29.08.2018 | Adam mümkinçilikleri we tehnologiýa arkaly bilimler ykdysadyýetine

Şu ýylyň ýanwar aýyndan bäri neşir edilýän “Maliýe we ykdysadyýet” atly ylmy-amaly žurnalyň nobatdaky dördünji sany çapdan çykdy. Žurnalyň baş maksady dolandyryş ulgamyndaky wajyp maglumatlary ýaýratmaga ýardam bermekden, ýurdumyzyň kompaniýalarynyň işewürlik wezipelerini sowatly çözmekden, ykdysady bilimleri guramakdan ybaratdyr.

Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň ösüş strategiýasynyň möhüm ugurlary hökmünde kesgitlän wezipeleridir.Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan esaslandyrylan hem-de türkmen, iňlis, rus dillerinde neşir edilýän bu žurnal alymlar, mugallymlar, aspirantlar we talyplar, döwlet edaralarynyň hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş düzümleriniň işgärleri, şeýle hem telekeçiler we menejerler üçin niýetlenendir.

Bu neşir ykdysady meseleler bilen meşgullanýan islendik adam üçin gyzyklydyr. Žurnalyň nobatdaky sanynda pul-karzlaşdyrma syýasatynyň, bahalaryň, daşary söwdanyň, maliýe bazarynyň, ýurdumyzyň bank ulgamynyň meseleleri beýan edilýär.Hünärmenleriň makalalarynda hojalyk ulgamlarynyň maýa goýum we täzeçil işiniň dürli ugurlaryna garalýar hem-de ykdysadyýetiň öňdebaryjy pudaklarynda alnyp barylýan işleriň netijeleri ara alyp maslahatlaşmak üçin hödürlenilýär.

Awtorlar ähli foto we statistika maglumatlarynyň zerur ugurlar boýunça utgaşdyrylmagy babatda uly işleri ýerine ýetiripdirler.Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň strategik maksatnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça anyk teklipler öňe sürülýär. “Makroykdysady ösüş” bölüminde 2018-nji ýylyň birinji ýarymynda döwlet Baştutanymyzyň kesgitlän maksatnamalaýyn wezipeleriniň arabaglanyşygynyň, eksport ulgamynda bar bolan oňyn meýilleriň, ýurdumyzyň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini hem-de Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligiň ösüşini üpjün etmegiň çäkleri boýunça esasy görkezijiler beýan edilýär. Žurnalyň indiki bölümi “Sebitleýin syýasat” diýlip atlandyrylypdyr hem-de çäk bölünişiginde milli ykdysadyýetiň düzümleriniň we ony guramagyň meselelerine bagyşlanypdyr.

Bu ýerde döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň gurallary görkezilýär hem-de Aşgabat şäheri boýunça maliýe serişdelerini özleşdirmegiň mysalynda iri maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilişiniň netijeliligi seljerilýär.Bellenilişi ýaly, goýberilýän serişdeler önümçilik düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagyna, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň we eksporta ugradylýan harytlaryň görnüşleriniň artdyrylmagyna gönükdirilýär. 2017-nji ýylyň jemleri boýunça senagat harytlaryny öndürmegiň umumy möçberinde paýtagtymyzyň paýy 10,2 göterime deň boldy, şunda şolaryň aýry-aýry görnüşleri ýokary woltly elektrik paýlaýjy enjamlar, tikin we örme önümleri, un hem-de beýlekiler boýunça görkezijiler ep-esli artdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ykdysadyýetimiziň döwlete degişli bolmadyk böleginiň ösdürilmegi üçin döredilýän oňyn şertler netijesinde hususy eýeçilik görnüşindäki kärhanalaryň sany barha artýar: tutuş ýurt boýunça şolaryň jemi 18 müňüsiniň 4,3 müň sanysy Aşgabatda ýerleşýär.

Telekeçilik başlangyçlarynyň işjeňleşdirilmegi diňe bir ilatyň zähmet üpjünçilik derejesiniň ýokarlanmagyna, içerki sarp ediş bazaryň giňeldilmegine hem-de ýerli çig mal serişdeleriniň hasabyna ýokary hilli harytlar we hyzmatlar bilen üpjün edilmegine ýardam bermän, Döwlet býujetine walýuta serişdeleriniň yzygiderli gelip gowuşmagyna mümkinçilik berýär.

Paýtagtymyz tehnologiýa täzeçilikleriň ilerledilmeginde, ýurdumyzyň gymmat bahaly kagyzlar bazarynyň ösdürilmeginde, bilelikdäki hem-de ylma esaslanýan önümçilikleriň döredilmeginde-de möhüm orny eýeleýär. Žurnalyň şu gezekki sanynda obasenagat toplumynda obada täze önümçilik-ykdysady gatnaşyklaryň kemala gelýän şertlerinde zähmet serişdelerinden rejeli peýdalanmagyň möhüm meselelerine hem garalýar.

Bu mesele hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ekerançylygyň innowasiýa usullaryny ösdürmek hem-de suwy tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýurdumyzyň ýyladyşhana hojalygyny giňeltmek we oba hojalyk önümlerini eksport etmegiň möçberini artdyrmak boýunça öňde goýan wezipeleri nukdaýnazaryndan beýan edilýär.

Bu babatda hojalygy ýöretmegiň her welaýatdan biriniň hususy görnüşe geçýän ilkinji daýhan birleşikleriniň tejribesi peýdalydyr.Işleri guramagyň şunuň ýaly usuly oba hojalyk önümçiliginiň girdejililigini ýokarlandyrmaga, bazar gatnaşyklary şertlerinde çeýeligini artdyrmaga mümkinçilik berer.

Geljekde synag geçirilýän hojalyklaryň oňyn tejribeleri beýleki daýhan birleşiklerinde hem peýdalanylar.Hünärmenleriň Türkmenistanyň Zähmet kodeksine esaslanýan hem-de soňky ýyllarda oňa girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar babatynda düşündirişler berýän aýratyn teswirlemeleri zähmet gatnaşyklaryny häzirki zaman derejesinde ösdürmegiň esasy ugurlaryna bagyşlanandyr. Ýurdumyzyň innowasiýa ykdysady strategiýasy we nyrh syýasaty düýpli makalada garalan mesele boldy.

Bu makalada ýangyç-energetika pudagynda nyrhlaryň emele gelmegine täsirini ýetirýän gurallara we şertlere garalýar.Milli eksport möçberleri, dünýäniň nyrh bazarlarynyň ösüşi ýaly möhüm makroykdysady görkezijiler jemi içerki önümiň ösüşine, býujetiň girdeji derejesine we türkmen halkynyň abadançylygyna göni täsir edýär diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

Häzirki döwürde ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly gazhimiýa we nebitgaz toplumlaryny döretmek boýunça amala aşyrylýan iri taslamalar ykdysadyýetiň netijeli häsiýete eýe bolmagyny şertlendirýär. Şolaryň hatarynda dünýäde ilkinji şeýle kärhana bolan tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa benzin öndürjek Owadandepedäki ulanmaga berilmegine taýýarlyk görülýän kärhana bar. “Maliýe we ykdysadyýet” žurnalynyň nobatdaky sanynyň sahypalarynda hünär bilim ulgamyny kämilleşdirmek hem-de maglumat tehnologiýalary hünärmenlerini taýýarlamak, buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy ulgamyndaky özgertmeler hakyndaky makalalar bar. “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” bölüminde ýurdumyzyň ulag ulgamynyň geljekki ösüşine bagyşlanan makala ýerleşdirildi. Şonda ýolagçy gatnatmakda we ýük daşamakda ýokary ykdysady hem-de ekologiýa görkezijileri nazara almak bilen, ýokary tizlikli elektrik demir ýol düzümleriniň ulanylmagyna ähmiýet berilýär. Şonuň bilen baglylykda, daşary ýurtlaryň tejribesini, olaryň Türkmenistanda ýokary tizlikli demir ýol gatnawlary ulgamyny döretmek üçin jikme-jik öwrenilmeginiň möhümdigi bellenilýär.

Awtorlaryň belleýişleri ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Beýik Ýüpek ýoluny täze şertlerde dikeltmek boýunça amala aşyrylýan giň möçberli taslamalar dostluga we hyzmatdaşlyga ýokary gyzyklanmalary bolan ýurtlary hem-de halklary ýakynlaşdyrýan häzirki zaman ulag-logistik we söwda-ykdysady ugurlarynyň döredilmegine gönükdirilendir. Ýokary tizlikli demir ýol düzümleriniň ulanylmagy milli Liderimiziň Türkmenistany sebitiň we yklymyň möhüm ulag geçelgesine öwrülmegini şertlendirýän gatnawlaryň multimodal ulgamyny döretmek boýunça başlangyçlaryna doly laýyk gelýär.

BMG-niň Durnukly Ösüş Maksatlaryna Türkmenistanyň utgaşykly goşulmagy baradaky makalalar toplumy žurnalyň sahypalaryny dowam edýär. “Bilimli halk — durnukly ösüşiň binýady” sözbaşy bilen ýerleşdirilen makalada ýurdumyzyň 4-nji we 5-nji ählumumy Gün tertibiniň maksatlaryna ýetmek boýunça oňyn tejribesi barada aýdylýar.

Bu ýerde gürrüň ählumumy we ýokary hilli bilim hem-de gender deňligi bilen üpjün etmek barada barýar.Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu meselelere yzygiderli üns berýär. Şonuň netijesinde ýurdumyzda bilim ulgamy döwrebap derejede özgerdilýär.

Raýat jemgyýetiniň edaralaryna, hususan-da, Zenanlar birleşiginiň işine goldaw berilýär. Ýurdumyzda ykdysadyýeti köpugurly esasda ösdürmegiň we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň çäklerinde barha ilerleýän demokratik ýörelgeler Garaşsyz, Bitarap Türkmenistany dünýäniň sazlaşykly ösýän döwletleriniň hataryna çykarýar.

Bu bolsa ähli hyzmatdaşlar bilen deňhukukly, özara peýdaly we birek-biregiň bähbidini nazara almak arkaly ýola goýulýan gatnaşyklaryň ösdürilmegine giň ýol açýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan ykdysadyýetiň pudaklaryna 40,1 milliard manat maýa goýmagy meýilleşdirýär
Sanly ykdysadyýet ösüşleriň girewi
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda Makroykdysadyýet boýunça II Açyk Halkara Internet olimpiadasy geçirildi
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty halkara olimpiada we ylmy-amaly maslahat geçirýär
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalar we maslahatlar geçiriler
Ýurdumyzda geljek ýylda 40,1 milliard manat möçberinde maýa goýmak meýilleşdirilýär
05.02.2019 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy - 2018 ýyl: maliýe-ykdysady ulgam