30.03.2018 | Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Mejlisiniň täze çagyrylyşynyň ilkinji maslahatyna gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň ilkinji maslahaty geçirildi.Onuň dowamynda milli parlamentiň täze ýolbaşçy düzümi saýlanyldy hem-de deputatlaryň öňünde durýan möhüm wezipeler kesgitlendi.

Ir bilen döwlet Baştutanymyz “Oguzhan” köşkler toplumyndan çykyp, pyýadalap Jemgyýetçilik guramalary merkeziniň binasyna tarap ugrady.Milli Liderimiz ýolugra egindeşlerine paýtagtymyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere üns bermelidigini belledi we bu ugurda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmagynyň zerurdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz şähergurluşyk-binagärlik işlerinde täzeçil usullaryň ulanylmalydygyny, şäheriň ekologiýa derejesiniň we arassaçylyk ýagdaýynyň gözegçilikde saklanylmalydygyny, täze seýilgäh zolaklarynyň döredilmelidigini belläp, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň täze çagyrylyşynyň Jemgyýetçilik guramalary merkezinde geçirilen birinji maslahatyna Mejlisiň bäşinji we altynjy çagyrylyşlarynyň deputatlary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň wekilleri we beýlekiler gatnaşdylar.

Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimizi şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.Döwlet Baştutanymyz 2018-nji ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň deputatlarynyň saýlawlarynyň geçirilendigini we onuň döwletimiziň durmuşynda aýratyn ähmiýetli waka öwrülendigini belledi.

Bu gezekki saýlawlar ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek syýasy partiýalaryň üçüsiniň wekilleriniň gatnaşmagynda, raýatlaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňliginde, demokratik, bäsdeşlik, açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda geçdi diýip, milli Liderimiz belledi. Şu günki maslahatda döwletimiziň we jemgyýetimiziň öňünde durýan möhüm wakalary, şeýle hem öňde boljak giň möçberli işleriň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň ilkinji maslahatyny açyk diýip yglan etdi.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy, onuň sözleri ähli dabara gatnaşyjylar tarapyndan ýerine ýetirildi.Soňra milli Liderimiz Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygy G.Myradowa söz berdi.

Ol ählihalk saýlawlarynyň bäsdeşlik esasynda, milli saýlaw kanunçylygynyň we umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalarynyň esasy düzgünlerine laýyklykda geçirilendigi we onuň netijeleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre bäsdeşlik, açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda, ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilip, türkmen jemgyýetiniň raýatlyk kämilligini aýan etdi we ol Türkmenistanyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn özgertmeler ugruna hem-de demokratik ösüş ýoluna ygrarlydygyny tassyklady.

Garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda ilkinji gezek saýlaw çärelerine syýasy partiýalaryň üçüsiniň wekilleriniň gatnaşandygyny belläp, Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy ses bermek çäreleriniň saýlaw okruglarynyň çäginde ýerleşýän 2604 saýlaw uçastoklarynda geçirilendigini nygtady.

Mundan başga-da, şu döwürde ýurdumyzyň çäginden daşarda bolýan saýlawçylaryň ses bermek çärelerini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň ilçihanalarynda we konsullyk edaralarynda saýlaw uçastoklarynyň 39-sy açyldy.Merkezi saýlaw toparynyň maglumatlaryna görä, Mejlisiň deputatlygyna, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna 3 million 291 müň 525 saýlawçydan 3 million 19 müň 957 saýlawçy ses berdi.

Munuň özi Türkmenistanyň ses bermäge hukugy bolan raýatlarynyň 91,75 göterimidir.Soňra Merkezi saýlaw toparynyň başlygy ähli saýlaw uçastoklarynda bir orna iki we ondan-da köp dalaşgärleriň görkezilendigini habar berdi.

Saýlawlaryň jemleri boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň täze çagyrylyşynyň deputatlygyna 284 dalaşgärden 125 deputat saýlandy.Deputatlar toparynyň düzümine ýokary hünär ussatlygy we bilim derejesi bolan adamlar goşuldy.Aýdylyşy ýaly, saýlawlar halkyň ynamyna mynasyp bolanlary äşgär etdi.

Olar geljek bäş ýylyň dowamynda döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmegiň hukuk wezipelerini çözmäge gatnaşarlar.Saýlawlara edilen gözegçilik barada aýdyp, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň ýolbaşçysy saýlaw möwsüminiň ähli tapgyrlaryna daşary ýurtly synçylaryň we bilermenleriň — Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň wekilçilikli toparlarynyň wekilleriniň, şeýle hem Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky edarasynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we birnäçe daşary döwletleriň wekiliýetleriniň agzalarynyň 142-siniň gözegçilik edendigini belledi.

Saýlawlaryň ähli tapgyrlaryna milli synçylaryň 4 müňden gowragy gözegçilik etdi.Olaryň hatarynda syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we birleşmeleriniň wekilleri, raýatlar toparlary we dalaşgärleriň özleri bar. Şeýle hem synçylaryň pikirine görä, saýlawlaryň geçirilişi ýokary baha mynasyp boldy.

Bu jemgyýetçilik-syýasy çäre Türkmenistanyň oňyn özgertmeler ýoly bilen ynamly gadam urýandygyny nobatdaky gezek äşgär etdi.Merkezi saýlaw toparynda ýerine ýetirilen işler baradaky hasabaty diňläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, umuman, saýlawlaryň geçişine kanagatlanma bildirdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bu ugurda ýerine ýetirilen işleri jikme-jik seljermegi belläp, onuň maksadalaýyk bolmadyk ýagdaýy bar bolsa, ýakyn wagtda saýlawlaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, ony halkara ülňülere laýyk getirmek boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 80-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň täze saýlanan deputatlarynyň ygtyýarlyklaryny tassyklamak üçin Mandat toparynyň düzümini saýlamagyň zerurdygyny mälim etdi.Bu toparyň düzümi bilen tanşan milli parlamentariler ony biragyzdan goldadylar.

Soňra maslahat Mandat toparynyň başlygy B.Babaýewiň hasabaty bilen dowam etdi.Ol toparyň işiniň netijeleri hakynda hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary türkmen döwletiniň demokratik esaslaryny pugtalandyrmakda aýratyn ähmiýetlidir.

Ol ýurdumyzda halk häkimiýetliligi däpleriniň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän ýörelgelerini nobatdaky gezek tassyk etdi.Häzirki döwürde bu däpler mynasyp dowam etdirilýär we ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda başy başlanan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi.

Mandat topary Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň hödürlän resminamalarynyň esasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň düzümine saýlanan deputatlaryň ygtyýarlyklaryny gözden geçirdi.Hususan-da, ses bermek çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde we Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we ýurdumyzyň Saýlaw kodeksiniň, umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryň düzgünlerine laýyklykda geçirilendigi belli boldy.

Geçirilen barlaglaryň netijeleri boýunça Mandat topary saýlanan 125 deputatyň 125-siniň hem ygtyýarlyklaryny ykrar etdi.Olaryň 31-si zenanlardyr.Bu bolsa deputatlaryň umumy sanynyň 25 göterimine barabardyr.

Bellenilişi ýaly, milli parlamentiň täze düzüminiň deputatlarynyň hatarynda döwlet edaralarynyň wekilleri, milli ykdysadyýetimiziň birnäçe pudaklarynyň, bilim, ylym, medeniýet we sungat ugurlarynyň, oba hojalygynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň hünärmenleri bar. Şeýle hem täze deputatlar düzüminiň ýaş aýratynlyklary boýunça maglumat berildi.

Mandat toparynyň başlygy çykyşynyň ahyrynda toparyň Türkmenistanyň Mejlisiniň milli parlamentiň deputatlarynyň ygtyýarlyklaryny ykrar etmek hakyndaky Kararynyň taslamasyny taýýarlandygyny habar berdi.Bu resminamanyň taslamasy deputatlar tarapyndan biragyzdan kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahatyň dowamynda täze saýlanan deputatlary gutlady we olara işlerinde üstünlik, saýlawçylarynyň ynamyny ödemegi arzuw etdi.Soňra döwlet Baştutanymyz deputatlar toparynyň bäşinji çagyrylyşynyň ýolbaşçysy A.Nurberdiýewa söz berdi.

Ol hormatly Prezidentimize milli parlamentiň başlygy wezipesinde işlän döwründe beren yzygiderli goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, mundan beýläk-de mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alnyp barylýan işlere mynasyp goşant goşjakdygyna ynandyrdy.

Netijeli işi üçin A.Nurberdiýewa we Mejlisiň bäşinji çagyrylyşynyň deputatlaryna minnetdarlyk bildirip, milli Liderimiz olaryň jemgyýetçilik ähmiýetli ägirt uly işleri bitirendiklerini, milli kanunçylygyň kämilleşdirilmegine mynasyp goşant goşandyklaryny kanagatlanma bilen belledi.

Kabul edilen kanunlar ýurdumyzyň durmuş-ykdysady, syýasy we ruhy-medeni ösüşiniň döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ygtybarly hukuk binýadyny döretdi we dünýäniň ykdysady, maliýe ulgamynda ýüze çykan ýagdaýlary nazara alyp, gyssagly çäreleri kabul etmäge mümkinçilik berdi.

Bu bolsa jemgyýetimiziň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün edýär diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we bäşinji çagyrylyşyň deputatlaryna Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.

Soňra maslahat altynjy çagyrylyşyň deputatlarynyň gatnaşmagynda dowam etdi.Milli Liderimiz bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, şu günki maslahatyň gün tertibiniň indiki meselesiniň Mejlisiň Başlygyny we onuň Başlygynyň orunbasaryny saýlamak, milli parlamentiň komitetleriniň başlyklaryny saýlamak wezipelerinden ybaratdygyny belledi.

Ilki bilen milli parlamentiň ýolbaşçysyny saýlamak hakyndaky meselä seredildi.Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünnamasyna laýyklykda bu ýokary döwlet wezipesine görkezmek gizlin ses bermek esasynda alnyp barylýar.Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ses bermek üçin Türkmenistanyň Mejlisiniň Ses sanaýjy toparynyň agzalaryny saýlamagy teklip edýär.

Teklip edilen düzüm bilen tanşyp, deputatlar Ses sanaýjy toparyň başlygy wezipesine B.Seýlowyň saýlanmagy üçin biragyzdan ses berdiler.Bu mesele boýunça Ahal welaýatyndaky 23-nji “Ak bugdaý” saýlaw okrugynyň deputaty M.Öräýewe söz berilýär.

Ol deputatlaryň umumy pikirine görä, bu wezipä Aşgabat şäheriniň 7-nji “Güneş” saýlaw okrugyndan deputat G.Mämmedowanyň görkezilýändigini habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, deputat G.Mämmedowa gizlin ses bermek üçin býulletene girizilýär.

Soňra ses bermek we Ses sanaýjy toparyň ses bermegiň jemlerini jemlemegi üçin 30 minutlyk arakesme yglan edilýär.Ol Jemgyýetçilik toparlarynyň merkezinde ýörite bellenen we enjamlaşdyrylan otagda geçýär.Ses bermek tamamlanandan soň, Ses sanaýjy toparyň başlygynyň çykyşy bolýar.

Ol ses bermegiň netijeleri barada hasabat berip, Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň başlyklygyna G.Mämmedowanyň biragyzdan saýlanandygyny habar berdi.Ses sanaýjy toparyň çykyşy deputatlar tarapyndan biragyzdan oňlandy.Hormatly Prezidentimiz G.Mämmedowany milli parlamentiň Başlygy wezipesine saýlamak hakyndaky Türkmenistanyň Kanunyna gol çekýär.

G.Mämmedowa döwlet Baştutanymyza we deputatlara hem-de bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, bildirilen ynam üçin çuňňur hoşallyk bildirdi hem-de mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň we gülläp ösmeginiň, milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan özgertmeler syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň bähbidine güýç-gaýratyny gaýgyrmajakdygyny ynandyrdy.

Mejlisiň deputatlary milli döwletliligi mundan beýläk-de berkitmäge, Watanymyzyň ykdysady, durmuş we medeni taýdan sazlaşykly ösüşine, onuň halkara abraýynyň ýokarlanmagyna gönükdirilen wezipeleri ýerine ýetirmek ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmazlar diýip, parlamentiň ýolbaşçysy aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ony Mejlisiň Başlygy wezipesine saýlanmagy bilen gutlap, işlerinde üstünlik arzuw etdi.Soňra döwlet Baştutanymyz gün tertibiniň ikinji meselesine geçip, Mejlisiň Başlygynyň orunbasaryny saýlamagy yglan edýär.

Bu mesele boýunça Aşgabat şäherindäki 4-nji “Berkararlyk” saýlaw okrugynyň deputaty S.Owganow çykyş edýär.Ol milli parlamentiň deputatlarynyň bu wezipä Aşgabat şäheriniň 1-nji “Garaşsyzlyk” saýlaw okrugy boýunça deputat K.Babaýewiň teklip edilýändigini habar berdi.

Açyk ses bermek esasynda bu wezipä K.Babaýew biragyzdan saýlanylýar.Hormatly Prezidentimiz K.Babaýewi Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine saýlamak hakyndaky Kanuna gol çekdi we oňa işlerinde üstünlik arzuw etdi.

Mejlisiň Başlygynyň orunbasary öz gezeginde bildirilen ýokary ynam üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öňde durýan we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen möhüm wezipeleriň oňyn çözülmegi ugrunda ähli tagallalaryny etjekdigine ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz maslahatyň dowamynda islendik guramanyň netijeli işi üçin onuň düzüm bölümlerini emele getirmek meselelerine örän oýlanyşykly çemeleşilmelidigini belledi.Häzirki döwürde Mejlisde sekiz komitet hereket edýär.Olar Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky; Kada-kanunçylyk baradaky; Ykdysady meseleler baradaky; Durmuş syýasaty baradaky; Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky; Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky; Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky; Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komitetlerden ybaratdyr.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi boýunça milli parlamentiň esasy düzüm bölümleriniň başlyklaryny saýlamak hakyndaky meselä garaldy.Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiň başlygyny saýlamak hakyndaky meselä seredildi we bu wezipä Mary welaýatyndaky 120-nji “Murgap” saýlaw okrugynyň deputaty G.Muhammetorazow Mary welaýatynyň 104-nji “Peşanaly” saýlaw okrugynyň deputaty Ý.Eşşäýewi teklip etdi.

Ses bermegiň netijeleri boýunça degişli komitetiň başlyklygyna Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Ý.Eşşäýew saýlanyldy.Soňra Ahal welaýatynyň 17-nji “Arçman” saýlaw okrugynyň deputaty W.Gutlyýew Kada-kanunçylyk baradaky komitetiň başlygy wezipesine Aşgabat şäheriniň 12-nji “Aşgabat” saýlaw okrugynyň deputaty R.Mämmedowy teklip etdi.

Ses bermegiň netijeleri boýunça bu komitetiň başlyklygyna R.Mämmedow saýlanyldy.Mejlisiň Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň başlygyny saýlamak hakyndaky mesele boýunça Lebap welaýatyndaky 85-nji “Garabekewül” saýlaw okrugynyň deputaty G.Amanowa çykyş edip, bu komitetiň başlyklygyna Lebap welaýatyndaky 75-nji “Zergär” saýlaw okrugynyň deputaty S.Joraýewi teklip etdi.

Ses bermegiň netijeleri boýunça bu komitetiň başlyklygyna S.Joraýew saýlanyldy.Aşgabat şäherindäki 10-njy “Arçabil” saýlaw okrugy boýunça deputat S.Durdyýew Mejlisiň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň başlygy wezipesine Mary welaýatynyň 122-nji “Miras” saýlaw okrugynyň deputaty G.Aşyrowy teklip etdi.

Deputatlaryň ses bermeginiň netijesinde bu komitetiň başlyklygyna G.Aşyrow saýlanyldy.Soňra Balkan welaýatyndaky 39-njy “Serdar” saýlaw okrugy boýunça deputat T.Öwezow deputatlar toparynyň adyndan çykyş edip, Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiň başlyklygyna Lebap welaýatynyň 77-nji “Farap” saýlaw okrugyndan deputat G.Rozyýewi teklip etdi.

Ses bermegiň netijeleri boýunça G.Rozyýew bu komitetiň başlyklygyna saýlandy.Soňra Daşoguz welaýatyndaky 54-nji “Baýdak” saýlaw okrugy boýunça deputat H.Nurjanow Mejlisiň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň başlyklygyna Aşgabat şäheriniň 13-nji “Köşi” saýlaw okrugynyň deputaty A.Seýdibaýewi teklip etdi.

Ses bermegiň netijeleri boýunça degişli komitetiň başlyklygyna deputat A.Seýdibaýew saýlandy.Ahal welaýatyndaky 27-nji “Agalaň” saýlaw okrugynyň deputaty Ş.Işanow Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiň başlygy wezipesine Daşoguz welaýatynyň 50-nji “Görogly” saýlaw okrugy boýunça deputat M.Tuwakowy teklip etdi.

Ses bermegiň netijeleri boýunça deputat M.Tuwakow bu komitetiň başlyklygyna saýlanyldy.Daşoguz welaýatyndaky 46-njy “Akdepe” saýlaw okrugynyň deputaty Ö.Buzlyýew Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komitetiň başlyklygyna Ahal welaýatynyň 18-nji “Bäherden” saýlaw okrugynyň deputaty M.Gurbanowy teklip etdi.

Ses bermegiň jemleri boýunça bu komitetiň başlyklygyna deputat M.Gurbanow saýlanyldy.Milli parlamentiň bu mesele baradaky Karary biragyzdan kabul edilýär.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň komitetleriniň täze saýlanan ýolbaşçylaryny tüýs ýürekden gutlap, olara Watanymyzyň we halkymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine gönükdirilen jogapkärli wezipeleri ýerine ýetirmekde uly üstünlikler arzuw etdi.

Soňra Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň maslahaty hormatly Prezidentimiziň çykyşy bilen dowam etdi.Türkmenistanyň Mejlisine täze saýlanan deputatlary tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyz halk wekilleriniň ýakyn bäş ýylda ata Watanymyzy mundan beýläk-de özgertmäge hem-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek we dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň birine öwürmek boýunça kabul eden maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrmaga işjeň gatnaşjakdyklaryna berk ynam bildirdi.

Yhlasa — myrat diýlişi ýaly, biz bilelikde yhlas bilen zähmet çekip, Garaşsyz döwletimiziň hukuk binýadyny döretdik, Türkmenistanyň rejelenen görnüşdäki täze Konstitusiýasyny kabul etdik diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Şunlukda, dünýä ykdysadyýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen milli ykdysadyýet kemala getirildi. Şoňa görä-de, biz gazanan bu üstünliklerimize buýsanmaga haklydyrys.

Sebäbi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşde, medeni-ynsanperwer ulgamda hem-de jemgyýetçilik-syýasy durmuşda häzirki wagtda gazanan üstünlikleri ýokary görkezijileri we geriminiň giňligi bilen häsiýetlenýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynda dünýäniň ähli ýurtlary bilen dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge aýratyn üns berilýändigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurt döwletleri, ilkinji nobatda bolsa, goňşy ýurtlar bilen syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlardaky gatnaşyklaryň açyklyk ýörelgeleri esasynda ýola goýulýandygyny aýtdy.

Bu bolsa öz gezeginde, amatly syýasy, hukuk we medeni şertleri bolan Garaşsyz döwletimize ykdysady syýasaty alyp barmakda giň şertlere eýe bolmaga, daşary ýurt maýadarlary üçin ygtybarly hyzmatdaşa öwrülmäge mümkinçilik berdi. Ägirt uly içerki we halkara taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy Türkmenistanyň ykdysady babatda özüni üpjün edýän döwlete öwrülendigini aýdyň görkezýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp hem-de hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny netijeli durmuşa geçirip, Türkmenistan gysga döwrüň içinde dünýäniň ýokary derejede ösen ýurtlarynyň hataryna goşuldy.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Garaşsyz ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň birnäçe edarasyna saýlanmagy, Milletler Bileleşiginiň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry Halkara bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakyndaky Rezolýusiýany kabul etmegi Bitarap döwletimiziň dünýä giňişligindäki abraýynyň ýokarydygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezýär. Ýöne durmuş bir ýerde durmaýar diýip bellemek bilen, milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaşulularyň maslahaty tarapyndan tassyklanan, ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda täze sepgitlere ýetmegiň bellenendigini, bu sepgitleriň raýatlarymyzyň has gowy durmuşda ýaşamagyna mümkinçilik berjekdigini aýtdy.

Döwlet adam üçindir!diýen şygarymyzyň ýakyn ýyllarda esasy şygar bolmagynda galýandygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň täze çagyrylyşynyň deputatlarynyň ilkinji nobatdaky örän möhüm wezipesiniň amala aşyrýan ägirt uly özgertmelerimiziň hukuk binýadyny döretmegiň dowam edýändigini belledi.

Siziň ilkinji nobatdaky wezipeleriňiziň häzirki hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalarymyzy düýpli seljermekden we täze kanunçylyk namalaryny kabul etmekden ybaratdyr.Bu kanunçylyk namalary ýurdumyzyň Konstitusiýasynda berkidilen düzgünler we kadalar esasynda berkarar Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilendir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Ykdysady kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işlerimiz dünýäde emele gelýän ýönekeý bolmadyk ykdysady we maliýe ýagdaýlaryny yzygiderli hem-de düýpli öwrenmek esasynda ýola goýulmalydyr.Dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän çylşyrymly ýagdaýlara düýpli üns bermelidiris.

Milli ykdysadyýetimize amatsyz bolan daşarky täsirleri azaltmaga gönükdirilen gyssagly çäreleri görmegi kanunçylyk taýdan göz öňünde tutmalydyrys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de depginli ösdürmek üçin maýa goýumlary ýokary derejede saklamaga aýratyn ähmiýet berilmelidigini belläp, milli Liderimiz maýa goýumlaryň energiýa serişdelerini öndürmekden we ibermekden, ýangyç-energetika toplumyna ykdysadyýetiň gönüden-göni bagly bolmagyny azaltmakdan başga-da, çig mal serişdelerini gaýtadan işlemäge we telekeçilik ulgamynyň kiçi kärhanalaryny işe girizmäge hem gönükdirilýändigini nygtady. Şeýle hem milli puluň hümmetini saklamagyň hukuk usullaryny peýdalanmak boýunça kanunçylygy döwrebap ýagdaýa getirmegi dowam etmegiň wajypdygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz dünýä tejribesi esasynda hasaplaşyk-töleg ulgamyny kämilleşdirmegiň, ylmy-tehniki üstünlikleri ornaşdyrmagyň zerurdygyny belledi.

Bank gözegçiligini we düzgünleşdirmek ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen çäreler amala aşyrylmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow elektron hasaplaşyklar usullaryny giňden ornaşdyrmak bilen bagly hem birnäçe kanunçylyk namalaryny kabul etmegiň, bu ugurda hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda geçirilýän hasaplaşyklarda döwletimiziň çäklerinden daşary alnyp gidilýän pul serişdelerini azaltmaga, beýleki ýurtlardan gelip gowuşýan puluň möçberlerini artdyrmaga aýratyn üns berilmelidigini aýdyp, milli Liderimiz bu işi höweslendirmek we şeýle çäreleri ornaşdyrmak üçin ähli mümkinçilikleri peýdalanmak babatda deputatlaryň öňünde anyk wezipeleri goýdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň deputatlaryna ýüzlenip, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna, dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň oňyn tejribesine laýyklykda döwlet serişdelerini aýawly ulanmak, býujet-salgyt, pul-karz we maýa goýum meselelerine degişli kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek boýunça hem ähli zerur çäreleri görmegiň zerurdygyny belledi.

Biz, şeýle hem Döwlet býujetine goşmaça salgyt we salgyt däl girdejileri çekmek boýunça kanunlary işläp taýýarlamalydyrys we kämilleşdirmelidiris. Ýurdumyzyň bu ugurdaky salgyt kanunçylygyny yzygiderli seljerip durmalydyrys.Zerur bolanda, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde garaşylýan netijeleri bermeýän salgytlary hem-de ýygymlary ýatyrmak boýunça degişli işleri geçirmelidiris. Şolaryň ýerine dünýä tejribesinde synagdan üstünlikli geçen, biziň milli aýratynlyklarymyza we durmuş kadalarymyza laýyk gelýän täze salgytlardyr ýygymlary girizmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Şeýle hem hususy telekeçilere salgyt salmagyň ýeňillikli ulgamy, işiň bellenen görnüşleri we patentleriň berlendigi üçin tölegleriň sanawyny we ony giňeltmegiň mümkinçiligini seljermeli.

Zerur bolanda, bu babatda teklipleri taýýarlamaly.Döwlet eýeçiligindäki emlägi ulanmakdan, kärendä bermekden we hususylaşdyrmakdan gelip gowuşýan girdejileri artdyrmak boýunça hem çäreleri görmeli diýip, döwlet Baştutanymyz belledi .Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň dowamynda her ýyl Döwlet býujetinde mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak üçin ilaty durmuş taýdan goramak ulgamyny maliýeleşdirmäge uly orun berilýändigini aýtdy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýaşaýyş-durmuş maksatlary üçin gönükdirilýän serişdeler Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň uly bölegini tutýar.Geljekde hem biz bu işi dowam edip, Döwlet býujetinden saglygy goraýyş, ylym we bilim, durmuş üpjünçiligi, jemagat hyzmatlary ulgamlaryna hem-de beýleki ugurlara gönükdirilýän serişdeleriň netijeli ulanylmagyna aýratyn ähmiýet bermelidiris.

Ykdysady özgertmeleri kanunçylyk taýdan goldamagyň meselelerine degip geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň rejelenen görnüşdäki täze Konstitusiýasynyň kadalaryna laýyklykda bazar ykdysadyýeti şertlerinde pudaklaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek, dünýä ykdysady giňişligine işjeň goşulmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmelidigini belledi. Şeýle hem milli Liderimiz raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldamagyň, hususy telekeçiligi we maýa goýum işjeňligini höweslendirmegiň, maliýe-karz we býujet-salgyt ulgamyny, eýeçiligi goramagy hem-de bazar şertlerinde hususylaşdyrmagy ösdürmegiň möhümdigini belledi.

Ilatly ýerleri tebigy gaz bilen üpjün etmek, önüm öndürijileri goldamak we ätiýaçlandyryş hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça hem zerur işler geçirilmelidir.Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny çalt depginlerde ösdürmek bilen birlikde, telekeçilik işiniň gerimini giňeltmek hem siziň üns berýän meseläňiz bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny doly amala aşyrmaklary üçin amatly şertler, kim telekeçilik işi bilen meşgullanmak islese, ähli mümkinçilikler döredilmelidir.

Ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagyny häzirki döwrüň talaplaryna görä mundan beýläk-de ösdürmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek üçin birnäçe täze kanunçylyk namalaryny kabul etmeli.Bu kanunçylyk namalarynda häzirki ýagdaýlara laýyk gelýän kadalary we düzgünleri göz öňünde tutmaly diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Telekeçilerimiziň ýurdumyzyň çäklerinden daşarda iş alyp barmagy üçin hem kanunçylygymyzy kämilleşdirmegiň zerurdygy barada aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň öz serişdeleriniň hasabyna-da, daşary ýurt maýadarlarynyň serişdeleriniň hasabyna hem bilelikdäki kärhanalary döretmek arkaly işleseler, maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Şoňa görä-de, bäsleşige ukyply önümleri öndürmek üçin daşary ýurt maýa goýumlaryny mundan beýläk-de göni çekýän, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan, eýeçiligiň dürli görnüşlerindäki döwrebap kärhanalaryň döredilmegini höweslendirmek, maýadarlara has amatly guramaçylyk-hukuk şertlerini döretmek zerur bolup durýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Mejlisiň deputatlarynyň ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk ulgamynda alnyp barylýan işlere we bu ugurdaky halkara taslamalaryň durmuşa geçirilmegine goldaw bermelidiklerini nygtady.Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ägirt uly energetika we tebigy kuwwaty, giň ulag-kommunikasiýa mümkinçilikleri bolan Garaşsyz döwletimiz dünýäde möhüm geosyýasy orny eýeleýär.

