28.08.2018 | Türkmenistanda halkara pudaklaýyn sergi we maslahat geçirilýär

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Türkmengurluşyk — 2018” halkara sergi we “Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi” atly maslahat açyldy.Halkara forumy gurluşyk pudagynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýän Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda geçirilýär.

Forum Gurluşyk we binagärlik ministrligi, “Türkmenawtoýollary” döwlet konserni bilen bilelikde gurnaldy.Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen welaýatlarda we paýtagtymyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady maksatnamalaryň çäklerinde durmuşa geçirilýän iri möçberli gurluşyk işleri Türkmenistanyň halk hojalyk toplumyny okgunly ösdürmegiň möhüm şertidir.

Gurluşyk işleriniň möçberiniň yzygiderli ösdürilmegi bu pudagyň gurluşyk serişdeleri bilen bökdençsiz üpjün edilmegini talap edýär.Bu işler gurluşyk serişdelerini öndürýän täze kärhanalary gurmak, hereket edýän kärhanalaryň durkuny täzelemek we döwrebaplaşdyrmak, önümçilige täze tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly ýola goýulýar. Öndürilýän ýokary hilli önümler gurluşyk we senagat pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrýar. Şu gezekki sergi ýurdumyzyň gurluşyk pudagynyň okgunly ösüşiniň özboluşly görkezijisi bolup durýar.

Halkara forumyň esasy maksady we wezipesi gurluşyk pudagynyň gazanan üstünliklerini hem-de ýeten sepgitlerini we döwrebap tehnologiýalary, taslamalary hem-de gurluşyk pudagynyň harytlaryny görkezmekden, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekden, innowasiýa işlerini ösdürmekden, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekden, nowasiýa häsiýetli gurluşyk tehnologiýalary ulgamynda tejribeleri we maglumatlary alyşmakdan, haryt öndürijileriň hem-de sarp edijileriň arasynda özara bähbitli şertnamalary baglaşmak üçin amatly şertleri döretmekden ybaratdyr.

Halkara pudaklaýyn sergi geçirilýän ýyllarynyň dowamynda gurluşygyň, binagärligiň, gurluşyk serişdeleri senagatynyň hem-de binalaryň bezeg işlerini ýerine ýetirmek ulgamynda iň abraýly halkara gözden geçirilişleriň birine öwrüldi.Foruma gatnaşýanlaryň wekilçilikli düzümi hem-de barha artýan sany dünýäniň işewür toparlarynyň Türkmenistanyň ýokary depginler bilen ösýän gurluşyk pudagyna ägirt uly isleg bildirýändikleriniň subutnamasydyr.

Halkara sergisiniň açylyş dabarasyna hökümetiň agzalary, Mejlisiň, pudaklaýyn ministrlikleriň we dolandyryş edaralarynyň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň wekilleri, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň işewürleri, alymlar, bilermenler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, häzirki wagtda ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde ýaşaýyş-durmuş we önümçilik maksatly döwrebap binalaryňdyr desgalaryň gurluşyklary güýçli depgin bilen alnyp barylýar.Eziz Diýarymyzda alnyp barylýan gurluşyklaryň dünýä ölçeglerine kybap gelýändigi we şolarda milli binagärlik ýörelgeleriniň dowam etdirilýändigi guwandyrýar.

Bu bolsa, ýerli hünärmenlerimiziň ýylsaýyn tejribe toplaýandygyna hem-de netijeli işlemegi başarýandygyna güwä geçýär.Döwlet Baştutanymyz şu gezekki halkara serginiň hem-de maslahatyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň gurluşyk senagatynyň ýeten sepgitlerini giňden wagyz etmekde, hünärmenlerimiziň hem-de olaryň dostlukly döwletlerden kärdeşleriniň tejribe alyşmagy, geljekki täze binalaryň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmaklary üçin şertleri döretmekde uly ähmiýetiniň boljakdygyna ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyzyň dabara gatnaşyjylara iberen Gutlagy joşgunly elçarpyşmalar bilen garşylanyldy.Her ýyl geçirilýän sergi oňa gatnaşyjylaryň wekilçilikli düzümi hem-de sany boýunça abraýly sergileriň birine öwrüldi, bu bolsa dünýäniň işewür toparlarynyň Türkmenistanyň batly depginler bilen ösýän gurluşyk senagatyna uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklaýar. Şu ýyl giň gerimli sergä dünýäniň 14 döwletinden — Hytaýdan, Russiýadan, Germaniýadan, Ispaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Awstriýadan, Fransiýadan, Gresiýadan, Finlýandiýadan, Polşadan, Türkiýeden, Gazagystandan, Azerbaýjandan, Ukrainadan 130-dan gowrak kompaniýalar iri möçberli sergileri bilen gatnaşýarlar.

Bu ýerde görkezilýän önümler we gurluşyk serişdeleri işewürleri, hünärmenleri hem-de öz ýaşaýyş jaýyny, edara binasyny, kottejini abatlamak ýa-da bezemek isleýän islendik raýaty hem-de gurluşyk tehnologiýalarynda, enjamlar, serişdeler we gurallar babatynda diňe okuw kitaplary bilen däl-de, iş ýüzünde tanyşmak isleýän talyplary we orta okuw mekdeplerinde okaýan okuwçylary gyzyklandyryp biler.

Sergi täjirçilik şertnamalaryny baglaşmak, mahabat işlerini geçirmek, maýadarlary gözläp tapmak üçin ajaýyp mümkinçilikleri döredýär.Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwrebap ylmy önümçilikleriň ulanylmagyna aýratyn üns berýär.

Mysal üçin, sergide ylmy işläp taýýarlamalar, dürli pudaklarda, şol sanda elektroenergetika ulgamynda amala aşyrylýan innowasion taslamalar görkezildi.Bu ýerde Marynyň Döwlet elektrik bekediniň çäginde bina edilýän garyşyk bug-gaz elektrik bekediniň gurluşygynyň taslamasyny görmek bolýar.

Onuň gurluşygy “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň buýurmasyna laýyklykda ýerine ýetirilýär.Marynyň DES-niň düzüm bölegi bolup durýan elektrobeket 1574 megewat bolan kuwwatlylyga niýetlenendir.Onuň ulanmaga berilmegi bilen Türkmenistanyň esasy DES-iniň umumy kuwwatlylygy iki esse artar. Ýöne onuň esasy artykmaçlygy ekologiýalylygy hem-de galyndysyz önümçilik häsiýetli bolmagy, şeýle hem serişdeleriň tygşytlanmagyndan ybaratdyr, çünki garyşyk elektrobeket üçin ýangyç bolup, diňe bir gaz däl, eýsem, suw bugy hem hyzmat eder. Şunda peýdaly hereketleriň görkezijisi (PHG) bir ýarym esse — 34,2 göterimden 57 göterime çenli artar, howa bölünip çykýan zyýanly galyndylar bolsa 3 esse azalýar. Ýangyjyň sarp edilişi hem azalýar. Şeýle taslamalaryň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň energiýa tygşytlaýjylar we ekologiýa howpsuzlygy babatdaky ýokary görkezijiler bilen baglylykda, tehnologiýalaryň ulanylmagyna maksadalaýyk geçilýändigine şaýatlyk edýär.

Sergide ýurdumyzyň gurluşyk pudagynda işleýän hususy bölümiň alyp barýan işleri giňden görkezilýär, soňky ýyllarda Nusaý ýollary, Altyn nesil, Aktab, Ajaýyp gurluşyk,Beýik bina we beýleki köp sanly kompaniýalar iri taslamalary durmuşa geçirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň hususy böleginiň ösdürilmegine aýratyn üns bermegi netijesinde telekeçilik işi gurluşyk pudagynyň has netijeli ugurlarynyň birine öwrüldi.Soňky ýyllarda ýurdumyzyň hususy telekeçileri halkara ölçeglerine kybap gelýän gurluşyk serişdeleriniň onlarça görnüşleriniň önümçiligini özleşdirdiler. Şolaryň arasynda ýerli çig maldan öndürilýän hem-de bu harydyň daşary ýurtlardan getirilýän görnüşleriniň ornuny tutmaga gönükdirilen aýna mozaikasy binalary bezemekde köp ulanylýar.

Häzir Aşgabadyň binagärliginde mozaika pannolaryny ulanmagyň şowly mysallaryny görkezmek bolýar, şolar paýtagtymyzyň ýaşaýyş we dolandyryş binalar toplumynda sazlaşykly utgaşýar. Çeper çözgüdi boýunça dürli mozaikalary milli öwüşgin hem-de halk amaly sungatynyň däpleri birleşdirýär. Şu gün pudaklaýyn sergide görkezilen, ýurdumyzda aýna mozaikasynyň öndürilmegi türkmen gurluşykçylaryna bezeg serişdeleriniň daşary ýurtlardan getirilýän şu görnüşinden doly ýüz öwürmäge mümkinçilik berer. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen önüm öndürijileriniň öňünde goýan wezipelerini amala aşyrmak maksadynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri artdyrmak bilen bagly ýurdumyzyň telekeçileri gön önümleriniň önümçiligini hem ýola goýdular, munuň üçin çig mal ýerli maldarçylyk toplumlaryndan gelip gowuşýar.

Täze önümçilikleriň ýola goýulmagy netijesinde ýurdumyzda önümleriň täze görnüşlerini, şol sanda, döwrebap ýokary hilli aýakgaplary we mebelleri öndürmegiň mümkinçiligi peýda boldy.Bu önümler eýýäm içerki bazarda daşary ýurtly önümler bilen üstünlikli bäsleşýär, geljekde bolsa daşary ýurtlara ugradylar.

