30.01.2020 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: oba hojalyk toplumy

Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek, ilatyň ýaşaýyş derejesini we hilini ýokarlandyrmak bilen gönüden-göni baglanyşykly bolan oba senagat toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr.

Häzirki wagtda bu ulgamda oba hojalygynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.Türkmenistany 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň kabul edilmegi bilen köp derejeli özgertmeleriň, milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny, şol sanda obasenagat toplumyny hem toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň täze tapgyryna badalga berildi.

Dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, oba hojalygyny sanlaşdyrmak, hususy ulgamyň ornuny pugtalandyrmak ýaly ençeme beýleki möhüm ugurlar döwletimiziň agrar syýasatynda anyk beýanyny tapdy. 2019-njy ýylyň ýanwarynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary üýtgedilip guraldy.

Olaryň binýadynda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi hem-de Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti döredildi.Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiň ady Gidrometeorologiýa baradaky gullugy diýlip üýtgedildi hem-de ýokarda atlandyrylan ministrligiň düzümine girizildi. Öz nobatynda, Oba hojalyk ylmy-barlag instituty Oba hojalyk ylmy- önümçilik merkezine öwrüldi we Türkmen oba hojalyk institutynyň garamagyna berildi. Ýurdumyzda ekerançylyk, maldarçylyk, guşçulyk, şeýle hem seçgiçilik, tohumçylyk işleri ýaly pudaklaryny we beýlekileri işjeň ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýer we suw serişdeleriniň rejeli ulanylmagyna, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygynyň we topragyň önümliliginiň ýokarlandyrylmagyna, ekerançylyk ýerleriniň suwlulandyrylmagyna we melioratiw taýdan gowulandyrylmagyna aýratyn üns berýär.Oba hojalyk toplumynyň inžener enjamlaýyn meseleleri innowasiýa esasynda çözülýär, ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine iň oňat görnüşde laýyk gelýän tehnikalaryň iň täze nusgalary satyn alynýar. Ösümçiligi mineral dökünler bilen üpjün edýän himiýa senagaty ýokary depginde ösdürilýär, öňdebaryjy tejribeler we ylmy işläp taýýarlamalar önümçilige işjeň ornaşdyrylýar.

Bularyň hemmesi ata-babalarymyzyň ekerançylykda toplan köp asyrlyk tejribeleri bilen birlikde oba hojalygynyň kuwwatlylygyny ýokarlandyrmak üçin berk binýat bolup durýar. 2019-njy ýylda ekerançylarymyz Watan harmanyna 1 million 650 müň tonnadan gowrak bugdaý tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler.

Munuň özi ýurdumyzy galla bilen üpjün etmek üçin doly ýeterlikdir.Mundan başga-da, eýýäm birnäçe ýyl bäri Türkmenistanda ýetişdirilen azyklyk dänäniň artykmajyny eksport etmäge mümkinçiligi bardyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, güýzlük bugdaýa bölünip berlen umumy meýdan 760 müň gektardan 690 müň gektara çenli kemeldildi, 2020-nji ýylda dänä bolan döwlet buýurmasy 1 million 400 müň tonna çenli azaldyldy.

Boşan 70 müň gektar meýdan gowaça ekilýän oba hojalyk ýerlerine birikdiriler, munuň özi gowaça meýdanyny 620 müň gektara çenli artdyrar.Bu çözgüt täze dokma kärhanalarynyň gurulmagy we işe girizilmegi, şeýle hem içerki önüm öndürijileriň pagta önümine bolan isleginiň artmagy netijesinde çykaryldy.

Daşardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçiligi döretmek we ykdysadyýetiň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak ulgamlaryndaky milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilişine saldamly goşant goşýan pagtaçylyk Türkmenistanyň obasenagat toplumynyň ähmiýetli pudagydyr. Ýurdumyzyň tebigy- howa şertleri gowaçanyň orta we inçe süýümli görnüşlerini ýetişdirmäge ýaramlydyr. 2019-njy ýylyň ýygym möwsümi döwründe ýurdumyzda 1 million 50 müň tonnadan gowrak ak altyn ýygnaldy.

Bu ekiniň ösdürip ýetişdirilmegine hususy oba hojalyk önümlerini öndürijileriň hem ilkinji gezek girişendigi guwandyryjydyr.Olar oba hojalyk ähmiýetli ýörite ýer gaznalaryndan umumy meýdany 25,6 müň gektara golaý ýer böleklerini aldylar.

Bu gaznalar welaýatlarda Halk Maslahatynyň çözgütlerine, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararlaryna laýyklykda, daýhan birleşikleriniň sürümli ýerleriniň hasabyna döredildi. Ýer bölekleri paýdarlar jemgyýetlerine, daýhan hojalyklaryna, beýleki oba hojalyk önümlerini öndürijilerine bugdaý, gowaça, şeýle hem gök we bakja ekinlerini, ýeralma, üzüm hem-de miweli baglary ösdürip ýetişdirmek üçin uzak möhletlere bölünip berilýär.

