Şu gün göni wideoaragatnaşyk arkaly “COVID-19 pandemiýasy döwründe SPEKA sebitinde we onuň çäginden daşarda ulaglaryň baglanşyklylygynyň pugtalandyrylmagy” atly Sebitleýin dialog geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasy, onuň sebitleýin komissiýalary we ýöriteleşdirilen degişli edaralary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda guraldy.
Foruma BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary hanym Fekitamoeloa Utoikamana, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary hanym Olga Algaýerowa, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň (EСKATO), BMG-niň Ösüş maksatlarynda işleri utgaşdyrmak boýunça Müdirliginiň ýolbaşçylary we jogapkär wekilleri, şeýle hem Owganystan Yslam Respublikasynyň jemgyýetçilik işleri ministri, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň ulag ministrleriniň orunbasarlary gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ulag-kommunikasiýa pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň hökmany şertleriniň biri bolup durýar. Türkmenistan bu strategiki ulgamda uly mümkinçiliklere eýe bolmak bilen, köpugurly hyzmatdaşlyga netijeli we sazlaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamak ugrunda çykyş edýär.
Şunuň bilen baglylykda, ulag diplomatiýasy barha möhüm ähmiýete hem-de islege eýe bolýar, şunda biziň ýurdumyz öňdebaryjy orny eýeläp, anyk teklipleri, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda umumy tagallalary birleşdirmek boýunça başlangyçlary öňe sürýär. Bu meselede BMG-niň iri düzümleri, hususan-da onuň sebitleýin Komissiýalary hem-de Maksatnamalary bilen hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär.
Halkara guramalarynyň bu ugurda işleýän hünärmenleriniň we bilermenleriniň gatnaşmagynda geçirilen onlaýn duşuşygynyň barşynda, koronawirus pandemiýasy döwründe ulag we kommunikasiýa ulgamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ileri tutulýan meselelerine garaldy. Merkezi Aziýanyň we oňa ýanaşyk sebitleriň döwletleriniň ykdysady ulgamlarynyň häzirki wagtda täze görnüşli ýokanjyň ýaýramagynyň netijesinde dünýä ykdysadyýetinde emele gelen çylşyrymly ýagdaýa uýgunlaşmagynyň ýiti zerurlygy bu meseläniň möhümligini we ähmiýetini artdyrýar.
Şunuň bilen baglylykda, halkara ulag geçelgeleriniň netijeli hereketini ýokarlandyrmak, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynyň emele getirilmegine we ösdürilmegine gatnaşýan döwlet edaralarynyň we kompaniýalarynyň hereketlerini işjeňleşdirmek meselelerinde halkara tagallalarynyň utgaşdyrylmagynyň aýratyn ähmiýeti nygtaldy. Häzirki döwrüň aýratynlyklary nazarda tutulyp, ulag düzümleriniň adatdan daşary ýagdaýlarda işlemegini üpjün edýän täze halkara-hukuk gurallarynyň işlenilip düzülmeginiň zerurlygyna üns çekildi.
Türkmen tarapy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2014-nji, 2015-nji we 2017-nji ýyllarda durnukly ulag ulgamynda Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilendigini belledi.Ýokarda agzalan başlangyçlary ösdürmek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti özüniň BMG-niň 75-nji mejlisiniň barşynda ýakynda eden wideoçykyşynda nobatdaky mejlisiň çäklerinde türkmen tarapynyň taýýarlan adatdan daşary ýagdaýlar döwründe durnukly halkara ulag gatnawlaryny üpjün etmek hakynda Baş Assambleýanyň Kararnamasynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmagy teklip etdi.
Şeýle hem soňky ýyllarda Bitarap Türkmenistanyň ulag ulgamynda netijeli gepleşikleri geçirmek üçin täsirli meýdança hökmünde özüni görkezendigini bellemek gerek. Mysal üçin, 2016-njy ýylda Aşgabatda Durnukly ulag boýunça ilkinji Global maslahat geçirildi. Bu Forumyň jemleýji resminamasy ulag ulgamynda giň halkara hyzmatdaşlygynyň kemala getirilmegi üçin hukuk esasy bolup hyzmat etdi.
2018-nji ýylyň güýzünde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe (“Lýapis Lazuli”) ugry boýunça üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşyga gatnaşyjy döwletleriň ulag ministrleriniň Halkara maslahaty geçirildi.
Onuň netijeleri kabul edilen jemleýji Jarnamada öz beýanyny tapdy.Bu Ylalaşyga Owganystan boýunça Sebitleýin ýedinji ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (REССA VII) ministrler mejlisiniň barşynda 2017-nji ýylyň noýabr aýynda gol çekildi.
Bu üstaşyr-ulag geçelgesi sebitiň ykdysady hyzmatdaşlygynyň ýokarlanmagyna hem-de söwdanyň möçberleriniň artdyrylmagyna ýardam berer.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, taryhy we geografiki aýratynlyklar Bitarap Türkmenistanyň ulag strategiýasynyň esasyny düzýär.Köp asyrlaryň dowamynda ýurdumyzyň çäkleri Ýewraziýa söwda ýollarynyň çatrygy hökmünde hyzmat etdi.
Gadymy türkmen topragy boýunça yklymyň halklaryny hem-de döwletlerini birleşdiren we dünýä siwilizasiýasyny, Gündogaryň we Günbataryň hyzmatdaşlygyny ösdürmekde ägirt uly ähmiýete eýe bolan Beýik Ýüpek ýoly geçipdir.Häzirki wagtda bu meşhur ýoly täze taryhy şertlerde we häzirki zaman görnüşinde gaýtadan dikeltmegiň möhümdigi äşgärdir.
Milli Liderimiziň baştutanlygynda Türkmenistan demir ýol, awtomobil, howa we suw ulaglaryny peýdalanmak bilen, howpsuz hem-de özara bähbitli halkara geçelgelrini döretmek ugrunda işleri dowam edýär. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda 2019-njy ýylyň awgust aýynda geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumynyň barşynda hem ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk meselesi gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.
HYF-nyň çäklerinde geçirilen Hazarýaka ýurtlaryň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygynda Türkmenistanyň bu möhüm pudakda hyzmatdaşlygy ösdürmekde eýeleýän möhüm orny bellenildi, bu pudak dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna hem-de deňagramlylygyna gönüden-göni täsirini ýetirýän dünýä ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, 2021-nji ýylda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän deňize çykalgasy bolmadyk ösýän ýurtlaryň ministrleriniň Halkara maslahatyna ulag ulgamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga özara ylalaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamak üçin meýdança hökmünde garalýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda şeýle hem ýokarda agzalan ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen geljek-de hem netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin hukuk binýady pugtalandyrmak boýunça yzygiderli işler geçirilýär. Şu ýylyň 22-nji awgustynda Mejlisiň nobatdaky maslahatnda ulag meseleleri boýunça halkara resminamalarynyň birnäçesini tassyklamak hakynda Kararlar kabul edildi. Bu ugurda yzygiderli işler dowam etdirilýär.
BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikde milli ykdysadyýetiň ulag ulgamyny sanlylaşdyrmagyň çäklerinde netijeli gatnaşyklar alnyp barylýar. Bu ulgamda BMG-niň ýurdumyzda “ASYCUDA WORLD” utgaşykly maglumat gümrük ulgamyny ornaşdyrmak boýunça Ösüş maksatnamasynyň taslamasy üstünlikli amala aşyrylýar.
Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ulag diplomatiýasy iri sebitleýin we sebitara düzümleýin taslamalarda iş ýüzünde durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň 2-nji iýulda Owganystan Yslam Respublikasynyň hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentleri bilen geçirilen üçtaraplaýyn duşuşugyň barşynda öňe süren tekliplerinden ugur alnyp, ýokarda agzalan “Lýapis Lazuli” halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň bilelikdäki taslamasyny amala aşyrmak boýunça çäreler görülýär.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň uzak möhlete gönükdirilen işjeň we döredijilikli başlangyçlary BMG-niň giň goldawyna mynasyp bolýar hem-de özüniň anyk netijelerini berýär.
Häzirki wagtda ulag ulgamy, gürrüňsiz, dünýä ösüşiniň kesgitleýji ugurlarynyň hataryna girýär. Multimodal, utgaşykly, ýokary tehnologiýaly ulag we logistika düzümini kemala getirmek häzirki döwrüň zerurlygydyr. Bu ulgamda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek halkara bileleşiginiň bähbitlerine laýyk gelýär hem-de milli, sebit we ählumumy möçberde ykdysady we durmuş görkezijileriniň ýokarlandyrylmagyna ýardam eder.
Wideoforuma gatnaşyjylar duşuşygyň gün tertibine girizilen meseleleri çözmek maksady bilen, özara gatnaşyklary ösdürmek boýunça pikir alyşdylar hem-de anyk teklipler bilen çykyş etdiler.
Sebit gepleşikleriniň barşynda gatnaşyjy ýurtlaryň we BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meýli tassyklanyldy. Onuň netijeleri boýunça ylalaşykly jemleýji resminama kabul edildi.
Şu gün Suw hojalygy baradaky döwlet komitetinde ABŞ-nyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Waleriý Çittenden bilen onlaýn görnüşindäki duşuşyk geçirildi. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň suw pudagyny ösdurmek maksatnamasyny durmuşa geçirmek baradaky tagallalaryna ýokary baha berdi.
Şunuň bilen baglylykda, degişli halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti, hususan-da, ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasynyň (USAID) goldaw bermeginde Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi (CAREC) tarapyndan amala aşyrylýan “Suw, bilim we hyzmatdaşlyk” taslamasynyň ähmiýeti bellenildi. Onuň çäklerinde şu gün türkmen tarapyna suwuň akymyny awtomatlaşdyrylan usulda ölçemäge niýetlenen enjam berildi.
Bu enjam Mary welaýatynda, Murgap derýasynyň boýunda 14 ýerde ornaşdyrylar. Munuň özi “Marysuwhojalyk” önümçilik birleşiginiň hünärmenlerine ýurdumyzyň esasy derýalarynyň birinde suwuň derejesine gözegçilik etmäge mümkinçilik berer.
Ýokary takyklykdaky ölçeýji enjamlar arkaly alnan maglumatlar suwuň derejesini çaklamaga we degişlilikde, suw serişdeleriniň dolandyrylmagyny meýilleşdirmäge ýardam eder. Munuň özi suw joşgunlarynyň deslapdan öňüni almak ulgamynda uly ähmiýete eýedir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň durmuş-ykdysady strategiýasynda oba hoajlygyny we beýleki pudaklary okgunly ösdürmegiň hem-de daşky gurşawy goramagyň, türkmenistanlylaryň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagyny üpjün etmegiň möhüm şerti hökmünde suw serişdelerini rejeli ulanmaga aýratyn ähmiýet berilýär.
Bellenilişi ýaly, bu ulgamda iri maýa goýum taslamalary, şol sanda Garagum derýasynyň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak, Diýarymyzyň şäherlerini we obalaryny arassa agyz suw bilen üpjün etmek boýunça taslamalar durmuşa geçirilýär.
Paýtagtymyzyň töwereginde hem-de sebitlerde döwrebap suw arassalaýjy desgalar, suw howdanlary, suwuň goşmaça gorlaryny döretmek, ekin we öri meýdanlaryny suw bilen üpjün etmek üçin niýetlenen beýleki gidrotehniki desgalar gurulýar hem-de öňden barlary giňeldilýär.
Suw pudagynyň tehniki binýady yzygiderli berkidilýär.Döwletimiz bu pudagy döwrebaplaşdyrmaga ägirt uly maliýe serişdeleri gönükdirýär.
Şu gün Türkmenistanyň we GFR-iň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda wideomaslahatlar görnüşinde geçirilen syýasy geňeşmeleriň çäklerinde, türkmen-german hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlaryna degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. German wekiliýetine GFR-iň Daşary işler ministrliginiň Gündogar Ýewropa, Kawkaz we Merkezi Aziýa boýunça ygtyýarly wekili Mihael Zibert ýolbaşçylyk etdi.
Diplomatlar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, iri halkara guramalaryň hem-de düzümleriň, hususan-da, BMG-niň we Ýewropa Bileleşiginiň ugry boýunça üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklarynyň örän netijeli häsiýete eýedigini bellediler. Sebit howpsuzlyk meselelerine aýratyn üns berildi. Howpsuzlygy berkitmekde Bitarap Türkmenistan möhüm orun eýeleýär.
Onlaýn duşuşygyň barşynda taraplar ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de Türkmenistanyň we GFR-iň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen çäreleriň birnäçesini bellediler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan “açyk gapylar” syýasaty hem-de iki dostlukly ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary bilen baglylykda işewür gatnaşyklary işjeňleşdirmäge uly gyzyklanma bildirilýändigi aýratyn nygtaldy.
Türkmenistan Germaniýa Federatiw Respublikasyna örän ygtybarly hyzmatdaşlaryň biri hökmünde garaýar. Iri nemes kompaniýalarynyň gatnaşmagynda ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika, oba hojalygy, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda durmuşa geçirilen möhüm bilelikdäki taslamalar munuň aýdyň subutnamasydyr.
Şeýle hem saglygy goraýyş ulgamy boýunça özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesi bellenildi, iki ýurduň hünärmenleriniň arasynda saglygy goraýyş ulgamynda maslahatlaşmalary pugtalandyrmagyň zerurdygy nygtaldy.
Duşuşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny giňeltmegiň mümkinçilikleri hem-de Türkmenistanyň milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge we sanly ulgama geçirmäge, önümçilige döwrebap öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga alan ugruny göz öňünde tutup, german tarapynyň täze teklipleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Geňeşmelere gatnaşyjylar ekologiýa howpsuzlygy ulgamynda, hususan-da, “Ýaşyl Merkezi Aziýa” başlangyçlarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň netijelidigini bellediler.
Taraplar medeni-ynsanperwer ulgamda özara gatnaşyklar meselesine degip geçip, arheologiýa we bilim ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň geljegine garadylar. Şunda Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetine möhüm orun degişlidir.