Sergide öňdebaryjy daşary ýurt gurluşyk kompaniýalary, şeýle hem innowasion gurluşyk we timarlaýyş serişdelerini, ýörite tehnikalary öndürýän Poyatos, Buig, Rönesans, Hebei Weizhengheng Modular House Technology, Gap Inşaat, Ticcurila, Hofmann GmbH ýaly kompaniýalar öz önümlerini görkezdiler. Ýol gurluşygynda öz “nou-haularyny” Türkmenistana teklip etmäge taýýar kompaniýalaryň diwarlyklary sergä gatnaşyjylarda aýratyn gyzyklanma döretdi. “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilen ýylda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adybir kitabynda jikme-jik beýan edilen bu taryhy ýoly gaýtadan dikeldýän döwrebap ulag düzümini döretmek boýunça giň gerimli taslamalar amala aşyrylýar.

Awtomobil ýollarynyň müňlerçe kilometrleri, köprüler, estakadalar, ýol aýrytlary — aýratyn inženerçilik çözgütlerini we täze tehnologiýalary talap edýän desgalar gurulýar. Örtülýän daşy, sement, kerpiç, magdan däl gurluşyk serişdelerini, metal gurnamalary öndürýän edaralaryň, kärhanalaryň diwarlyklary ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň ösüş depginlerini görkezdi.

Sementiň öndürilişi gurluşyk serişdeleri senagatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Ýurdumyzyň zawodlarynda sementiň uly isleg bildirilýän görnüşleri — örän berk we ýokary hilli portland sementi öndürilýär.Ol seýsmiki zolakda köp gatly binalary hem-de beýleki desgalary gurmakda ulanylýar.

Mundan başga-da, nebit we gaz pudaklary üçin zerur tamponaž sementiň, binalaryň binýadyny tutmakda, köprüleriň sütünlerini we beýleki gidrotehniki desgalary gurmakda ulanylýan sulfat durnukly sementiň öndürilişi ýola goýuldy. Şeýle hem sergide keramiki kerpijiň, armaturanyň, metal profilleriň, plastmas we aýna süýümli turbalaryň önümçiligine ýöriteleşdirilen kärhanalar bilen tanyşdyryldy, bu önümleriň öndürilişi ýurdumyzda artýar.

Döwletimiziň tebigy serişdeleriniň baý gorlary keramzitiň öndürilişini artdyrmaga mümkinçilik berýär.Balkan welaýatyndaky Ýagman ýatagyndan alynýan argillit onuň üçin esasy çig mal bolup hyzmat edýär.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ylmy-önümçilik bilelelişiginiň öňünde nano we kompozit serişdelerini işläp taýýarlamaga işjeň goşulmak barada wezipäni goýýar.

Häzir Türkmenistanda ýerli çig malyň esasynda ýurdumyz üçin täze önümleri — örän inçe bazalt süýümini we şondan taýýarlanylýan ýylylyk saklaýjy hem-de kompozit gurluşyk serişdelerini çykarýan senagat önümçiliklerini döretmek boýunça ýurdumyzyň kärhanalarynyň alyp barýan işleri dowam edýär.

Bu önümler diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, daşary ýurtlaryň bazarynda hem uly islegden peýdalanýar.Bazalt süýümi örän berkligi bilen häsiýetlendirilýär.Ol polatdan 2,5 esse, aýna süýümden 1,5 esse berkdir.

Bu önüm ýeňilligi, örän ýokary we pes temperaturalara, şeýle hem poslamalara, aşgarlaryň, kislotalaryň we beýleki himiki maddalaryň täsirine durnuklylygy bilen tapawutlanýar. Şu häsiýetlere eýe bolmagy netijesinde bazalt süýümi we şonuň esasynda taýýarlanylan, ses geçirmeýän hem-de ýylylygy saklaýan serişdeler häzirki wagtda dürli işlerde giňden ulanylýar.

Bu serişdeleriň ulanyş möhleti 100 ýyldan hem geçýär.Hususan-da, olar senagat we durmuş maksatly binalaryň gurluşygynda, ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynda ulanylýar.Bazalt süýüminden öndürilen önümler ekologiýa taýdan howpsuz serişdeleriň hataryna girýär, bu bolsa mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda öndürilýän önümlere bildirýän esasy talaplarynyň biri bolup durýar.

Dürli maksatly desgalaryň nusgalary paýtagtymyzy, ýurdumyzyň şäherlerini we obalaryny ösdürmegiň geljegini şöhlelendirdi.Olar dolandyryş we edara, söwda hem-de dynç alyş merkezleriniň, ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalarydyr.Ykdysady sergide görkezilen kaşaň ýaşaýyş toplumlarynyň, ak mermerli dolandyryş binalarynyň, kärhanalaryň innowasion taslamalary eýýäm ýakyn wagtda durmuşa geçiriler.

Diwarlyklaryň mowzugy hem gyzyklydyr, çünki türkmen şäherleriniň we obalarynyň geljegine ser salmaga, özboluşly taslamalara baha bermäge mümkinçilik berýär.Belent binalar, täze ýaşaýyş toplumlary, gök zolaklar Sebitiň binagärlik merjeni diýlip atlandyrylýan Türkmenistanyň ak mermerli paýtagtynyň bezegidir.

Aşgabat şäheri barha gözelleşip, okgunly kemala gelýän megapolisiň çäklerini giňeldip, dünýäniň gözel paýtagtlarynyň hatarynda mynasyp ornuny berkidýär. Şäher ilatynyň ajaýyp durmuşda ýaşamagy we döredijilikli zähmet çekmegi üçin amatly daşky gurşawy döretmek, göwnejaý dynç almak hem-de boş wagtyňy peýdaly geçirmek üçin ähli mümkinçilikleri we hyzmatlary hödürlemek onuň ösüşinde esasy görkezijileriň biri bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

Döwlet Baştutanymyzyň talabyna laýyklykda ýaşaýyş jaý gaznasyny döwrebaplaşdyrmak bilen bir hatarda, ýokary amatlykly we otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan belent jaýlary däl-de, eýsem, kottej görnüşli jaýlaryň gurulmagy öňde goýlan maksatlary gazanmaga gönükdirilendir. Şunuň ýaly binalar döwrebap talaplara, adamlaryň şahsy isleglerine kybap gelýän amatly ýaşaýyş jaýlaryny saýlap almakda mümkinçilikleri artdyrýar.

Ata Watanymyzyň we mähriban halkymyzyň abadançylygy barada hemişelik alada giň gerimli özgertmeleriň başyny başlan döwlet Baştutanymyzyň üns merkezinde durýar. Şonuň netijesinde, ýurdumyz ähli ugurlarda uly üstünlikleri gazanyp, geljege tarap ynamly gadam urýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlary boýunça iş saparlaryny yzygiderli amala aşyryp, türkmen topragynyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň durmuşa geçirilişi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça görülýän maksatlaýyn çäreler, Diýarymyzy senagatlaşdyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikleri doly peýdalanmak boýunça wezipeleri çözmäge gönükdirilen möhüm düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilişi bilen ýerinde tanyşýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň welaýatlary özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň amala aşyrylmagyna uly ähmiýet berilýär.Bu adamlara ýokary ýaşaýyş-durmuş, döredijilikli zähmet çekmegi, göwnejaý dynç almagy üçin amatly şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýerli çig malyň esasynda gurluşyk serişdelerini öndürýän ulgam, düýpli we ýaşaýyş jaý gurluşygy bilen bir hatarda, uly döwlet goldawyna eýe boldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ulgama welaýatlaryň ykdysadyýetini ösdürmegiň, ilatyň iş bilen üpjünçilik meselelerini çözmegiň esasy alamaty hökmünde garaýar.Häzir pudagyň kärhanalary gurluşyk bazaryna sementi, diwarlyk panellerini we armirlenen bloklary, keramziti demirbeton önümlerini, keramiki kerpiji, örtülýän daşlary, termoýylmanan aýnany we beýlekileri öndürýär hem-de ugradýar.

Gurluşyk pudagyny ösdürmegiň wezipeleri hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri günüň ikinji ýarymynda öz işine başlan “Türkmenistanyň gurluşyk senagatynyň ösüşi” atly maslahatyň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy.Oňa ýurdumyzyň pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň, hususy işewürligiň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, käbir daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň we kärhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, žurnalistler, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Bu ýere ýygnananlara döwrebap tehnologiýalaryň hem-de dünýäniň şähergurluşyk tejribesiniň ösmegi bilen baglylykda, gurluşyk senagatyny ösdürmegiň esasy ugurlaryna bagyşlanan hasabatlar we habarlar hödürlenildi.Maslahatda dürli gurluşyk taslamalarynyň, şol sanda gurulýan desgalaryň ygtybarlylygyny hem-de mäkämligini ýokarlandyrmagyň, ekologiýa we seýsmiki howpsuzlygyň talaplarynyň berjaý edilmegine degişli meseleleriň çözülmegine degişli çykyşlar diňlenildi. “Türkmengurluşyk — 2018” atly halkara sergi 30-njy awgusta çenli dowam eder.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda halkara pudaklaýyn sergi we maslahat geçirilýär
Ýeňlişsiz diňe “Bawariýa” galdy
Tennis täzelikleri
TENNIS TÄZELIKLERI
Finalyň ady: “Aýntrhat”“Borussia D.”