28.09.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda geçirilen baýramçylyk çärelerine gatnaşdy

Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygyna bagyşlanyp at çapyşyklary geçirildi.Munuň özi ýurdumyzda bedewleriň gatnaşmagynda geçirilýän iň söýgüli ýaryşlaryň biri bolup durýar.At çapyşyklary milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly sene mynasybetli guralýan baýramçylyk dabaralarynyň baş bezegidir.

Asylly däbe görä, Köpetdagyň eteginde ýerleşýän atçylyk sport toplumyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geldi.Ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan, çapyksuwar we tejribeli seýis hökmünde döwlet Baştutanymyz bu ýerde guralýan we bütin dünýäde şöhrat gazanan ahalteke bedewleriniň ýyndamlygyny we gözelligini açyp görkezýän gyzykly çärelere gatnaşýar.

Halkymyzyň bedewlere bolan söýgüsini ýüregi bilen duýýan milli Liderimiz ahalteke bedewleriniň abraýyny we şöhratyny belende galdyrmak, pederlerimiziň atşynaslyk sungatyny ösdürmek we ony dünýä ýüzünde wagyz etmek hakyndaky aladany döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwürdi.

Ajaýyp bedewler tebigat bilen baglanyşykly gaýtalanmajak gözelligi döreden halkymyzyň ussatlygynyň ýokary derejesinden habar berýär.Täze taryhy eýýamda bedewler Watanymyzyň döredijiligiň we ösüşiň belentliklerine tarap ynamly gadamyny, milli mirasyň nesilden-nesle geçijiligini, türkmen halkynyň döredijilik kuwwatyny alamatlandyrýar.

Milli we dünýä medeniýetiniň taryhy nyşany bolup durýan ahalteke bedewi ýurdumyzyň üstünlikleriniň, döwürleriň we nesilleriň, yhlasyň we ýeňşiň, zähmetiň hem-de döredijiligiň sazlaşygynyň esasyny düzýär. ...Ir bilen Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda ählumumy baýramçylyk we ýokary ruhy göteriliş ýagdaýy emele geldi.

Bu ýerde Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, paýtagtymyzyň köp sanly ilaty ýygnandylar.

Bu ýerde geçirilýän dabara gatnaşýanlaryň hatarynda türkmen döwletiniň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygy mynasybetli guralýan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin biziň ýurdumyza gelen köp sanly daşary ýurtly myhmanlar bar.Hemme zat dabaranyň başlanmagyna taýýar edildi. Ýakymly güýz şemalyna Watanymyzyň Döwlet baýdaklary pasyrdaýar.

Toplumyň ähli künjegi dürli reňkdäki şarlar we köpöwüşginli lentalar bilen bezelipdir.Bu toplum diňe bir at çapyşyklaryny geçirmek üçin däl, eýsem, atçylyk sportunyň görnüşlerini wagyz etmek we ony ösdürmek üçin möhüm merkez bolup durýar.

Artistleriň, döredijilik toparlarynyň, aýdymçylaryň, sazandalaryň we tansçylaryň joşgunly çykyşlary bu ýerde guralýan dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy.Halk bagşylary öz ussatlyklaryny görkezýärler. ...Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulagy toplumyň girelgesiniň ýanynda saklandy.

Milli lybasdaky gyzlar döwlet Baştutanymyza ajaýyp gül desselerini gowşurdylar.Milli Liderimiz dabara gatnaşyjylar bilen mähirli salamlaşyp, hemmeleri dowam edýän Garaşsyzlyk baýramçylygy bilen gutlady.Hormatly Prezidentimiz daşary döwletleriň Türkmenistandaky ilçileri hem-de wekilleri bilen gürrüňdeş bolup, olara parahatçylygyň, dostlugyň, özara düşünişmegiň hem-de ylalaşygyň ýurdy hasaplanylýan Türkmenistanda geçirilýän baýramçylyk we beýleki giň möçberli çärelere işjeň gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, biziň ýurdumyzda köp sanly milletler ylalaşykda ýaşap, agzybirlik we bitewülik ýörelgelerine ygrarly bolup durýarlar.Döwlet Baştutanymyz bu barada aýdyp, Türkmenistanyň durmuşa geçirýän “Açyk gapylar” syýasatynyň ähli gyzyklanma bildirýän döwletler bilen hyzmatdaşlyga, şol sanda abraýly halkara guramalaryň we sebitleýin düzümleriň çäklerinde dünýäde parahatçylygy, halklaryň abadançylygyny pugtalandyrmagyň bähbidine gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigini belledi.

Soňky ýyllarda mähriban Watanymyz sebitara we halkara giňişlikde parahatçylyk dörediji merkez bolmak bilen, ählumumy ähmiýetli iri maslahatlaryň we forumlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi.Munuň özi dürli ýurtlaryň arasynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek, baý taryhy-medeni miras bilen özara tanyşmak, dürli ugurlarda tejribe alyşmak üçin zerur şertleri üpjün edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toplumyň baýramçylyk äheňinde bezelen çägine girdi. Ýolugra milli Liderimiz türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan “behişdi bedewleri” wasp edýän aýdym-sazly çykyşlara syn etdi. Şeýle hem bu ýerde paýtagtymyzyň sport mekdepleriniň okuwçylarynyň we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan türgenleriň görkezme çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Mundan başga-da, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň çäginde milli amaly-haşam sungatynyň we çeper senetkärçiligiň eserleri görkezilýär.Ahalteke bedewleriniň bezeg şaýlary we halkymyzyň milli buýsanjy bolan bedewleriň çeper keşbini beýan edýän eserler sergide esasy orun eýeleýär.

Ahalteke bedewleriniň tebigy gözelligi, çeýeligi, özboluşly häsiýeti hem-de düşbüligi asyrlaryň dowamynda şahyrlaryň, suratkeşleriň, zergärleriň we heýkeltaraşlaryň ylham çeşmesine öwrüldi.Döwlet Baştutanymyz sergide görkezilýän önümleriň hiline, zehinli artistleriň çykyşlaryna ýokary baha berip, toplumyň binasyna girdi we özi üçin niýetlenen ýere geçdi.

Toplumyň münberlerinde Türkmenistanda gadymy döwürlerden bäri uly gyzyklanma bilen syn edilýän at çapyşyklarynyň janköýerleriniň müňlerçesi bar.Ahalteke bedewleriniň asyl mekanynda atçylygy ösdürmegiň gadymy däpleriniň kämilleşdirilmegi ugrundaky işler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

Täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň atçylyk pudagy ösüşiň täze derejesine çykdy. Ýurdumyzda pudagyň düzümini döwrebaplaşdyrmak, bu ugurda tohumçylyk işi boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, atçylyk sportunyň görnüşlerini we milli at çapyşyk däplerini wagyz etmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar.

Türkmen halkynyň baý medeni mirasyny, onuň atçylyk sungaty bilen baglanyşykly gadymy dessurlaryny ösdürmek, olary dünýä ýüzünde wagyz etmek bilen baglanyşykly meseleler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişelik üns merkezinde saklanýar.

Bu ugurda alnyp barylýan giň möçberli işler milli Liderimiziň “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew” ýaly eserlerinde öz beýanyny tapdy.Bu kitaplar dünýäniň dürli dillerine terjime edilip, giň okyjylar köpçüligi üçin elýeterli boldy hem-de olar alym-uppologlar üçin ylmy çeşme bolup hyzmat edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli aladasy netijesinde Türkmenistanda atçylyk sportunyň dürli görnüşleriniň wagyz edilmegine uly üns berilýär.At çapyşyklaryny, marafonlary geçirmek asylly däbe öwrüldi.Munuň özi ýerli tebigatyň aýratynlyklaryna howa şertlerine garamazdan, uzak aralygy geçmekde türkmen bedewleriniň çydamlylygyny kesgitlemekde ähmiýetli bolup durýar.

Häzirki döwürde Türkmenistan bu ulgam boýunça ykrar edilen halkara merkeze öwrüldi.Türkmen çapyksuwarlary bu bedewler bilen dürli ýurtlarda geçirilýän gözden geçirilişlere, at çapyşyklary we atçylyk sporty boýunça guralýan bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.

Watanymyzyň döredijiligiň we ösüşiň belentliklerine tarap ynamly gadamynyň baş nyşanyna öwrülen türkmen bedewleri Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 2017-nji ýylda paýtagtymyzda geçirilen V Aziýa oýunlarynyň baş nyşanyna öwrüldi.

V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna ilkinji gezek konkur ýaryşlarynyň goşulandygyny, onda türkmen çapyksuwarlarynyň halkara ýaryşlaryň ussatlaryna mynasyp bäsleşik edip, altyn baýraga mynasyp bolandygyny bellemeli.Türkmen atly ýigitleri at üstündäki oýunlar boýunça geçirilýän bäsleşiklerde öňdäki orunlary eýeleýärler. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary sirk sungatynyň Bütindünýä festiwallarynda uly ýeňişleri gazanýarlar.

Olar Italiýada, Russiýada, Ukrainada, Belarusda, Türkiýede, Hytaýda we beýleki ýurtlarda çykyş edip, ajaýyp üstünlige eýe boldular.Sankt-Peterburg (Russiýa Federasiýasy) şäherinde geçirilen “Fontankadaky” sirk sungatynyň I Halkara festiwalynda türkmen atlylary “Altyn Gaetano” baş baýragyna mynasyp boldular.

Olar özleriniň ajaýyp çykyşlary, çylşyrymly usullary we atçylyk sportunyň ýokary ussatlyk derejesi bilen tomaşaçylary hem-de emin agzalaryny haýrana goýdular.Ahalteke bedewleriniň ýyndamlygy, özboluşly tebigy gözelligi, çeýeligi we düşbüligi dünýäni haýrana goýýar.

Häzirki döwürde ahalteke bedewlerine gadyr goýýanlaryň sany Merkezi Aziýa we Ýewropa ýurtlarynda, Amerikada barha artýar.Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Akhan atly bedewiň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi ahalteke bedewleriniň şöhratynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändigini alamatlandyrdy.

Akhan 10 metr aralygy çarpaýa galyp geçmekde ýokary netije görkezip, 2016-njy ýylda goýlan rekordy iki essedenem gowrak derejede täzeledi.Akhanyň görkezen netijesiniň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilýändigi hakynda güwänamanyň gowşurylmagy milli Liderimiziň şu ýylyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýip yglan edilmegi mynasybetli öňe süren başlangyjy esasynda geçirilen “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň ýeňijileriniň sylaglanyş dabaralary bilen utgaşmagynda özboluşly many bar.

Mälim bolşy ýaly, gadymy döwürlerde Beýik Ýüpek ýolunyň ösmeginde ahalteke bedewleri mynasyp orun eýeläpdir.Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça bu taryhy ugur täze görnüşde dikeldilýär. Şunlukda, ahalteke bedewlerine Watanymyzyň şöhraty, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň baý medeni-mirasy bolan we geljege tarap okgunly hereket edýän ýurt hökmündäki dabarasyny belende götermekde möhüm orun degişli bolup durýar.

Dabarany alypbaryjy tutuş türkmen halkynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň we ruhy taýdan galkynmagynyň bähbidine alyp barýan köptaraply işi üçin çuňňur hoşallyk sözlerini aýtdy we döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygy bilen gutlady.

Soňra baýramçylyk at çapyşyklaryna badalga berildi.Geçirilen ýedi çapyşykda ahalteke bedewleri dürli aralyk boýunça öz ýyndamlyklaryny görkezdiler.Her çapyşyga 12 bedew gatnaşdy.Münberleri dolduryp oturan tomaşaçylar bilen bir hatarda teleoperatorlar we fotosuratçylar gyzykly geçen çapyşyk pursatlaryna syn etdiler we olary halkymyza ýetirdiler.

Birinji çapyşygyň menzili 1800 metr bolup, onda bedewler ýurdumyzyň Ykdysadyýet we maliýe toplumynyň baýragy ugrunda güýç synanyşdylar. Çekeleşikli we örän gyzykly geçen çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Goşasakar atly gyr at birinji bolup geldi.

Ol bu aralyga 2 minut 3,4 sekunt wagt görkezdi.Ikinji çapyşygyň hem menzili 1800 metr bolup, bu ýaryşda ýurdumyzyň Nebitgaz toplumynyň baýragy ugrunda bäsleşik guraldy.Bu ýaryşda Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine degişli Gülhanym ýeňiji boldy.

Ol bellenilen aralygy 2 minutda geçmegi başardy.Baýramçylyk çapyşygynyň üçünji tapgyrynda bedewler 2200 metr boýunça güýç synanyşdylar. Ýurdumyzyň Söwda toplumynyň baýragy ugrundaky bäsleşikde Döwlet migrasiýa gullugyna degişli Dordepel bu aralygy 2 minut 25,4 sekuntda geçip, ýeňiji boldy.

Ulag we aragatnaşyk toplumynyň baýragy ugrunda geçirilen dördünji çapyşygyň menzili 2200 metr boldy.Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Turan atly bedew birinji geldi.Ol bu aralyga 2 minut 36,9 sekunt wagt görkezdi.

Bäşinji çapyşygyň menzili hem 2200 metr bolup, onda bedewler ýurdumyzyň senagat toplumynyň baýragy ugrundaky bäsleşige goşuldylar. Çekeleşikli geçen ýaryşda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine degişli Guwanjym atly bedew birinji bolup geldi.

Ol bu aralygy 2 minut 28,5 sekuntda geçdi.Altynjy çapyşygyň menzili 2400 metr bolup, oňa goşulan bedewler Oba hojalyk toplumynyň baýragy ugrunda bäsleşdiler.Gyzykly geçen ýaryşda ýurdumyzyň Baş prokuraturasyna degişli Gujurly bu aralyga 2 minut 39,6 sekunt wagt görkezip, birinji bolup gelmegi başardy.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygy mynasybetli geçirilen baýramçylyk çapyşygynyň jemleýji tapgyrynda saýlama bedewler Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragy ugrunda bäsleşdiler. Örän gyzykly hem-de çekeleşikli geçen bu çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Güýçli 2400 aralygy 2 minut 52,1 sekuntda geçip, birinji orna mynasyp boldy.

Tomaşaçylar çapyşyklaryň arasynda bagşylaryň ýerine ýetirmeginde aýdymlardan we sazlardan, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan beýik özgertmeleri wasp edýän çykyşlaryndan lezzet aldylar.Soňra ýeňijilere baýraklary gowşurmak dabarasy boldy.

Olara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Çapyksuwarlar döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa atçylygy ösdürmek barada edýän aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýurdumyzyň atçylyk däplerini aýawly saklamak, ahalteke tohumyny mundan beýläk-de wagyz etmek, atçylyk sportuny ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar. Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygy mynasybetli baýramçylyk at çapyşyklary ähli welaýatlaryň atçylyk sport toplumlarynda geçirildi, olarda hem ýaryşlarda ýeňiş gazanan çapyksuwarlara baýraklar gowşuryldy.

Türkmenleriň köp müňýyllyk taryhy ýyndam ahalteke bedewleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.Olar halkymyzyň durmuşynyň aýrylmaz bölegine hem-de halkymyzyň wepaly ýoldaşyna, onuň şöhratly taryhynyň bezegine öwrüldi. “Türkmenistan —Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda geçýän şu ýylda hem behişdi bedewlerimiziň şan-şöhraty has-da belende galýar.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk at çapyşyklaryna tomaşa etdi
Aşgabadyň sirkinde Altyn balyjak atly Täze ýyl şüweleňiniň ilkinji görkezilişi boldy
Türkmenistanyň Döwlet sirkinde Altyn balyjak atly Täze ýyl şüweleňiniň ilkinji görkezilişi boldy
29.05.2018 | Türkmen bedewleriniň dünýädäki şöhraty belende göterilýär
Türkmen bedewleriniň dünýädäki şöhraty belende göterilýär
Aşgabatda Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy