Mälim bolşy ýaly 2018-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen 3-nji iýun “Bütindünýä welosiped güni’’ diýip yglan edildi. Şu ýylyň 15-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji mejlisinde “Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek” atly Kararnama kabul edildi.
Bu Kararyň kabul edilmegi welosiped sürmegiň beýleki ulaglara seredeniňde ekologiýa taýdan arassa ulagdygyny, şeýle hem adam saglygy üçin hemişe peýdalydygyny bellemek zerurdyr.
Welotrek ýaryşlary ilkinji gezek 1893-nji ýylda Dünýä çempionaty geçirildi. 1894-nji ýylda Aşgabatda welosiped sürüjileriň jemgyýeti döredildi we 1900-nji ýylda welosport boýunça Halkara welosiped sürüjiler birleşigi esaslandyryldy. Welosport boýunça ilkinji Aziýa çempionaty 1963-nji ýylda geçirildi.
Bütindünýä welosiped güni sportuň, sagdynlygyň, abadançylygyň, agzybirligiň hem-de parahatçylygyň baýramydyr. Sebäbi welosiped diňe bir adamzadyň akyl zähmetiniň önümi bilen döredilen ýönekeý bir ulag bolman, eýsem-de ol sagdyn ýaşaýyşyň, sporta bolan söýginiň esasy alamatydyr.
Abdyjepbar ABDYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy