Şu gün "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň Kongres merkezinde Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýa Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyga (“Lapis Lazuli” ugry boýunça ylalaşyk) gatnaşyjy ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahaty geçirildi.
Resminama 2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Aşgabatda geçirilen Owganystan boýunça sebit ykdysady hyzmatdaşlygyň 7-nji maslahatynyň (RECCA VII) ministrler derejesindäki mejlisinde gol çekildi.Onuň kabul edilmegi sebitiň ykdysady birleşmesini ösdürmek, söwdanyň möçberini artdyrmak maksadynda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmekde Aşgabat forumynyň anyk goşandyna öwrüldi.
Türkmenistanyň ykdysady we durmuş taýdan ösmeginiň möhüm şerti bolan köpugurly ulag düzümini döretmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.Bu ugurda milli Liderimiziň başyny başlan giň gerimli taslamalary, şol sanda bar bolan awtomobil we demir ýollaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de olaryň täzelerini gurmak, raýat awiasiýasynyň, gämiçiligiň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli täzelemek we giňeltmek boýunça taslamalar üstünlikli durmuşa geçirildi. Şunda halkara üstaşyr-ulag geçelgelerini döretmäge aýratyn üns berilýär.
Bäştaraplaýyn ylalaşygyň çäklerinde geçirilýän maslahat “Lazurit” halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmäge tarap ýolda nobatdaky ädime öwrüldi.Bu geçelge Merkezi we Günorta Aziýa, Hazar hem-de Gara deňizleri, Ortaýer deňzi sebitlerini öz içine alýan giň geoykdysady giňişlikde netijeli gatnaşyklary berkitmäge ýardam eder. "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyna gelen wekilçilikli maslahata gatnaşyjylar yklymyň esasy ýollarynyň merkezinde ýerleşýän Türkmenistanyň geografik ýagdaýynyň artykmaçlyklarynyň ýurdumyza ýewraziýa gatnaşyklaryny üpjün etmek üçin milli ulag serişdelerini amatly amala aşyrmaga mümkinçilik berýändigini bellediler.
Ulag ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli işler adamlar hakyndaky aladanyň, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän durmuş ugurly syýasatynyň möhüm ugrudygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Häzir bu ugurlar döwlet Baştutanymyzyň logistika strategiýasynda örän aýdyň ýüze çykýar.Soňky ýyllarda Türkmenistanda paýtagtymyzyň täze Halkara howa menzilini, Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan demir ýolunyň birinji nobatdakysyny — Kerki — Ymamnazar — Akina ugruny gurmagyň ajaýyp taslamalary amala aşyryldy, Türkmenbaşydaky Halkara deňiz porty ulanmaga berildi, şeýle hem Aşgabat — Türkmenbaşy awtobanynyň gurluşygyna başlandy. Ýurdumyzda demir ýol, awtomobil, howa we suw ulaglaryny peýdalanmak bilen amatly we howpsuz halkara geçelgeler döredilýär.
Munuň özi sebitde durnukly ösüşi, halklaryň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň giňelmegini, hyzmatdaşlygyň berkemegini, söwda dolanyşygynyň mukdarynyň artmagyny üpjün edýär. “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygar astynda geçýän 2018-nji ýyl hem ulag ulgamynda iri möçberli taslamalara beslendi.
Fewral aýynda Lazurit ulag-üstaşyr geçelgesiniň düzümine girýän Serhetabat — Turgundy demir ýoly ulanmaga berildi.Onuň açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de ýurdumyza gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri hem-de Hindistan Respublikasynyň daşary işler döwlet ministri gatnaşdylar.
Türkmen-owgan ýolunyň gurluşygyny doganlyk halka hemmetaraplaýyn kömek we goldaw berýän Türkmenistan doly öz üstüne aldy. Ýurdumyzyň Demir ýol ulaglary ministrligi tarapyndan gaýtadan gurlan demir ýoluň döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde Turgundy menziliniň geçirijilik ukyby ýokarlandy, Owganystanyň haryt dolanyşygynda ähmiýeti artdy, owgan önümlerini halkara bazarlaryna çykarmak, daşary ýurt harytlaryny ýurdumyza gysga we amatly ýol bilen getirmek mümkinçiligi döredi.
Owganystanyň sebitde köpugurly ulag ýollaryny döretmegiň taslamalaryna çekilmegi bilen ol öz geografik artykmaçlyklaryny Ýewraziýa yklymynda ulag-üstaşyr merkezi hökmünde peýdalanmak mümkinçiligine eýe bolar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) demir ýolunyň açylmagy bilen Owganystany Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamyna goşmak hem-de onuň üsti bilen halkara ýollaryna birleşdirmek hakyndaky pikiri üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Polat we awtomobil ýollar Turgundy şäherini Aşgabat bilen, soňra Hazarda Türkmenbaşy şäheriniň Halkara porty bilen birleşdirýär. Şondan aňry Hazaryň üsti bilen Bakuwa çenli, soňra Tbilisiniň üsti bilen Ankara we Stambula çenli dowam eder. 2018-nji ýylyň diňe on aýynda Kerki — Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy demir ýollary boýunça ýükleri daşamagyň mukdary 2017-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, iki esse artdy. Şonuň üçin şol polat ýollara bolan zerurlyk aýdyň bolup, şolaryň ähmiýeti bu ýollara täze çäkleriň, taslamalaryň, logistika ugurlaryň goşulmagy bilen has-da artar. "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň Kongres-merkezinde foruma gatnaşyjylar bu ýerde guralan serginiň üsti bilen “Lazurit” geçelgesini döretmegiň esasy tapgyrlary hem-de oňa gatnaşýan ýurtlaryň ulag ýollary bilen tanyşdylar.
Halkara maslahatynyň açylyş dabarasyna ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýokary wezipeli işgärleri, bilermenler, maýadarlar, abraýly guramalaryň, bank düzümleriniň, ulag, logistika hem-de ekspeditorçylyk kompaniýalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.Milli Liderimiz Gutlagynda Ýewropa bilen Aziýanyň çatrygynda geografiýa taýdan amatly ýerleşýän Türkmenistanyň sebit we yklym ähmiýetli möhüm ulag-üstaşyr merkez hökmünde ähmiýetiniň barha artýandygyny nygtady.
Biziň ýurdumyz ulag pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga, hereket edýän ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny giňeltmäge we olaryň täzelerini döretmäge gönükdirilen tutumly işleri üstünlikli amala aşyrýar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda geçirilýän bu halkara maslahatynyň ulaglar ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge uly goşant goşjakdygyna, bu başlangyçlaryň ekologiýa taýdan amatly, howpsuz hem-de ygtybarly ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmäge, durnukly ykdysady ösüşi goldamaga, halkara hyzmatdaşlygyny we ýurtlaryň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny berkitmäge ýardam berjekdigine ynam bildirip , oňa gatnaşyjylara işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra forumyň myhmanlary çykyş etdiler.Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Ýagup Eýýubowyň belleýşi ýaly, şu gezek geçirilýän maslahat aýratyn ähmiýete eýedir, çünki ösüşiň innowasion ýoluna geçmegiň şertlerinde ulaglar ykdysady ösüşiň ähmiýetli şertleriniň biridir.
Ol halkara söwda gatnaşyklaryny kämilleşdirýär, tebigy serişdeleriň netijeli ulanylmagyny artdyrýar, telekeçiligi ösdürýär. Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Açilbaý Ramatowyň belleýşi ýaly, ýurtlarymyzyň arasynda ulag hyzmatdaşlygynyň işjeňleşmegi netijesinde, sebitimiz dünýä söwda dolanyşygyna goşulýar, bu bolsa hereket edýän ulag geçelgelerini ösdürmek hem-de halkara bazarlaryna çykalgany üpjün edýän täze ugurlary döretmek üçin sebitiň ulag-üstaşyr kuwwatyny peýdalanmaga ýardam edýär.
Türkiýe Respublikasynyň ulag we infrastruktura ministri Mehmet Jahit Turhan öz nobatynda Lapis Lazuli ulag-üstaşyr geçelgesiniň şu taslama gatnaşýan ähli ýurtlaryň ykdysady taýdan ösmegi üçin ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny belledi.
Myhman Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenbaşy şäheriniň Halkara portunyň taslamasyny amala aşyrmaga gatnaşmak mümkinçiligi üçin hoşallyk bildirip, onuň düzüminiň sebitde deňiz ulag gatnawlaryny ösdürmek üçin esasy halka bolup durýandygyny nygtady.
Lapis Lazuli üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyga gatnaşyjylaryň geçirýän işleri netijesinde, Owganystanyň dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli goşulyşmagy baradaky mesele Owganystan Yslam Respublikasynyň ulag ministri Mohammad Hamid Tahmasiniň çykyşynda bellenildi.
Ol öz ýurdundaky ýagdaýyň durnuklaşmagy üçin Türkmenistanyň örän uly goşandynyň bardygyny nygtady.Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministriniň orunbasary Akaki Sagiraşwiliniň öz çykyşynda belleýşi ýaly,“Lapis Lazuli” geçelgesi birwagtda öz ulag düzümlerini ösdürýän ýurtlarymyzyň ägirt uly üstaşyr-ulag kuwwatyny amala aşyrmaga mümkinçilik berer.
Ulag gatnawlarynyň ösdürilmegi häzir netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrülýär. Ýol gurmagy sogap hasaplap, gadymdan bäri bu işe sarpa goýan türkmen halky bu däbi mynasyp dowam edýär.Bu baradaky gürrüňler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň TürkmenistanBeýik Ýüpek ýolunyň ýüregi diýen kitabynda milli taryhymyzyň maglumatlarynyň, gadymy rowaýatlaryň, ýurdumyzyň häzirki zaman durmuşynyň wakalarynyň mysalynda düýpli açylyp görkezilýär.
Milli Liderimiz öz kitabynda bu gadymy kerwen ýolunyň döremeginde hem-de giň gerimli hereket etmeginde esasy emele getiriji orunlaryň biriniň türkmenlere degişlidigini aýratyn belleýär.Beýik Ýüpek ýolunyň her şahasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmäge mynasypdyr. Şeýlelikde, döwletimiz tarapyndan asyryň iri ulag taslamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen täze taryh ýazylýar hem-de Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek baradaky pikir täzeden dowamyna eýe bolýar. Şol ýoluň ýüregi, milli Liderimiziň çeper beýan edişi ýaly, Garaşsyz Bitarap Türkmenistandyr.
Maslahatyň mejlisleriniň çäklerinde oňa gatnaşyjylar Türkmenistanda howa gatnawynyň, deňiz gämiçiliginiň, demir ýol pudagynyň hem-de awtoulag ulgamynyň dürli halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň, ilkinji nobatda bolsa, Lapis Lazuli multimodal ulag geçelgesiniň amala aşyrylmagyna goşýan goşandy babatda bu ulgamlaryň ösdürilişine aýratyn üns berdiler.
Ulag ulgamynda özara gatnaşyk etmek, şol sanda BMG-niň hem-de beýleki abraýly guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlyk meselelerinde eýeleýän işjeň ýörelgesine ygrarly bolmak bilen, ýurdumyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan iri düzümleýin taslamalary daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde amala aşyryp, netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna hem-de giňeldilmegine uly goşant goşýar.
Munuň mysaly hökmünde Aşgabadyň iň döwrebap derejedäki Halkara howa menziliniň gurulmagyny getirip bolar.Ol Türkmenistanyň esasy “howa derwezesi” bolup, islendik kysymdaky hem-de dürli ýük göterijiligi bolan uçarlary kabul edip, şunda hyzmatyň halkara ölçeglerini üpjün edip bilýär.
Onuň ýük terminaly ýylda 200 müň tonna geçirijilik ukybyna eýedir.Howa menzilinde ýerüsti hyzmatyny üznüksiz amala aşyrmak maksady bilen, 188 birlik ýöriteleşdirilen dürli tehnikalar hereket edýär.Maslahata gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, döwrebap howa menziller ulgamynyň döredilmegi Türkmenistanyň mundan beýläkki ykdysady ösüşiniň hem-de dünýä ykdysadyýetine goşulyşmagynyň, halkara söwda gatnaşyklaryny giňeltmegiň we işjeňleşdirmegiň möhüm ýagdaýydyr. Çykyş edenler Türkmenistanda ulag düzümini ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biriniň häzirki zaman söwda flotunyň döredilmeginden ybaratdygyny nygtadylar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pudagyň öňünde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, daşary ýurtlaryň iri gämigurluşyk kärhanalarynda türkmen floty üçin gämileri, ozaly bilen nebit hem-de nebit önümlerini daşamak üçin ýük gämilerini, paromlary gurmaga buýurmalar ýerine ýetirildi.
Soňky ýyllarda ýurdumyzda iň häzirki zaman derejeli ýük gämileriniň hatary ep-esli artdy.Bu bolsa nebiti çykarmagyň we gaýtadan işlemegiň mukdarynyň artdyrylmagy hem-de himiýa senagatymyz nazara alnanda möhümdir.
Bu pudaklar ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýän giň görnüşli önümleri öndürmegiň mukdaryny durnukly artdyrýarlar. Ýerüsti düzümler döwrebaplaşdyrylmazdan deňiz gämiçiliginiň häzirki zaman derejesinde ösdürilmegi mümkin däldir. 2013-nji ýylyň 15-nji awgustynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Türkiýe Respublikasynyň şol wagt premýer-ministri bolan Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenbaşy şäherindäki täze Halkara deňiz portunyň gurluşygyna badalga berdiler. Şonuň üsti bilen TRACEKA ulag geçelgesi geçýär.
Bu iri maýa goýum taslamasy umumy meýdany 230 müň inedördül metr bolan awtomobil-ýolagçy ýük terminalynyň hem-de 249 müň inedördül metr bolan konteýner terminallarynyň gurulmagyny özünde jemledi.Topluma ýükleýiş terminaly, ürgün ýükler terminaly, polipropilen terminaly,166 müň inedördül metr meýdany eýeleýän “Balkan” gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawody girdi. Şunda suw akwatoriýasyny çuňlaşdyrmak boýunça işleriň uly möçberi ýerine ýetirildi, hususan-da, gämileriň duralgalara geçip bilmegi üçin suw düýbüni çuňlaşdyrmak işleriniň barşynda millionlarça kubmetr toprak çykaryldy.
Gämi duralgalarynyň gidrotehniki desgalaryndan başga-da, kenar düzüminiň köpsanly desgalary bina edildi.Ol özünde ulag üpjünçiligini: awtomobil we demir ýollaryny birleşdirdi.Täze deňiz portunyň tehniki düzümi barada aýdylanda, ol iň döwrebap programma-enjamlar toplumlary bilen enjamlaşdyryldy.
Bular howpsuzlygy hem-de nawigasiýanyň we ýük daşalyşynyň netijeliligini, şeýle hem daşky gurşawyň goragyny üpjün etmek üçin zerurdyr. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň üstaşyr-ulag kuwwatyny durmuşa geçirmek baradaky maksatlarynyň iş ýüzünde amala aşmagynda Hazarýaka sebitine aýratyn orun berilýär.
Bu ýerde ulaglarynyň ähli görnüşlerini netijeli peýdalanmak üçin giň mümkinçilikler açylýar diýip, maslahata gatnaşyjylar bellediler. Şunuň netijesinde ýurtda deňiz, awtomobil, demir ýol we howa ulaglaryny peýdalanyp, ýük akymlaryny utgaşdyryp biljek esasy logistik merkez kemala gelýär.
Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň ulag strategiýasynyň esasynda döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek baradaky pikiriniň durandygyny aýratyn nygtadylar.Bu ýol ençeme asyrlaryň dowamynda Merkezi Aziýanyň çäklerinden geçipdir.
Häzirki zaman şertlerinde bu transkontinental ýol ýurdumyzyň hem-de sebitiň beýleki döwletleriniň dünýäniň ulag ulgamyna goşulyşmagy arkaly olaryň ägirt uly ykdysady kuwwatyny durmuşa geçirmäge ýardam bermäge gönükdirilendir. Şu babatda Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň ulanmaga berilmegini mysal hökmünde getirip bolar.
Onuň iň uzyn, 700 kilometre golaý bölegi ýurdumyzyň üstünden geçýär.Gysga möhletde, çylşyrymly tebigy we howa şertlerinde türkmen demirýolçulary Bereket demir ýol bekedinden Gyzylgaýa ilatly nokadynyň üsti arkaly Gazagystan bilen döwlet serhedine çenli ýoluň 444 kilometrini çekdiler. Şol ýerde Serhetýaka diýen täze şäherçe peýda boldy.
Täze ýoly gurnamak boýunça işleriň örän uly möçberi ýerine ýetirildi, onuň ugrunda onlarça inženerçilik desgalary, demir ýol menzilleri, depo, beketler we razýezdler, beýleki düzümleýin desgalar bina edildi.Ykdysady nukdaýnazardan, bu ýol ýükleri, şol sanda üstaşyr ýükleri daşamakda geljekde bolsa ýolagçylary gatnatmakda iň gysga, häzirki döwrüň şertlerinde bolsa möhüm ugurdyr. Şunuň bilen birlikde, ýük daşamagyň wagtyny azaltmakda düýpli bäsdeşlik artykmaçlygyny berýär.
Bu, öz nobatynda, işjeňligiň artmagynda, ahyrky netijede bolsa, halklaryň abadançylygynyň ýokarlanmagyna ýardam edýär.Eýranyň çäginde demir ýoluň gurluşygynyň tamamlanmagy bilen Ýakyn Gündogar, Günorta we Günorta — Gündogar Aziýa ugurlaryna eksporty artdyrmaga mümkinçilik açyldy. Şonuň netijesinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, demirgazyk hem-de günorta ugurlarda ýerleşýän onlarça ýurtlara amatly we ykdysady taýdan bähbitli ýol döredildi.
Taslama gatnaşyjy ýurtlar bolsa, üstaşyr ýol geçýän we çäklerinde logistiki merkezler kemala gelýän döwletler hökmünde artykmaçlyklara eýe bolýar. Şeýle hem täze ýol Hazarýaka sebitiniň ösdürilmegine, ulag, önümçilik we durmuş düzümleriniň giňeldilmegine düýpli depgin berer.
Maslahata gatnaşyjylar Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň diňe bir ykdysady we täjirçilik taýdan esaslandyrylan taslama bolmak bilen çäklenmeýändigini bellediler.Munuň özi sebitdäki we onuň çäklerinden daşardaky umumy ýagdaýa oňyn täsirini ýetirmäge, Aziýada durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge, yklymara syýasy aragatnaşyklaryň ähli ulgamlaryna düýpli durnuklylyk bermäge ukyply möhüm geosyýasy şertdir.
Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň ulag ulgamynyň ösdürilişi baradaky meseleleri gozgamak bilen, ýurdumyzda halkara ulag geçelgeleriniň, şol sanda Lazurit geçelgesiniň işjeňlik zolagyny giňeldýän täze ýollaryň gurulmagynyň göz öňünde tutulýanlygyny bellediler. Ýurdumyzyň tutuş taryhynyň dowamynda häzirki günlerdäki ýaly hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän awtomobil ýollaryny gurmak boýunça taslamalar şeýle giň gerimde amala aşyrylan däldir.
Iş ýüzünde magistral awtoýollar ulgamynyň durky doly täzelener, ähli möhüm ýol düzümlerini öz içine alýan tizlikli ýollar çekiler. Şolaryň umumy uzynlygy 1700 kilometre barabar bolar. Ýurdumyzyň içinden geçýän ähli ýollaryň gurluşygy dünýä ölçeglerine kybap geler.
Häzirki wagtda ýol hereketiniň hiliniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmäge gönükdirilen “Türkmenbaşy — Farap “ we “Aşgabat — Daşoguz” awtomobil ýollarynyň gurluşygy alnyp barylýar. “Türkmenbaşy — Gazagystan serhedi”, “Türkmenabat — Daşoguz” we “ Mary — Serhetabat” awtomobil ýollarynyň çekilmegi hem möhüm taslamalaryň hataryna girýär.
Dürli sebitleri birikdirýän awtomobil ýollary bilen bir hatarda, halkara ölçeglerine kybap gelýän, 3 tapgyrdan ybarat bolan ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň (awtobanlaryň) gurulmagy hem meýilleşdirilýär.Hususan-da, birinji tapgyrda “ Aşgabat — Türkmenbaşy”, ikinjide “ Aşgabat — Farap”, üçinjide bolsa “Aşgabat — Daşoguz” awtobanlary gurlar.
Maslahata gatnaşyjylar forumyň netijelerini jemläp, halkara ulag geçelgeleriniň dünýä ykdysadyýetini globallaşdyrmagyň esasy guralyna öwrülendigini bellediler.Bu işleriň başyny başlaýan Türkmenistan durnukly ykdysady hem-de durmuş taýdan ösüşine, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň we dünýä bazarlarynda hyzmatlaryň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanmagyna daýanmak bilen öz çäginde yklymyň möhüm ulag merkezleriniň birini döredýär, bu bolsa dünýäniň ozalky senagat düzüminde mynasyp orny eýelemäge mümkinçilik berýär.
Forumyň ahyrynda çäginden Lazurit ýoly geçýän döwletleriň ulag hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny beýan eden jemleýji resminama gol çekildi.Soňra maslahata gatnaşyjylar üçin Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz porty boýunça gezelenç guraldy, şonuň çäklerinde myhmanlar halkara ölçegleriniň hemme talaplaryna kybap gelýän döwrebap desganyň ägirt uly ulag-üstaşyr kuwwatyna göz ýetirdiler.
Türkmenistany geljegi uly we ygtybarly hyzmatdaş hasaplaýan iri logistika kompaniýalarynyň wekilleri deňiz portunyň desgalaryna aýratyn gyzyklanma bildirdiler.Tanyşlygyň barşynda açylyş dabarasyna milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşan Hazarda iň uly deňiz menziliniň çäklerinde ýerleşen “Beýik Ýüpek ýoly” myhmanhanasynda Halkara deňiz portunyň, gämigurluşyk pudagyna maýa goýmagyň mümkinçilikleriniň tanyşdyrylyşy boldy. Ýurdumyz üçin täze pudagyň ösüşine goşant goşmaga gatnaşjak maýadarlara uly ýeňillikler garaşýar.