29.05.2018 | Türkmen bedewleriniň dünýädäki şöhraty belende göterilýär

Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen Fontankadaky sirk sungatynyň I halkara sirk sungaty festiwalynda türkmen atly ýigitleri uly üstünlik gazanyp, Altyn Gaetano heýkeljigine mynasyp boldular.Türkmen atlary döwlet birleşiginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Galkynyş milli at üstündäki oýunlar toparynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň Türkmen jigitleri toparynyň agzalaryndan ybarat birleşen toparyň bu üstünligi dünýäniň esasy arenalarynda Garaşsyz, Bitarap döwletimize mynasyp wekilçilik edýän watandaşlarymyza halkymyzyň buýsanjyny nobatdaky gezek artdyrdy.

Ahalteke atlarynyň şöhratyny gorap saklamak we artdyrmak işinde bahasyna ýetip bolmajak hyzmat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir.Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, Türkmenistan atşynaslygyň halkara merkezine öwrülýär, behişdi bedewlerimiz we ussat çapyksuwarlarymyz bolsa daşary ýurtlarda geçirilýän iri bäsleşikleriň, abraýly atçylyk sport ýaryşlarynyň hem-de at çapyşyklarynyň ýeňijileri bolýarlar.

Biziň atly ýigitlerimiz Italiýada, Russiýada, Ukrainada, Belarusda, Türkiýede, Hytaýda we beýleki ýurtlarda çykyş etdiler hem-de her gezek uly seslenme döretdiler.Ynha, Sankt-Peterburgda hem şeýle boldy, bu ýerde 24 — 27-nji maýda halkara festiwaly geçirilip, ol Belgiýadan, Germaniýadan, Hytaýdan, Koreýadan, Portugaliýadan, Italiýadan, Norwegiýadan, Russiýadan, Türkmenistandan, Gazagystandan, Keniýadan, Ukrainadan we beýleki döwletlerden sirk artistlerini ýygnady.

Türkmen jigitleri at üstündäki dürli oýunlary, akrobatik hem-de gimnastik tilsimleri, at çapmagyň ýokary ussatlygy bilen nobatdaky gezek tomaşaçylary we emin agzalaryny haýran galdyrdylar.Olaryň çykyşlarynda esasy zat çapyksuwarlaryň tilsimleriniň çylşyrymlylygy ýa-da batyrgaýlygy däl-de, eýsem, adamlaryň we atlaryň toparynyň doly jebisligidir.

Jigitleriň hemmesi bilelikde manežde bir bitewi göwre bolup görünýärler, çünki tomaşaçylary tolgundyrýan täsirli, emma töwekgelçilikli tärler birek-birege bolan doly ynamy hem-de sözüň doly manysynda, dostuňa bil baglamagyň zerurlygyny talap edýär. Şu gün Russiýa Federasiýasyndan Watanymyza gaýdyp gelen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar we “Türkmen jigitleri” toparlary köpçülikleýin baýramçylyk dabaralary we aýdym-sazly çykyşlar bilen garşylanyldy, olara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özi Gutlag hatyny iberdi.

Ir bilen aşgabatlylaryň müňlerçesi paýtagtymyzyň howa menziline barýan ýoluň ugruna çykyp, halkara sirk festiwalynyň ýeňijilerini mübäreklediler.Jigitler bedewlere atlandylar we dabara gatnaşyjylaryň ugratmagynda paýtagtymyzyň şaýollary bilen şäheriň Döwlet sirkine tarap ugradylar. Ýolugra guralan dabaralar, köp sanly sungat ussatlarynyň çykyşlary bu çärä özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Milli saz gurallarynyň owazy, joşgunly aýdymlar we şatlyk-şowhun türkmen toýuna mahsus ýagdaýy emele getirdi. ...Birnäçe wagtdan soň, baýramçylyk ýörişi sirkiň öňündäki meýdançada tamamlandy.Bu ýerde olary baýramçylyk çykyşy bilen tans toparlary garşyladylar.

Dabaralar bolsa sirkiň binasynda dowam etdi, manežde aýdyň öwüşginli tomaşa ýaýbaňlandy.Tomaşa başlanmazdan ozal hormatly Prezidentimiziň Ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar hem-de Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň “Türkmen jigitleri” toparyna iberen Gutlagy okaldy, bu toparlar berkarar Watanymyzyň şanyna ýene bir uly üstünlik gazandylar. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli aladasy netijesinde türkmen atly ýigitleriniň we gyzlarynyň halkara derejesinde uly ýeňişleri gazanýandyklaryny nygtap, munuň üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk sözlerini beýan etdi. Çykyş eden hormatly Prezidentimiziň yzygiderli üns bermegi netijesinde dünýäde ajaýyp ahalteke bedewlerini mundan beýläk-de wagyz etmek işlerine täze amatly çözgütleriň we çemeleşmeleriň ýadawsyz gözlegine höweslendirýändigini aýdyp, bu aladalaryň özlerini uly ýeňişlere ruhlandyrýandygyny belledi.

Dabaranyň gahrymanlarynyň hormatyna bu ýerde belli estrada aýdymçylarynyň, tans we folklor-etnografiýa toparlarynyň gatnaşmagynda konsert boldy.Onuň maksatnamasyna şeýle hem akrobatika çykyşlary, masgarabazlaryň we beýlekileriň çykyşlary girizildi.Bu ýerde gurnalan manežde atly ýigitleriň we gyzlaryň çykyşlary hem boldy.

Olar, hemişe bolşy ýaly, sirk we baýramçylyk çykyşlaryna özboluşly milli öwüşgin çaýdy.Ady rowaýata öwrülen “asman atlary” ýurdumyzda geçirilýän umumymilli dabaralaryň ählisiniň baş bezegine öwrülýär.Ajaýyp bedewleriň gözelligi we çeýeligi, şeýle hem çapyp barýan atyň üstünde dürli çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirýän ýigitleriň ussatlygy tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrýar.

Ahalteke bedewlerine atlanan çapyksuwarlar bu sungatyň ähli çylşyrymly usullaryna ussatlyk bilen erk edýändiklerini görkezdiler.Dabara aýdym-sazly çykyşlar bilen dowam etdi.Onuň maksatnamasyna folklor toparlarynyň özboluşly çykyşlary, halk heňleri, häzirki zaman estrada çykyşlary girizildi.

Olaryň üsti bilen mähriban Watanymyzyň ýeňişleri wasp edildi.Türkmeniň ençeme müňýyllyk taryhy ýyndam ahalteke bedewleri bilen üznüksiz baglydyr.Bu täsin tohumyň ösüşiniň özi halkymyzyň ýokary ussatlygyna şaýatlyk edýär, çünki ähli güýjüňi, zehiniňi, kalbyňy asylly işe bagyş edip, tebigat bilen sazlaşykda ajaýyp eseri döretmek mümkindir.

Milli Liderimiziň behişdi bedewlerimize örän uly söýgi we alada bilen garaýandygy hemmämize mälimdir, hormatly Prezidentimiz “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly kitabyny hut şolara bagyşlady.Türkmen halkynyň baý medeni mirasyny, onuň atçylyk sungaty bilen bagly bolan gadymy däp-dessurlaryny dikeltmek we aýawly saklamak meseleleri döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde durýar.

Bu ugurda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn işler hem “Ganatly bedewler” atly ajaýyp neşiriň sahypalarynda öz beýanyny tapdy.Bu kitaplar dünýäniň dürli dillerine terjime edilip, giň okyjylar köpçüliginiň baýlygyna hem-de alym-ippologlar üçin gymmatly ylmy çeşmä öwrüldi.

Döwlet Baştutanymyzyň 2016-njy ýylda türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilen “Gadamy batly bedew” atly kitaby şol tapgyry dowam etdi.Kitabyň pikiri ahalteke bedewini türkmen halkynyň taryhy we ruhy däpleri nukdaýnazaryndan görkezmekde jemlenýär.

Onda atçylygyň milli däpleri barada köpýyllyk barlaglar, oýlanmalar, taryhy we edebi maglumatlar awtoryň çuňňur bilimi, şeýle hem şu mowzuga degişli atalar sözlerinde, nakyllarda we pähimlerde öz beýanyny tapan halk pähimleriniň ägirt uly toplumy umumylaşdyrylypdyr.

Ahalteke bedewleri ähli döwürlerde hem türkmen halkynyň durmuşynyň aýrylmaz bölegi hem-de wepaly hemralary, şöhratly taryhymyzyň bezegi boldular.Munuň şeýledigine “Irden tur, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy”, “Aty baryň ganaty bar”, “Ýyndam atyň bahasy bolmaz” ýaly belli halk nakyllary şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Gadamy batly bedew” atly kitaby Moskwanyň 30-njy halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň, GDA gatnaşyjy döwletleriň “Kitap sungaty” halkara bäsleşiginiň baş baýragyna — “Gran-pri” mynasyp boldy. “Türkmen atlary” döwlet birleşigi möhüm wezipäni — ahalteke tohumynyň ähli baýlygyny hem-de atçylygyň däplerini gorap saklamak wezipesini ýerine ýetirýär.

Häzirki döwürde olar döwlet Baştutanymyzyň hut özüniň howandarlygynda täze mazmuna eýe bolýarlar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyzyň gadymdan gözbaş alýan milli mukaddeslikleriniň dowam etmegine gönükdirilen syýasaty ahalteke bedewleriniň hem-de türkmen seýisleriniň we çapyksuwarlarynyň şan-şöhratyny dikeltmäge gönükdirilendir. Şol mukaddeslikleriň hatarynda behişdi bedewlerimize aýratyn orun degişlidir.

Olaryň şan-şöhraty yzygiderli artýar, şol sanda halkara bäsleşiklerde we ýaryşlarda, sirk festiwallarynda türkmen türgen-çapyksuwarlarynyň ajaýyp üstünlikleri netijesinde belende galýar.Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda pudagyň düzümini ösdürmek, sportuň atly görnüşlerini hem-de at münmegiň milli däplerini ýaýmak boýunça deňi-taýy bolmadyk çäreler durmuşa geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň çözgüdi boýunça ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda halkara ölçeglerine kybap gelýän aýlawlar gurlup, olar at çapyşyklaryny geçirmek üçin diňe meýdan bolmak bilen çäklenmän, eýsem, sportuň milli görnüşini dünýä ýaýýan we köpçülikleýin ösdürýän merkezler hem bolup durýar. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, 2010-njy ýylyň awgustynda ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy döredildi.

Türkmenistanda, şeýle hem halkara giňişliginde ahalteke atçylygyny ösdürmek işinde bitiren uly işleri üçin ahalteke bedewleriniň hakyky muşdagy milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu assosiasiýanyň Prezidentligine biragyzdan saýlanyldy.Türkmen halkynyň umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna örän gymmatly goşandy bolup durýan ahalteke bedewleriniň dünýä dolan şöhratyny artdyrmak, daşary ýurtlarda arassa ganly atlaryň takyk hasabyny ýöretmek, halkara atçylyk sport ýaryşlaryny guramak, halkara atçylyk guramalary bilen tejribe alyşmak arkaly hünärmenleriň nazaryýet we hünär taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak, ahalteke bedewleriniň genofonduny goramak hem-de olaryň baş sanyny artdyrmak onuň esasy maksady bolup durýar.

Geçen ýyllaryň içinde assosiasiýa dünýäniň dürli ýurtlaryndan arassa ganly ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirýän, bu tohumy kämilleşdirmek hem-de onuň görnükli häsiýetlerini ösdürmek bilen meşgullanýan atşynaslaryň özara gatnaşyklarynyň netijeli görnüşine öwrüldi.

Assosiasiýanyň her ýylda alyp barýan işleriniň netijelerine hem-de hyzmatdaşlygyň meýilnamalaryna, özara gatnaşyklaryň anyk meselelerine Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öň ýanynda geçirilýän mejlislerinde garalýar.Kärdeşleriň we ussatlaryň şeýle duşuşyklary bilelikdäki tagallalara täze itergi berýär, olary mazmun hem-de täze hyzmatdaşlyk taslamalary, wajyp pikirler we işewür gatnaşyklar bilen baýlaşdyrýar. Şu ýylyň aprelinde paýtagtymyzda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VIII mejlisi geçirildi, onda dürli ýurtlardan täze toparlaýyn we şahsy agzalar kabul edildi.

Häzirki wagtda assosiasiýanyň düzümine dünýäniň 30-dan gowrak döwletinden edara görnüşli we şahsy taraplaryň 140-a golaýy girýär hem-de olaryň sany ýylsaýyn artýar, bu bolsa hyzmatdaşlygyň giňelýän gerimlerini görkezýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hakyky galkynyşy başdan geçirýän ýurdumyzyň atçylygynyň ösüşini höweslendirmek, ahalteke bedewlerimiziň dünýä dolan şöhratyny artdyrmak maksady bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ajaýyp atlaryň özboluşly gözellik bäsleşiginiň geçirilmegini ýola goýdy. Çünki olar diňe türkmen halkynyň däl-de, eýsem, tutuş adamzat siwilizasiýasynyň bahasyna ýetip bolmajak baýlygyna öwrüldi.

Munuň özi milletiň medeni mirasyny, hususan-da, atçylyk sungatyny aýawly saklamak işine Türkmenistanda berilýän ünsüň nobatdaky subutnamasydyr.Her ýyl tutuş ýurdumyz boýunça türkmen bedewiniň hormatyna uly dabaralar geçirilýär — 2018-nji ýylda bu baýramçylyk milli derejede bellenildi. Şöhratly ahalteke bedewiniň taryhy watany hökmünde Türkmenistan halkara bileleşiginiň öňünde dünýä atçylygynyň iri merkezi derejesinde ýene-de örboýuna galdy.

Bu ýerde behişdi bedewleri ösdürip ýetişdirmegiň hem-de seýislemegiň gadymy däpleri hereket etmegiň döwlet maksatnamasy babatda döwrebap ösüşe eýe boýlar.Häzirki döwürde ahalteke bedewi Watanymyzyň döredijiligiň we rowaçlygyň belentliklerine tarap öňe gitmeginiň nyşanyna, milli mirasyň dowamatlylygynyň, türkmen halkynyň döredijilik zehininiň ajaýyp miwesine, milli we dünýä medeniýetiniň taryhy özboluşlylygy bolan ahalteke bedewi ýurdumyzyň üstünlikleriniň ajaýyp tumaryna, ata-babalarymyzyň amala aşan arzuwynyň keşbine öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň atçylygyny hem-de atçylyk sporty mekdebini kämilleşdirmek, halkara derejä goşulyşmagy barada örän uly alada edýär.Häzir dünýäniň ençeme künjeklerinde atçylyk toplumlarynyň, pudagyň ylmy we okuw binýadynyň, atçylyk sporty toparlarynyň täzeden dikeldilmegine hem-de şu babatda netijeliligi asyrlar arkaly synagdan geçen türkmen atçylygynyň däplerine yzygiderli gyzyklanma bildirilýär, atlary öwrenmegiň milli mekdebi ýokary derejeli ussatlaryň ünsüni özüne çekýär. Çünki türkmenler halk seçgiçileriniň ahalteke bedewi ýaly beýik sungat eserini dünýä diňe bir peşgeş bermän, eýsem, bu gymmatly atlary olaryň ajaýyp häsiýetleri bilen arassa ganlylygyny hem saklamagy başardy.

Köpetdag şaýolunyň ugry bilen geçirilen atly ýöriş hem-de konkur boýunça ýaryşlar türkmen bedewiniň hormatyna guralan baýramçylygyň ajaýyp wakalary boldy. Ýeri gelende aýtsak, konkur milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi bilen, 2017-nji ýylyň sentýabrynda paýtagtymyzda uly üstünlik bilen geçen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna hem girizildi.

Atçylyk sportunyň bu görnüşiniň maddy-enjamlaýyn we okuw-usulyýet binýady ösüşe eýe boldy. 2016-njy ýylyň aprelinde Aşgabadyň atçylyk sport toplumynda üsti açyk konkur meýdançasy ulanmaga berildi.Desga ölçegi 8,2 müň inedördül metrden gowrak bäsleşik konkur meýdançasyny hem-de türgenleşikler üçin meýdançany öz içine alýar.

Manežiň meýdany, gurluşy we üpjünçiligi bu ýerde ýokary halkara derejedäki ýaryşlary geçirmäge mümkinçilik berýär.Bu wakadan has öňräk bu ýerde üsti ýapyk maneži, multimediýa tehnikalary, simulýatorlar — atlar üçin modulýatorlar hem-de çapyksuwarlar üçin türgenleşik enjamlary bolan Okuw merkezleri ulanmaga berildi.

Elbetde, biziň konkurçylarymyza altyn medal gazanmaga mümkinçilik beren Aziýa oýunlary ýurdumyzda atçylyk sportunyň beýleki görnüşlerini ösdürmäge täze itergi berdi. Şonuň üçin türkmen türgenlerine halkara ýaryşlaryna gatnaşmak üçin uly mümkinçilikler açylýar.

Olarda ussat çapyksuwarlarymyz dünýä atçylyk sportunyň öňdebaryjylary bilen mynasyp bäsleşip bilerler.Ahalteke bedewi Wepaly diýen alabaý bilen birlikde, Aşgabat Aziadasynyň baş nyşanyna öwrüldi.Onuň öň ýanynda deňsiz-taýsyz 500 günlük atly ýöriş guraldy.

Bu ajaýyp çärä Gadymy Nusaý galasynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özi dabaraly ýagdaýda ak pata berdi. Şu ýerden ellerinde Türkmenistanyň hem-de Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň baýdaklaryny parladyp, Aziýa oýunlarynyň alawyny göterip, ýigitleriň 17-sinden ybarat atlylaryň topary ýurdumyzyň ähli welaýatlary boýunça ýörişe başladylar hem-de “Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylan gününde paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň baş meýdançasynda ýörişi jemlediler.

Bu ýerde atyň üstünde oturan eli alawly ýigit stadionyň merkezindäki diňiň üstüne galýar hem-de bedewi çarpaýa galdyryp, alawy sekizburçly ýyldyza degirýär, şondan soňra onda iki kometa peýda bolup, Olimpiýa stadionynyň münberlerini bezeýän ägirt uly bedewiň şekiliniň ýokarsynda ornaşdyrylan çanaga tarap okdurylýar. Şeýdip, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň alawy ýakyldy, ol oýna gatnaşyjylaryň we tomaşaçylaryň hakydasynda baky ýatdan çykmajak ajaýyp täsirleri goýup, ýene 10 gün ýanyp durdy. Çapyşyklar ýa-da uzak aralyga ýörişler ýaly synaglarda ahalteke bedewiniň deňsiz-taýsyz gymmatlygy ýüze çykýar.

Ajaýyp ýyndamlyk, kuwwat hem-de erk, maksadaokgunlylyk we çydamlylyk ýaly häsiýetler olaryň gözelligini has-da artdyrýar, bularyň hemmesi tejribeli seýisler tarapyndan uly alada bilen kemala getirilýär hem-de çapyksuwarlar tarapyndan mähirli goralýar.

Her ýyl Türkmenistanda ýazky we güýzki at çapyşyk möwsümleri geçirilýär, hakyky bedewi seýislemek uly yhlasy talap edýän ýeňil bolmadyk zähmetdir.Başarnykly ata-babalarymyzyň bu ylmyny ösüp gelýän nesil uly gyzyklanma bilen özleşdirýär.

Täze kärlerine girişenlerinde ilkinji ädimlerinden başlap, ýaş ýigitlere ata düşünmegi, onuň hakyky dosty bolmak üçin umumy dil tapmagy öwredýärler.Diňe şondan soň, at çapmak bilen meşgullanmaga girişýärler. Ýurdumyzda ýetginjek çapyksuwarlaryň ýaryşlary hem däbe öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ösüp gelýän ýaşlar üçin Aşgabat atçylyk sport toplumynyň ýanynda okuw merkezi hem döredildi. Ýurdumyzda atçylygyň iri desgasy Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň “Kärizek” geňeşliginde döwrebap nusgalyk Aba Annaýew obasynda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk sport toplumydyr.

Täze iri tohum hojalygy 600 baş ahalteke atlaryny saklamaga niýetlenendir.Toplumyň düzüminde athanadan hem-de ugurdaş desgalardan başga-da, hojalygyň işgärleri üçin gözel jülgede ýerleşen amatly ýaşaýyş jaýlary bar.

Bu ýerde olar üçin 114 maşgala niýetlenen iki gatly, iki öýli kottejleriň 57-si guruldy.Abadanlaşdyrylan 4 we 5 otagly öýlerde oňaýly ýaşamak üçin ähli zatlar, şol sanda döwrebap durmuş tehnikalary bilen üpjün edilen amatly aşhanalar göz öňünde tutuldy. Şeýle hem bu ýerde kir ýuwýan enjamlar oturdyldy, egin-eşikleri guratmak üçin otaglar enjamlaşdyryldy. Ýaşaýyş jaýlaryndaky amatly howa ýagdaýyny islendik wagtda ýyladyş enjamlary we split ulgamly sowadyjylar üpjün eder.

Her jaýyň howlusynda awtoulag garažy hem-de edil üçekler ýaly çerepisa bilen örtülen telärler guruldy.Mellek ýerleri hem göz öňünde tutuldy.Bu özboluşly şäherçede 240 okuwçy orunlyk orta mekdep, 160 körpä niýetlenen çagalar bagy, dükan, sport we çagalar oýnamak üçin meýdançalar göz öňünde tutuldy. Ýaşaýyş we atçylyk toplumlarynda hünärmenleriň netijeli zähmet çekmegi we göwnejaý dynç almagy üçin ähli şertler döredildi.

Toplum halkara ölçeglere laýyk gelýän öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edildi.Bu ýerde ahalteke tohumyndan bolan atlara ideg etmek, olary seýislemek, keselleri ýüze çykarmak we bejermek üçin döwrebap şertler göz öňünde tutuldy.

Bedewleriň saglyk ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin bu ýerde “Tiz kömek” bölümi bolan weterinar hassahanasy göz öňünde tutuldy.Zerur bolan enjamlar we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen bu hassahana Bütindünýä weterinar assosiasiýasynyň ölçeglerine laýyklykda guruldy.

Weterinar hassahanasynda dürli bejeriş bölümleri, şol sanda gözden geçiriş hem-de rentgen otaglary, operasiýa zaly, biohimiýa, genetika we gematologik barlaghana ýerleşdirildi.Atçylyk sport toplumynyň düzümine doping-gözegçilik, karantin bölümi we atlar üçin howuz girýär.

Atlary çapyşyklara, konkur boýunça ýaryşlara hem-de beýleki bäsleşiklere taýýarlamak, ýaş atlary münmek, at çapmak endiklerini we ussatlygyny kämilleşdirmek üçin ýörite türgenleşik meýdançalary göz öňünde tutuldy.Athanada howanyň arassalygyny saklamak üçin döwrebap ýelejirediji ulgam oturdyldy.

Onuň golaýynda ot-iým saklamak üçin ammarlar ýerleşdirildi.Athanalar hem-de atçylyk sport toplumynyň beýleki desgalary gurlanda, ýokary hilli ekologiýa taýdan howpsuz gurluşyk serişdeleri ulanyldy. Şeýle hem atlar üçin ýerasty geçelgeleriň ikisi göz öňünde tutuldy.

Olar atlar gezelenje çykarylanda awtoulaglaryň gatnaýan ýolundan bökdençsiz geçilmegi üpjün edýär.Taýlar barada aýdylanda bolsa, bu ýerde olar üçin has oňaýly şertler döredildi.Her taý üçin aýratyn ýatak göz öňünde tutuldy.

Has irki döwürden başlap, olary ösdürip ýetişdirmek üçin öňdebaryjy innowasion usullar we ýöriteleşdirilen enjamlar ulanylýar.Dagyň arassa howasy hem-de ene topragymyzyň bu gözel künjeginiň tebigy-howa aýratynlyklary, giň çemenzarlyklar atlary we taýlary bakmak üçin amatly gurşawy döredýär.

Toplumyň durmuş-üpjünçilik ulgamy degişli inženerçilik-tehniki düzümi öz içine alýar. Şeýle hem bu ýerde ýangyna garşy depo, awtoulag sehi, üsti ýapyk duralga enjamlaşdyryldy.Atçylyk sport toplumynyň çägine girýän awtoulag serişdeleriniň deslapdan sanitariýa arassaçylygyndan geçmeli bolýandygy bellärliklidir.

Munuň üçin ýokançsyzlandyrmak üçin ýörite gurlan emeli suw howzy göz öňünde tutuldy. Ýeri gelende aýtsak, atlary gatnatmak üçin ýörite ulag serişdeleri bar.Olary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu toplumyň atçylaryna sowgat berdi.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän 120 aty saklamak üçin niýetlenen Halkara karantin merkezi guruldy.Ol halkara düzgünlere laýyklykda, daşary ýurtlarda geçirilýän ýaryşlara türkmen bedewleriniň gatnaşmagyny üpjün etmek, şeýle hem ýurdumyzda geçirilýän ýaryşlara gatnaşmak üçin beýleki döwletlerden gelýän atlaryň keselden sapdygyny barlamak hem-de olaryň karantinden geçmegi üçin niýetlenendir.

Häzir Türkmenistanda behişdi bedewleriň tohumynyň täze ugurlaryny döretmek, ähli döwürlerde gözelligiň we kämilligiň nusgasy diýlip ykrar edilýän ahalteke bedewleriniň genofonduny goramak hem-de baş sanyny artdyrmak boýunça maksada gönükdirilen ylmy-seçgiçilik işi alnyp barylýar.

Pudagyň ýokary hünärli işgärler bilen üpjünçiligine hem aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde hem degişli ugurdan hünärmenleri taýýarlaýarlar. Şeýle hem atşynaslaryň zähmetine mynasyp baha bermek maksady bilen “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy”, “Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary” hem-de “Türkmenistanyň halk atşynasy” diýen hormatly atlar döredildi.

Olar ýurdumyzyň we daşary döwletleriň atşynaslaryna dakylýar.Bu ulgamda ylmy-barlag işlerini giňeltmek maksady bilen döwlet Baştutanymyz Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ýanynda Ahalteke bedewlerini öwrenmek boýunça ylmy merkezi döretmegi tabşyrdy, şeýle hem Türkmenistanda ahalteke atçylyk akademiýasyny döretmek pikirini beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň behişdi bedewlere bagyşlanan kitaplary olar üçin edebi ýadygärlik bolup, türkmen halkynyň ahlak çelgilerine, gözelligi boýunça deňi-taýy bolmadyk atlara aýratyn hormatynyň we çäksiz söýgüsiniň çeşmelerine düşünmäge ýardam etdi.

Bilşimiz ýaly, milli Liderimiziň hut özi at çapmagyň we atly gezelenç etmegiň, ajaýyp ahalteke bedewleriniň hakyky muşdagydyr.Türkmen bedewlerine şeýle garaýşy döwlet Baştutanymyz öz oglunda we agtyklarynda kemala getirip, olar bilen Ahalteke atçylyk toplumyna baryp, gamyşgulak bedewler bilen didarlaşmaga hem-de atly gezelenç etmäge gymmatly wagtyny sarp edýär. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halypa çapyksuwarlaryň ýaryşlaryna gatnaşyp, ajaýyp netijeleri görkezdi, milli Liderimiziň agtygy Kerimguly öz ussatlygyny ýetginjek çapyksuwarlaryň ýaryşlarynda görkezdi.

Soňky döwürde bolsa döwlet Baştutanymyzyň agtygy atlary seýislemek bilen meşgullanyp başlady.Kerimguly bedewlere ideg etmek we ösdürip ýetişdirmek boýunça oňat mekdebi geçip, atlary türgenleşdirmegiň we sport çärelerine taýýarlamagyň ähli tärlerini ele aldy. Şeýlelikde, halypaçylyk mekdebi türkmen atçylygynda durmuş, paýhas, däpler mekdebine öwrülip, olar aýawly saklanýar hem-de kakasyndan ogluna, atasyndan agtygyna aýawly geçirilýär.

Atçylyk sporty dünýäde iň gadymy görnüşleriň biri bolup, ol öz ösüşini ilkinji eldekileşdirilen atyň hem-de ilkinji çapyksuwaryň ýüze çykan pursadyndan başlaýar diýip aýtmak bolar.Alymlaryň tassyklaýşy ýaly, bu waka hut şu ýerde, Ahalyň dag etegindäki jülgesinde bolup geçipdir.

Atlaryň ahalteke ady hem hut şondan gaýdypdyr.Elbetde, uzakda galan şol döwürde at çapyşyklary barada gürrüň hem bolmandyr, çünki at ynsana ýaşamaga, azatlyk ugrunda söweşmäge, ýerleri özleşdirmäge, şäherleri gurmaga ýardam edipdir. Ýöne, wagtyň geçmegi bilen, türkmeniň durmuşyna baýramçylyk at çapyşyklary girýär...

Ençeme asyrlaryň dowamynda ahalteke bedewleriniň şöhraty dogduk mekanynyň çäklerinden çykypdyr hem-de tutuş dünýä ýaýrapdyr.Olary täze belentliklere çykaran milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde bolsa atlaryň baş sany ýylsaýyn artýar. Ýurdumyzda bedew sarpasynyň belent tutulýandygy barada aýdyp, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda ahalteke bedewleriniň heýkelleriniň oturdylýandygyny ýatlaman geçmek bolmaz.

Güýçli, buýsançly, erkli ýa-da ýaş, joşgunly bedewleriň köp sanly keşpleriniň çeper beýanynda çuňňur we köptaraply many jemlenýär.Bular hem nesilleriň dowamatlylygydyr, geçmişiň, häzirki günüň we geljegiň arabaglanyşygydyr, däpleriň hem-de özgertmeleriň, tejribäniň hem-de batyrgaý arzuwlaryň sazlaşygydyr.

Munuň özi ahalteke atçylygynda, olaryň gelip çykyşynda tohumynyň iň ajaýyp wekilleriniň baý neslinde iň oňat ugurlaryň dowamydyr.Umuman, at sungatda-da, döwlet nyşanlarynda-da hemişe wepadarlygy, batyrlygy, ýyndamlygy, güýji hem-de çydamlylygy alamatlandyrdy.

Bu bolsa heýkeltaraşlyk eserlerinde beýanyny tapdy.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň goldamagynda ýurdumyzda milli sirk sungaty hem ösdürilýär.Ençeme ýyllardan soň, 2010-njy ýylyň aprel aýynda Türkmenistanyň Döwlet sirki gaýtadan işläp başlady, onuň binasynyň durky toplumlaýyn täzelenilenden hem-de häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylandan soň, tehniki taýdan has çylşyrymly çykyşlary ýerine ýetirmek üçin mümkinçilikler döredildi.

Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça 2007-nji ýylda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary döredildi.Hut şol ýyl hem täze topar türkmen wekiliýetiniň düzüminde Ukrainada saparda boldy.Atly ýigitler dostlukly ýurtda şowly çykyş edip, uly üstünlik gazandylar.

Ol bolsa bu toparyň şöhratly terjimehaly üçin badalga öwrüldi. 2012-nji ýylyň noýabrynda ýurdumyzda sirk sungatyny ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň Döwlet sirkine ABŞ-nyň 50 müň dollaryny sowgat berendigini ýatlamak gerek.

Milli Liderimiz halypa çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen çapyşyklarda gazanan ýeňşi üçin gowşurylan uly möçberli pul baýragyny hem Türkmenistanyň atçylyk pudagyny has-da ösdürmäge, ýurdumyzda ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmaga, bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga geçirdi.

Biziň halkymyzda belent mertebeli myhmana çuňňur hormat-sylagyň nyşany hökmünde iň gymmat zadyny sowgat bermek däbi bar.Türkmenler öz atlaryny çäksiz söýýärler, olary deňsiz-taýsyz bedewler edip ýetişdirmek üçin yhlasyny gaýgyrmaýandygy äşgär hakykatdyr.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa baýramçylyklar we beýleki şanly seneler mynasybetli iň gowy saýlama bedewleriň sowgat berilýändigi tötänden däldir.Döwlet Baştutanymyz bolsa öz gezeginde sowgat berlen atlary “Galkynyş” toparyna gowşuryp, olara mundan beýläk-de ösmäge, kuwwatlanmaga mümkinçilik döredýär.

Häzir Watanymyzyň çäklerinden daşarda hem örän meşhur bolan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary hem-de “Türkmen jigitleri” topary milli mirasymyzy Ýer ýüzünde işjeň wagyz edýärler. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan dabaralarda we şanly seneler mynasybetli guralýan medeni-köpçülikleýin çärelerde çykyş edip, milli baýramçylyklaryň ähmiýetini we derejesini belende göterýär.

Munuň özi bu toparyň ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan baýramçylyklarda aýratyn orun eýeleýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Çapyksuwarlaryň ussatlygy, ahalteke bedewleriniň gözelligi bilen bitewi sazlaşygy emele getirip, tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrýar.

Bedewleriň çeýeligi we okgunly hereketi, çapyksuwarlaryň töwekgelçiligi we ussatlygy tebigy sazlaşygy emele getirip, adam ukyplarynyň çäksizdigini äşgär edýär. “Galkynyş” toparynyň agzalary zehiniň we başarnygyň täze çäklerini açyp, hemişe tomaşaçylaryny özleriniň çylşyrymly hereketleri bilen haýran galdyrýar.

Munuň özi olaryň öz ussatlygyny yzygiderli kämilleşdirmegi we milli Liderimiziň hemişelik goldawy netijesinde amal bolýar.Döwlet Baştutanymyz diňe bir özüne sowgat berlen atlary bu topara gowşurmak bilen çäklenmän, eýsem, olaryň ykbaly, ýigitleriň ýokary netijeleri gazanmaklary üçin ähli şertleri döretmek babatda atalyk aladasyny edýär.

Soňky ýyllarda olar birnäçe abraýly halkara bäsleşiklere gatnaşyp, ençeme sylaglara we elbetde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýokary bahasyna hem-de türkmenistanlylaryň çäksiz söýgüsine mynasyp boldular. “Galkynyş” topary daşary ýurtlaryň iň talapkär tomaşaçylaryny hem haýran galdyrmagyny dowam edýär.

Onuň saparlar bilen amala aşyran ajaýyp çykyşlary, şeýle hem 2013-nji ýylyň oktýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen Bütindünýä sirk sungatynyň festiwalynda gazanan ilkinji uly üstünligi munuň şeýlediginiň subutnamasy boldy. Ýeri gelende aýtsak, şonda ýigitlerimiz bu abraýly bäsleşige ilkinji gezek gatnaşmak arkaly, esasy baýraga hem-de sirk sungaty boýunça bilermenleriň, metbugatyň we tomaşaçylaryň ýörite baýraklarynyň birnäçesine mynasyp boldular. Şol üstünlikli çykyşdan soňra türkmen artistleri meşhur halkara bäsleşiklere gatnaşmaga çagyrylýarlar.

Türkmenistanyň atly ýigitleriniň we gyzlarynyň bu festiwalda dünýä derejeli ýyldyzlar diýlip ykrar edilendigi çäksiz buýsanç döredýär, çünki jemleýji dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda olara bäsleşigiň ähli görnüşleri boýunça baş baýraklar — festiwalyň ýörite eminleriniň baş baýragy “Altyn idol” Kubogy; Monte-Karlodaky halkara sirk festiwalynyň ýörite baýragy — “Galkynyş” toparyna Monte-Karloda geçiriljek 15-nji festiwala çakylyk; Werona şäheriniň (Italiýa) Sirk sungaty merkezinden ýerine ýetirijilik ussatlygy üçin ýörite baýrak we Diplom; Halkara žurnalistler eminlerinden “Bürünç manež” Kubogy gowşuryldy.

Italiýanyň Latina şäherinde 2014-nji ýylyň oktýabrynda geçirilen XVI Halkara sirk festiwaly türkmen jigitlerine nobatdaky ajaýyp ýeňşi getirdi, şonda biziň atçylarymyza bäsleşigiň baş baýragy — Altyn kubok, şeýle hem beýleki baýraklar we Italiýanyň ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň diplomy gowşuryldy. 2015-nji ýyl hem şonuň ýaly boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Galkynyş” toparynyň agzalaryna sirk sungatynyň nobatdaky halkara festiwalyna, bu gezek Hytaýa ugramazlarynyň öňüsyrasynda ak pata berip, türkmen çapyksuwarlarynyň Hytaýda ýurdumyza mynasyp wekilçilik etjekdigine, ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny has-da artdyrjakdygyna hem-de ýeňiji ýurt hökmünde Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň ýene-de belende galdyryljakdygyna ynam bildirdi.

Dogrudan-da, Guandun welaýatynyň Çžuhaý şäherindäki festiwalda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň jigitleri dünýäniň 22 ýurdundan meşhur sirk toparlarynyň 32-siniň arasynda iň gowy topar diýlip ykrar edildi we baş baýraga — Altyn kuboga mynasyp boldy.

Abraýly eminler toparynyň agzalarynyň sylaglamak dabarasynda belleýşi ýaly, türkmen atçylarynyň örän owadan we özüne çekiji çykyşlary 10 günläp dowam eden festiwalyň her tapgyrynda ilkinji pursatdan başlap, tomaşaçylary haýran galdyrdy.

Ajaýyp ahalteke bedewleri, artistleriň milli lybaslary, bedewleriň ýokary okgunly tizligi, at üstünden ýerine ýetirilýän örän çylşyrymly tilsimler — bularyň ählisi tomaşaçylary özüne bendi etdi. Şunuň bilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýeňişli saparlary Ýer ýüzi boýunça dowam etdi.

Onuň Hytaýdan Watana gaýdyp gelmegi uly dabaralar, paýtagtymyzyň köp sanly ilatynyň şatlyk-şowhuny bilen garşylandy. Şeýle hem atly ýigitleri we gyzlary resmi taýdan sylaglamak dabarasy geçirildi.Olara sirk sungatynyň halkara festiwaldaky nobatdaky ýeňişleri üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ABŞ-nyň 50 müň dollary möçberinde pul sylagy gowşuryldy. Şeýle ýokary baha jigitleri has-da ruhlandyrdy, olar öz ussatlygyny barha uly okgunlylyk bilen kämilleşdirip başladylar.

Ine-de, 2016-njy ýylyň sentýabrynda Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlarynda türkmen atlylary ýene-de ýeňiji bolup, ýaryşyň baş baýragyny eýelediler. Ýene-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagy al-asmana göterildi we türkmenistanlylar “Galkynyş” topary bilen üstünligiň şatlygyny paýlaşdylar.

Mahlasy, türkmen ýigitleri we gyzlary öz bäsdeşleriniň ählisinden öňe saýlanyp, ajaýyp baýramçylygyň myhmanlaryny ussatlygy, eýeriň üstünde ynamly saklanyp bilmek başarnygy, şeýle hem çykyşlaryň milli öwüşgini bilen haýran etdiler. Şunda toparyň düzüminde, mälim bolşy ýaly, ýigitler bilen bir hatarda, gyzlar hem öz ussatlygyny görkezdiler.

Atly toparlaryň üstünlikli çykyşlary artistleriň bu ajaýyp bedewler bilen her günki tutanýerli türgenleşikleriniň netijesidir.Topara gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, “esasy zat bedewleriň dilini tapmakdyr, şonda hemme zat şowuna bolýar”.

Biziň jigitlerimiz özlerine bildirilen belent ynamy abraý bilen ödäp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň bedew bady bilen okgunly ösüşini alamatlandyrýan bedewleriň üstünde Döwlet baýdagymyzy nobatdaky gezek belende galdyryp, ata Watanymyzyň dünýäde abraýyny artdyrdylar.

Türkmen atlylar toparynyň bu üstünlikli çykyşlarynyň ählisi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň sirk sungatyny dünýä derejesine çykarmak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işleriň örän ýokary netijesiniň nobatdaky aýdyň subutnamasy, daşary ýurtlarda ahalteke bedewlerini we türkmen sirk sungatynyň ussatlaryny wagyz etmegiň ýolunda ýene bir möhüm ädim boldy.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna ägirt uly üns berýär we milli Liderimiz görelde görkezmek bilen bu ugurda alnyp barylýan işleriň kämilleşdirilmegine, toparyň agzalaryny täze üstünliklere ruhlandyrýar. Ýakynda bolsa Türkmen bedewiniň milli baýramynda hormatly Prezidentimize Ak ýol atly nurana bedew sowgat berildi.

Döwlet Baştutanymyz şol atda çapyksuwaryň ajaýyp ussatlygyny görkezdi. Şonda milli Liderimiz asylly däbe görä, ajaýyp bedewiň boýnuna mähriban käbesi Ogulabat ejäniň dokan alajasyny dakdy. Üstünde oturan tejribeli çapyksuwary duýup, göýä tutuş boýuna, şonuň bilen birlikde hem öz ähli güýji möwç urýan hyjuwyny okgunly görkezýän ýaly, dikligine çarpaýa galdy, beýle ýagdaýlara diňe ussat çapyksuwar erk edip bilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bedewe atlanyp, dürli usullarda, gorgunlap, öňürdikläp we ýüzin salyp bedewi synap gördi.At dessine buýruklara tabyn bolup, baş öwretmegiň emellerini gürrüňsiz ýerine ýetirmek bilen, mynasyp ýagdaýda tomaşaçylara öz gözelligi, akgynlylygy we timarlanan hereketleri bilen lezzet almaga mümkinçilik berdi.

Ol türkmen halkynyň söýgüli küştdepdisiniň ýaňlanýan owazyna sazlaşykly aýak urup, tansy ýerine ýetirende, aýratyn täsirli göründi.Döwlet Baştutanymyz bu ajaýyp aty hem “Galkynyş” toparyna sowgat berdi, onuň agzalary, seýisler we tälimçiler bolsa manežde çykyş etmäge taýýarladylar.

Ak ýol atynyň adynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ruhy, 2018-nji ýylyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygary bilen örän sazlaşýandygyny bellemek gerek.Ine-de, Ak ýol öz ömründe ilkinji gezek Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen Halkara sirk sungatynyň festiwalyna gatnaşyp, belent ýeňişlerden ybarat bolan ak ýoluna gadam goýdy. Şeýlelikde, festiwalda Türkmenistanyň çapyksuwarlar toparyna “Altyn Gaetano” heýkeljigi gowşuryldy. Şunuň bilen birlikde I Halkara sirk sungatynyň festiwalynyň “Altyn Gaetano” heýkeljiklerine Hytaý Halk Respublikasynyň “Ajaýyp gyzlar, diabolo” topary, Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň “Turnikli hiňňildikdäki akrobatlar” topary mynasyp boldular.

Sirk bedewiniň we ony ellekileşdirijiniň keşbinde şekillendirilen baýragyň italýan sirk çapyksuwary we Sankt-Peterburgyň ilkinji sirkini esaslandyryjysy, Gaetano Çinizelliniň hormatyna atlandyrylandygyny bellemeli.Peterburgly tomaşaçylar at üstünde ýerine ýetirilýän çykyşlara aýratyn gadyr goýýarlar.

Türkmen atly jigitleri Çinizelliniň esaslandyran şöhratly däbini mynasyp dowam etdiler we festiwalyň baş baýragyna mynasyp boldular.Türkmen atly toparlarynyň gazanan bu üstünligi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda ahalteke atçylygyny ösdürmek, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça tagallalarynyň aýdyň netijesidir.

Ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan we arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanynyň artdyrylmagyna, atçylyk sportunyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýän döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen, milli atçylyk sporty täze derejä çykdy.

Türkmen atşynaslary, seýisler we çapyksuwarlar atçylyk sportuny ösdürmek ugrunda ähli zerur şertleriň döredilýändigine çuňňur hoşallygyň nyşany hökmünde Arkadag Prezidentimize “Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary” diýen hormatly ady bermek hakyndaky teklibi öňe sürdüler. Şunuň bilen baglylykda, öňe sürlen teklip hemmetaraplaýyn we biragyzdan oňlanyldy. 2014-nji ýylyň güýzünde “At — myrat” atly güýzki at çapyşyk möwsüminiň açylyşy mynasybetli guralan dabaranyň çäklerinde kabul edilen bu çözgüt üçin minnetdarlyk bildirip, Arkadag Prezidentimiz şol günden başlap, ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda ýörite at çapyşyklarynyň guralmagyny teklip etdi. Şeýlelik bilen, milli atçylyk sportunyň ösdürilmeginde we asylly atşynaslyk däpleriniň nesilden-nesle geçirilmeginde möhüm ähmiýeti bolan ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda ýörite at çapyşyklarynyň geçirilmegi däbe öwrüldi. 2015-nji ýylda Türkmen bedewiniň milli baýramçylygy mynasybetli guralan dabaralaryň çäklerinde ýurdumyzyň ähli atşynaslarynyň, çapyksuwarlarynyň we bu ugra degişli hünärmenleriň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa “Türkmenistanyň halk atşynasy” diýen hormatly ady bermek hakyndaky teklip öňe sürüldi.

Munuň özi atçylyk sportunyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, onuň dünýä ýüzünde giňden wagyz edilmegi ugrunda yzygiderli alada edýän milli Liderimize çuňňur hoşallygyň nobatdaky subutnamasy boldy.Abraýly halkara bäsleşiklere, festiwallara gatnaşýan hem-de ýokary netijelere eýe bolýan türkmen atly toparlary gazanýan üstünlikleri üçin, ilkinji nobatda, hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallyk bildirýärler. Çünki döwlet Baştutanymyzyň ýadawsyz aladasy türkmen bedewiniň we milli atçylyk sportunyň şöhratynyň belende galmagyny şertlendirýär.

Bedew bady özygtyýarly Watanymyzyň taryhyny, häzirki döwrüni we ajaýyp geljegini alamatlandyrýar.Bu ösüşde öz mirasyny saklamagy we ony ösdürmegi, şu günki gününi gurmagy we ajaýyp geljege tarap nurana ýoly çekmegi başarýan halkyň beýik ykbaly öz beýanyny tapýar.

Ajaýyp bedewler Ýer ýüzünde ýeňiş gazanmagyny dowam edýärler. Şeýlelikde, türkmen atçylyk sportunyň we sirk sungatynyň ýene-de köp gezek dünýä sahnasynda uly üstünlikler gazanjakdygyna ynam bar. “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda geçýän ýylda behişdi bedewleriň, öz gözelligine we çeýeligine laýyk gelýän beýik ýeňişleri gazanjakdygyna uly buýsanç bilen ynam bildirse bolar.

Gadymy döwürde türkmen atlary Beýik Ýüpek ýolunyň ösmeginde möhüm orun eýeläpdir.Häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça bu taryhy ugur täze hil derejesinde dikeldilýär.Ahalteke bedewleri bolsa baý mirasy bolan hem-de geljege tarap okgunly hereket edýän Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan we mähriban Watanymyz hakyndaky habary dünýä ýaýmak ýaly hormatly wezipäni berjaý edýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen bedewleriniň dünýädäki şöhraty belende göterilýär
17.02.2019 | Hormatly Prezidentimiziň bedewi — Galkynyş toparyna sowgat
03.10.2018 | ABU-nyň Baş Assambleýasyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň medeniýeti bilen tanyşýarlar
ABU-nyň Baş Assambleýasyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň medeniýeti bilen tanyşýarlar
26.04.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň IX mejlisinde eden çykyşy
26.04.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň IX mejlisine gatnaşdy