Eýran, syýahatçylyk pudagynyň ösdürilmegi maksady bilen 4-nji fewraldan başlap 28 ýurt bilen wiza ulgamynyň bir taraply ýagdaýda bes edilendigini habar berdi.
Eýranyň resmi habarlar gullugy IRNA-nyň berýän habaryna görä, Daşary işler ministriniň orunbasary Ali Ruza Bigdeli, käbir ýurtlaryň raýatlarynyň erkin ýagdaýda Eýrana syýahat etmekleri üçin bir taraply ýagdaýda wiza ulgamynyň bes edilendigini aýtdy.
Bigdeli, wizasyz syýahat ýeňilliginden Saud Arabystany, Katar, Birleşen Arap Emirlikleri, Bahreýn, Özbegistan, Tunis, Tanzaniýa, Ýaponiýa, Indoneziýa, Singapur, Braziliýa, Serbiýa, Bosniýa-Gersegowina, Belarus we Hindistan ýaly 28 ýurduň raýatlarynyň peýdalanyp biljekdiigini belledi.