3-nji çempionlygy

XVII Aziýa Kubogyna tarap

Futbol boýunça Aziýa Kubogy bäsleşiginiň 11-njisi 1996-njy ýylyň 421-nji dekabry aralygynda BAE-de geçirilýär.Oňa 12 ýygyndy gatnaşyp, çempionatda ilkinji gezek 10-dan köp topar çykyş edýär.

Duşuşyklar ýurduň paýtagty Abu Dabi, Dubaý hem-de Al-Ain şäherlerindäki stadionlarda oýnalýar. Ýer eýeleri BAE bilen soňky çempion Ýaponiýa gönümel gatnaşsa, Özbegistanyň hem-de Indoneziýanyň ýygyndylary çempionatyň debýutantlary bolýar.

Bulardan başga-da, Hytaýyň, Siriýanyň, Eýranyň, Yragyň, Kuweýtiň, Günorta Koreýanyň, Saud Arabystanynyň hem-de Tailandyň milli toparlary çempionata gatnaşýar.Olar 2 toparçada çykyş edýär. “A” toparçada ýer eýeleri BAE bilen bir hatarda, Kuweýtiň, Günorta Koreýanyň hem-de Indoneziýanyň ýygyndylary özara güýç synanyşýar. “B” toparça Eýranyň, Saud Arabystanynyň, Yragyň hem-de Tailandyň ýygyndylary düşýär. “C” toparçany-da Ýaponiýanyň, Siriýanyň, Hytaýyň hem-de Özbegistanyň milli toparlary düzýär.Çempionatyň ilkinji oýny “A” toparçada ýer eýeleri BAE bilen G.

Koreýanyň duşuşygy 11 deňlikde tamamlanýar. Şol günki beýleki duşuşykda-da ýeňiş gazanan bolmaýar (Indoneziýa-Kuweýt: 22).Soňky 2 duşuşygynda BAE ilki Kuweýti 32, soňra-da Indoneziýany 20 hasaplar bilen ýeňip, toparçada 1-nji orny eýeleýär.

Koreýler çempionatyň täze topary Indoneziýany 42 ýeňýär.Kuweýt bolsa, G.Koreýadan 20 üstün çykýar.Bu toparçadan jemi 3 ýygyndy ýaryşy dowam etdirýär. 4 utukly toparlardan Kuweýt 2-nji, G.

Koreýa 3-nji ýeri eýeleýär.“B” toparçada 3 topar 6 utuk toplaýar.Utuk alyp bilmedik Tailandyň ýygyndysy Saud Arabystanydan 60, Eýrandan 31 (Saadawi 38, Minawand 54, Ali Daei 70 — Kiatisuk 80), Yrakdanam 41 (Ýunus Mahmud 17, 50, Hussein 23, 63 Dusit 26) ýeňilýär. 6 utuk alan 3 toparyň özara duşuşyklaryna seredenimizde-de, hersi 1 oýunda utulýar.

Eýran Yrakdan 21 (Fawzi 37, Sabbar 69 — Daei 90 p), Yrak S.Arabystanydan 10 (Al-Mehallel 26), S.Arabystany-da Eýrandan 30 (Daei 12, Bageri 37, Azizi 47) asgyn gelýär.“C” toparçada-da Ýaponiýa 9 utuk toplap, 1-nji orny eýeleýär. 3 utuk alan 3 ýygyndynyň arasyndan-da Hytaý 2-nji bolup, toparçadan çykýar. Ýaponiýa Siriýany soňky minutlarda geçiren gollary bilen 21 (Abbas 85 ö.d., Takagi 88 — Johadar 8) ýeňýär. Özbekleriň torundan jogapsyz 4 pökgi (Nanami 7, Miura 37, Maezono 86, 90) girizen ýaponlar Hytaýyň ýygyndysyny-da Somanyň 90-njy minutdaky goly bilen ýeňýär. Özbegistan Hytaýy 20 (Şkwirin 78, Şatskih 90), Hytaý Siriýany 30, Siriýa-da Özbegistany 21 utýar.

Gol aratapawudynda hytaýlylar öňe saýlanyp, toparçada 2-nji orny eýeleýär.Çempionatyň çäklerinde ilkinji gezek çärýek final duşuşyklary geçirilýär. Ýer eýeleri BAE-niň ýygyndysy Yragyň milli toparyny goşmaça wagtda Ibrahimiň 103-nji minutdaky goly bilen 10 utýar.

Kuweýt soňky çempion Ýaponiýany Al-Huwaidiniň 2 goly bilen ýeňip, olary ýaryşdan çykarýar.Günorta Koreýa bilen Eýranyň arasyndaky oýunda 8 gol geçirilýär.Ilkinji bolup hasaby açan koreýler 2 gezek öňe geçselerem 62 hasabynda asgyn gelýär.

Soňky 25 minutda Eýranyň meşhur ýyldyzy, umumylykda tutuş dünýäde milli ýygyndylarda iň köp gol geçiren hüjümçi Ali Daeini saklamak koreýlere başartmaýar.Ussat oýunçy 23 minutyň dowamynda 4 gol geçirýär (Bageri 31, Azizi 52, Daei 66, 76, 83, 89 p — Kim Do-Hun 11, Şin Tae-Ýon 35).

Garşylykly gollaryň geçirilen duşuşygynda-da Saud Arabystany Hytaýyň ýygyndysyny 43 hasaby bilen utýar.Ýarym finalda BAE goňşusy Kuweýti Saidiň 69-njy minutdaky ýeke-täk goly bilen 10 ýeňýär.

Ilkinji sapar finala çykan BAE garşydaşyny toparçada-da ýeňipdi. “B” toparçada duşuşan Eýran bilen Saud Arabystanynyň milli toparlarynyň arasyndaky ýarym finalda hasap açylmaýar.Penalti urgularynda has ussatlyk görkezen araplar bassyr 4-nji gezek finala çykýar.

Olar muny başaran ilkinji topar bolýar.3-nji ýer ugrundaky oýunda Eýran bilen Kuweýt duşuşýar. 15-nji minutda Al-Huwaidi bilen öňe saýlanan kuweýtlilere 40-njy minutda Ali Daei jogap berýär.

Duşuşykda ýeňiji penaltilerden soň, belli bolýar.Eýranyň ýygyndysy 43 hasabynda öňe saýlanyp, ýeňşini baýram edýär.Final duşuşygynda ilkinji sapar 2 arap döwleti ýer eýesi BAE bilen Saud Arabystany duşuşýar. Şeýh Zaýediň adyny göterýän stadiondaky oýna 60 müň janköýer tomaşa edip, duşuşykda malaýziýaly Mohd Nazri Abdullah jürlewük çalýar.

Oýnuň esasy wagtynda-da, goşmaça 30 minutda-da hasap açylmaýar.Penaltilerde artykmaçlyk görkezen Saud Arabystanynyň ýygyndysy 42 hasabynda ýeňşini baýram edýär. Şeýlelikde, Saud Arabystanynyň milli ýygyndysy Eýrandan soň, Aziýa Kubogyny 3 gezek alan 2-nji topar bolýar.Çempionatyň iň gymmatly oýunçysy baýragyna eýranly Hodadad Azizi laýyk görülýär. 8 gol geçiren eýranly Ali Daei iň netijeli hüjümçi baýragyny eýeleýär. Çempion topardan Mohamed Al-Deaýea iň ökde derwezeçi diýlip saýlanýar.

Geçirilen 26 oýunda 80 gol hasaba alnyp, olary 47 futbolçy derwezä girizýär.

Ýene degişli makalalar

Ýaponiýanyň 3-nji çempionlygy
Messi 3-nji orna beýgeldi, ondan öňde Daei bilen Ronaldo bar
Daşary ýurtlaryň uçarlary Türkmenistanyň howa menzillerine 1,5 müňden gowrak tehniki gonuşlary amala aşyrdylar
TBMM-niň başlygy BAE-niň Döwlet baştutany bilen duşuşyk geçirdi
Mejlisiň Başlygy Kurtulmuş, BAE-de Saparda Bolýar
Türkmenistan we BAE durnukly suw çözgütlerini işläp düzmek boýunça gepleşikler geçirýär