Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi.Onda Garaşsyz Türkmenistanda howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini has-da kämilleşdirmek, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça meselelere seredildi, 2020-nji ýyl üçin bu edaralaryň öňünde durýan esasy wezipeler kesgitlenildi. Şeýle hem Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň täze düzümi tassyklanyldy, wezipelere bellemek we beýleki birnäçe meselelere seredildi.
Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine girizilen meselelere geçmek bilen, bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň wezipesini harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň biri tarapyndan ýerine ýetirilendigini belledi.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini has-da guramaçylykly utgaşdyrmak, öz wagtynda çözgüt çykarmak we degişli resminamalary taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan ýaňy-ýakynda kabul edilen Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşi bilen bagly täze Kanun kabul edildi.
Bu Kanuna laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň howpsuzlyk, harby we hukuk meseleleri boýunça orunbasary şol bir wagtda Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, bu ugur boýunça wise-premýeriň wezipesi girizildi hem-de Ministrler Kabinetinde degişli bölümler açyldy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Milli Liderimiz harby we hukuk goraýjy edaralarynda dürli wezipelerde abraý bilen gulluk edip gelýän we bu ugurda ýeterlik tejribe toplan, Içeri işler ministrliginiň institutynyň rektory, polisiýanyň general-leýtenanty Ç.Amanowy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary wezipesine bellemek hem-de ony Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň rektory wezipesinden boşatmak hakynda degişli Permanlara gol çekdi.
Wezipä täze bellenilen wise-premýer Ç.Amanow harby kasama, eziz Watanymyza wepalylygyň hem-de mähriban halkymyzyň asuda we döredijilikli durmuşynyň goragynda durmaga taýýarlygyň nyşany hökmünde Türkmenistanyň mukaddes Döwlet baýdagyna tagzym edýär. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümetiň Başlygynyň orunbasaryna, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna ýüzlenip, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşi hakynda Türkmenistanyň Kanunyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň sazlaşykly işlemegi üçin degişli çäreleri görmegi tabşyrdy. Şeýle hem milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň täze döredilen bölümleri hakynda Düzgünnamalary bellenilen tertipde taýýarlamagy tabşyrdy.
Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň geçirilýän işler barada, Türkmenistanyň Prezidentiniň başyny başlan harby özgertmelerini amala aşyrmagyň barşy, öňdebaryjy tehnologiýalary we öňdebaryjy halkara tejribesini ornaşdyrmak boýunça görülýän anyk çäreler barada beren hasabatlaryny diňledi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabatlary diňläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde durýan wezipeler her bir ýolbaşçydan özüne tabşyrylan işe jogapkärli çemeleşmegi talap edýär diýip belledi hem-de olara ýolbaşçylyk edýän edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň has-da berkidilmeginiň barşyny, şeýle hem harby gullukçylaryň üstünlikli gulluk etmegi we birkemsiz ýaşamagy üçin has amatly şertleri döretmek bilen bagly meseleleriň çözülmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Milli Liderimiz, şonuň bilen bir hatarda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň ünsüni şu ýyl üçin olaryň öňünde goýlan wezipelere çekdi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýerine ýetirilmeli işleriň esasy ugurlarynyň hatarynda işgärleri taýýarlaýyş ulgamyny kämilleşdirmek maksadynda toplumlaýyn çäreleriň görülmegini kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz beden taýdan kämilligiň şahsy düzüme bilim bermegiň we terbiýelemegiň derwaýys we aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny belläp, degişli görkezmeleri berdi.
Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow N.Kowusowy Içeri işler ministrliginiň institutynyň rektory wezipesine bellemek hakynda Permana gol çekip, ony şol ministrligiň institutynyň nyzam taýýarlygy we terbiýeçilik işleri boýunça prorektory wezipesinden boşatdy.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere seredildi, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, bu ýere ýygnananlara alyp barýan möhüm we jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.