29.06.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasaryny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary - “Uzbekiston temir ýullary” paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Açilbaý Ramatowy kabul etdi.Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň mähirli salamyny hem-de doglan güni mynasybetli milli Liderimize tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Özbegistan doganlyk Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Şol gatnaşyklar bolsa ýylsaýyn täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine mähirli salamyny beýan edip, ýurdumyzyň hem goňşy döwlet bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda guralýan däp bolan dostluk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny nygtady.

Duşuşygyň dowamynda milli Liderimiz we myhman söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, energetika ulgamlarynda hem-de beýleki pudaklarda uly kuwwata eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar.Ulag ulgamynda Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça tagallalaryň birleşdirilmeginiň geljegi uly hasaplanylýar. Şunuň bilen baglylykda, netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Ýokary derejede, şol sanda hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň aprel aýynda Özbegistan Respublikasyna bolan döwlet saparynyň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklar bu gatnaşyklaryň ösdürilmegine täze itergi berdi.

Iki ýurduň sebitleriniň arasyndaky göni aragatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy hem türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň okgunly ösýändigine şaýatlyk edýär. Şeýle hem hoşniýetli goňşuçylyk ynsanperwer gatnaşyklaryny höweslendirmegiň wajypdygy nygtaldy.Türkmen we özbek halklaryny birleşdirýän köpasyrlyk doganlyk gatnaşyklary, taryhyň dowamynda kemala gelen medeni we ruhy umumylyk ynsanperwer gatnaşyklaryň özenini düzýär.

Häzirki döwürde Medeniýet günleri ýaly özara döredijilik çäreleri yzygiderli geçirilýär.Ylym-bilim ulgamynda, şol sanda ýokary okuw mekdepleriniň ugry boýunça döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar.Sport ulgamynda gatnaşyklary giňeltmek üçin hem oňat mümkinçilikler bar.

Bellenilişi ýaly, Özbegistan ýurdumyzyň bu ugurdaky başlangyçlarynyň ählisini, şol sanda “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisini geçirmek baradaky başlangyçlaryny goldaýar hem-de şu we beýleki sport çärelerine gatnaşmaga taýýardyr.Duşuşygyň ahyrynda Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary A.Ramatow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýene-de bir gezek doglan güni bilen gutlady we milli Liderimize berk jan saglyk hem-de ýurdumyzyň abadançylygy we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

02.05.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
ULAG ULGAMYNDA IŞJEŇ HYZMATDAŞLYK
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
28.11.2018 | Türkmenistan — halkara ulag-Üstaşyr geçelgelerini döretmegiň başyny başlaýjy
28.11.2018 | Awazada ulag ministrleriniň halkara maslahaty öz işine başlady
Berdimuhamedow Özbegistanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Açilbaý Ramatowy kabul etdi