Işleriň ýokary derejede mehanizmleşdirilmegi we zähmetiň awtomatlaşdyrylmagy oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň möhüm ugrudyr.Bu ugurdaky maksada okgunly işler obada iş hünärleriniň abraýyny ýokarlandyrmaga, ýaşlary işe çekmäge hem-de ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga mümkinçilik berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Umah Trade GmbH (Germaniýa), John Deere International GmbH (Şweýsariýa) kompaniýalary, şeýle hem Uzsanoateksport (Özbegistan) paýdarlar jemgyýeti bilen oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň uly tapgyrlaryny satyn almaga ozal şertnamalaryň baglaşylandygyny bellemek gerek.

Bu tehnikalar eýýäm birnäçe ýyl bäri Türkmenistana yzygiderli getirilýär.Awgust aýynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda bolan birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümeti bilen John Deere Walldorf GmbH & Сo.

KG kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň esasynda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň welaýat birleşikleriniň oba hojalyk tehnikalaryny 2019 — 2022-nji ýyllarda üç tapgyrda telematik sanly ulgama geçirmegiň Konsepsiýasyna gol çekildi. Şeýle hem bu ulgamda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen John Deere Walldorf GmbH & Сo.

KG kompaniýasynyň arasynda 2020 — 2030-njy ýyllarda oba hojalyk pudaklaryna oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň dolandyrylyşyna sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.Resminama laýyklykda, ýakyn geljek birnäçe ýyllarda 2013 — 2019-njy ýyllarda Türkmenistan tarapyndan satyn alnan John Deere we Сlaas kysymly ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalary telematika bilen enjamlaşdyrylar.

Munuň özi uzak aralykdan monitoringiň kömegi bilen meýdana çykmazdan tehnikanyň ýerleşýän ýerini, ýangyç çykdajysyny, hakyky iş wagtyny, ýüklenilişini we beýleki görkezijilerini yzarlamaga mümkinçilik berer.Munuň üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň edara binasynda dolandyryş merkezi döredildi.

Bu ýerde hakyky wagt düzgüninde ulanylýan oba hojalyk tehnikalary barada maglumatlar gelip gowşar. Şeýle merkez sebit derejesinde Ahal welaýatynyň Änew şäherinde hem bar. Şeýle hem welaýat we etrap merkezlerinde bitewi hyzmat ulgamyna birikdirilen ýerli synlaýyş bölümlerini döretmek göz öňünde tutulýar.

Olar maglumatlary ýygnaýan, saklaýan, seljerýän we gaýtadan işleýän enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Şunuň bilen birlikde, Ahal welaýatynyň Gökdepe, Ak bugdaý we Kaka etraplarynyň pagta meýdanlarynda önümçilik şertlerinde telematik enjamlar bilen enjamlaşdyrylan John Deere kysymly oba hojalyk tehnikalaryny deslapky synag işleri geçirilýär.

Meýdanlarda radioaragatnaşyk boýunça topragyň, ösümlikleriň we oba hojalyk maşynlarynyň kabul ediş gurnamalarynyň ýagdaýy barada maglumatlary berýän enjamlaryň we sensorlaryň goýulmagy bilen baglanyşykly hut şu tapgyrda ýokary takykly ekerançylyk başlanýar.

Sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ekerançylyk ýerleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.Tohum serişdeleriniň, döküniň we ösümlikleri goramak serişdeleriniň, suwuň we ýangyjyň tygşytlanylmagyny üpjün edýär.Söhbetiň dowamynda kesellere we zyýankeşlere durnukly ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşan oba hojalyk ekinleriniň ýokary hilli görnüşleriniň peýdalanylmagynyň oňat hasylyň esasy bolup durýandygyny belläp geçeliň.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk ýokary okuw mekdepleriniň ýanyndaky ylmy barlag merkezleriniň türkmen ekerançy alymlarynyň işine uly ähmiýet berýär.Seçgiçilik we tohumçylyk işi, dürli ekinleri ýetişdirmegiň agrotehnikasyny, şol sanda agromeliorasiýada innowasiýa tehnologiýalaryny synag etmek olaryň esasy wezipelerine girýär. Ýurdumyzyň seçgiçileri ekerançylyk meýdanlarynda ornaşdyrylan dürli oba hojalyk ekinleriniň onlarça ýokary hasylly görnüşlerini, şol sanda bugdaýyň Bagtyýarlyk we Döwletli görnüşlerini döretdiler. 2019-njy ýylda döwlet sort synagyna hil taýdan oňyn netijeleri görkezen güýzlük bugdaýyň täze Galkynyş we Rowaçlyk ýumşak görnüşleri tabşyryldy.

