28.12.2019 | Türkmenistanyň DIM-de geçirilen brifing

Şu gün Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň 2017-2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk etmeginiň, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça şu ýylyň awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumynyň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi.

Duşuşyga ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky ilçileri, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem žurnalistika fakultetleriniň talyplary çagyryldy.Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde işjeň orny eýelemek bilen, BMG-niň, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň, beýleki iri halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we giňeltmek ugrunda çykyş edýär, häzirki wagtda tutuş adamzady tolgundyrýan meseleler boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam berýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynda, BMG-niň 2015-nji ýyla çenli döwür üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilen durnukly ösüş boýunça sammitinde we beýleki iri halkara forumlarynda öňe süren başlangyçlary şu maksatlara gönükdirilendir. Şol başlangyçlaryň hatarynda Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini açmak, şeýle hem Araly halas etmek boýunça BMG-niň Ýörite maksatnamasyny we BMG-niň Suw strategiýasyny işläp düzmek hakyndaky teklipler bar.

Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň eýeleýän oňyn ýörelgesi dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýar.Muňa “Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk” hakyndaky Kararnamalary aýdyň şaýatlyk edýär.

Olaryň birinjisi 2018-nji ýylyň aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisiniň 82-nji maslahatlarda, ikinji bolsa 2019-njy ýylyň maý aýynda geçirilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisiniň 85-nji maslahatynda kabul edildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan we resminamalar BMG-niň we AHHG-niň arsynda yzygiderli esasda hyzmatdaşlyk üçin hukuk binýadyny kemala getirmegiň ýolunda uly ähmiýetli ädim boldy.

Türkmenistan 2017-2019-njy ýyllarda bu halkara düzümine ýolbaşçylyk etmek bilen Gaznanyň maksatlarynyň we wezipeleriniň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen örän möhüm çäreleriniň birnäçesini gurady we geçirdi.Ozaly bilen, 2018-nji ýylyň 24-nji awgustynda Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň baştutanlarynyň Türkmenbaşy şäherinde geçirilen sammitini bellemek gerek, bu duşuşyk sebitiň durmuşynda hakykatdan-da uly ähmiýetli waka boldy.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bäş Prezidentiniň howanyň üýtgeýän şertlerinde Aral deňziniň sebitiniň suw serişdeleriniň toplumlaýyn peýdalanylmagy we ekologiýa ýagdaýynyň gowulandyrylmagy, suw hojalyk, ekologiýa we durmuş-ykdysady meseleleri çözmek boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak, halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça bu ýurtlaryň bilelikdäki hereketleri sammitiň dowamynda içgin we düýpli ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bäş ýurduň Liderleriniň hoşniýetli goňşuçylyk we özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ähli taraplaryň bähbitlerini hasaba almak bilen, Aral deňziniň ýakasynyň suw serişdelerini bilelikde toplumlaýyn dolandyrmak hem-de rejeli peýdalanmak we daşky gurşawy goramak boýunça ozal kabul edilen çözgütlere ygrarlydyklaryny tassyklamaklary ýokary derejede geçirilen duşuşygyň esasy jemleriniň biri boldy.

Hususan-da, täze wehimlere öz wagtynda jogap bermäge ukyply bolan netijeli hem-de durnukly institusional guralyny döretmek maksady bilen, AHHG-niň guramaçylyk düzümini we şertnama hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmäge taýýarlyk beýan edildi.

Mundan başga-da, Aralyň halas edilmegine gönükdirilen sebit taslamalarynyň we maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi, Aral ýakasynyň we Aral deňziniň sebitiniň ekologiýa ýagdaýyny sagdynlaşdyrmak, şeýle hem serhetüsti suw akabalarynyň suw serişdelerini toplumlaýyn peýdalanmak we goramak, suw hojalygy, energetika we durmuş-ykdysady ösüş ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň doly derejede üpjün edilmegi babatda bir pikire gelindi.

Bu ýagdaý sammitiň jemleri boýunça kabul edilen bilelikdäki Beýannamada beýan edildi.Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň müdüriýetiniň 2018-nji ýylyň ýanwar we awgust aýlarynda geçirilen mejlislerinde kabul edilen çözgütlere laýyklykda, “Araly deňziniň sebitleýin ýurtlara kömek bermek boýunça hereketleriň (ADSM-4)” we “AHHG düzümleýin binýat hukuk gurallaryny kämilleşdirmek boýunça Maksatnamalary işläp taýýarlamak boýunça Sebit iş toparlary döredildi. 2018-2019-njy ýyllaryň dowamynda ýokarda agzalan toparlaryň milli bilermenleriň hem-de halkara hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda üç mejlisi geçirilip ADSM-4 taslamasy taýýarlanyldy we AHHG-ny esaslandyryjy ýurtlaryň ylalaşmagyna iberildi. Şeýle hem AHHG-niň Ýerine Ýetiriji komitetiniň Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde guran Aral deňziniň sebitiniň ýurtlary üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak boýunça köptaraplaýyn geňeşmeler geçirildi.

Geňeşmelere BMG-niň agentlikleriniň we ýöriteleşdirilen edaralarynyň, beýleki halkara guramalaryň wekilleri, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ugurdaş düzümleriniň hünärmenleri we bilermenleri gatnaşdylar. Şonuň bilen birlikde, AHHG-nyň durnukly ösüş baradaky döwletara topary tarapyndan Merkezi Aziýanyň durnukly ösüşi üçin daşky gurşawy goramak boýunça sebitleýin maksatnamada kabul edildi.

Ol durnukly ösüş maksatlaryny hem-de BMG-niň tebigaty goramaga degişli konwensiýalaryny amala aşyrmaga, “ýaşyl” ykdysadyýet ýörelgelerini ornaşdyrmaga hem-de howanyň üýtgemegine uýgunlaşmaga gönükdirilendir.Umuman, Türkmenistanyň AHHG-na başlyklyk etmeginiň dowamynda toplanan üstünlikli tejribäniň, sebitiň döwletleriniň iri halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG, onuň ýöriteleşdirilen agentlikleri hem-de daşky gurşawy goramak we durnukly ösüş ulgamyndaky edaralary bilen özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň esasynda daşky gurşawy goramagyň ähli giň gerimli meseleleri boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi. Şunuň bilen baglylykda, AHHG-niň Ýerine Ýetiriji komitetiniň çäreleriniň durmuşa geçirilmegine goldaw berendikleri üçin halkara hyzmatdaşlara hoşallyk bildirildi.

Hazarda netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak Türkmenistanyň daşary syýasat ýörelgesiniň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Şol syýasat oňyn bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk we “açyk gapylar” ýörelgelerine esaslanýar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyz gadymy Hazaryň ägirt uly köptaraply mümkinçiligini durmuşa geçirmäge saldamly goşant goşup, onuň parahatçylyk, dostluk we ylalaşyk deňzi derejesinde berkarar bolmagyna bütinleý ýardam berýär.

Türkmenistan ençeme gezek Hazar deňziniň meseleleri boýunça dürli halkara maslahatlarnyň, gepleşikleriň, duşuşyklaryň, okuw maslahatlarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi.Binýatlyk resminama bolan Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa bilen bir hatarda, “pudaklaýyn” ylalaşyklar hem işlenip taýýarlanyldy.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, kenarýaka döwletleriniň hem-de olaryň köpasyrlyk taryhy-medeni gatnaşyklary bilen birleşen halklarynyň arasynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we giň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmek maksady bilen, Hazar deňziniň meselelerinde hemişe işjeň orny eýeläpdi we mundan beýläk-de eýelär.

Bu ugurda mundan beýläkki anyk çäreler hökmünde hut döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Hazarda hyzmatdaşlyk etmek babatda möhüm resminamalaryň taýýarlanandygy hem-de soňra kabul edilendigi aýdyň şaýatlyk edip biler. Şolaryň hatarynda Hazar deňziniň suw biologiýa serişdelerini gorap saklamak we oýlanyşykly peýdalanmak, adatdan daşary ýagdaýlary öňünden duýdurmak we olaryň öňüni almak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda, şeýle hem söwda-ykdysady we ulag ulgamlary babatda ylalaşyklar bar. Şeýle hem Türkmenistanyň gidrometereologiýa baradaky sebitleýin komitet bolan KASPKOM-da başlyklyk edýän döwründe degişli ylalaşyklaryň üstünde işlenilmegi tamamlandy.

Häzirki wagtda ýurdumyzda ylmy barlaglar ulgamynda hem-de Hazarda gözleg-halas işlerini geçirmek işinde ylalaşyklaryň taslamalaryny ylalaşmak boýunça bilermenleriň duşuşyklary geçirilýär.Bu ugurdaky ylalaşyklary işläp taýýarlamak başlangyjyny hem hormatly Prezidentimiz bäşinji Hazar sammitinde öňe sürdi.

Mundan başga-da, Türkmenistan Hazar deňzinde howpsuzlyk ulgamynda ylalaşyga -- biologiýa serişdelerini bikanun almaga garşy göreşmek babatda (brakonýerçilik) hem-de deňizde ýüzmegiň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça iki teswirnamany işläp taýýarlamak üçin gepleşikler meýdançasyny hödürleýär. 2013-nji ýyldan başlap, her ýyl "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda “Hazar deňzi—durnukly ösüş we dolandyryş” diýen okuw geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan bu çäre türkmen tarapyndan Hazar sebitiniň ähli ýurtlary üçin Birleşen Milletler Guramasynyň hyzmatdaşy bolup durýan Halkara ummanlar instituty bilen bilelikde geçirilýär.Brifinge gatnaşyjylar Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk etmegine we Birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanyp, maglumatlary özünde jemleýän ýörite neşirler bilen hem tanyşdyryldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň DIM-de geçirilen brifing
30.01.2020 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: oba hojalyk toplumy
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: oba hojalyk toplumy
Milli Liderimiz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
Türkmenistanda täze doglan çagalar üçin berilýän döwlet kömek pullarynyň möçberleri artdyrylar
“Türkmenfilm” dekabr aýyndaky film täzeliklerini tanyş etdi