28.09.2018 | Hormatly Prezidentimiziň Nýu-Ýorka BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisine iş sapary başlanýar

29-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisiniň işine gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherine iş sapary bilen ugraýar.BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň daşary syýasatynyň strategik ugrudyr.

Onuň esasyny oňyn bitaraplyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgeleri düzýär.Bu hyzmatdaşlyk özara gatnaşyklaryň baý tejribesine daýanyp, häzirki döwürde täze anyk many-mazmun bilen baýlaşdyryldy.Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli gatnaşyklara mahsus bolan okgunly ösüş, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň dünýä bileleşiginiň işlerine işjeň gatnaşmagy, onuň tutuş adamzady tolgundyrýan wajyp meseleleri çözmäge ýakyndan ýardam bermäge çalyşmagy bilen şertlendirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän türkmen döwletiniň daşary syýasy ugry ýaly, bu garaýyş BMG-niň giň ykrarnamasyna we goldawyna mynasyp boldy.Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisleriniň ençeme gezek, şol sanda 58-nji, 62-nji, 64-nji, 68-nji we 71-nji mejlislerinde wise-başlyklygyna saýlanmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Mundan başga-da, ýurdumyz ençeme gezek bu guramanyň abraýly düzümlerine — BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşine, BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasyna, ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşine, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasyna we BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Durnukly energetika boýunça komitetiniň býurosyna, BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýeti üçin ýörite maksatnamasyna, BMG-niň neşe serişdeleri boýunça komissiýasyna, BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetine, BMG-niň gender deňligi hem-de Zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri boýunça düzüminiň Ýerine ýetiriji geňeşine we beýlekilere saýlanyldy.

Aşgabatda türkmen tarapynyň başlangyjy bilen BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň açylmagy hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda möhüm waka bolup durýar.Bu düzüm özüni Milletler Bileleşiginiň sebitdäki ygtybarly merkezi hökmünde görkezdi. 2017-nji ýylyň fewral aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnama kabul edildi.

Bu şanly waka Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesiniň umumadamzat ähmiýetine eýedigini ýene-de bir gezek tassyklady.Bitaraplyk derejesi özüni döwletleriň we halklaryň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň, hakyky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň täsirli guraly hökmünde görkezdi.

Türkmenistan BMG-niň möhüm Konwensiýalaryna we resminamalaryna goşulmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirmek ýörelgesine eýerýär.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen, sebitde we dünýä möçberinde parahatçylygy pugtalandyrmak, energetika howpsuzlygynyň täze arhitekturasyny kemala getirmek, ulag-üstaşyr geçelgeleri ösdürmek, Aral meselesiniň netijelerini ýeňip geçmek ýaly ugurlarda umumy tagallalary birleşdirmäge ýardam edýän anyk teklipleri dünýä bileleşiginiň doly goldawyna mynasyp boldy.

Munuň özi BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli kararnamalarynda berkidildi. Şeýlelikde, Türkmenistan bilen Milletler Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklar özara düşünişmek hem-de ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek esasynda ösdürilýär. Ýurdumyzyň wekiliýetiniň Nýu-Ýorka saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi, şol sanda Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň çäklerinde duşuşyklar meýilleşdirildi.

Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde bu geňeşe möhüm orun degişlidir.Bu geňeşi döretmek baradaky teklip hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ABŞ-nyň işewürleri bilen 2007-nji ýylyň sentýabr aýynda bolan duşuşygyň barşynda beýan edildi. Şonda döwlet Baştutanymyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 62-nji mejlisine gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka iş saparyny amala aşyrdy.

Rokfeller merkezinde geçirilen bu duşuşyk türkmen-amerikan işewürler gatnaşyklaryna kuwwatly itergi berip, hyzmatdaşlygy täze many-mazmun bilen baýlaşdyrdy.Duşuşyga ABŞ-nyň hökümetiniň wekilleri, amerikan kompaniýalarynyň we konsernleriniň 300-e golaý ýolbaşçylary gatnaşdy. Ştab-kwartirasy Waşingtonda ýerleşýän geňeşiň esasy wezipesi Türkmenistan bilen ABŞ-nyň söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmekden ybaratdyr.

Onuň döredilen gününden bäri geçen on ýylyň dowamynda nebitgaz, nebiti gaýtadan işleýän we himiýa senagaty, kompýuter tehnologiýalary, elektrik energetikasy, oba hojalygy, ulag we logistika ýaly ulgamlarda işleýän esasy amerikan kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.

Olaryň hatarynda “Boeing”, “General Electric”, “John Deere”, “Microsoft”, “Caterpillar”, “Honeywell International Inc “Weatherford”, “Westport Trading Europe Limited”, “Coca Cola” we beýlekiler bar.Bu düzümiň goldaw bermeginiň netijesinde möhüm ähmiýetli bilelikdäki taslamalar durmuşa geçirildi. “TürkmenÄlem 52oE” ilkinji türkmen aragatnaşyk hemrasynyň äleme çykarylmagy munuň aýdyň subutnamalarynyň biridir.

Ol 2015-nji ýylyň aprel aýynda Florida ştatynyň Kanaweral burnundan kosmos hyzmatlary bazarynda abraýly hasaplanylýan “Space Exploration Tecnologies Corporation (SpaceX)” amerikan kompaniýasy tarapyndan uçuryldy.Geňeş tarapyndan yzygiderli guralýan forumlar iki ýurduň döwlet hem-de işewür toparlarynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga we hemmetaraplaýyn işjeňleşdirmäge ýardam edýär. 2015-nji ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda geçirilen nobatdaky mejlisiň barşynda işjeň geçirilýän hyzmatdaşlygyň üstünlikleri seljerildi hem-de däp bolan ugurlarda geljekki maksatlar kesgitlenildi, azyk önümçiligi, syýahatçylyk ýaly geljegi uly ugurlarda ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Şu ýylyň aprel aýynda “John Deere” kompaniýasynyň, Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň hem-de Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň arasynda 2018 — 2021-nji ýyllarda pudak üçin işgärleri taýýarlamak ugry boýunça hyzmatdaşlyk hakyndaky üçtaraplaýyn Ähtnama gol çekildi. 2018-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli Türkmenistanda amerikan kompaniýalarynyň gatnaşmagynda umumy bahasy 2573,43 million amerikan dollaryna we 0,3 million ýewro bolan 156 taslama hasaba alyndy.

Baý tebigy serişdeler, döwrebaplaşdyrmak, diwersifikasiýalaşdyrmak hem-de milli ykdysadyýetiň eksport kuwwatyny artdyrmak, senagatlaşdyrmak we daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak ulgamlarynda giň möçberli maksatnamalaryň durmuşa geçilmegi, bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçirilmegi, hususy telekeçiligiň giňden goldanylmagy, ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy ABŞ-nyň işewür toparlarynyň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanmasyny güýçlendirýär.

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan kabul edilen çäreleriň netijesinde ýurdumyz ýylsaýyn ýokary ykdysady görkezijileri gazanýar.Munuň özi bolsa maýa goýum işini işjeňleşdirmek we bilelikdäki iri taslamalary işläp taýýarlamak üçin oňat esas bolup durýar.

Beýik Ýüpek ýoly döwründe Türkmenistanyň çägi Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm baglanyşdyryjy merkez bolupdyr.Täze taryhy şertlerde hem ýurdumyz şu wezipäni — yklymara ýollaryň ulag çatrygy bolmak wezipesini ýerine ýetirýär.

Bu babatda hem köpugurly daşary syýasaty durmuşa geçirýän milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hyzmatlary örän uludyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň mundan beýläkki işi iki ýurduň söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygy üçin mümkinçilikleri giňeltmek bilen çäklenmän, eýsem, yklymara çäklerde halkara gatnaşyklary ösdürmäge saldamly goşant goşar.

Ýene degişli makalalar

14.12.2017 | Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň mejlisinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň mejlisinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
06.06.2018 | Türkmenistan-ABŞ: durnukly ösüş maksady bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk
Türkmen-amerikan işewür geňeşine — 10 ýyl
Ilkinji emeli hemrasyny uçurdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny