Aşgabatda gaz pudagynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy, Türkmenistan we Katar göni howa gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýärler, Aşgabat bilen Awaza arasynda möwsümleýin awtobus gatnawy işe girizildi we beýleki habarlar
Türkmenistanda
1.Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Aşyrguly Begliýew bilen Hytaýyň CNPC kompaniýasynyň ýerli şahamçasynyň ýolbaşçysynyň hem-de HHR-niň Türkmenistandaky ilçisiniň arasynda duşuşyk geçirildi.Taraplar bar bolan gaz şertnamalarynyň ýerine ýetirilişiniň barşyny, şeýle hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini, şol sanda Galkynyş gaz käniniň ikinji tapgyrynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. 2.
Aşgabat şäherinde Türkmenhowaýollary agentliginiň wekili bilen Katar Döwletiniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekiliniň arasynda geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň we Kataryň arasynda göni howa gatnawlaryny ýola goýmagyň meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gepleşiklerde göni we üstaşyr gatnawlary ýola goýmak mümkinçiligine aýratyn üns berildi.Türkmenistanda Qatar Airways awiakompaniýasynyň ýerine ýetirýän howa gatnawlary, olaryň nyrhlary, hyzmatlary barada mahabatlandyryş işlerini geçirmegiň ýola goýulmagy teklip edildi. 3.
Tomus möwsüminiň öňüsyrasynda Awtomobil ulag hyzmaty Aşgabat — Awaza — Aşgabat ugurlary boýunça gündelik awtobus gatnawyny ýola goýýar.Bu gatnaw 1-nji iýundan başlap hereket eder.Awtobus Aşgabatdan irden sagat 06:00-da Çoganly ýaşaýyş toplumynyň çäginde ýerleşýän Halkara awtomenzilden ugraýar.
Bir taraplaýyn petegiň bahasy 75 manat möçberinde kesgitlenýär. 4.Mary welaýatyň medeniýet we sungat işgärlerinden ybarat türkmen wekiliýeti Duşenbe şäherinde geçirilen Şaşmakom halkara festiwalyna gatnaşdy.Forum Ýakyn we Orta Gündogaryň halklarynyň milli aýdym-saz sungatlaryny ösdürmegiň mümkinçiliklerine bagyşlandy.
Türkmen bagşysy Maksat Ataýew we sazanda Mergen Jumaýew özleriniň ussatlyklaryny görkezdiler.Olar Näzli gelin atly halk aýdymyny ýerine ýetirdiler. 5.Türkmengaz döwlet konserni Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy tarapyndan öndürilen täze buldozerler, ekskawatorlar we ýük göterijiler bilen ýöriteleşdirilen tehnikalar parkynyň üstüni ýetirdi.
Tehnikalaryň birinji tapgyry eýýäm konserniň Önümçilik desgalarynyň üpjünçiligi müdirliginiň 2-nji Mary bazasyna gelip gowuşdy.Täze enjamlar gaz ýataklaryny özleşdirmekde buraw, gurluşyk we gurnama işleri üçin peýdalanylar.Dünýäde
6.Almatyda syýahatçylara şäheriň esasy gözel ýerlerine barlanda we şäher boýunça gezelençlerde pul tygşytlamaga mümkinçilik berýän Almaty Pass atly bitewi syýahatçylyk petegi tanyşdyryldy.Almaty Pass bilen tygşytlylygyň möçberi her bir desga üçin aýratyn petek satyn almak bilen deňeşdirilende, 63%-e çenli ýetip bilýär.
Mysal üçin, onuň hödürleýän hyzmatlarynyň toplumyna asma ýol we Kok-Tobe syn ediş çarhy ýaly meşhur ýerlere baryp görmek, üsti açyk awtobusda şähere gezelenç etmek we beýlekiler girýär.Sport habarlary
7. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň futbolçylary 1-nji iýunda Antalýada Grenlandiýanyň topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirerler. Bu oýun 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin saýlama tapgyryň çäklerinde Özbegistan we Gonkong bilen oýunlara taýýarlyk görýän Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäklerinde meýilleşdirildi.