28-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

28-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

Türkmenistanyň Prezidenti möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly iş maslahatyny geçirdi, Türkmenistandan 289 zyýaratçy haj parzyny berjaý etmek üçin Saud Arabystanyna gider, Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Astana şäherinde Gazagystanyň Prezidenti bilen duşuşdy we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny geçirdi.Onda ýurduň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.Pagta öndürijileriň gowaça ekilen meýdanlarda degişli ideg işlerini alyp barýandyklary, bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallaryndan netijeli peýdalanylýandygy bellenildi.

Mundan başga-da, galla oragy möwsümine taýýarlyk görülýär. 2.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi.Resminama laýyklykda, haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi.

Ulag we kommunikasiýalar agentligine zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna eltmek we yzyna getirmek üçin Türkmenhowaýollary agentligiň serişdeleriniň hasabyna 10-njy iýun — 9-njy iýul aralygynda ýörite gatnawy guramak tabşyryldy. 3.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Astana şäherinde Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy.Taraplar syýasy, diplomatik, söwda, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini öz içine alýan strategiki hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Daşary syýasat edarasynyň başlygy Gazagystanyň Baştutanyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamyny ýetirdi. 4.Türkmenistanda 4-5-nji iýunda Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparyň on ikinji mejlisini hem-de onuň çäklerinde işewürler duşuşygyny geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, innowasion tehnologiýalar, energetika, gurluşyk, ulag, saglygy goraýyş beýleki ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar. 5.Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky Döwlet atçylyk sirki çykyşlaryna çagyrýar.

Sirk meýdançasynda dünýä belli Galkynyş milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary görkeziler. Çykyşlar bu ýerde her ýekşenbe güni sagat 15:00-da geçirilýär.Maksatnama ahalteke atlarynyň gatnaşmagynda çykyşlary, akrobatlaryň, gimnastikaçylaryň we žonglýorlaryň çykyşlaryny öz içine alýar.

Dünýäde

6.Waşington uniwersitetiniň alymlary çybynlardan goramangyň syryny açdylar.Bu mör-möjekler diňe bir adamyň ysyndan täsirlenmän, egin-eşikleriň käbir reňklerini hem gowy görýän ekenler.Bilermenleriň düşündirmeklerine görä, çybynlary görünýän spektriň uzyn tolkunlary, ýagny gyzyl, mämişi, gara we deňiz tolkunlarynyň reňkleri özüne çekýär. Çybynlara görünmek islemeýän bolsaňyz, bu reňkleri geýmekden saklanmalysyňyz. 7.

Ganaly Eýs-Liam Ginnesiň rekordlar kitabynda iň ýaş suratkeş diýen ada eýe boldy. 1 ýaş 152 günlük bu zehinli çaga eýýäm 20-den gowrak surat döretdi.Onda döredijilige bolan höwes 6 aýlykka, hünäri boýunça suratkeş ejesini synlaýarka döredi. Çaganyň bilesigelijiligi onuň Süýşenekldei atly ilkinji suratynyň döredilmegine sebäp boldy, şonda ol kagyzda eliniň yzlaryny galdyrdy.

Eýs-Liamyň eserleri eýýäm sungaty söýüjileriň söýgüsini gazandy.ol Gananyň Ylym we tehnologiýalar muzeýinde geçirilen toparlaýyn sergä gatnaşdy we onuň 10 suratyndan 9-sy satyldy.Sport habarlary

8.Aziýa Futbol Konfederasiýasy tamamlanan möwsümiň netijelerine esaslanyp, täzelenen reýtingi çap etdi.AFK-a agza 47 ýurduň täze reýtinginde Türkmenistan 19-njy orny eýeledi.Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda Türkmenistan Gyrgyzystandan öňde, Täjigistandan we Özbegistandan bolsa yzda ýerleşdi. Öňdebaryjylar Saud Arabystany, Ýaponiýa we Koreýa Respublikasy boldy.

Reýtingdäki 19-njy orny sebäpli Türkmenistan 2024/2025-nji möwsümde Aziýanyň ýaryşlaryna iki toparyny çykarmak hukugyny aldy.

Ýene degişli makalalar

20-nji iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Muhadowyň goly Abdyş-Atany Gyrgyzystanyň Kubogynyň ýarym finalyna çykardy
Türkmen toparlarynyň bäşisine AFK-nyň ygryýarnamalary berildi
27-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Gomel türkmenistanly futbolçyny gözden geçirýär
TÝL. Merdan Saparow karýerasyny tamamlady