28.09.2020 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy dünýä metbugatynyň sahypalarynda

2020-nji ýylyň 25-nji sentýabry taryhy waka öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisiniň jemlerini Türkmenistanda parlamentarizmiň we demokratik özgertmeleriň ösüşinde täze tapgyryň başlangyjy diýip, atlandyrmak bolar. Ählihalk forumynda döwlet gurluşynyň ösüşini we häsiýetlerini kesgitleýän möhüm çözgütler kabul edildi.

Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Konstitusion kanuny dünýäniň habar beriş serişdelerinde uly gyzyklanma döretdi. Şonuň üçin halkara mediýa bileleşiginiň hem-de metbugat wekilleriniň ünsi geçen hepdäniň wakasyna gönükdirdi.

Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçişini Arkalaşygyň ýurtlarynyň habar beriş serişdeleri hem-de türkmen elektron neşirleri tele we radioýaýlymlary, resmi we garaşsyz saýtlar işjeň beýan etdiler.

RIA täzelikler topary maslahatda kabul edilen resminamalar, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşy barada habar bermek bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Konstitusion özgertmäni kabul edendigini nygtady. TASS öz okyjylaryna Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Konstitusion özgertmäni makullandygyny habar berdi.

TDH-niň saýtynda ýerleşdirilen habarlaryň yzysüre, türkmen parlamentiniň iki palataly ulgama geçendigi baradaky habary “Russiýa todaý”, “Interfaks”, “Argumenti i fakty”, “Eho Moskwy”, “Moskowskiý Komsomoles”, MIR24, “Wzglýad”, “Regnum”, “Rambler”, “Kazinform”, “Kaspiý Online”, “Westnik Kawkaza”, “Informbýuro”, “Azerbaýjan24”, agregator.az , iMag.one, forbes.kz, Avesta. Tj we beýlekiler çap etdiler.

Şeýle hem habar beriş serişdeleri täze parlamentiň Türkmenistanyň Milli geňeşi diýlip atlandyryljakdygy barada habar berdiler. Munuň özi kanun çykarjylyk häkimiýetini amala aşyrýan hem-de iki palatadan—Halk Maslahatyndan we Mejlisden ybarat bolan wekilçilikli edara bolar.

Habar beriş serişdeleriniň ençemesi palatalaryň wezipesi hem-de düzümi hakynda anyk maglumatlary mysal getirdiler. Bulardan başga-da, habar beriş serişdeleri döwlet Baştutanymyzyň çykyşlaryndan setirleri, hususan-da, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dünýä çökgünligine garamazdan, durnukly ösüşini saklap galandygyny habar berdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet býujetiniň serişdeleriniň 70 göterimden hem gowragynyň durmuş maksatly ugra gönükdirýändigini, “2021-nji ýylda Döwlet býujetiniň hasabyna maýyplar we goldawa mätäç raýatlar üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmagy dowam ederis” diýip aýdan sözlerini daşary ýurt habar beriş serişdeleri mysal getirdiler.

“Saglygy goraýyş we bilim ulgamlary Türkmenistanyň ösmegi üçin möhüm ugurlardyr” diýen sözbaşy astynda Türkiýäniň “Anadolu” habarlar agentligi türkmen Lideriniň saglygy goraýyş işgärlerini höweslendirmegiň möhümdigi barada aýdan sözlerine salgylanyp, Saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerine goşmaça ýeňillikleriň berilmegini göz öňünde tutýan karara gol çekendigini habar berdi.

Trend öz okyjylarynyň ünsüni Halk Maslahatynda gozgalan meselelerden başga-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň teklip eden ulag, energetika we ekologiýa howpsuzlygy baradaky meselelere çekdi.

Aşgabatda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli ugurlar boýunça halkara hyzmatdaşlygyny berkitmegiň möhümdigini nazara almak bilen, ýurduň ulag we energetika ulgamyny ösdürmek babatda wajyp belliklerini diňlediler. Şunuň bilen baglylykda, ekologiýany goramak boýunça kadalary berjaý etmegiň aýratyn ähmiýeti bellenildi diýip, AMI Trend habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti ýurtda ykdysady we durmuş ösüşiniň möhüm şerti hökmünde ulag düzüminiň kemala getirilmeginiň ähmiýetini belledi. Demir ýol, awtomobil, howa hem-de suw ulaglaryny nazara almak bilen, amatly we howpsuz halkara ýollary sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge mümkinçilik döredip, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň giňeldilmegine, hyzmatdaşlygyň berkidilmegine hem-de ýurtlaryň arasynda haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmaga ýardam eder.