Amala aşyrýan giň gerimli taslamalarymyz bolsa tutuş Ýewraziýa yklymynda parahatçylygy we durnukly ösüşi gorap saklamagyň şerti bolup durýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa ulgamyny düýpli döwrebaplaşdyrmak we toplumlaýyn ösdürmek, halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça amala aşyrylýan iri taslamalar siziň ara alyp maslahatlaşmaly hem-de kabul etmeli täze kanunlaryňyzyň meselesi bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşynda syýahatçylyk ulgamyna kanunçylyk taýdan goldaw bermek meselesi aýratyn orny eýeledi.Biz 2018-nji ýyly Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi diýip yglan etdik.Syýahatçylyk işini döwlet tarapyndan goldamak we daşary ýurtly myhmanlaryň gelmegi üçin ýurdumyzyň özüne çekijiligini ýokarlandyrmak boýunça öňümizde duran möhüm wezipeleri amala aşyrmak maksady bilen, Türkmenistanda syýahatçylyk ulgamyny goldamagyň we ösdürmegiň 2011 — 2020-nji ýyllar üçin milli maksatnamasyny tassykladyk diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň we Nusaýyň ýadygärlikleriniň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi dünýä derejesinde uly ähmiýeti bolan taryhy, medeni we tebigy baýlyklarymyzyň gadymylygynyň subutnamasy bolup durýar.

Köpetdag, Repetek, Bathyz, Sünt-Hasardag, Hazar we Bereketli Garagum hem-de beýleki döwlet tebigy goraghanalarymyz syýahatçylarda uly gyzyklanma döredýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzdaky taryhy-medeni ähmiýetli desgalara baryp görmäge we medeni çärelere gatnaşmaga höwes edýänleriň köpdügini bellemeli.

Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz medeni-aň bilim we ekologiýa syýahatçylygyny ösdürmek, şeýle hem tebigaty goramak maksatly işlere, höwesjeň we hünärli türgenleriň ýaryşlary bilen bagly sport syýahatçylygyna gatnaşmak üçin ähli kanunçylyk çärelerini amala aşyrmagyň zerurdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak meselelerini parlamentiň täze düzüminiň kanunçylyk işleriniň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi.Raýat jemgyýetini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde, döwleti dolandyrmakda jemgyýetçilik birleşikleriniň tutýan orny barha artar ýaly, deňhukuklylyk, öz-özüňi dolandyrmak, açyklyk we aýanlyk ýörelgeleri esasynda olaryň işiniň kämilleşdirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şeýle hem milli Liderimiz kanun çykaryjylyk işinde kanunçylygy we hukuk tertibini berkitmek, bu ugurdaky işiň hukuk taraplaryny kämilleşdirmek meselelerini çözmegiň, Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň mazmunyny kämilleşdirmegiň, kodekse mundan beýläk-de ynsanperwerlik häsiýetini bermegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz jemgyýetimizde bar bolan ýaramaz ýagdaýlary aradan aýyrmaga çalşyp, korrupsiýa garşy aýgytly göreş alnyp barylmalydygyny aýtdy.Ony durmuşymyzdan düýbünden ýok etmek üçin Döwlet maksatnamasyny tassykladyk we ol häzirki döwürde üstünlikli amala aşyrylýar.

Korrupsiýa garşy göreşmek boýunça Döwlet maksatnamasy, ilkinji nobatda, döwlet edaralaryna, şeýle hem ýokary ahlak we işewür sypatlary bolmaly döwlet gullukçylaryna halkymyzyň ynamyny berkitmäge gönükdirilendir.Döwlet gullukçylaryna bildirilýän talaplar hut şeýle bolmalydyr.

Olar ata Watana we halka ak ýürekden hyzmat etmelidir, ähli gujur-gaýratyny, bilimini we tejribesini wezipe borçlaryny netijeli ýerine ýetirmäge bagyşlamalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.Soňra döwlet Baştutanymyz ylym-bilim pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly gürrüňi dowam etdi.

Milli Liderimiz deputatlara ýüzlenip, halkymyzyň Okaýan il ozar diýen ajaýyp pähimi bar. Şoňa görä-de, ylym we bilim ulgamlaryny düýpli özgertmek hem-de kämilleşdirmek Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň esasy wezipeleriniň biri bolup durýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ulgamlar ýurdumyzyň täze belentliklere tarap öňe gitmeginiň, bilim bermegiň dünýä derejesine çykmagynyň hem-de ýaş nesilleri terbiýelemegiň düýpli esaslarynyň biri bolup durýandygyny aýtdy.

Häzirki döwürde ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar.Iki tapgyrda amala aşyryljak bu konsepsiýanyň esasy maksady ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda, bilimiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek bolup durýar.

Bilim edaralarynda berilýän bilimiň many-mazmunyny baýlaşdyrmagy we hilini ýokarlandyrmagy, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegi göz öňünde tutýar.Şoňa görä-de, bu ugurda hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirmek bilen bagly zerur işler geçirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Ylmy ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, bu ugurdaky kanunçylygy kämilleşdirmek maksady bilen, ylmy işgärleriň hukuklaryny we borçlaryny giňeldýän hem-de has-da anyklaşdyrýan degişli kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamaly. Şol taslamalarda ylmy işgärleriň erkin ylmy döredijilik bilen meşgullanmagyny we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmegiň ýörelgelerini göz öňünde tutmaly diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýene-de bir möhüm mesele barada durup geçmek bilen, könelerimiziň: Çaga eziz, edebi ondanam eziz diýşi ýaly, kabul edýän kanunlarymyzda ösüp gelýän nesillerimize terbiýe bermegiň ata-babalarymyzdan miras galan milli kadalaryna hem aýratyn üns bermegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Gadymy däp-dessurlarymyzy goldanyp, kanunlarymyzy häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda döwrebap ýagdaýa getirilmelidir, hereket edýän kanunlara ýaş nesillere terbiýe bermek babatda üýtgetmeleri girizmek boýunça degişli işleri geçirmegi zerur bolup durýar.

Milli Liderimiz çykyşynyň dowamynda ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýurdumyzy senagat taýdan öňdebaryjy döwlete öwürmek boýunça giň gerimli işleri ýola goýmak ýokary tehnologiýaly önümçilikleri we täze iş orunlaryny döretmegi göz öňünde tutýandygyny belledi.

Munuň özi, ussat hünärmenlere bolan islegleriň artmagyna getirýär.Bu bolsa, öz nobatynda, ýokary we ýörite orta bilimi, hususan-da, geljekki ösüş üçin zerur bolan hünärler boýunça okuwlara taýýarlyk işini kämilleşdirmegi, netijede bolsa, täze kafedralary hem-de fakultetleri döretmegi talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz üçin zerur bolan hünärler boýunça beýleki döwletleriň abraýly ýokary we ýörite orta okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlarymyzy bu işlere çekmek hem esasy wezipeleriň biri bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow gürrüňi dowam edip, oba hojalyk toplumyna hem uly üns bermelidiris diýmek bilen, Halkara tejribesi esasynda we häzirki zaman talaplaryndan hem-de halkymyzyň milli aýratynlyklaryndan ugur alyp, geçirýän özgertmelerimiziň çäklerinde oba hojalyk işleriniň täze görnüşlerini ýola goýmagyň zerurdygyny nygtady.

Oba hojalyk pudagy bu ugurda kiçi we orta telekeçiligi döretmegiň möhüm binýady bolup çykyş etmelidir.Hususy maýa goýumlary täze oba hojalyk önümçiliklerini we iş orunlaryny döretmegiň esasy çeşmesi bolmalydyr.

Oba hojalyk önümlerini öndürijilere ýeňillikleri öz içine alýan döwlet goldawynyň berilmegi-de, eger zerur bolsa, bu ugurda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary tarapyndan kanunçylyk namalaryna öz wagtynda düzedişleriň girizilmegi hem möhümdir.

Bu pudakda amala aşyrylýan toplumlaýyn maksatnamalary ýokary depginler bilen durmuşa geçirmegi dowam edip, biz agrosenagat toplumynyň köpugurly mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmalydyrys.Oba hojalygyny ykdysadyýetimiziň düşewüntli pudagyna öwürmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Şunuň bilen birlikde, biz pudagyň eksport mümkinçilikleriniň çäksizdigi barada hem pikir etmelidiris diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Şu maksat bilen, dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmagy göz öňünde tutýan taslamalara aýratyn üns berilmelidir, bu işi höweslendirmegiň hukuk esaslary kämilleşdirilmelidir.

Watanymyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, aýawly we netijeli peýdalanmak, ýaşyl tehnologiýalar arkaly ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek deputatlar toparynyň täze düzüminiň öňünde durlan möhüm wezipelerdir.Biziň daşky gurşawy goramak boýunça döwlet syýasy strategiýamyz tebigy baýlyklary netijeli peýdalanmak arkaly ykdysady we durmuş meseleleriniň toplumlaýyn çözülmegine we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine esaslanýan ekologiýa howpsuzlygyny gazanmaga gönükdirilendir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we daşky gurşawy goramak babatda täze kanunlary kabul etmek we hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işi hem yzygiderli dowam etmegiň ähmiýetli boljakdygyny nygtady.

Obasenagat toplumyny we tebigaty goraýyş işini ösdürmegiň netijeli hukuk binýadynyň döredilmegi ýurdumyzda ekologiýa saglygyny üpjün etmäge, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmaga we häzirki döwürde obasenagat pudagynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmaga oňaýly täsirini ýetirer diýip, milli Liderimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz halkara gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny kämilleşdirmek boýunça öňde durýan wezipeleri kesgitledi.Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, berkarar döwletimiz hemişelik oňyn bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan parahatçylyk söýüji daşary syýasaty alyp barýar.

Biziň öňe sürýän halkara ähmiýetli başlangyçlarymyz Bitarap döwletimiziň Ýer ýüzündäki at-abraýynyň barha ýokarlanýandygyny aýdyň tassyklaýar.Bitarap ýurdumyz halkara durmuşa işjeň gatnaşýar.Alnyp barylýan işleriň dowamynda Türkmenistan bilen beýleki döwletleriň we halkara guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň, onuň edaralarynyň arasynda hukuk gatnaşyklary emele gelýär.

Bu bolsa, daşary syýasata we Garaşsyz döwletimiziň edýän diplomatik tagallalaryna degişli bolan milli kanunçylygyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegini talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Bitarap döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň parahatçylyk söýüji ugruny üpjün etmegiň hukuk usullaryny döretmäge we kämilleşdirmäge uly üns berilmelidigine deputatlaryň ünsüni çekdi.

Türkmen bitaraplygyny kanunçylyk taýdan esaslandyrmak, onuň hukuk ýagdaýyny açyp görkezmek we dünýäniň syýasy giňişliginde biziň başlangyçlarymyzy wagyz etmek Mejlisiň deputatlarynyň möhüm wezipeleriniň biri bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Parlamentara hyzmatdaşlyk barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mejlisiniň bu ugurda alyp barýan işlerine ýokary baha berdi.Siziň bilen geçiren öňki duşuşyklarymda belläp geçişim ýaly, biziň milli Parlamentimiziň wekilleri dürli ýurtlaryň parlamentleri bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak we kämilleşdirmek boýunça netijeli işleri alyp barmalydyr.

Halkara guramalar, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň düzümine girýän edaralar bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyga yzygiderli häsiýet bermelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy.Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, häzirki döwürde Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan dünýäniň onlarça döwletleri bilen parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmek hakyndaky ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Olar bilen dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýuldy.Birnäçe döwletleriň parlamentleri bilen bolsa, Türkmenistanyň Mejlisiniň Parlamentara dostluk toparlary döredildi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz abraýly halkara we parlamentara guramalar bilen dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de depginli ösdürmegi Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlaryna teklip etdi.

