29.11.2017 | Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň Aşgabat Jarnamasy kabul edildi

Şu gün paýtagtymyzda Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisi öz işini dowam etdi, ol Türkmenistanyň bu halkara guramasyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýär.Ozal habar berlişi ýaly, foruma dünýäniň 52 döwletiniň-- Awstriýanyň, Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusuň, Bangladeşiň, Beýik Britaniýanyň, Wengriýanyň, Gruziýanyň, Gwatemalynyň, Eýranyň, Ispaniýanyň, Iordaniýanyň, Ýemeniň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Gyrgyzystanyň, Litwanyň, Mongoliýanyň, Niderlandlaryň, Norwegiýanyň, Rumyniýanyň, Pakistanyň, Polşanyň, ABŞ-nyň, Ukrainanyň, Ugandanyň, Çehiýanyň, Şweýsariýanyň, Ýaponiýanyň we beýleki ýurtlaryň wekilleri bar.

Olaryň hatarynda pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri halkara we sebit guramalarynyň, iri energetika kompaniýalarynyň, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.Duşuşygyň gün tertibine energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyna degişli meseleleriň giň topary girizildi.

Hususan-da, Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Urban Rusnagyň, şeýle hem Býujet komitetiniň, Senagat boýunça geňeşçi toparyň, Energohartiýasynyň strategiýasy we ony amala aşyrmak boýunça toparlaryň 2017-nji ýylda geçirilen işler hem-de ýakyn geljek üçin meýilnamalar barada habarlary diňlenildi.

Bulardan başga-da, mejlisiň tertipnama böleginiň barşynda guramaçylyk meseleleriniň birnäçesine seredildi, bilermenleriň “Energetika pudagynda maýa goýum töwekgelçiliklerine baha berlişi” diýen çykyşy bilen tanyşdyryldy, 2018-2020-nji ýyllarda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk edýän ýurtlaryň sanawy tassyklanyldy.

EU4 Energy halkara tehniki kömeginiň maksatnamasyny amala aşyrmagyň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy.Ol Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýär hem-de Halkara Energetika Agentligi (HEA), Energetika Bileleşiginiň Sekretariaty hem-de Energetika Hartiýasynyň Sekretariaty tarapyndan ýerine ýetirilýär.

Gündogar hyzmatdaşlygynyň we Merkezi Aziýanyň ýurtlaryny gurşap alýan bu maksatnamanyň esasy maksady gaz we elektroenergetika pudaklarynda, energiýa netijeliligi hem-de energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri (EGDÇ) hakynda kanunçylygy kämilleşdirmek bolup durýar. 28-nji mejlisiň ministrleriň derejesinde geçirilýän bölüminde Türkmenistanyň 2017-nji ýylda Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etmeginiň deslapky netijeleri jemlenildi.

Bellenilişi ýaly, bu halkara guramasynyň işine ýolbaşçylyk etmek bilen, biziň ýurdumyz öz tagallalaryny Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy durnukly ösüşiň aýrylmaz bölegi bolan ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek babatda halkara başlangyçlaryny iş ýüzünde amala aşyrmaga gönükdirdi.

Hyzmatdaşlygyň täze nusgalaryny işläp taýýarlamak bu ugurda geçirilýän işleriň esasy maksatlarynyň biri bolup durýar.Olar köptaraplaýyn energetika gatnaşyklaryny gatnaşyjylaryň bähbitleriniň deňagramlylygynyň, tebigy serişdelere, ekologiýa jogapkärli we aýawly garamagyň, energiýanyň çeşmeleriniň eşretlerini we olaryň sarp edilmegini adalatly paýlamagyň esasynda dünýä ösüşiniň hereket edýän güýjüne öwürmäge gönükdirilendir. Şu ýylyň maýynda Aşgabatda geçirilen “Energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek boýunça köptaraplaýyn Çarçuwaly ylalaşyga tarap ýol” atly forum bu babatda ähmiýetli ädim boldy.

Oňa ministrler, ýokary wezipeli adamlar hem-de halkara guramalarynyň, energetika kompaniýalarynyň we ylmy-barlag edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.Bu duşuşyk energiýa serişdeleriniň halkara ibermeleri hem-de Energetika Hartiýasyna agza ýurtlaryň hajatlaryny öz içine alýan alternatiw çözgütler bilen bagly anyk meseleleriň toparyny kesgitlemäge mümkinçilik berdi.

Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan guralan halkara mediaforum gabatlandy.Aşgabat forumynyň jemleýji resminamasy BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisiniň resminamasy hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň resmi dillerinde çap edildi.

