28.10.2017 | Döwlet Baştutanymyz baýramçylyk bäsleşiginiň hormatly myhmany boldy

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralarynyň çäklerinde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda türkmen bedewlerimiziň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy ugrunda şowhunly çäreleriň biri bolan at çapyşyklary geçirildi.Bu ýere Hökümet agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, Türkmenistanyň daşary döwletlerdäki ilçileri, daşary döwletleriň biziň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary, daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, paýtagtymyzyň ilaty we şanly sene mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen myhmanlar ýygnandylar.

Mälim bolşy ýaly, “ganatly” bedewleriň hakyky Watanynda atçylygyň ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň bridir.Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli atçylyk pudagy täze belentlige çykdy, ýurdumyzda onuň düzümlerini ösdürmek, tohum atçylygy ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, sportuň atly görnüşlerini hem-de milli at çapyşyk däplerini wagyz etmek boýunça deňsiz-taýsyz çäreler amala aşyryldy.

Häzir Türkmenistan bu ulgamda ykrar edilen dünýä merkezine öwrülýär, biziň bedewlerimiz we çapyksuwarlarymyz dürli ýurtlarda guralýan iri gözden geçirilişleriň, abraýly atçylyk sport we çapuw ýaryşlarynyň ýeňijileri bolýar.Olar at üstünde sirk sungatynda çykyş etmekde hem öňdebaryjy orunlary eýeleýärler dürli halkara festiwallarynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň haýran galdyryjy ýeňişleri munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ahalteke bedewleri ýel kimin okgunlylygy, hiç zat bilen deňeşdirip bolmajak tebigy gözelligi hem-de syratlylygy özünde jemläp, dünýäde iň gowularyň şöhratyny dowam edýärler. Şeýle tohum atlara Merkezi Aziýada, Ýewropada we Amerikada gadyr goýýanlar örän köp.

Häzirki baýramçylyk at çapyşyklary ajaýyp milli öwüşginlere beslendi.Olar asylly däbe eýerilip, hakyky uly türkmen toýy ýagdaýynda geçýär.Diňe atly ýaryşlary geçirmek üçin däl, eýsem, sportuň halkymyz üçin söýgüli bolan bu milli görnüşini wagyz etmegiň hem-de ösdürmegiň merkezi bolup durýan toplumyň tutuş çäkleri köpdürli owadan baýramçylyk görnüşleri bilen özüne çekýär.

Bu ýerde welaýatlarymyzyň ählisinden ak öýler dikilipdir, bagşylaryň ýerine ýetirmeginde gadymy türkmen halk aýdymlary ýaňlanýar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulagy Halkara atçylyk sport toplumyna gelýär.Milli lybasly gyzlar döwlet Baştutanymyza ajaýyp gül desselerini gowşurýarlar.

Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimizi şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar.Türkmenistanyň Baştutany baýramçylyk görnüşde bezelen toplumyň çäklerine girýär.Toplumyň meýdançalarynda paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň artistleri we döredijilik toparlary ajaýyp aýdym-sazly çykyşlary bilen garşylaýarlar.Milli Liderimiz toplumyň giň seýilgählerinde ýaýbaňlandyrylan oba hojalyk we maldarçylyk önümleriniň uly sergisi bilen tanyşýar.

Sergide ýurdumyzyň esasy oba hojalyk önümleriniň biri bolan pagta görkezilýär. Şu ýyl ýurdumyzyň pagtaçylary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda hasabat berip, Watan harmanyna 1 million 50 müň tonnadan gowrak ak altyn tabşyrmagyň hötdesinden geldiler.

Bu ýerde Aşgabat sport mekdeplerinde tälim alýan türgenler görkezme maksatnamasy bilen çykyş edip, Aziada2017-niň sport ýaryşlarynyň dürli görnüşlerinde öz ussatlyklaryny görkezdiler.Döwlet Baştutanymyz artistleriň ussatlygyna mynasyp baha berip, tomaşaçylaryň dowamly el çarpyşmagynda toplumyň binasyna girip, özi üçin niýetlenen ýere geçdi.

Soňra baýramçylyk at çapyşyklaryna badalga berildi.Ahalteke bedewleri dürli aralyklar boýunça 7 çapyşygyň her birinde 12 bedew öz ýyndamlyklaryny we çalasynlyklaryny görkezdiler.Tomaşa etmäge gelen adamlaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň uly guwanç bilen syn eden özüne çekiji at çapyşyklary iki sagatdan gowrak wagt dowam etdi.1800 metr aralyga geçirilen birinji çapyşyga üçýaşar atlar gatnaşdy. Şonda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Melhem diýen dor bedew bellenilen aralygy 2 minut 01,5 sekuntda geçip, brinji gelmegi başardy.

Ony Ç.Ýazdurdyýew çapdy.Birinji çapyşykda ikinji orny H.Annagulyýewiň hojalygyna degişli Ýeser gurt diýen mele aty eýeledi.O.Berdiýewiň çapan bu bedewi bellenilen aralyga 2 minut 01,8 sekunt wagt görkezdi.

T.Baýramdurdyýewiň hojalygyna degişli Gaýa diýen gara at bellenilen aralygy 2 minut 05,6 sekuntda geçip, üçünji baýrakly orna mynasyp boldy.Onuň çapyksuwary A.Baýramgeldiýew.Ikinji çapyşykda 2200 metr aralyga güýç synanyşyldy.

Bu çapyşykda G.Kyýasowyň hojalygyna degişli Guwanjym diýen dor at birinji gelmegi başardy.R.Abdyýewiň çapan bedewi bellenilen aralyga 2 minut 26,6 sekunt wagt görkezdi.Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap obasynyň Gumlygyz diýen gara dor bedewi bu aralygy 2 minut 30,5 sekuntda geçip, ikinji orna düşdi.

B.Guwanjyýewiň hojalygyna degişli Gülgüne diýen at bolsa bellenilen aralygy 2 minut 32,1 sekuntda geçip, üçünji baýrakly orna mynasyp boldy.Uçünji çapyşykda saýlama bedewler bäsleşige goşuldylar.Onuň menzili 2200 metr aralyk boldy.

Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna degişli Gujurly diýen dor at bu aralygy 2 minut 22,4 sekuntda geçip, birinji geldi.Ony B.Babalyýew çapdy.Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Garagunan atly gara bedewi bellenilen aralygy 2 minut 28,1 sekuntda geçip, ikinji ýere düşdi.

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine degişli Tumar bu aralygy 2 minut 29,1 sekuntda geçip, üçünji baýrakly orny eýelemegi başardy.Bu günki bäsleşigiň dördünji çapyşygynda 2200 metr aralyk boýunça güýç synanyşdylar. Örän gyzykly geçen çapyşykda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna degişli ussat çapyksuwar B.Begliýewiň çapan Ülker diýen dor aty ýeňiji boldy.

Ol bu aralygy 2 minut 29,4 sekuntda geçmegi başardy.Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Goňurbaş diýen gara dor aty bu aralygy 2 minut 29,7 sekuntda geçip, ikinji orna düşdi. Üçünji baýrakly orna bolsa bellenilen aralygy 2 minut 30,1 sekuntda geçen Türkmenistanyň Goranmak ministrligine degişli Peýkam atly al bedew mynasyp boldy.Bäşinji çapyşykda bedewler 2400 metr aralykdan ýaryşa goşuldylar.

Bu çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Turan akýal mele aty ýeňiji boldy.Bellenilen aralygy 2 minut 44,6 sekuntda geçen bu bedewi B.Babaýew çapdy.A.Amanowyň hojalygyna degişli Mukam diýen gurt mele at bellenilen aralygy 2 minut 50,1 sekuntda geçip, ikinji orny eýeledi.

R.Gurbanowyň hojalygyna degişli Akşäher diýen akýal mele at bu aralygy 2 minut 52,2 sekuntda geçip, üçünji baýrakly orna düşdi.Nobatdaky baýrak ugrundaky çapyşykda hem bedewler 2400 metr aralyk boýunça güýç synanyşdylar. Örän özüne çekiji çapyşyk bolan bu bäsleşikde Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine degişli Gadam diýen gyr at bu aralygy 2 minut 39 sekuntda geçip, ýeňiji boldy.

Ony ussat çapyksuwar Ö.Ýalkabow çapdy.Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugyna degişli Tämiz diýen dor at bellenilen aralyga 2 minut 40,2 sekunt wagt sarp edip, P.Babalyýewiň çapmagynda ikinji orny eýeledi.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetine degişli Alçep bu aralygy 2 minut 41,4 sekuntda geçip, üçünji baýrakly orny mynasyp boldy.Ony III derejeli çapyksuwar Y.Saparow çapdy.Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragy ugundaky jemleýji bäsleşikde bedewleriň menzili 2400 metr boldy.

Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli guralan at çapyşygynyň has çekeleşikli geçen jemleýji tapgyrynda N.Ataýewiň hojalygyna degişli Almaz diýen gara at ýeňiji boldy.Bellenilen aralygy 2 minut 47,1 sekuntda geçmegi başaran bu bedewi B.Huşwagtow çapdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Maksat atly bedew bu aralygy 2 minut 47,4 sekuntda geçip, ikinji orny eýeledi.Jemleýji çapyşykda üçünji baýrakly orna Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Paýtagt atly mele bedew mynasyp boldy.

Ol bu aralygy 2 minut 48,5 sekuntda geçdi.Soňra ýeňijileri sylaglamak dabarasy bolup, olara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.Milli Liderimiz ýeňijileriň her birini mübärekledi hem-de ajaýyp sungatyň dünýä derejesinde eýe bolnan şöhratyny mynasyp dowam etmegi hem-de atçylyk sportunyň ösmegine, dünýä derejesindäki atçylyk ýaryşlarynda Türkmenistana mynasyp wekilçilik etmäge ukyply ussat çapyksuwarlary taýýarlamaga, aýratyn-da, iň esasysy hem türkmen halkymyzyň gadymy döredijilik däplerinde ýaş nesilleri terbiýelemäge ýardam bermegi arzuw etdi.

At çapyşyklaryň ilkinji altysynyň ýeňijilerine ABŞ-nyň 15 müň dollary möçberinde, jemleýji, ýedinji çapyşygyň ýeňijisine bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ABŞ-nyň 30 müň dollary möçberinde pul baýraklary gowşuryldy.Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan köpçülikleýin dabaralar, konsertler, dürli medeni-sport çäreler ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Aşgabadyň birnäçe etrapçasynda suw üpjünçiligi kesildi
ARKADAGYŇ BAGTYÝAR NESILLERI
Aşgabatda agyz suwunyň hili ýaramazlaşdy
“Türkmen berk-metal” tegmilleri aýryjy serişdeleriň önümçiligini ýola goýdy
Tämiz Haly kompaniýasynyň haly, mebel we beýleki öý goşlaryny arasslaýyş hyzmaty — öýüň rahatlygynyň girewi