“Iri möçberli taslamalaryň hatarynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy, Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman hem-de “Lapis-Lazuli” üstaşyr geçelgäniň döredilmegi görkezildi. Dünýä ýüzünde epidemologiýa ýagdaýy barada bellemek bilen, döwlet Baştutany Aral meselesini çözmegiň möhümdigine ünsi çekdi” diýip Trend ýazýar.

Beýleki Azerbaýjan habarlar agentlikleri--Azertaj.Report.Az. Aşgabatda bolup geçen wakalar hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynda eden çykyşy barada öz okyjylaryna habarlary gyzgyny bilen ýetirdiler.

Habar beriş serişdeleriniň ençemesi türkmen Lideriniň çykyşyny mysal getirdiler. Hususan-da, döwlet Baştutanymyzyň “Döwlet häkimiýetiniň aýratyn şahasy hökmünde Parlament ýurduň syýasy, ykdysady we jemgyýetçilik durmuşynda halk demokratiýasyny berkarar etmegiň aýrylmaz guralydyr. Sebäbi, dünýäniň çalt umumylaşýan häzirki şertlerinde Garaşsyz döwletimiziň halkara tejribesine daýanýan kanun çykaryjy edaralary hem kämilleşýär we özgerýär” diýip aýdan sözleri mysal getirildi.

“Milli Parlamentimiziň hil taýdan täze, iki palataly gurluşynyň döredilmegi bolsa, Garaşsyz ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň hukuk binýadyny berkitmek we döwlet häkimiýet edarasynyň işiniň netijeli bolmagyny ýokarlandyrmak üçin oňaýly şertleri döreder” diýip, “Zwýazda” belarus gazeti Türkmenistanyň Prezidentiniň sözlerini mysal getirýär.

25-nji sentýabrda dürli saýtlaryň täzeliklerinden mysal getrilen käbir sözbaşylar: “Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk önümlerini öndürmegiň innowasion usullarynyň möhümdigini belledi” (Internet-GDA portaly); “ Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler girizmek hakynda resminama gol çekdi hem-de parlamente täze saýlawlary belledi” (“Media Zona”); “Türkmenistanyň Prezidenti Konstitusiýa düzedişleri girizmek hakynda Kanuna gol çekdi: ýurtda iki parataly parlament peýda bolar” (“Nastoýaşeýe Wremýa”);“Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi” (UA24).

Umuman, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugynyň maglumatlaryna görä, 2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisi baradaky habarlar daşary ýurt halkara habarlar agentlikleriniň 130-a golaýy boýunça ýaýradyldy.

Belli elektron neşirleri olara salgylanmak bilen, Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm waka Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem-de onda kabul edilen, hakyky demokratik, hukuk we dünýewi Türkmen döwletiniň esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen taryhy çözgütler barada habar berdiler.

“Okalýan” metbugatdan başga-da, bu waka barada Russiýa 24, TRT haber, TRT AVAZ we MIR 24 teleýaýlymlarynda habar berildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine Özbegistan Respublikasynyň SNG.FM “ORIAT” FM radiogepleşikleri bagyşlanyldy, şeýle hem bäş ýurduň 7 teleýaýlymynda CBC (Azerbaýjan), TRT we TRT AVAZ (Türkiýe), Uzbekiston (Özbegistan), TV24 (Gruziýa), PTV we PTV WORD (Pakistan) wideoşekilli täzelikler görkezildi.

Köpsanly habarlar üçin umumy pikiriň beýany: Aşgabatda geçirilen Halk Maslahaty ýurduň syýasy ulgamyny ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitledi. Olar döwlet Baştutanynyň gol çeken Konstitusion kanunynda hem öz beýanyny tapdy.

Bilermenleriň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şol resminamany işläp taýýarlamak baradaky pikiri şeýle özgertmäniň döwrüň hem-de syýasy wakalaryň talaby bolup durýar.

Ýene degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy dünýä metbugatynyň sahypalarynda
TRT World Forum-2024 Stambulda Geçirler
Energiýa Ammarlamada Täze Tehnologiýalar
EURO 2024 Çempionaty dowam edýär
EURO 2024 Çempionaty dowam edýär
Elektrik tokda işleýän ulaglar ýollaryň täze eýeleri bolarmy?