3 ölçegli çap usulynda 6 günde gurlar

Germaniýanyň Geýdelberg şäherinde üç ölçegli çap usuly arkaly jaýyň gurluşygyna başlandy.Bilermenler döwrebap usuldan peýdalanylyp gurulýan jaýyň gurluşygynyň alty günde tamamlanjakdygyny belleýärler.Jaýyň bu usul arkaly Ýewropada gurlan iň uly jaý boljakdygyny aýdýarlar.

Heidelberg Materials kompaniýasynyň betondan gurýan jaýynyň maglumat merkeziniň binasy boljakdygy mälim edildi.Bina iýul aýynda ulanmaga doly taýýar bolar.Taslamany işläp taýýarlan Hans-Ýorg Kraus uzynlygy 55 metre, ini 11 metre we beýikligi 9 metre barabar boljak binanyň 140 iş sagadynda gurlup gutaryljakdygyny belleýär.

Bu usulda binanyň gurluşygy üçin has az işçi güýjüne zerurlyk duýulýar.Binada ulanylan materialyň önümçiliginiň portland sementindäkiden howany has az zaýalaýandygy mälim edildi.

Bilermenleriň bellemeklerine görä, üç ölçegli çap etmek usuly binalaryň dizaýnyny has çeýe taslamaga mümkinçilik berýär. Geljekde bu usulyň has köp peýdalanylmagyna garaşylýar.

Yslamberdi TYLLANUROW,

Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň Halk Maslahatynyň agzasy.

Ýene degişli makalalar

Professor Hans Maýsnerden Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk haty geldi
Türkmenistanyň Prezidenti GFR-iň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti germaniýaly işewürleri kabul etdi
BMG-NIŇ BOSGUNLAR BOÝUNÇA ÝOKARY KOMISSARYNYŇ MÜDIRLIGINIŇ SEBIT WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
Hermitage Home Interiors sergi otagynda Ýewropa haryt nyşanlarynyň duş ulgamlary hödürlenýär
Tedros Adhanom Gebreýesus Ýer Titremeleriniň Başdan Geçirlen Sebitlerine Bardy