolsa tutuş Ýewraziýa kontinentinde parahatçylygy we durnukly ösüşi gorap saklamagyň şerti bolup durýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa ulgamyny düýpli döwrebaplaşdyrmak we toplumlaýyn ösdürmek, halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça amala aşyrylýan iri taslamalar siziň ara alyp maslahatlaşmaly hem-de kabul etmeli täze kanunlaryňyzyň meselesi bolmalydyr.

Hormatly deputatlar!Biz 2018-nji ýyly Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi diýip yglan etdik.Syýahatçylyk işini döwlet tarapyndan goldamak we daşary ýurtly myhmanlaryň gelmegi üçin ýurdumyzyň özüne çekijiligini ýokarlandyrmak boýunça öňümizde duran möhüm wezipeleri amala aşyrmak maksady bilen, Türkmenistanda syýahatçylyk ulgamyny goldamagyň we ösdürmegiň 2011 — 2020-nji ýyllar üçin milli maksatnamasyny tassykladyk.

Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň we Nusaýyň ýadygärlikleriniň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi dünýä derejesinde uly ähmiýeti bolan taryhy, medeni we tebigy baýlyklarymyzyň gadymylygynyň subutnamasy bolup durýar.Biziň Köpetdag, Repetek, Bathyz, Sünt-Hasardag, Hazar we Bereketli Garagum hem-de beýleki döwlet tebigy goraghanalarymyz syýahatçylarda uly gyzyklanma döredýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzdaky taryhy-medeni ähmiýetli desgalara baryp görmäge we medeni çärelere gatnaşmaga höwes edýänleriň köpdügini bellemek isleýärin. Şoňa görä-de, medeni-aň bilim we ekologiýa syýahatçylygyny ösdürmek, şeýle hem tebigaty goramak maksatly işlere höwesjeň we hünärli türgenleriň ýaryşlary bilen bagly sport syýahatçylygyna gatnaşmak üçin ähli kanunçylyk çärelerini amala aşyrmaly.Hormatly deputatlar!

Raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagyna, adamyň janynyň we saglygynyň eldegrilmesizliginiň kepillendirilmegine, günäsiz hasap etmek ýörelgesiniň berjaý edilmegine uly üns berilmelidigini aýratyn bellemek isleýärin.Raýat jemgyýetini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde, döwleti dolandyrmakda jemgyýetçilik birleşikleriniň tutýan orny barha artar ýaly, deňhukuklylyk, öz-özüňi dolandyrmak, açyklyk we aýanlyk ýörelgeleri esasynda olaryň işini kämilleşdirmek hem zerur diýip hasaplaýaryn.

Kanun çykaryjylyk işinde kanunçylygy we hukuk tertibini berkitmek, bu ugurdaky işiň hukuk taraplaryny kämilleşdirmek meselelerini çözmegiň-de möhüm ähmiýeti bardyr. Şunuň bilen baglylykda, täze talaplardan ugur alyp, Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň mazmunyny kämilleşdirmek örän möhüm wezipe bolup durýar. Şu wezipelere laýyklykda jenaýat-hukuk gatnaşyklary kämilleşdirilende, elbetde, Kodekse mundan beýläk-de ynsanperwerlik häsiýeti berilse, maksadalaýyk bolar diýip pikir edýärin.

Biz jemgyýetimizde bar bolan ýaramaz ýagdaýlary aradan aýyrmaga çalşyp, korrupsiýa garşy aýgytly göreş yglan etdik.Ony durmuşymyzdan düýbünden ýok etmek üçin Döwlet maksatnamasyny tassykladyk we häzirki döwürde üstünlikli amala aşyrýarys.

Korrupsiýa garşy göreşmek boýunça Döwlet maksatnamasy, ilkinji nobatda, döwlet edaralaryna, şeýle hem ýokary ahlak we işewür sypatlary bolmaly döwlet gullukçylaryna halkymyzyň ynamyny berkitmäge gönükdirilendir.Döwlet gullukçylaryna bildirilýän talaplar hut şeýle bolmalydyr.