Garaşsyz ýurdumyzyň milli kanunçylyk ulgamyny Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň täze talaplaryna laýyk getirmek ata-babalarymyzdan miras galan adalatlylyk, deňlik we ynsanperwerlik ýörelgelerimize esaslanmalydyr.Hut şol ýörelgeleriň hem biziň içeri we daşary syýasatymyzyň binýady bolup durýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz şol ýörelgeleriň kadalarynyň we düzgünleriniň iş ýüzünde ýerine ýetirilmegi üçin ähli zerur işleri etmek häzirki döwürde biziň öňümizde duran umumydöwlet ähmiýetli möhüm wezipelerdigini aýtdy. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Mejlisiniň we Ministrler Kabinetiniň bu ugurda ylalaşykly we sazlaşykly iş alyp barmagy zerur bolup durýar.

Men kabul edilen kanunlaryň diňe kagyz ýüzünde galmazlygy üçin hem zerur işleri geçirmeli diýip hasap edýärin. Şonuň üçin ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary kanunlardan gelip çykýan kadalaşdyryjy hukuk namalaryny, ýagny dürli düzgünnamalary, gözükdirmeleri, kadalary we beýleki namalary öz wagtynda çykarmak boýunça degişli işleri geçirmelidir.

Ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary şeýle resminamalary işläp düzmek we kabul etmek üçin doly jogapkärçilik çekmelidir.Türkmenistanyň Mejlisi bilen Adalat ministrligi bolsa bu işleriň alnyp barlyşyna gözegçilik etmelidir diýip, milli Liderimiz nygtady. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilatyň hukuk taýdan medeniýetini we aň-düşünjesini ýokarlandyrmak meselesi bilen baglanyşykly wezipeleriň Mejlisiň deputatlarynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolmalydygyny belledi.

Mejlisiň kabul edýän kanunlaryny düşündirmek boýunça alnyp barylýan işleriň gerimini giňeltmegiň we netijeliligini ýokarlandyrmagyň wajypdygyny belläp, şu maksat bilen, gazet-žurnallaryň, radionyň we telewideniýäniň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmalydygyny aýtdy.Kanunçylyk namalaryny, hususan-da, jemgyýet we döwlet üçin, ilatyň durmuş bähbitleri üçin möhüm ähmiýeti bolan namalary wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işleriň hilini ýokarlandyrmalydyr. Ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasy alymlaryň we žurnalistleriň gatnaşmagynda täze kabul edilen kanunçylyk namalaryny, ilkinji nobatda bolsa, raýatlaryň hukuklaryna we azatlyklaryna degişli namalary düşündirmegiň we ulanmagyň möhüm meseleleri boýunça hemmetaraplaýyn ylmy barlaglary geçirmeginiň zerurdygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz çykyşynyň ahyrynda deputatlaryň öňünde durmuşyň dürli ugurlary boýunça goýlan belent wezipeleriň, şeýle hem mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmaga, hukuk tertibini we kanunçylygy has-da berkitmäge gönükdirilen maslahatlarynyň we teklipleriniň kanun çykaryjylyk işinde ata Watanymyzy ajaýyp we bagtyýar geljege alyp barjak täze çemeleşmeleri we çözgütleri tapmaga ýardam berjekdigine ynanýandygyny belledi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň täze çagyrylyşynyň deputatlaryny ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, milli Liderimiz olara berk jan saglyk, uzak ömür we özygtyýarly Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan örän möhüm işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi we birnäçe gezek şowhunly el çarpyşmalar bilen arasy kesildi.Bu ýere ýygnananlar bilen hoşlaşyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Jemgyýetçilik guramalary merkeziniň maslahatlar zalyndan çykdy. *** Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň birinji maslahaty milli parlamentiň binasynda dowam etdi.

Onuň gün tertibine hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň deputatlarynyň öňünde goýan möhüm wezipeleriniň çäklerinde parlamentiň işiniň geljekki möhüm ugurlary girizildi.Birnäçe guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we milli parlamentiň komitetleriniň düzümi tassyklanyldy. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli, çuňňur oýlanyşykly syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimiz sazlaşykly ösýär, ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki abraýy belende galýar. Ýurdumyzyň demokratik we hukuk binýadyny pugtalandyrmak, milli kanunçylyk-hukuk binýadyny yzygiderli kämilleşdirmek Türkmenistanyň häzirki döwürde durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşiniň möhüm şertleriniň biri bolup durýar.

Bu bolsa iri möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, deputatlar öz öňlerinde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde ýokary jogapkärçiligiň zerurdygyny belläp, milli Liderimiziň Watanymyzyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan oňyn özgertmeler syýasatynyň durmuşa geçirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.

Hormatly Prezidentimiz bilen bolan duşuşygyň ähmiýeti barada aýdyp, deputatlar döwlet Baştutanymyz tarapyndan Mejlisiň ýakyn geljekde öňünde durýan möhüm wezipeleriniň esasy ugurlarynyň kesgitlenendigini, onuň deputatlar üçin ähmiýetli gollanma bolup durýandygyny nygtadylar.

Maslahatyň ahyrynda deputatlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.Onda Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan ýadawsyz tagallasy üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik ýörelgelerini durmuşa geçirmegiň bähbidine güýç-kuwwatlaryny, bilimlerini we tejribelerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Eýranyň daşary işler ministri bilen duşuşdy
Türkmenistanyň iň gowy sürüjisi kesgitlenildi
Türkmen-täjik DIM-ara syýasy geňeşmeler geçirildi
Türkmenistanda iň gowy awtoulag sürüjileri yglan edildi
21-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Duşenbe şäherinde türkmen-täjik syýasy geňeşmeler geçirildi