Beýleki çäreleriň hatarynda Gonkongda we Aşgabatda, şol sanda Merkezi we Günorta Aziýada geçirilen sebitdäki energetika hyzmatdaşlygy boýunça Energetika Hartiýasynyň Maksatlaýyn toparynyň mejlisi, Energetika Hartiýasynyň Sekretariaty tarapyndan Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçirilen iş duşuşyklary we maslahatlary bar.

Olarda energetika daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek we goramak, energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek, energiýa netijeliligi ýaly meseleler işjeň ara alnyp maslahatlaşyldy.Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk edýän döwründe Halkara Energetika Hartiýasynyň (HEH) geografik çäginiň ep-esli giňelendigi bellenildi.

Oňa ýene-de ýedi döwlet-Nigeriýa, Keniýa, Burkina Faso, Mali, Birleşen Arap Emirlikleri, Panama we Gambiýa gol çekdiler.Halkara Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Urban Rusnagyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Baş sekretary Tomas Gremingeriň, Gruziýanyň wise-premýer ministri, daşary işler ministri Miheil Janelidzeniň, Rumyniýanyň energetika ministrliginiň Döwlet sekretary Ýulian-Robert Tudoraçeniň we beýleki daşary ýurtly maslahata gatnaşyjylaryň mejlisde eden çykyşlarynda “Geljegiň durnukly energetikasy üçin maýa goýumlaryny gönükdirmek”, “Energetika Hartiýasyna Şertnamany döwrebaplaşdyrmak”, “Energetika serişdeleriniň çeşmelerini hem-de olary halkara energetika bazarlaryna ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak” ýaly türkmen tarapynyň başyny başlan meseleler jikme-jik beýan edildi. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, dünýä ykdysadyýetiniň ornunyň berkidilmegi gös-göni dünýä energetikasynyň durnuklylygyna bagly bolup durýar.

Energiýanyň gymmat däl, ygtybarly, häzirki çeşmeleriniň giňden elýeterli bolmagy ähli ýurtlaryň okgunly ösmegi, olaryň halklarynyň abadançylygy üçin möhüm ähmiýete eýedir.Halkara bileleşiginiň tagallalary, şol sanda BMG-niň kabul eden “Ösüş babatda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin gün tertibine” laýyklykda üçünji müňýyllygyň şu Maksatlaryny gazanmaga gönükdirilendir.

Okgunly tehnologik ösüşiň bolmagy netijesinde soňky ýyllarda dünýäde energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini peýdalanmak babatda ösüşiň ýokary depginleri göze ilýär, emma energiýanyň ilkinji sarp edilýän bazarynda nebit, gaz we kömür ýangyjyň esasy görnüşleri bolmagynda galýar.

Statistika maglumatlaryna laýyklykda tebigy gazyň paýy ýylsaýyn ýokarlanýar. Şonuň bilen birlikde, ony öndürijiden sarp edijä ibermek boýunça birnäçe kynçylyklar bar.Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, dünýäniň käbir sebitlerinde syýasy durnuksyzlygyň, ykdysady bäsdeşligiň, kiberhowpuň we häzirki döwrüň beýleki wehimleriniň bolmagy-bularyň hemmesi özara bagly bolup, energetika ulgamyna maýa goýumlary üçin belli bir töwekgelçilikleri döredýär, bu ulgamda döwletleriň hyzmatdaşlygynyň gurallarynyň halkara hukugy bilen berkidilen täsirli, mizemez hem-de dünýäniň energetika özara gatnaşyklarynyň barşyny kadalaşdyrýan köpugurly ýörelgeleriň zerurlygyny şertlendirýär.

Häzirki wagtda Energetika Hartiýasynyň Şertnamasy (EHŞ) ýeke-täk köptaraplaýyn ylalaşyk bolup, ol energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek bilen bagly bolan çylşyrymly syýasy, ykdysady we hukuk meselelerini çözmäge gönükdirilendir. Şertnamanyň düzgünleri esasy ugurlaryň bäşisini: energetika gönükdirilýän daşary ýurt maýalaryny goramak we höweslendirmek; energetika serişdeleri, önümleri hem-de energetika enjamlary bilen bagly bolan erkin söwda; turbageçirijiler we ulgamlar boýunça energetikanyň üstaşyr geçirilmeginiň erkinligi; energetika tapgyrynyň daşky gurşawa ýaramaz täsirini azaltmak hem-de energiýa netijeliligi artdyrmak; döwletleriň arasyndaky ýa-da maýadarlaryň we döwletiň arasyndaky jedelleri çözmegiň guraly ýaly ugurlary gurşap alýar. Şonuň bilen birlikde, 25 ýyla golaý mundan öň işlenip taýýarlanan EHŞ indi şu günüň, galyberse-de ertirki günüň taraplaryna laýyk gelmeýär. Şundan ugur almak bilen 2015-nji ýylda Gaagada geçirilen Ministrler konferensiýasynda 70-den gowrak döwletler, şeýle hem Ýewropa Bileleşigi we beýleki guramalar Halkara Energetika Hartiýasyna (HEH) gol çekdiler.

Bu resminama syýasy Jarnama bolup, ol energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň umumy ýörelgelerini we esasy ugurlaryny düzgünleşdirýär.Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary jenap Urban Rusnagyň nygtaýşy ýaly, şu günler Aşgabatda geçirilýän syýasy geňeşmeler Şertnamany döwrebaplaşdyrmagyň ikinji tapgyrynyň başyny başlady. Şunuň bilen baglylykda, duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň häzirki döwrüň möhüm wezipelerini çözmäge işjeň gatnaşýandygyny aýratyn bellediler.

Köp ugurly turbageçiriji ulgamy döretmegiň hasabyna halkara bazarlaryna energiýa serişdeleriniň iberilmegini üpjün etmäge ukyply geçiriji düzümi diwersifikasiýalaşdyrmak biziň ýurdumyz üçin energetika howpsuzlygyny üpjün etmegiň strategik ugry bolup durýar.Bu bolsa energiýa serişdelerini iberýän, olary üstaşyr geçirýän we sarp edýän ýurtlaryň arasynda, şeýle hem gyzyklanma bildirýän beýleki taraplar, halkara guramalary, hususan-da, BMG we Energetika Hartiýasy bilen hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmegi göz öňünde tutýar.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde agzalan meseleler boýunça Türkmenistanyň garaýşyny ençeme gezek beýan etdi.Milli Liderimiziň netijeli başlangyçlary dünýä bileleşiginiň goldawyna eýe boldy, bu bolsa 2008-nji, 2013-nji ýyllarda kabul edilen BMG-niň "Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty" hakynda Kararnamalar bilen berkidildi.

Häzir ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ony çözmegiň meselelerine toplumlaýyn çemeleşme zerur bolup durýar.Başgaça aýdanyňda, energetika meseleleriniň tutuş toplumyny yzygiderli ara alyp maslahatlaşmak üçin özara gatnaşyklaryň syýasy görnüşini we guramaçylyk şertlerini döretmegiň guralyny işläp taýýarlamak möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýörite edarany—BMG-niň Energetika geňeşini, şeýle hem BMG-niň ýanynda energiýa howpsuzlygy meseleleri boýunça bilermenler toparyny döretmegi teklip etdi.

Türkmenistanyň pikirine görä, häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetiniň energetika ulgamynda emele gelen ýagdaý BMG-niň energetika howpsuzlygy boýunça konwensiýasyny işläp taýýarlamagyň we kabul etmegiň zerurdygyny şertlendirýär. Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Baş sekretary Tomas Gremingeriň nygtaýşy ýaly, häzir Türkmenistan sebitiň döwletlerini energiýa serişdeleri bilen durnukly üpjün etmek hem-de degişlilikde olaryň energiýa howpsuzlygyny berkitmek wezipelerini çözmekde esasy orny eýeleýär. Ýurdumyzyň bitaraplyk derejesi syýasy gepleşikleri ilerletmäge, parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge ýardam edýär.

Umuman, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika syýasaty ýangyç-energetika toplumyny hemmetaraplaýyn we yzygiderli ösdürmäge, ony diwersifikasiýalaşdyrmaga we dünýäniň energiýa ulgamyna sazlaşykly goşulmagyna gönükdirilendir.Türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň eksport ugurlaryny artdyrmak bu strategiýanyň möhüm tarapy bolup durýar.

Tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän ýurdumyz ekologiýa taýdan arassa uglewodorod çig malyny sarp edijilere durnukly we ygtybarly ibermek arkaly adamzadyň durnukly ösmegine öz goşandyny goşmaga çalşyp, energetika netijeliligini artdyrmaga hem-de daşky gurşawa ýaramaz täsiri peseltmäge ýardam edýär. Ýewropanyň we Aziýanyň arasynda iri ulag geçelgeleriniň biriniň merkezinde ýerleşmek bilen, Türkmenistan iri halkara we sebit taslamalarynyň birnäçesiniň başyny başlady.

Olar Merkezi Aziýanyň hem-de goňşy sebitleriň ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdirilendir.Ol eýýäm häzir tebigy gazyny dünýä bazarlaryna, hususan-da, Hytaý Halk Respublikasyna iberýän esasy döwletleriň hataryna girýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisini gurmagyň taslamasy uly ähmiýete eýe bolýar.

Ol Türkmenistanyň eksport kuwwatyny artdyrmaga mümkinçilik bermek bilen çäklenmän, eýsem, sebitde energetika howpsuzlygyny we ykdysady durnuklylygy berkitmäge ýardam eder, Aziýada halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri döreder.TOPH gaz geçirijisiniň gurulmagy hem-de täze sebitleriň we bazarlaryň halkara energetika ulgamyna çekilmegi sebitde we dünýäde senagat önümçiligine goşmaça itergi berer, söwdany ösdürmäge, maýa goýumlaryny artdyrmaga hyzmat eder, şeýle hem täze iş orunlaryny döretmäge ýardam eder.

Bu bolsa öz nobatynda syýasy ýagdaýy durnuklaşdyrmaga öz täsirini ýetirer. Çykyşlaryň birnäçesinde Hazarüsti gaz geçirijisini gurmagyň taslamasynyň açýan uly mümkinçilikleri barada hem bellenildi. “Mawy ýangyjyň” Merkezi Aziýadan Ýewropa ugradylyp bilinjek energetika ulgamy Türkmenistanyň gaz ýataklaryny bir bitewi ulgama birleşdiren “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisi bilen, şeýle hem Azerbaýjanyň we Gruziýanyň energetika düzümi bilen birikdirilip bilner.

Energetika Hartiýasyna agza ýurtlaryň howanyň üýtgemeginiň täsirini ýumşatmak hem-de durnukly ösüşiň maksatlaryny gazanmak, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini peýdalanmak, energiýa netijeliligini artdyrmak ýaly taslamalaryň amala aşyrylmagyny nazara almak bilen “ýaşyl ykdysadyýete” geçmegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak mejlisiň möhüm pursatlary boldy. Şunda bellenilişi ýaly, dünýäniň netijeli işleýän, açyk we bäsleşikli gaz bazary, şol sanda suwuklandyrylan tebigy gazyň söwdasy geljek birnäçe onýyllyklaryň dowamynda dünýä energetikasyny ösmegine aýgytlaýjy täsirini ýetirer.

Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary jenap Urban Rusnak çykyşlary jemlemek bilen forumyň çäklerinde geçirilen çekişmeleriň netijeli häsiýetini belledi.Onda dünýä bileleşigi üçin örän möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.Energetika Hartiýasy boýunça Konferensiýanyň 28-nji mejlisiniň netijelerini jemlemek bilen oňa gatnaşyjylar Halkara Energetika Hartiýasynyň Aşgabat Jarnamasyny orta möhletleýin strategik resminama hökmünde kabul etdiler.

Onda Türkmenistanyň bu guramada başlyklyk etmeginiň netijelerine ýokary baha berip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli myhmansöýerlik hem-de ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmegiň meseleleri boýunça gepleşiklere täze itergi beren bu möhüm duşuşygyň ýokary derejede guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Mejlis tamamlanandan soň, Halkara Energetika Hartiýasynyň Baş sekretarynyň, Türkmenistanyň, şeýle hem 2016-njy ýylda Konferensiýanyň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiren Ýaponiýanyň hem-de 2018-nji ýylda bu wezipäni kabul etjek Rumyniýanyň wekilleriniň gatnaşmagynda metbugat maslahaty geçirildi. 30-njy noýabrda foruma gatnaşyjylar üçin uly medeni maksatnama meýilleşdirilip, ol Türkmen halysynyň milli muzeýine, Döwlet medeni merkeziň muzeýine hem-de Halkara atçylyk sport toplumyna baryp görülmegini öz içine alar. *** Şeýle hem şu gün forumyň çäklerinde Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň Gruziýanyň Hökümetiniň wise-premýeri, daşary işler ministri Miheil Janelidze hem-de Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň parlament meseleleri boýunça orunbasary Horii Manabu bilen duşuşyklary boldy.

Gepleşikleriň barşynda döwletara gatnaşyklarynyň dürli ugurlary, şol sanda daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça özara gatnaşyklary, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek, energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek boýunça pikir alyşmalar boldy.

Ýene degişli makalalar

28.11.2017 | Türkmenistanda Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň mejlisi açyldy
KEY VECTORS OF ENERGY DIPLOMACY DISCUSSED DURING THE PLENARY SESSION IN THE INSTITUTE OF INTERNATIONAL RELATIONS OF MFA OF TURKMENISTAN
Azlyklaryň öz dillerinde okamak hukuklary-da, özleri-de agzalmaýar - synçy
Milli Liderimiz Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine bardy
Türkmenistanyň Prezidenti Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine bardy
Ysraýylyň palestinalylara garşy hüjümleri Gollandiýada protest edildi