Olar hil boýunça oňat netijelere eýedir. Ýerli seçgiçilerimiziň döreden gowaçanyň täze görnüşleri hem tebigy-howa şertlerinde oňat gögerijiligi, ýokary hasyllylygy, berkligi, süýüminiň uzynlygy we arassalygy bilen tapawutlanýarlar.Bu ulgamdaky üstünlikler Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde 2019-njy ýylyň maýynda Aşgabatda geçirilen GDA-da tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiň nobatdaky mejlisiniň barşynda aýratyn bellenildi. Şol günlerde ýurdumyzyň oba hojalygynyň gazananlarynyň sergisi we Türkmenistanyň oba hojalyk ekinleriniň tohumçylyk ulgamynda ýetilen sepgitler we öňde durýan möhüm wezipeler atly halkara ylmy maslahat guraldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş we zähmet şertlerini gowulandyrmak boýunça hemmetaraplaýyn alada edýär.Mysal üçin, 2019-njy ýylda döwlet tarapyndan bugdaýyň satyn alyş nyrhy iki esse ýokarlandyryldy. Şunlukda, ekerançylara ýer üçin iň az töleg girizildi.

Olar salgytdan doly boşadyldy.Kärendeçilere we daýhan birleşiklerine tehnika, tohum, mineral dökünler, suw bilen üpjünçilik we hyzmatyň beýleki görnüşleri ýeňillikli şertlerde amala aşyrylýar. Şeýlelikde, gallaçylaryň çykdajylarynyň ýarysyndan gowragyny häzirki wagtda döwlet öz üstüne alýar.

Mundan başga-da, hil taýdan häsiýetlerini nazara almak bilen, pagta we ýüpek gurçugyň pilesine täze has ýokary bahalar bellenildi.Oba ýaşaýjylarynyň, adatça, gowaçany we bugdaýy ýetişdirmek bilen bir hatarda ýüpekçilik bilen hem meşgullanýandyklaryny bellemek gerek. Ýüpek gurçuklary isleg bildirýänlere mugt paýlanylýar, olar üçin iýmit bolan tut agajynyň ýapraklary üçin hem kärendeçi hiç zat tölemeýär.

Sebitlerimizde tut ekilen meýdanlar her ýyl giňeldilýär.Agaçlar ekerançylyk ýerleriniň gyralaryna oturdylýar.Munuň özi oba hojalyk ekinlerini ýellerden goraýar.Suwaryş akabalarynyň kenarlarynyň berkemegine ýardam berýär.Geçen möwsümde ýurdumyzyň ýüpekçileri pile taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler.

Olar döwlete dokma senagaty üçin gymmatly çig malyň 2 müň 262 tonnadan gowragyny tabşyrdylar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň oba hojalygynyň kuwwatlylygyny artdyrmakda döwlet hususy hyzmatdaşlygyna möhüm orun berilýär. Önüm öndürijilere berilýän ählitaraplaýyn goldaw netijesinde ýurdumyzyň işewürliginiň wekilleri maldarçylykda, guşçulykda, ösümçilikde we beýleki pudaklarda iri maýa goýum taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýärler.

Bu ugurda 2019-njy ýylyň fewralynda Ahal welaýatynda başlanan obasenagat toplumynyň gurluşygyny mysal getirmek bolar.Onuň düzüminde her ýylda 360 müň tonna ýokary hilli sygyr we goýun etini öndürmäge niýetlenen kärhana bar.

Ol bu et önümlerini eksporta ugratmaga mümkinçilik berer. Şeýle hem balygy köpeltmek, gaýtadan işlemek boýunça ferma gurlar, onuň taslama kuwwaty ýylda 240 tonna önüme barabardyr.Toplumyň desgalarynyň hatarynda gaplanan önümleri, şol sanda dürli görnüşli mürepbeleri, şireleri, doňdurylan miweleri, bakja önümlerini we marinat öndürýän kärhana gurlar.

Gökdepe etrabynda ýetişdirilen üzümi gaýtadan işleýän çakyr zawody hem toplumyň düzümine girer. 170 gektar meýdanda bolsa dört sany ýyladyşhanany gurmak göz öňünde tutulýar.Olarda limon, pomidor, beýleki gök we bakja önümleri ýetişdiriler, şol sanda tohum hem taýýarlanylar.

Obasenagat toplumynyň doly önümçilik kuwwatynda işlemegi üçin daýhanlar we telekeçiler bilen şertnamalary baglaşmak meýilnamalaşdyrylýar.Olar tohum we dökün bilen üpjün ediler, ýetişdirilen hasyl bolsa, öndürijilerden satyn alnar.Kaka etrabynda ýylda 30 million ýumurtga we 80 tonna towuk etini öndürmäge ukyply guşçulyk toplumy hem-de birnäçe ýyladyşhanalar açyldy.

