29.11.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Serhetabat Turgundy demir ýolunyň gurluşygyna badalga berdi

Mary welaýatyna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen serhedinden Owganystanyň Turgundy şäherine tarap täze demir ýoluň gurluşygyna badalga berdi.Bu waka Türkmenistanyň we Owganystanyň üstünlikli ösdürilýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ýene-de bir subutnamasydyr.

Iki ýurduň demir ýoluň edaralary geçen hepde Aşgabatda bu demir ýoluň şahasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.Türkmenistanyň Baştutanynyň tabşyrmagy bilen taýýarlanan taslama döwletlerimiziň arasyndaky ulag düzümini giňeltmäge hem-de doganlyk ýurtly hyzmatdaşlara logistiki hyzmatlary hödürlemäge gönükdirilendir.

Aslynda, Türkmenistanyň Serhetabat bekedinden Owganystanyň Turgundy nokadyna çenli demir ýoluň ýagdaýy nazara alnyp, onuň düýpli döwrebaplaşdyrylmagy bu bölegiň täzeden guruljakdygyny aňladýar, özi-de tutuşlygyna Türkmenistanyň öz serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylar. Şu gün irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarynda serhet ýakasyndaky Serhetabat bekedine geldi.

Döwlet Baştutanymyz diňe bir iki goňşy ýurt üçin däl, eýsem, tutuş sebit üçin ähmiýetli bolan şanly waka bilen köpsanly dabara gatnaşyjylary gutlap, olaryň öňünde çykyş etdi.Biz bu gün taryhy ähmiýeti bolan wakanyň şaýady bolýarys.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan “açyk gapylar” we oňyn Bitaraplyk syýasatyny alyp barýar. Ýurdumyzyň durmuşa geçirýän işjeň syýasaty goňşy ýurtlar, sebitiň döwletleri we tutuş dünýä ýurtlary tarapyndan giň goldawa eýe bolup, ol halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýär.

Munuň özi ýurdumyzyň amala aşyrýan parahatçylyk döredijilik we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygynyň subutnamasydyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.Ulag gatnawlarynyň ösdürilmegi häzir netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm şertleriniň birine öwrülýän diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Şu babatda, ýol gurmagy gadymdan sogap iş hasaplaýan türkmen halky bu däbi mynasyp dowam edýär. Ýurdumyzda halkara ölçeglerine doly laýyk gelýän hem-de biziň ýol ulgamymyzy sebitiň logistika ulgamyna ýakynlaşdyrmaga mümkinçilik berýän ulag ýollary we demir ýollary gurulýar.

Halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösüşinde, Türkmenistanyň multimodal ulgamynda demir ýollaryň işjeň hereketine möhüm orun berilýär. Şoňa görä-de, onuň düzümini giňeltmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär.Hormatly Prezidentimiz Gazagystan-Türkmenistan-Eýran, Kerki-(öňki Atamyrat)-Ymamnazar-Akina demir ýollaryny muňa mysal hökmünde getirdi. Şu we beýleki, şeýle hem gurluşygy meýilleşdirilen ugurlar sebitiň ýurtlarynyň arasynda netijeli gatnaşyklary ösdürmek, olaryň ykdysady kuwwatyny artdyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Biz doganlyk owgan halkyna hemmetaraplaýyn kömek-goldaw berýäris we goňşy ýurduň galkynmagyna oňyn täsirini ýetirýän tagallalarymyzy mundan beýläk-de gaýgyrmarys diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de Türkmenistanyň başlangyjy boýunça ýakynda Aşgabatda Owganystan boýunça sebit ykdysady hyzmatdaşlygynyň 7-nji maslahatynyň geçirilendigini nygtady. Şonda tutuş sebit ähmiýetli ylalaşyklar gazanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan transmilli gazgeçirijisiniň gurluşygy barada aýdyp, bu taslamanyň çäklerinde elektrik geçiriji we aragatnaşygyň optiki-süýümli ulgamynyň gurulmagynyň hem meýilleşdirilýändigini, munuň hem sebitiň depginli ösdürilmeginde ýoluň tutýan ornuny artdyrýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistandan Owganystan Yslam Respublikasyna iberilýän elektrik energiýsynyň möçberlerini artdyrmak baradaky çözgüdiň kabul edilýändigini belläp, ýurdumyzyň demir ýol gurluşykçylarynyň owgan tarapynyň haýyşy boýunça goňşy döwletiň Turgundy şäherine çenli demir ýoluň gurluşygyna başlaýandyklaryny aýtdy hem-de goňşy ýurduň we beýleki döwletleriň gülläp ösmegi üçin ähmiýetli bolan bu gurluşygyň başlanmagyna ak pata berdi.

Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylary häzirki taryhy ähmiýetli waka bilen ýene-de bir gezek gutlap, täze düzümleýin desganyň ýokary hilli guruljakdygyna hem-de Owgpanystanyň we sebitiň beýleki halklarynyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna oňyn täsir etjekdigine ynam bildirdi. ...

Serhetabatdan Owganystanyň Turgundy şäherine tarap türkmen serhedinden başlap, täze demir ýol ugrunyň gurluşygyna badalga berilmegi bilen baglanyşykly dabara gatnaşyjylaryň gözüniň öňünde demir ýol wagonlary goňşy ýurda tarap ugraýar.Onuň ilkinji wagonynda owgan topragynda demir ýoly çekjek gurluşykçylar barýarlar.

Olar geçip gitmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de dabara gatnaşyjylaryň ählisini uly ruhubelentlikde mübäreklediler.Olaryň yzýany bilen demir ýolda hereket edýän ýol gurujy maşynlar, ýük göterijiler, soňra bolsa dürli tehnikalar we gurluşyk serişdeleri, relsşypally gözenekler we beýlekiler barýar.

Täze döwletara demir ýolunyň gurluşygy üçin zerur bolan hemme ýükler ýüklenen demir ýol ulaglarynyň uzyn hatar bilen barýan düzüminiň jemi 42 wagondan hem-de demir ýol arabalaryndan ybarat.Umuman, eltiji ýollar bilen birlikde, türkmen gurluşykçylary diňe bir demir ýoly çekmän, eýsem, onuň düzümini hem gurnarlar.

Bularyň ählisi Turgundy bekediniň geçirijilik kuwwatyny artdyrmaga mümkinçilik berer, deňze çykalgasy bolmadyk Owganystanyň haryt dolanyşygy üçin onuň ähmiýetini güýçlendirer.Bu demir ýol şahasy boýunça ýurt öz öňümlerini daşarky bazarlara çykarmaga hem-de isleg bildirilýän daşary ýurt harytlaryny getirmäge hem oňaýly mümkinçilige eýe bolýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wagonlaryň düzümini ugradyp, täze taslamany amala aşyrjak demir ýol pudagynyň zähmetkeşleri bilen söhbetdeş boldy.Türkmenistan ähli ugurlar boýunça dünýäniň ösüşiň has ýokary görkezijileri bolan döwletleriniň hatarynda mynasyp orny eýeleýär diýip, milli Liderimiz belledi.

Giň möçberli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.Olaryň ýerine ýetirilmegine diňe bir milli däl, eýsem, ähmiýetli halkara taslamalaryna hem işjeň gatnaşyp, demir ýol ulaglary pudagynyň işgärleri hem uly goşant goşýarlar.

Biziň ata-babalarymyz gadymy döwürlerde ýol çekmegi, köpri gurmagy sogap iş hasaplapdyrlar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.Olaryň asylly däplerine eýerilip, ýurdumyzda häzirki zaman awtomobil we polat ýollaryň, ýol gatnawlary üçin ähmiýetli bolan köprüleriň gurluşyklary giň gerim bilen alnyp barylýar.

Milli Liderimiz demir ýol ulagy pudagynda bu ugurda alnyp barylýan netijeli işi mysal hökmünde getirip, Türkmenistandan Owganystana we ondan aňryk Täjigistana tarap demir ýoluň ähmiýetini aýratyn nygtady.Tutuş sebitiň ýurtlary, aýratyn-da, Owganystanyň ykdysady taýdan galkynmagy üçin ähmiýetli bolan bu polat ýol häzirki zaman ulag düzüminiň ýokary görkezijilerine laýyk gelýär.

Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň taslamasy Owganystanyň geljekde Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň döwletlerine çykmak bilen, sebitiň ulag ulgamynyň düzüm bölegi hökmünde goşulmagyna gönükdirilendir. Şonuň bilen birlikde, bu ýurtda “Demirgazyk-Günorta” we “Gündogar-Günbatar” ugurlary boýunça Merkezi Aziýanyň çäklerinden geçýän halkara ulag geçelgeleriniň möhüm bölegi bolmaga hakyky mümkinçilik döreýär.

Demir hem-de gara ýollaryň Owganystanyň Hyrat welaýatyndaky Turgundy şäherini Aşgabat bilen, soňra Hazar deňzinde Türkmenbaşy deňiz menzili bilen birleşdirmegi göz öňünde tutulýar.Soňra geçelge Hazaryň üsti bilen Bakuwa, ondan aňryk Tbilisiniň üsti bilen Ankara we soňra Stambula çenli dowam etdiriler.

Türkmenistanda bar bolan demir we awtomobil ýollary bu ulag geçelgesiniň eýýäm uly bölegini emele getirýär, oňa Turgundynyň birikdirilmegi bolsa, ilkinji nobatda, üstaşyr geçirmek logistikasyny ýeňilleşdirmäge, Owganystanyň ykdysady taýdan ýakynlaşmagyny artdyrmaga hem-de sebitde söwdanyň möçberlerini köpeltmäge gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow demir we gara ýollaryň gurluşygy bilen birlikde elektrik geçirijileriň hem çekilýändigini belledi. Ýurdumyz döredilen goşmaça kuwwatlyklary göz öňünde tutup, Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini diňe bir ençeme esse köpeltmäge taýýar bolman, eýsem, Türkmenistan-Özbegistan-Täjigistan-Owganystan-Pakistan taslamasynyň çäklerinde ony eksport etmek boýunça täze meýilnamalary durmuşa geçirmek babatda hem anyk işleri alyp barýar.

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça taslama hem, şol sanda sebitde energiýa howpsuzlygyny we durnuklylygy pugtalandyrmak babatda uly ähmiýete eýedir.Täze ulag taslamasy bolan Serhetabat-Turgundy demir ýol ugrunyň durmuşa geçirilmegi Owganystanyň ykdysadyýetini ösdürmäge goşmaça ýagdaýlary döretmäge ýardam berer, bu ýurtda kiçi we orta işewürligi işjeňleşdirmäge, owgan önümleriniň goňşy döwletleriň bazarlaryna çykarylmagy hem-de eksport kuwwatynyň artdyrylmagy üçin mümkinçilikleri açar.

Häzir täzeden dikeldilýän Owganystan öz oba hojalyk önümlerini ýerlemek üçin täze bazarlary hem-de üstaşyr-söwda ugurlaryny işjeň gözleýär. Şoňa görä-de, Türkmenistan doganlyk ýurda kömek goldawyny uzadyp, nobatdaky işi amala aşyrýar: Turgundy nokadynyň hem-de ýurdumyzyň demir ýol ulgamynyň üsti bilen sebitiň beýleki döwletlerine we ondan daşary çäklere çykalga açýan çatrykdaky Serhetabat bekedine çenli döwrebaplaşdyrylan demir ýoluň işläp başlamagy bilen, Owganystanyň miwe, gök önüm, kakadylan miwe, gazylyp alynýan peýdaly önümlerini we beýlekileri öndürijileriniň gazanjak peýdasy ençeme esse artar.

Diýmek, köp maşgalalaryň hal-ýagdaýy ýokarlanar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu taslamanyň sebitde döwletara gatnawlarynyň möçberleriniň artmagyna hem-de Türkmenistanyň sebitde we yklymda möhüm ulag-logistika merkezi hökmünde ykrar edilmegine ýardam berjekdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz demir ýol ulaglary pudagynyň ähli işgärlerine hem-de beýleki hünärmenlere yhlasly zähmetleri üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, halkara ähmiýetli taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýän merdana türkmen demirýolçularyna hem-de Watanymyzyň ulag ulgamynyň ähli işgärlerine halkymyzyň buýsanýandygyny nygtady. Öz nobatynda, demirýolçular türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan ýadawsyz işleri üçin, ösüşlere beslenen özgertmeler syýasaty, Garaşsyz Türkmenistana belent abraý we dünýä jemgyýetçiliginiň ykrar etmegine getiren oňyn başlangyçlary üçin, ýokary hilli işlemäge hemme zerur şertleri döredendigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda demir ýol pudagynda örän uly özgerişlikler bolup geçdi.Iň täze demir ýollar guruldy, işgärler dünýä ölçeglerine kybap gelýän döwrebap enjamlar bilen üpjün edildi hem-de Watanymyzyň, sebitiň gülläp ösmegine we onuň halklarynyň abadançylygyna mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Demir ýol gurluşykçylary meýilleşdirilen işleri bellenilen möhletlerde tamamlamak ugrunda tejribelerini we yhlasyny gaýgyrman işlejekdiklerine hem-de özleriniň asylly zähmeti bilen Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň kuwwatyny has-da berkitjekdiklerine ynandyrdylar.Hormatly Prezidentimiz hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, bagtyýar durmuş, ýurdumyzyň demir ýol ulaglary pudagyny yzygiderli ösdürmek boýunça alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz demirýolçylaryň asylly we öndürijilikli zähmet çekmegiň nusgasyny görkezip, öňde goýlan wezipeleri mundan beýläk-de abraý bilen ýerine ýetirjekdiklerine, täze zähmet ýeňişlerini we ýokary görkezijileri gazanjakdyklaryna ynam bildirip, bu ýere ýygnananlar bilen hoşlaşdy hem-de bu ýerden Mary şäheriniň howa menziline tarap ugrady.

Biraz wagtdan döwlet Baştutanymyzyň dikuçary Mary şäheriniň howa menzilinde gondy. Şu gün hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny tamamlap, Aşgabada dolanyp geldi. ...Laýyk bir ýyl mundan ozal Kerki- (öňki Atamyrat) -Ymamnazar-Akina demir ýoly ulanmaga tabşyryldy.

Bu ýol boýunça Türkmenistandan Owganystana ilkinji ýük wagonlary ugradyldy.Häzir bu ýolda gatnawyň ýygylygy hem-de ýük daşalyşynyň möçberleri barha artýar. Ýurdumyz bolsa şondan soň, şeýle az wagtyň içinde häzir täze ýoluň—ulag düzüminiň ýene-de bir desgasynyň gurluşygyna girişdi.

Bu ýol iki döwleti birleşdirýär hem-de biziň günortadaky goňşymyzyň öňünde durmuş-ykdysady taýdan ösüşiň täze geljegini we daşary söwda gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmeginiň mümkinçiliklerini açýar.Täze taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň Türkmenistanyň Baştutanynyň ýatlap geçen Aşgabatda geçirilen RECCA VII forumynyň tekliplerine doly kybap gelýändigini bellemek gerek. Şol bir wagtda-da, munuň özi täze durmuşyny gurýan Owganystana kömek-goldaw hökmünde türkmen Lideri tarapyndan alnyp barylýan köpsanly beýleki işler ýaly nobatdaky ädim bolup, doganlyk döwletde ykdysady we durmuş durnuklylygyny gaýtadan dikeltmek işinde biziň ýurdumyzyň tutýan möhüm ornuny görkezýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Owganystandaky ýagdaýlary düzgünleşdirmekdäki meseleleriň çözülmegi ugrunda diňe syýasy-diplomatiki serişdelere ygrarlydygyny hem-de onuň ykdysadyýetini dikeltmäge, senagatyny, işewürlik ulgamyny we onuň maýa goýum kuwwatyny, şol sanda energiýa serişdeler bilen üpjün etmegiň hasabyna ýokarlandyrmagy has-da höweslendirmegi maksat edinýändigini yzygiderli nygtaýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan ýeňillikli bahalar boýunça Owganystana ozal hem elektrik energiýasyny iberip gelýär, ýurdumyzyň energiýa kuwwatlyklaryny ösýän derejede bolmagyna mümkinçilik berýän energiýanyň bu iberilmeginiň has-da artdyrylmagy baradaky çözgüt bolsa ösdürilýän owgan ykdysadyýetine oňyn ýardam bermäge, bu döwletiň ýaşaýjylarynyň öýlerine köp ýagtylyk we ýylylyk getirmäge bolan ymtylyşdan gözbaş alýar. Ýurdumyzyň ýakyn goňşymyza şunuň ýaly anyk kömegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bitaraplyk derejämize we ruhy gymmatlyklarymyza esaslanan diňe bir parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna şaýatlyk etmän, eýsem, innowasiýalar hem-de halkara gatnaşyklaryny ýakynlaşdyrmak ýoluna düşen döwletiň barha artýan ykdysady kuwwatyny tassyklaýar.

Munuň üçin biz Owganystanyň düzümini döwrebaplaşdyrýarys, ýollary, köprüleri, turba geçirijileri we elektrik geçirijileri gurýarys.Türkmenistan şolar boýunça ählumumy ösüşiň täze gözýetimlerini açyp, diňe bir ýakyn goňşulary bilen däl, eýsem-de, has uzakdaky ýurtlar bilen özüniň ösüş güýjüni paýlaşýar.

Ýene degişli makalalar

15.11.2017 | Aşgabatda Owganystan boýunça 7-nji sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) ministrler derejesindäki mejlisi geçirildi
23.11.2017 | Türkmenistan Serhetabat-Turgundy demir ýol şahasyny döwrebaplaşdyrmagyň taslamasyny durmuşa geçirýär
Türkmenistanyň gatnaşmagynda Owganystanda durmuş-ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilmegi dowam edýär
Türkmenistanda howa ulaglarynyň hyzmatlarynyň göwrümi 48,3% ýokarlandy
Serhet ýakada ýerleşýän günorta sebitler üzňelikden we amatsyz durmuş şertlerinden ejir çekýär
Türkmenistan we Owganystan demir ýol ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmagy meýilleşdirýärler