Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidentijenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Siziň Alyhezretiňiz!Kanadanyň halkynyň adyndan Size hem-de Türkmenistanyň halkyna ýurduň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygy mynasybetli iň gowy arzuwlarymy we gutlaglarymy ýollaýaryn.Pursatdan peýdalanyp, şu ýylyň mart aýynyň başynda ýurdumyza Kanada — Merkezi Aziýa Suw forumyna gatnaşmak üçin gelen Türkmenistanyň wekiliýetini kabul edendigimi kanagatlanma duýgusy bilen bellemek isleýärin.
Bu çäräniň ikitaraplaýyn gatnaşyklary, şol sanda suw serişdelerini dolandyrmagyň ählumumy meseleleri boýunça köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmäge goşant boljakdygyna umyt edýäris. Ýakyn ýyllarda biziň döwletlerimiziň arasynda netijeli hyzmatdaşlyk üçin, aýratyn-da, Birleşen Milletler Guramasy ýaly abraýly guramanyň çäklerinde ýakyn gatnaşyklar üçin has uly mümkinçilikleriň dörediljekdigine ynanýaryn.
Sizi hem-de Siziň halkyňyzy şanly sene bilen ýene-de bir gezek gutlaýaryn.Size uly hormat bilen,Hanym Žýuli PEÝETT,Kanadanyň General-gubernatory.Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidentijenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Siziň Alyhezretiňiz!
Awstraliýanyň Hökümetiniň, halkynyň adyndan hem-de öz adymdan Size we türkmen halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň baýram edilmegi mynasybetli mähirli arzuwlarymy ýollaýaryn.Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkejekdigine we giňeljekdigine ynanýaryn.
Hormatlamak bilen,Dewid HERLI,Awstraliýanyň General-gubernatory.Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidentijenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Hormatly jenap Prezident!Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size we türkmen halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de iň oňat arzuwlarymy beýan edýärin.
Soňky ýyllarda Wengriýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň depginli ösýändigine şatdyryn.Biziň ýurdumyzyň wenger-türkmen hyzmatdaşlygynyň täze ulgamlarda giňeldilmegine gyzyklanýandygyna Sizi ynandyrýaryn.Size berk jan saglyk we jogapkärli işleriňizde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýärin.
Hormatlamak bilen,Ader ÝANOŞ,Wengriýanyň Prezidenti.Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidentijenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Hormatly jenap Prezident!Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de türkmen halkyna parahatçylyk we gülläp ösüş baradaky päk arzuwlarymy kabul ediň! Ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Moldowa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň hem-de däp bolan dostlukly we özara düşünişmek gatnaşyklarynyň ýurtlarymyzyň hem-de halklarymyzyň bähbidine ösdüriljekdigine we berkidiljekdigine pugta ynamymy beýan edýärin.
Hormatly jenap Prezident, Size berk jan saglyk hem-de ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa bagtyýarlyk we rowaçlyk arzuw edýärin.Meniň Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.
Igor DODON,Moldowa Respublikasynyň Prezidenti.Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidentijenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Palestina Döwletiniň, ýurduň halkynyň adyndan hem-de öz adymdan Siziň Alyhezretiňize Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglarymy ibermek mümkinçiligine şatdyryn.
Siziň ýurduňyza we dostlukly türkmen halkyna öňe gitmek we gülläp ösmek baradaky arzuwlarymy beýan etmek bilen, biziň halklarymyzyň bähbidine ähli ugurlar boýunça bilelikdäki hyzmatdaşlygymyzy has ýokary derejä çykarmaga ygrarlydygymyzy ýene-de bir gezek bellemek isleýärin.
Siziň Alyhezretiňize bagt we saglyk baradaky iň gowy arzuwlarymy ýollaýaryn.Mahmud ABBAS,Palestina Döwletiniň Prezidenti.Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidentijenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Hormatly jenap Prezident!Sizi Türkmenistanyň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Size uly hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.Migel Dias-Kanel BERMUDES,Kuba Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň we Ministrler geňeşiniň başlygy.Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidentijenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň adyndan we öz adymdan Sizi Türkmenistanyň milli baýramy — Döwlet Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygy mynasybetli gutlaýaryn.Dostlugyň we hyzmatdaşlygyň mäkäm däplerine esaslanýan Russiýa — Türkmenistan gatnaşyklary okgunly ösýär.
Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni we ynsanperwer gatnaşyklary berkidilýär, dürli ugurlarda bilelikdäki iri taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar.Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglygyny, abadançylyk hem-de jogapkärli işiňizde täze üstünlikler, Türkmenistanyň halkyna bolsa bagtyýarlyk we rowaçlyk arzuw edýärin.
Hormatlamak bilen,Dmitriý MEDWEDEW,Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy.