28.11.2018 | Awazada ulag ministrleriniň halkara maslahaty öz işine başlady

2018-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenbaşy şäheriniň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyga (Lapis Lazuli) gatnaşyjy ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahaty öz işine başlady.

Maslahatyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşyga (Lapis Lazuli) gatnaşyjy ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahatyna gatnaşyjylara iberen gutlagy okaldy.Soňra Lapis Lazuli hakynda Ylalaşyga gatnaşyjy ýurtlaryň wekiliýet ýolbaşçylary: Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary M.Çakyýew, Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Ýakyp Eýýubow, Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Açilbaý Ramatow, Türkiýe Respublikasynyň Ulag we infrastruktura ministri Jahit Turhan, Owganystan Yslam Respublikasynyň Ulag ministri Tahmasi Mohd Hameed hem-de Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministriniň orunbasary Akaki Saghiraşwili bu halkara maslahatda çykyş etdiler. Şeýle hem halkara maslahatyň birinji ýarymynda wekiliýetler Lapis-Lazuli halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň işjeňleşdirilmegine döwletara hyzmatdaşlygynyň orny hem-de ulag-üstaşyr geçelgesiniň işjeňleşdirilmeginde logistik kompaniýalaryň ähmiýeti ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene degişli makalalar

ULAG ULGAMYNDA IŞJEŇ HYZMATDAŞLYK
Berdimuhamedow Özbegistanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Açilbaý Ramatowy kabul etdi
29.06.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
02.05.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
28.11.2018 | Türkmenistan — halkara ulag-Üstaşyr geçelgelerini döretmegiň başyny başlaýjy