29-njy dekabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň jemleri

29-njy dekabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň jemleri

29-njy dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ruhyýet köşgünde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar.

2024-nji ýylyň şygary we nyşany yglan edildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen, türkmen akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýyl Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly diýlip yglan edildi. Şunuň bilen baglylykda, ýetip gelýän ýylyň täze nyşany tassyklandy.

Halkara hyzmatdaşlygy

Goňşy ýurtlaryň birnäçesiniň wekilleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ýaşlar — Watanyň daýanjy atly kitabyny öz dillerine terjime etmek barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine ýüz tutdular.

Jemgyýet

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk günlerinde şäherleriň we obalaryň kadaly ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün edýän ähli gulluklaryň nobatçylygyny guramagy tabşyrdy.

Şäherlerde we obalarda jemgyýetçilik ulaglarynyň kadaly gatnamagyny üpjün etmegi, ilata aragatnaşyk hyzmatlarynyň bökdençsiz üpjün edilmegini berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

2023-nji ýylyň deslapky san maglumatlary

Ministrler Kabinetiniň 46, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 10 mejlisi, şeýle hem dürli döwlet maslahatlarynyň 44-si geçirildi.

Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň 10 göterim artdyrylan möçberleri öz wagtynda maliýeleşdirildi.

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň birinji tapgyrynyň çäklerinde durmuş-medeni we beýleki maksatly desgalaryň 336-sy bina edildi.

2023-nji ýylyň möhüm wakalary

Arkadag şäheri açyldy we bu şähere kanunçylyk esasynda aýratyn hukuk derejesi — döwlet ähmiýetli şäher derejesi berildi.

Aşgabat şäheri Dizaýn ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizildi.

Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny hem-de Bütindünýä durnukly ulag güni atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Togg 40 Müňe Golaý Adama Satyldy
Aşgabat ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň torunda
Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Hökümetiň nobatdaky mejlisini geçirdi
Hormatly Prezidentimiz türkmen halkyny ÝUNESKO-dan gelen hoş habar bilen gutlady
Gurbanguly Berdimuhamedow Astanada Gazagystanyň Prezidenti bilen duşuşdy, Türkmenistanda galtaşyksyz töleg hyzmaty giriziler, Özbegistanda Türkmen halylarynyň milli muzeýiniň açylyşy boldy we beýleki habarlar