Bu ýyladyşhanalarda, esasan, ýokary hasyllylygy, saklanyş möhletiniň uzaklygy bilen tapawutlanýan dürli pomidor goýaltmasynyň görnüşleri öndüriler.Mary welaýatynyň Mary etrabynda gök we bakja önümlerini ýetişdirýän ýyladyşhana toplumy ulanmaga tabşyryldy.

Ol ýylda 500 tonna ýokary hilli ekologiýa taýdan arassa önümi alyjylara ibermäge niýetlenendir. Çäginde bal ary saklanylýan ýeriň bardygy hem toplumyň aýratynlyklarynyň biridir.Bal arylary ekologiýa taýdan örän möhüm iş bolan oba hojalyk ekinlerini tozanlandyrmak üçin peýdalanylýar. Şu etrabyň Babadaýhan daýhan birleşiginde süýt önümlerini öndürýän kärhana hem ulanyşa girizildi.

Onda önümleriň 20-ä golaýy ýogurt, gatyk, gaýmak, süýt we beýlekiler öndüriler.Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynda hem ýene bir ýyladyşhana toplumy guruldy.Bu ýerde ýokary hasyllylygy, tagamlylygy bilen tapawutlanýan pomidorlaryň birnäçe görnüşleri, şol sanda çerri görnüşi ösdürilip ýetişdiriler. Öndürilýän önümleriň hatarynda ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde ilkinji gezek we senagat möçberinde ýetişdirilýän ýertudananyň üç görnüşi, gyzyl we sary bulgar burçy hem bolar. Şeýle toplumlar ýurdumyzyň sebitleriniň beýleki etraplarynda gurlan täze desgalaryň hem sanawynyň üstüni ýetirdi.

Tutuşlygyna alnanda, 2019 — 2025-nji ýyllarda obasenagat toplumynda desgalaryň 56-syny ulanmaga bermek we döwrebaplaşdyrmak göz öňünde tutulýar.Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip taýýarlanylan Türkmenistanda daşyndan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça görülýän çäreleriň netijeliligini Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlary hem aýdyň görkezýär. Şol maglumatlara görä, ýurdumyzda unuň, çörek we çörek önümleriniň, etiň, süýdüň, ýumurtganyň, gök we bakja önümleriniň öndürilişiniň mukdary durnukly artýar.

Bu hojalyk önümlerini öndürmekde döwlete degişli däl ulgamyň paýy ortaça 90 göterime barabardyr.Azyk harytlarynyň daşyndan getirilişi düýpli kemeldi. Önümleriň, esasan hem, miweleriň we bakja önümleriniň eksporta ugradylyşynyň möçberi artdy.

Agroişewürligiň işjeňleşmegine köp derejede daýhan birleşiklerine we hojalyklaryna, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerine we ylmy-barlag institutlaryna, kärendeçilere, hususy telekeçilere hem-de beýleki oba hojalyk önümlerini öndürijilere berilýän ýeňillikli bank karzlary hem oňyn täsir edýär.

Mundan başga-da, Halk Maslahatynyň çözgütlerine we hormatly Prezidentimiziň Kararlaryna laýyklykda, maldarçylyk hojalyklarynda olaryň hasabyndaky önümçilik binalaryny iri şahly mallar, goýunlar, düýeler, guşlar bilen birlikde tapgyrlaýyn hususylaşdyrmak göz öňünde tutulýar. 2019-njy ýylda Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda gurlan maldarçylyk toplumlarynyň dördüsi bu täze desgalaryň potratçylaryna — Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna hususy eýeçilige berildi.

Ozal Balkan we Mary welaýatlarynda gurlan Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň guşçulyk toplumlary hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna göni satylmak ýoly bilen hususylaşdyryldy.Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly garamak, geljekki nesiller üçin onuň gözelligini we baýlygyny gorap saklamak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän tebigaty goramagyň düýpli maksatlary tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmagyň hasabyna ykdysadyýetiň okgunly ösüşini gazanmakdan, türkmen halkynyň ýaşaýşynyň amatly şertlerini döretmekden, Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde halkara tagallalaryny birleşdirmekden ybaratdyr.

Türkmenistan häzirki zamanyň möhüm wezipelerini çözmekde işjeň orny eýelemek bilen, häzirki wagtda adamzady tolgundyrýan meseleler boýunça özara gatnaşyklary ösdürmäge ýardam bermäge çalşyp, BMG, Araly halas etmegiň Halkara gaznasy, beýleki abraýly guramalar we düzümler bilen netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we giňeltmek ugrunda çykyş edýär.

Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň durnukly ösüş boýunça Rio+20 maslahatynda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilen BMG-niň 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin Durnukly ösüş boýunça sammitinde we beýleki iri halkara forumlarynda öňe süren başlangyçlary hut şuňa gönükdirilendir. Şolaryň hatarynda Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini açmak, şeýle hem Araly halas etmek boýunça BMG-niň ýörite maksatnamasyny, BMG-niň Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak ýaly başlangyçlar bar.

Türkmenistanyň bu ugurda eýeleýän anyk orny we durmuşa geçirýän yzygiderli çäreleri dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapýar.Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk Kararnamalary munuň aýdyň subutnamasydyr.

Bularyň ilkinjisi 2018-nji ýylyň aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji mejlisinde, ikinjisi bolsa 2019-njy ýylyň maýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 85-nji mejlisinde biragyzdan kabul edildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanan bu resminamalar BMG-niň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasynda yzygiderli esasda gatnaşyklary ösdürmek üçin hukuk binýadyny döretmegiň ýolunda ähmiýetli ädim boldy.

Türkmenistan 2017 — 2019-njy ýyllarda bu halkara düzümine başlyklyk etmek bilen, Gaznanyň maksatlaryny we wezipelerini durmuşa geçirmäge gönükdirilen möhüm çäreleriň birnäçesini gurady we geçirdi.Ozaly bilen, bu ugurda 2018-nji ýylyň awgustynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda bolan Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammitini bellemek gerek.

Bu sammit Merkezi Aziýa döwletleriniň uzakmöhletleýin geljege we anyk işlere gönükdirilen hyzmatdaşlyk ugurlarynyň giň ugurlary boýunça özara gatnaşyklaryna täze itergi berdi.Sammitiň Bilelikdäki Beýannamasynyň jemlerine we ýokarda agzalan Kararnamalara laýyklykda, Aral deňziniň ýakasyndaky ýurtlar üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak boýunça köptaraplaýyn geňeşmeler geçirilýär.

Olara Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, BMG-niň agentlikleriniň we ýöriteleşdirilen edaralarynyň, beýleki abraýly guramalarynyň wekilleri, Merkezi Aziýa döwletleriniň ugurdaş düzümleriniň hünärmenleri we bilermenleri gatnaşýarlar.Aral deňziniň sebitindäki ýurtlara kömek bermek boýunça hereketleriň maksatnamasyny taýýarlamak (ADSM-4) işi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

Ol suw serişdelerini toplumlaýyn peýdalanmak; ekologiýa; durmuş-ykdysady; AHHG-niň binýatlaýyn-hukuk gurallaryny kämilleşdirmek ýaly ugurlar boýunça taslamalaryň 30-dan gowragyny öz içine alýar. 2019-njy ýylda Merkezi Aziýanyň durnukly ösüşi üçin Daşky gurşawy goramak boýunça sebit maksatnamasy kabul edildi.

Ol Durnukly Ösüşiň Maksatlaryny we BMG-niň tebigaty goraýyş Konwensiýalaryny amala aşyrmaga, ýaşyl ykdysadyýetiň düzgünlerini ornaşdyrmaga we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmaga gönükdirilendir.Türkmenistan öz tarapyndan Aralyň ýakasynda durmuş-ykdysady we ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak ýaly möhüm meseleleri çözmek boýunça netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge yzygiderli ýardam berýär. Şunuň bilen bir hatarda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň ähli sebitlerinde suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, biodürlüligi we tebigy landşaftlygy gorap saklamak, çölleşmäge we ýerleriň zaýalanmagyna garşy göreşmek, bagy-bossanlaşdyrmak ýaly ulgamlarda uly işleri geçirýär. Şunuň bilen baglylykda, Altyn asyr Türkmen kölüniň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmek aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Bu taslamanyň maksady ýurdumyzyň bäş welaýatynyň suwarymly ýerlerinden zeý suwlaryny ýygnamakdan ybaratdyr.Eger-de ozal şeýle suwlar Amyderýa hem-de öri ýerlerini suwa aldyryp, Garaguma akdyrylan bolsa, häzirki wagtda Türkmenistan daşky gurşawa aýawly garamagyň nusgasyny görkezmek bilen, sebitde ilkinji bolup şeýle iş tejribesinden ýüz öwürdi.

Häzirki wagtda Merkezi Aziýanyň ekologiýasyna amatly täsir edýän bu ägirt uly taslamanyň ikinji nobatdakysynyň çäklerinde zeý suwlaryň Baş akabasynyň we Daşoguz şahasynyň suw geçirijiligini artdyrmak, gidrotehniki desgalary we köprüleri gurmak, akabalaryň ugrundaky süýşýän çägeleri pugtalandyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda ekerançylyk ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak bilen birlikde, suwuň ätiýaçlyk gory hem döredildi.

Tebigy taýdan süzülmek we häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak esasynda alynýan bu suwlary oba hojalyk toplumynyň islegleri, şol sanda täze ýerleri özleşdirmek, öri ýerlerini giňeltmek, şeýle hem bag nahallaryny suwarmak, tehniki zerurlyklar üçin peýdalanmak mümkindir.

Bu ugurda Ylymlar akademiýasynyň alymlary degişli ylmy-barlag işlerini alyp barýarlar.Bu köl eýýäm göçüp geçýän guşlaryň ýaşaýan mesgenine öwrüldi.Häzirki wagtda onuň ekoulgamynyň biodürlüligi guşlaryň görnüşleriniň 250-ä we balyklaryň 25-e golaýyny, şeýle hem Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen haýwanlaryň köp görnüşini öz içine alýar.

Maý aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Altyn asyr Türkmen kölüniň degresinde Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda täze nusgalyk durmuş-önümçilik toplumynyň düýbüniň tutulmagy 2019-njy ýylyň ähmiýetli wakalarynyň biri boldy.

Täsin gidrodesganyň kenarynda täze häzirki zaman obalarynyň gurulmagy çöl ýerleriniň özleşdirilmegini çaltlandyrar.Bu ýerde maldarçylygy, ekerançylygy we balykçylygy ösdürmäge mümkinçilik berer. 2019 — 2025-nji ýyllarda Altyn asyr Türkmen kölüniň sebitini özleşdirmek boýunça Konsepsiýa hut şuňa gönükdirilendir, onuň durmuşa geçirilmegi diňe bir ykdysady babatda däl-de, ekologiýa babatynda hem aýratyn möhüm ähmiýete eýedir. Şeýlelikde, Serdar etrabyndaky bu obanyň gurluşygynyň taslamasynyň birinji tapgyrynda ýaşaýyş jaýlary, mekdep, çagalar bagy, saglyk öýi, medeniýet öýi, söwda merkezi, gaz we agyz suwy bilen üpjünçilik ulgamy, elektrik geçiriji ulgam, suw arassalaýjy desga, kuwwaty 10 MWt bolan utgaşykly gün-ýel elektrik bekedi we beýleki desgalar gurlar.

Bu ýerde şeýle hem balykçylyk hojalygyny guramak göz öňünde tutulýar. Şeýlelikde, Altyn asyr Türkmen kölüniň taslamasynyň ykdysady peýdasy wagtyň geçmegi bilen artar.Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýöne, esasy zat, bularyň hemmesiniň ägirt uly durmuş netijeliligini berýänligidir.

Merkezi Aziýa sebitiniň möçberlerinde durnukly ösüşi we tebigatdan peýdalanylyşyny üpjün etmek munuň esasy many-mazmunydyr.Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä gününe bagyşlanyp geçirilen Merkezi Aziýada durnukly ösüşi üpjün etmekde suw diplomatiýasynyň orny atly halkara maslahat milli parlamentiň deputatlaryny, pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylaryny we hünärmenlerini, Ylymlar akademiýasynyň alym-ekologiýalaryny ýygnady.

Maslahata daşary ýurtly gatnaşyjylaryň hatarynda BMG-niň we onuň düzümleýin bölümleri bolan BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça Maksatnamasynyň wekilleri, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Utgaşdyryjy býurosynyň, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň, Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň tebigaty goraýyş düzümleriniň wekilleri boldular.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynda kesgitlenen suw diplomatiýasy diňe bir ýaşaýyş üçin örän möhüm bolan bu ulgamda uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy alyp barmagy däl, eýsem, netijeliligi bütin adamzada hyzmat etjek öz öňdebaryjy tejribelerimizi hem gönüden-göni işläp taýýarlamagy göz öňünde tutýar.

Suw hojalygy ulgamyna ekologiýa nukdaýnazaryndan seredeniňde has döwrebap, has kämil tehnologiýalar ornaşdyrylýar, şeýle hem suw serişdelerini rejeli peýdalanmaga gözegçiligi ýokarlandyrmak maksady bilen çäreler görülýär.Hususan-da, Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň Baş maksatnamasyny we ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde goşmaça suw howdanlaryny gurmak we öňden bar bolanlaryny giňeltmek, beýleki desgalaryň gurluşygy boýunça degişli çäreler görülýär. Şeýlelikde, 2019-njy ýylda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ýerleşýän Türkmenistan daýhan birleşiginde gije-gündizde kuwwaty 30 müň kubmetr agyz suwuna barabar bolan suw arassalaýjy desgalar toplumy ulanmaga tabşyryldy.

Munuň özi şol töwerekdäki ilatly ýerleriň ýaşaýjylarynyň isleglerini doly kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär.BAE-niň Dew Jeneral Trading kompaniýasy we ýerli Galkan hojalyk jemgyýeti tarapyndan Hywaabat — Kaka 15 kilometrlik suw geçirijisiniň gurluşynyň taslamasy amala aşyryldy.

Ol Laýynsuw derýajygyndan her gije-gündizde ýerli suw üpjünçilik ulgamyna 14 müň kubmetr suwy akdyryp getirýär.Bu suw oba hojalyk zerurlyklary, durmuş islegleri we agyz suwy üçin ulanylýar.

Gökdepe etrabynda şuňa meňzeş kuwwaty 30 müň kubmetre barabar bolan suw paýlaýjy beket açyldy.Ahal welaýatynyň häkimliginiň buýurmasy boýunça gurlan bu taslama Ýaňgala geňeşliginiň çägindäki suw guýulary bilen turbalar arkaly birleşdirilendir.

Suw olardan beketdäki suw göwrümine akdyrylýar.Soňra suw süzüjileriň içinden akdyrylyp, talap edilýän zerur ýagdaýa getirilýär. Şondan soňra ol arassalanan görnüşde suw sorujy beket arkaly Gökdepe şäheriniň ilatyny, etrabyň daýhan birleşiklerini üpjün etmek üçin suw paýlaýjy desga berilýär.

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynda kuwwaty gije-gündizde 30 müň kubmetr agyz suwuna barabar bolan zawodyň gurluşygy tamamlanyp barýar.Ol gözbaşyny Amyderýadan alyp gaýdýan Esenmeňli akabasynyň golaýynda bina edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oktýabr aýynda Ýaponiýa bolan iş saparynyň barşynda Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Itoсhu Сorporation kompaniýasynyň arasynda Baş ylalaşyk baglaşyldy.Onda Komatsu kysymly ekskawatorlaryň we buldozerleriň iri tapgyryny satyn almak göz öňünde tutulýar.

Smart Waters: suw, bilim we hyzmatdaşlyk ÝUSAID-iň goldamagynda Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň we Merkezi Aziýanyň Sebit ekologiýa merkeziniň bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde Murgabyň hanasynda Daşköpri obasynyň golaýynda hanany arassalamak we kenarlary berkitmek üçin niýetlenen Mиaсс-400/40 gämi- läbik sorujy agregat işe girizildi.

Taslamanyň maksady derýanyň düýbüni gyrmançaly çökündilerden arassalamakdan we golaýdaky obalary hem-de demir ýollary suw almakdan goramakdan , şeýle hem kenaryň oýulmagynyň netijesinde kenar ýakasyndaky peýdaly meýdanlaryň azalmagynyň öňüni almakdan ybaratdyr.

Suwdan peýdalanmak babatda hereketleriň oýlanyşyklygy bilen oba hojalyk önümlerini öndürilmeginiň, azyk howpsuzlygynyň derejesiniň arasynda özara baglanyşygyň barlygy görnetin aýdyňdyr.Beýleki bir tarapdan, ýurdumyzda geçirilýän yzygiderli ekologiýa çäreleri milli ykdysadyýeti ösdürmekde täze şert, tutuş halk hojalygynyň möçberinde tebigatdan peýdalanmagyň düýpgöter täze usulyna geçmek üçin esas bolup durýar.

Köpetdagyň eteklerinden Hazaryň kenarlaryna çenli tutuş ýurdumyzy gurşap alan bagy-bossanlyk maksatnamasy hem özüniň möçberi boýunça örän ägirtdir.Aşgabadyň daş-töwereklerinde, ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde uzalyp gidýän ýaş bagy-bossanlyk diňe bir gözlere röwşenlik, janyňa rahatlyk bermek bilen çäklenmeýär, eýsem, faunanyň köp wekilleri üçin öýler hem bolup durýar.

El bilen döredilen bu tokaýlar topragyň jaýrylmagynyň öňüni alýar, olardaky suwy gorap saklaýar, mikrohowany gowulandyrýar.Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda her ýyl geçirilýän bag nahallaryny oturtmak çärelerine gatnaşmak bilen, ählumumy gerime eýe bolýan döwletli işe ekologiýa, durmuş, Watançylyk we raýatlyk ähmiýetini berýär. Ýaş baglary köpçülikleýin oturtmak bilen baglanyşykly dabaralar diňe bir ildeşlerimiziň belent ruhly zähmetleriniň hakyky baýramynyň däl, eýsem, milli Liderimiziň döredijilik başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde türkmen halkynyň ýokary gujur-gaýratynyň ýene bir aýdyň subutnamasy boldy. 2019-njy ýylda Ahal welaýatynyň Bäherden we Ak bugdaý etraplarynyň çäklerinde 1,5 million düýp agaç ekildi, ýene-de şunça ýaprakly, pürli nahallar, miweli agaçlar we üzüm sebitlerde ekildi.

Tutuşlygyna alnanda, bagy-bossanlyk möwsüminiň barşynda miweli agaçlaryň 600 müň düýbi, şeýle hem tut agaçlarynyň 300 müň düýbi oturdyldy. 2019-njy ýylyň sentýabrynda döwlet Baştutanymyz howanyň üýtgemegi barada milli strategiýanyň rejelenen görnüşini tassyklady.

Ol BMG-niň 2030-njy ýyla çenli strategiýasyny we howanyň üýtgemegi boýunça Pariž Ylalaşygyny nazara almak bilen işlenip taýýarlanyldy.Möhüm resminama bu ugurda alnyp barylýan giň gerimli işleriň nobatdaky tapgyryny aňlatmak bilen, döwletiň ykdysady, azyk, suw we ekologiýa howpsuzlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen ulgamlaýyn çäreleri durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýar. Ýokarda agzalan strategiýany anyk durmuşa geçirmek üçin howanyň üýtgemegini gowşatmak we oňa uýgunlaşmak boýunça Hereketleriň milli meýilnamasyny taýýarlamak işi alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, bu iş BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň we beýleki halkara guramalarynyň tehniki goldaw bermeginde Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenistanyň beýleki ugurdaş ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryny bilen ýakyn hyzmatdaşlyk etmeginde alnyp barylýar.

Milli çäklerden uzaklara çykýan möhüm meseleleriň arasynda Hazar sebitiniň uglewodorodlary gazyp çykarmakda we ibermekde dünýäde iri merkezleriň birine okgunly öwrülýändigini nazara alanyňda Hazar deňziniň biodürlüligini we ekologiýa sazlaşygyny saklamak hem möhüm meseleleriň biridir. Şunuň bilen baglylykda, 2019-njy ýylyň 11 — 12-nji awgustynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň jemleri boýunça başlyklyk etmegiň Beýannamasynyň resminama hökmünde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda kabul edilmegi we bu halkara guramasynyň resmi dillerinde neşir edilmegi guwandyryjydyr. Şeýlelikde, birinji Hazar ykdysady forumynyň jemleýji resminamalarynyň we hormatly Prezidentimiziň oňa giren, Hazar meselesine ählumumy häzirki zaman meseleleri, şol sanda daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykda garaýan konseptual teklipleriniň taryhy ähmiýeti nygtaldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow deňziň baý tebigy serişdelerini goramaga we rejeli peýdalanmaga gönükdirilen tebigaty goraýyş çäreleriniň toplumy hökmünde täze Hazar ekologiýa maksatnamasyny döretmek barada çykyş edip, Biz ekologiýanyň ykdysady we täjirçilik bähbitlerine bakna bolup bilmejekdigine berk ynanýarysdiýip beýan etdi. Şonda döwlet Baştutanymyz Hazaryň ýaşyl diplomatiýasynyň netijeli ýollaryny ýola goýmagy, bu işe döwletleri, halkara agentliklerini, ekologiýa merkezlerini we köçülikleýin habar beriş serişdelerini çekmegi teklip etdi.

Birinji Hazar ykdysady forumynyň öň ýanynda gerimi boýunça ajaýyp wakanyň-Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan guralan gerimi boýunça täsin waka — ekologiýa boýunça okuw sapagy geçirildi, oňa üç müň adam gatnaşdy.Bu bolsa Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan geçirilen iň uly ekologiýa sapagy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Şeýle hem 2019-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri baradaky döwlet kärhanasy ýatyrylyp, onuň binýadynda Hazar deňzi instituty döredildi.

Dürli ugurlar boýunça amala aşyrylýan işleri seljermek, deňiz ylmy-barlag işlerini geçirmek, Hazar deňzi bilen bagly halkara-hukuk we milli resminamalary, şeýle hem Hazar meseleleri we beýlekiler boýunça halkara şertnamalarynyň ýurdumyzda ýerine ýetirilişine syn bermek bu edaranyň esasy wezipeleriniň biridir.

Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen Ekologiýa auditi hakynda Kanun hem milli kanunçylygyň üstüni ýetirdi.Ol daşky gurşawy goramagyň talaplarynyň berjaý edilişine we hojalyk işiniň ähli görnüşlerinde ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegine gönükdirilendir.

Tebigata jogapkärli çemeleşmek häzirki wagtda ýurtlaryň we halklaryň durnukly ösüşiniň ýeke-täk ýoludyr.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýä jemgyýetçiligini hut şuňa hem çagyrýar.Türkmenistan ekologiýa başlangyçlaryny dünýä derejesinde öňe sürmek bilen, halkara hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly meýdançany döredýär hem-de häzirki zamanyň ählumumy wezipeleriniň çözgüdine goşant boljak öz gymmatly tejribesini işläp taýýarlaýar.

Ýene degişli makalalar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: oba hojalyk toplumy
17.04.2018 | Täze suw üpjünçilik ulgamy işe girizildi
Täze suw üpjünçilik ulgamy işe girizildi
14.02.2019 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl: Obasenagat toplumy
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl: Obasenagat toplumy
08.12.2019 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň täze binalary