Milli Goranmak ministrligi, Yragyň we Siriýanyň demirgazygynda terror guramalaryna garşy geçirlen operasiýalarda 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri 3 müň 226 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigi nygtaldy.
Milli Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary Zeki Aktürk, ministrlikde metbugata beren beýannamasynda, “Yragyň we Siriýanyň demirgazygynda geçirlen operasiýalarda 62-si soňky bir hepde-de bolmak bilen 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri 3 müň 226 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.
Beýleki tarapdan geçen hepde Yragyň demirgazygynda “Penje Gulp” operasiýasy zolagynda we Hakurk etrapçasynda dowam edýän gözleg we halas ediş işleriniň çäginde tapylan terrorçylara degişli gowaklarda köp sanly ýarag we ok-däri tapyldy.
Türk ýaragly güýçlerimiz terrora garşy egilşiksiz göreşini soňky terrorçy ýok edilýänçä dowam etdirer” diýildi.