28-nji noýabr

1895 ABŞ-da “Chicago Times-Harold” gazetiniň guramaçylygynda ilkinji awtoulag ýaryşy geçirilýär. Çikagodan Ewanstona çenli aralykda geçirilen ýaryşa 6 ulag gatnaşyp, Frank Durýea ýeňiji bolýar.

1939 Basketboly esaslandyran, kanadaly beden-terbiýe mugallymy Jeýms Neýsmit 78 ýaşynda aradan çykýar.

1955 Italiýaly futbolçy Alessandro Altobelli dünýä inýär.

1969 Niderland futbolçy Pier wan Hooýdonk dünýä inýär.

1982 Braziliýaly basketbolçy Leandro Barbosa dünýä inýär.

2005 Braziliýaly futbolçy Ronaldinio “Ballon d’Or” baýragyna mynasyp bolýar.

2015 Britaniýaly boksçy Taýson Fýuri agyr agramda WBA, WBO, IBF, IBO ugurlary boýunça çempionlyk tutluşygynda ukrainaly Wladimir Kliçkony ýeňip, meşhur boksçynyň 9 ýyllyk çempionlygyny soňlandyrýar.

2015 “Lester Sitiniň” ýyldyzy Jeými Wardi “Mançester Ýunaýted” bilen bolan duşuşykda tapawutlanyp, “Premier Ligada” yzly-yzyna 11 oýunda gol geçirýär we çempionatyň rekordyny goýýar.

The post 28-nji noýabr appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Russiýada Amerikaly Žurnalist Tussag Edildi
Oýna girip, het-trik eden 7-nji futbolçy
2023-nji ýylyň iň gowy kitaplary saýlandy
Putin Nawalnynyň ölümi bilen baglanyşykly "şeýle zatlar bolýar" diýdi
Samara Žoý Stambulda Konsert Berer
Ýewraziýa döwletleriniň gün tertibindäki wakalar