3-nji iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

3-nji iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Bütindünýä welosiped güni bilen gutlady, Türkmenistanda çagalar üçin tomusky dynç alyş möwsümi açyldy, Aşgabat Kazan ugry boýunça uçuşlar Moskwa gönükdirildi we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Şu gün Türkmenistan halkara jemgyýetçiligi bilen bilelikde Bütindünýä welosiped gününi belleýär. Şanly waka mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow watandaşlaryny bu halkara baýramçylyk bilen gutlady.Irden Aşgabatda döwlet Baştutanynyň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýöriş guraldy. Ýörişe Ministrler Kabinetiniň we Mejlisiň agzalary, döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalarynyň işgärleri goşuldylar. 2.

Aşgabat şäherinde mekdep okuwçylaryny Gökderedäki çagalar sagaldyş merkezlerine ugratmak üçin däbe öwrülen dabara geçirildi.Bu waka mynasybetli dabaraly çykyşlar ýerine ýetirildi.Joşgunly aýdymlar we şowhunly tanslar, çagalar toparlarynyň şadyýan sahna çykyşlary çagalar üçin döredijilik sowgady boldy.

Tomsuna Gökderede, Awaza milli syýahatçylyk zolagynda, şeýle hem beýleki welaýatlarda ýerleşýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dabaraly çäreler, sport ýaryşlary we döredijilik bäsleşikleri geçirilýär.Mugallymlaryň ýolbaşçylygynda çagalar gurnaklara gatnaşarlar, kompýuter programmalaryny we daşary ýurt dillerini öwrenerler. 3.

Arkadag şäherinde geçirilen Halkara matematika olimpiadasynda birinji orny eýelän Russiýa Federasiýasynyň mekdep okuwçylaryndan ybarat topar Awaza milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän Daýanç sagaldyş merkezine 10 günlük syýahat bilen sylaglandy.Mälim bolşy ýaly, Halkara matematika olimpiadasy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde guraldy. Şeýle hem ýaş matematikleriň syýahaty üçin serişdeler gaznanyň hasabyna bölünip berildi. 4.

Türkmenistan awiakompaniýasy Russiýa Federasiýasyna uçuş tertibine üýtgeşmeleriň girizilendigini mälim etdi. 2-nji iýundan başlap, awiakompaniýa Aşgabat Kazan Aşgabat ugry boýunça uçuşlary wagtlaýyn togtatdy.Munuň ýerine uçarlar Moskwa uçar.

Türkmen howa ýollarynyň saýtynda ýerleşdirilen resmi beýanata görä, Kazana uçuş petekleri bolan ýolagçylar goşmaça töleg tölemezden, olary Moskwa uçmak üçin ulanyp bilerler.Mundan başga-da, awiakompaniýa Tatarystanyň paýtagtyna petek satyn alanlar üçin Moskwanyň howa menzilinden Kazana mugt alyp gitmek hyzmatyny hödürleýär. 5.

Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumy Tennis boýunça sebit merkezi diýlip yglan edildi.Aziýa tennis federasiýasy tarapyndan degişli güwänama 1-nji iýunda Türkmenistanyň paýtagtynda geçirilen dabarada gowşuryldy. Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan çäre Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda geçirildi.

Güwänamany gowşurmak dabarasyndan başga-da, bu ýerde çagalar tennis festiwaly açyldy.Täze dereje Aşgabat şäherine diňe bir iri ýaryşlary däl, eýsem, Aziýanyň dürli künjeklerinden türgenler üçin türgenleşik ýygnanyşyklaryny hem geçirmäge mümkinçilik berer.

Bilermenler munuň sebitde tennisiň ösüşini çaltlaşdyrjakdygyny we ýerli oýunçylaryň derejesini ýokarlandyrjakdygyny belleýärler.

Dünýäde

6.Uly şäherleriň döredýän stressi we işdäki ýadawlyk Hytaýda köp ýaşlary sessizlik we asudalyk gözlemäge iterýär. 30 ýaşlylar üçin ýörite garrylar öýlerinde wagtlaýyn galmak adaty bolmadyk çözgüt hökmünde meşhurlyk gazanýar. Şeýle edaralaryň pelsepesi durmuşyň binýatlyk derejesine ýetmek üçin edilýän tagallalary azaltmak baradaky hytaý ýörelgesine esaslanýar.

Iri şäherlerde we welaýatlarda ýerleşýän bu merkezler ýaşaýjylarynyň psihiki saglygyna ünsi jemleýär. 7.Lionsgate kinokompaniýasy Maýkl Jekson hakyndaky terjimehal filminiň surata düşürilişiniň tamamlanandygyny habar berdi.Maýkl atly film 2025-nji ýylyň 18-nji aprelinde bütin dünýäde görkeziler.

Bu habar bilen birlikde, filmi döredijiler onuň ilkinji kadryny we surata düşüriş meýdançasynyň suratyny paýlaşdylar.Terjimehal filmi Jeksonyň durmuşy barada, ýeňil bolmadyk çagalygyndan başlap, karýerasynyň iň ajaýyp pursatlaryna çenli gürrüň berer.

Sport habarlary

8.Antalýada Türkmenistanyň we Grenlandiýanyň milli ýygyndylarynyň arasynda dostluk duşuşygy geçirildi.Duşuşyk 5:0 hasabynda türkmen toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy. Ýeňijileriň düzüminde Elman Tagaýew iki pökgi geçirdi, Didar Durdyýew, Şanazar Tirkişow we Alibek Abdurahmanow hersi bir pökgi geçirdiler.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Özbegistanyň we Gonkongyň milli ýygyndylaryna garşy dünýä çempionatynyň ikinji saýlama tapgyrynyň soňky oýunlaryna taýýarlyk görýändigini ýatladýarys. 9.Londonyň Wembli stadiony Çempionlar ligasynyň finalynda Madridiň Realynyň ýene bir ýeňşine şaýat boldy.

Aýgytly oýunda Ispaniýanyň ägirdi Dortmundyň Borussiýasyndan 2:0 hasabynda ynamly üstün çykdy. Çempionlar ligasynda eýýäm 15-nji ýeňşini gazanan Real bu ugurda yzyndaky toparlardan hasam öňe geçdi. Ýeňişleriniň sany boýunça onuň iň ýakyn bäsdeşi bolan Milanyň ýedi kubogy bardyr. 14-nji awgustda Real UEFA-nyň Superkubogy ugrundaky oýunda Ýewropa ligasynyň ýeňijisi bolsan Italiýanyň Atalanta topary bilen duşuşar.

Oýun Warşawada geçiriler. 10.Roma kärende ylalaşygy tamamlanandan soň hüjümçi Serdar Azmunyň şertnamasyny Germaniýanyň Baýerinden satyn almagy meýilleşdirmeýär.Muňa garamazdan, 29 ýaşly futbolçynyň karýerasy Ispaniýanyň çempionatynda dowam edip biler. Ýedi gezek Ýewropa ligasynyň ýeňijisi bolan Sewilýanyň Azmunyň hyzmatlary bilen gyzyklanýandygy habar berildi.

Mundan başga-da, birnäçe italýan kluby bu oýunçyny düzümine goşmak mümkinçiligine seredýär.Azmun bu möwsüm Romanyň düzüminde ähli ýaryşlarda 29 oýuna gatnaşdy.Ol dört pökgi geçirip, şonça gol pasyny berdi.

Ýene degişli makalalar

Täjigistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyna çagyrdy, Moskwada Dutaryň sesi festiwalyna bagyşlanan konsert geçiriler we beýleki habarlar
Iň köp aýdymy diňlenen zenan aýdymçy boldy
Ahalyň goragçysy Hakmuhammet Bäşimow ilkinji gezek Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzümine çagyryldy
Serdar Geldiýew: Ähli toparlarda toparçadan çykmak üçin mümkinçilik bar
AÇL. Pahtakor — Ahal oýnunyň esasy düzümleri belli boldy
Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabat Deli ugry boýunça uçuş tertibini üýtgetdi, görnükli türkmen şahyry Magtymgulynyň döredijiligi Nýu-Meksiko uniwersitetinde ara alnyp maslahatlaşyldy we beýleki habarlar