Bu talaplar her bir döwlet gullukçysynyň jemgyýetde umumy kabul edilen etiki düzgünleri ýerine ýetirmegini, borçlaryny we özüňi alyp barmagyň bellenen kadalaryny berjaý etmegini göz öňünde tutýar.Olar ata Watana we halka ak ýürekden hyzmat etmelidir, ähli gujur-gaýratyny, bilimini we tejribesini wezipe borçlaryny netijeli ýerine ýetirmäge bagyşlamalydyr.

Hormatly deputatlar!Halkymyzyň Okaýan il ozar diýen ajaýyp pähimi bar. Şoňa görä-de, ylym we bilim ulgamlaryny düýpli özgertmek hem-de kämilleşdirmek Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.

Bu ulgamlar ýurdumyzyň täze belentliklere tarap öňe gitmeginiň, bilim bermegiň dünýä derejesine çykmagynyň hem-de ýaş nesilleri terbiýelemegiň düýpli esaslarynyň biridir.Häzirki döwürde ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Iki tapgyrda amala aşyryljak bu konsepsiýanyň esasy maksady ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda, bilimiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek bolup durýar.Bilim edaralarynda berilýän bilimiň many-mazmunyny baýlaşdyrmagy we hilini ýokarlandyrmagy, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegi göz öňünde tutýar. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bu ugurda hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirmek bilen bagly zerur işleri geçirmelidir.

Meniň eýýäm belläp geçişim ýaly, ylmy ösdürmek hem ýurdumyzda alnyp barylýan syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, bu ugurdaky kanunçylygy kämilleşdirmek maksady bilen, ylmy işgärleriň hukuklaryny we borçlaryny giňeldýän hem-de has-da anyklaşdyrýan degişli kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamaly. Şol taslamalarda ylmy işgärleriň erkin ylmy döredijilik bilen meşgullanmagyny we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmegiň ýörelgelerini göz öňünde tutmaly.Men ýene-de bir möhüm mesele barada durup geçmek isleýärin.

Könelerimiziň: Çaga eziz, edebi ondanam eziz diýşi ýaly, kabul edýän kanunlarymyzda ösüp gelýän nesillerimize terbiýe bermegiň ata-babalarymyzdan miras galan milli kadalaryna hem aýratyn üns bermegi maksadalaýyk hasaplaýaryn.Gadymy däp-dessurlarymyzy goldanyp, kanunlarymyzy häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda döwrebap ýagdaýa getirmeli diýip pikir edýärin. Şoňa görä-de, hereket edýän kanunlarymyza ýaş nesillere terbiýe bermek babatda üýtgetmeleri girizmek boýunça degişli işleri geçirmegi zerur hasaplaýaryn.

Hormatly deputatlar!Ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýurdumyzy senagat taýdan öňdebaryjy döwlete öwürmek boýunça giň gerimli işleri ýola goýmak ýokary tehnologiýaly önümçilikleri we täze iş orunlaryny döretmegi göz öňünde tutýar.

Munuň özi ussat hünärmenlere bolan islegleriň artmagyna getirýär.Bu bolsa, öz nobatynda, ýokary we orta ýörite bilimi, hususan-da, geljekki ösüş üçin zerur bolan hünärler boýunça okuwlara taýýarlyk işini kämilleşdirmegi, netijede bolsa, täze kafedralary hem-de fakultetleri döretmegi talap edýär.Ýurdumyz üçin zerur bolan hünärler boýunça beýleki döwletleriň abraýly ýokary we ýörite orta okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlarymyzy bu işlere çekmek hem esasy wezipeleriň biri bolup durýar.

Hormatly deputatlar!Biz oba hojalyk toplumyna hem uly üns bermelidiris.Halkara tejribe esasynda we häzirki zaman talaplaryndan hem-de halkymyzyň milli aýratynlyklaryndan ugur alyp, geçirýän özgertmelerimiziň çäklerinde oba hojalyk işleriniň täze görnüşlerini ýola goýmak hem zerur diýip hasap edýäris.

Oba hojalyk pudagy bu ugurda kiçi we orta telekeçiligi döretmegiň möhüm binýady bolup çykyş etmelidir.Hususy maýa goýumlary täze oba hojalyk önümçiliklerini we iş orunlaryny döretmegiň esasy çeşmesi bolmalydyr.

Oba hojalyk önümlerini öndürijilere ýeňillikleri öz içine alýan döwlet goldawynyň berilmegi-de, eger zerur bolsa, bu ugurda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary tarapyndan kanunçylyk namalaryna öz wagtynda düzedişleriň girizilmegi hem möhümdir.

Bu pudakda amala aşyrylýan toplumlaýyn maksatnamalary ýokary depginler bilen durmuşa geçirmegi dowam edip, biz agrosenagat toplumynyň köpugurly mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmalydyrys.Oba hojalygyny ykdysadyýetimiziň düşewüntli pudagyna öwürmelidiris. Şunuň bilen birlikde, biz pudagyň eksport mümkinçilikleriniň çäksizdigi barada hem pikir etmelidiris. Şu maksat bilen dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmagy göz öňünde tutýan taslamalara aýratyn üns bermelidiris.

Bu işi höweslendirmegiň hukuk esaslaryny kämilleşdirmelidiris.Hormatly deputatlar!Garaşsyz Watanymyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, aýawly we netijeli peýdalanmak, ýaşyl tehnologiýalar arkaly ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ýene-de bir möhüm ugruna öwrüldi.

Biziň daşky gurşawy goramak boýunça döwlet syýasy strategiýamyz tebigy baýlyklary netijeli peýdalanmak arkaly ykdysady we durmuş meseleleriniň toplumlaýyn çözülmegine we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine esaslanýan ekologiýa howpsuzlygyny gazanmaga gönükdirilendir.

Daşky gurşawy goramak babatda täze kanunlary kabul etmek we hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işi hem yzygiderli dowam etmeli.Agrosenagat toplumyny we tebigaty goraýyş işini ösdürmegiň netijeli hukuk binýadynyň döredilmegi ýurdumyzda ekologiýa saglygyny üpjün etmäge, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmaga we häzirki döwürde agrosenagat pudagynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmaga oňaýly täsirini ýetirer diýip pikir edýärin.

Hormatly deputatlar!Siziň bilşiňiz ýaly, berkarar döwletimiz hemişelik oňyn bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan parahatçylyk söýüji daşary syýasaty alyp barýar.Biziň öňe sürýän halkara ähmiýetli başlangyçlarymyz Bitarap döwletimiziň Ýer ýüzündäki at-abraýynyň barha ýokarlanýandygyny aýdyň tassyklaýar.

Bitarap ýurdumyz halkara durmuşa işjeň gatnaşýar.Alnyp barylýan işleriň dowamynda Türkmenistan bilen beýleki döwletleriň we halkara guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň, onuň edaralarynyň arasynda hukuk gatnaşyklary emele gelýär.

Bu bolsa daşary syýasata we Garaşsyz döwletimiziň edýän diplomatik tagallalaryna degişli bolan milli kanunçylygyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegini talap edýär. Şoňa görä-de, Bitarap döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň parahatçylyk söýüji ugruny üpjün etmegiň hukuk usullaryny döretmäge we kämilleşdirmäge uly üns bermeli diýip hasaplaýaryn. Şunuň bilen baglylykda, türkmen bitaraplygyny kanunçylyk taýdan esaslandyrmak, onuň hukuk ýagdaýyny açyp görkezmek we dünýäniň syýasy giňişliginde biziň başlangyçlarymyzy wagyz etmek Mejlisiň deputatlarynyň möhüm wezipeleriniň biri bolmalydyr.

Türkmenistanyň Mejlisiniň dünýäniň köp döwletleriniň parlamentleri bilen özara gatnaşyklaryny ýola goýmak we ösdürmek boýunça alyp barýan işi hem ýokary baha mynasypdyr.Siziň bilen geçiren öňki duşuşyklarymda belläp geçişim ýaly, biziň milli Parlamentimiziň wekilleri dürli ýurtlaryň parlamentleri bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak we kämilleşdirmek boýunça netijeli işleri alyp barmalydyr.

Halkara guramalar, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň düzümine girýän edaralar bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyga yzygiderli häsiýet bermelidir.Häzirki döwürde Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan dünýäniň onlarça döwletleri bilen parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmek hakyndaky ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Olar bilen dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýuldy.Birnäçe döwletleriň parlamentleri bilen bolsa Türkmenistanyň Mejlisiniň Parlamentara dostluk toparlary döredildi.Men abraýly halkara we parlamentara guramalar bilen dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de depginli ösdürmegi Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlaryna teklip edýärin.

Hormatly deputatlar!Garaşsyz ýurdumyzyň milli kanunçylyk ulgamyny Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň täze talaplaryna laýyk getirmek ata-babalarymyzdan miras galan adalatlylyk, deňlik we ynsanperwerlik ýörelgelerimize esaslanmalydyr.Hut şol ýörelgeler hem biziň içeri we daşary syýasatymyzyň binýady bolup durýar. Şol ýörelgeleriň kadalarynyň we düzgünleriniň iş ýüzünde ýerine ýetirilmegi üçin ähli zerur işleri etmek häzirki döwürde biziň öňümizde duran umumydöwlet ähmiýetli möhüm wezipedir. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Mejlisiniň we Ministrler Kabinetiniň bu ugurda ylalaşykly we sazlaşykly iş alyp barmagy zerur bolup durýar.

Men kabul edilen kanunlaryň diňe kagyz ýüzünde galmazlygy üçin hem zerur işleri geçirmeli diýip hasap edýärin. Şonuň üçin ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary kanunlardan gelip çykýan kadalaşdyryjy hukuk namalaryny, ýagny dürli düzgünnamalary, gözükdirmeleri, kadalary we beýleki namalary öz wagtynda çykarmak boýunça degişli işleri geçirmelidir.

Ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary şeýle resminamalary işläp düzmek we kabul etmek üçin doly jogapkärçilik çekmelidir.Türkmenistanyň Mejlisi bilen Adalat ministrligi bolsa bu işleriň alnyp barlyşyna gözegçilik etmelidir.

Ilatyň hukuk taýdan medeniýetini we aň-düşünjesini ýokarlandyrmak meselesi hem Mejlisiň deputatlarynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolmalydyr. Şeýle hem men Mejlisiň kabul edýän kanunlaryny düşündirmek işiniň gerimini has-da giňeltmeli we netijeliligini ýokarlandyrmaly diýip pikir edýärin. Şu maksat bilen, gazet-žurnallaryň, radionyň we telewideniýäniň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmaly.

Kanunçylyk namalaryny, hususan-da, jemgyýet we döwlet üçin, ilatyň durmuş bähbitleri üçin möhüm ähmiýeti bolan namalary wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işleriň hilini ýokarlandyrmaly. Ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasy alymlaryň we žurnalistleriň gatnaşmagynda täze kabul edilen kanunçylyk namalaryny, ilkinji nobatda bolsa, raýatlaryň hukuklaryna we azatlyklaryna degişli namalary düşündirmegiň we ulanmagyň möhüm meseleleri boýunça hemmetaraplaýyn ylmy barlaglary geçirmeli diýip hasaplaýaryn.

Hormatly deputatlar! Şu gün siziň öňüňizde durmuşyň dürli ugurlary boýunça goýlan belent wezipeleriň, şeýle hem mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmaga, hukuk tertibini we kanunçylygy has-da berkitmäge gönükdirilen maslahatlarymyň we tekliplerimiň kanun çykaryjylyk işiňizde ata Watanymyzy ajaýyp we bagtyýar geljege alyp barjak täze çemeleşmeleri we çözgütleri tapmaga size ýardam berjekdigine berk ynanýaryn.

Men Türkmenistanyň Mejlisiniň täze çagyrylyşynyň deputatlaryny ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.Size berk jan saglyk, uzak ömür we alyp barýan örän möhüm döwlet işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda syýahatçylygyň geografiýasy
Türkmenistanyň şypahana hyzmaty ulgamy dünýä derejesinde: Arçman we Ýyly suw şypahanalary
16.07.2019 | Türkmenistanyň şypahana hyzmaty ulgamy dünýä derejesinde: Arçman we Ýyly suw şypahanalary
30.11.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Sünt-Hasardagda ýabany armydyň Türkmenistan üçin üýtgeşik täze görnüşi ýüze çykaryldy